Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ýolbaşçylyk maslahatynyň haty

Ýolbaşçylyk maslahatynyň haty

Mähriban dogan-uýalar!

Biz Allatagalany we adamlary ýürekden söýýäris, şonuň üçin Isa pygamberiň: «Ähli halklardan şägirt taýýarlaň. Olary... suwa çümdüriň» diýen tabşyrygyna eýerýäris (Mat. 28:19, 20; Mar. 12:28—31). «Ebedi ýaşamak isleýän ähli adamlar» ýürekden çykýan söýgimizi görüp, hak Hudaýy tanamak islär (Res. 13:48).

Biz öň adamlara wagyz etmek üçin teklipleri ýat tutup aýdýardyk we kitaplary, žurnallary paýlaýardyk. Indi bolsa olar bilen ýürekden gürrüňdeş bolmagy öwrenmeli. Biz adamlaryň ýagdaýyna görä temany üýtgetmeli, olary gyzyklandyrýan ýa-da biynjalyk edýän soraglaryň esasynda gürrüňdeş bolmaly. Şu broşýura size nädip kömek eder?

Broşýura 12 sapakdan ybarat. Her sapakda adamlary ýürekden söýmek we şägirt taýýarlamak üçin gerekli häsiýet ýa-da ukyp hakda aýdylýar. Sapaklar Mukaddes Kitapda ýazylan wakalara esaslanýar. Şol wakalar arkaly Isa pygamberiň we şägirtleriniň haýsy häsiýeti ýa-da ukyby görkezendigi düşündirilýär. Biz adamlara ýat tutan zatlarymyzy aýtmak bilen çäklenmeli däl, olar biziň ýürekden söýýändigimizi duýmaly. Elbetde, 12 sapakda agzalýan häsiýetler we ukyplar wagzyň ähli görnüşinde gerek. Ýöne käbir häsiýetler ýa-da ukyplar ilkinji gürrüňdeşlikde, gaýtadan idegde we Mukaddes Kitap okuwyny geçireniňde has-da gerek bolýar.

Broşýuranyň her bir sapagyny gowy özleşdiriň we adamlara wagyz edeniňizde şol maslahatlara eýeriň. Ýehowany we adamlary ýürekden söýüň. Elbetde, biz ökde mugallym bolmak üçin jan etmeli, emma adamlary söýmek has-da wajypdyr. Şonda biz olaryň ýüregine täsir edip, Isa pygamberiň şägirdi bolmaga kömek ederis.

Mähriban dogan-uýalar, biz siziň bilen eginme-egin işleşmegi uly hormat saýýarys (Sep. 3:9). Goý, Ýehowa siziň şägirt taýýarlamak üçin edýän tagallaňyza ak pata bersin!

Doganlar,

Ýehowanyň Şaýatlarynyň Ýolbaşçylyk maslahaty