Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

GÜRRÜŇDEŞLIGE BAŞLAŇ

4-NJI SAPAK

Pesgöwünli boluň

Pesgöwünli boluň

Aýat: «Pesgöwünli boluň, başgalary özüňizden ýokary saýyň» (Flp. 2:3).

Pawlus resul näme etdi?

1. WIDEONY görüň ýa-da Resullar 26:2, 3-nji aýatlary okaň. Soňra aşakdaky soraglar hakda oýlanyň:

  1.   a) Pawlus resul Agrippa patyşa bilen nädip pesgöwünli gepleşýär?

  2.  b) Pawlus wagyz edende özüni däl-de, kimi şöhratlandyrýar we nämä salgylanýar? (Resullar 26:22-ä serediň).

Biziň üçin sapak

2. Biz pesgöwünli bolsak we sylaşykly gepleşsek, adamlar hoş habary ünsli diňlär.

Pawlus resulyň göreldesine eýeriň

3. Sylaşykly gepleşiň. Adama wagyz edeniňizde hemme zady bilýän ýaly hondan bärsi bolmaň. Adamyň mertebesini peseltmäň, gaýtam sylaşykly boluň.

4. Mukaddes Kitaba esaslanyp wagyz ediň. Hudaýyň Sözi adamyň ýüregine güýçli täsir edýär. Biz Mukaddes Kitaby ulanyp wagyz etsek, adamlaryň Hudaýyň aýdan sözlerine ynamy artar.

5. Ýumşak boluň. Öz diýeniňizi gögertjek bolmaň. Pesgöwünli boluň we mylakatly gepleşiň. Öý eýesi gaharlansa, dawalaşman derrew gaýdyň (Nak. 17:14; Tit. 3:2). Biz mähirli bolsak, belki-de, öý eýesi indiki sapar hoş habary diňlär.