Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

GÜRRÜŇDEŞLIGE BAŞLAŇ

2-NJI SAPAK

Ýagdaýa görä gürrüň ediň

Ýagdaýa görä gürrüň ediň

Aýat: «Wagtynda aýdylan sözler jana hoş ýakýar» (Nak. 15:23).

Filipus näme etdi?

1. WIDEONY görüň ýa-da Resullar 8:30, 31-nji aýatlary okaň. Soňra aşakdaky soraglar hakda oýlanyň:

  1.   a) Filipus gürrüňdeşlige başlamak üçin näme edýär?

  2.  b) Filipusyň ulanan usulyna näme üçin ýerlikli diýse bolar? Ol maksadyna ýetdimi?

Biziň üçin sapak

2. Adamlar bilen mesaýy gürrüň etsek, olar çekinmän söhbetdeş bolar we hoş habary ünsli diňlär.

Filipusyň göreldesine eýeriň

3. Synlaň. Adamyň ýüz-gözünden, oturyşyndan-duruşyndan köp zatlary bilse bolýar. Meselem, gepleşesi gelýändigini ýa-da gelmeýändigini anyklap bolýar. Gürrüňe başlamak üçin: «Salam! Belki, siz eşidensiňiz...» diýip bilersiňiz. Emma adam gürrüňdeş bolmak islemese, ýüregine düşmäň.

4. Sabyrly boluň. Adama hoş habary wagyz etmäge howlukmaň, amatly pursada garaşyň. Belki-de, siz birinji sapar ondan-mundan gürrüň edersiňiz, indiki sapar bolsa hoş habary wagyz edip bilersiňiz.

5. Ýagdaýa görä boluň. Gürrüňdeşligiň dowamynda adam garaşmadyk zadyňyzy aýdyp biler. Şonda siz taýýarlan temaňyz hakda däl-de, adamy gyzyklandyrýan zatlar barada wagyz ediň.