Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

GÜRRÜŇDEŞLIGE BAŞLAŇ

5-NJI SAPAK

Sypaýyçylykly boluň

Sypaýyçylykly boluň

Aýat: «Sözleriňiz ýakymly bolsun» (Kol. 4:6).

Pawlus resul näme etdi?

1. WIDEONY görüň ýa-da Resullar 17:22, 23-nji aýatlary okaň. Soňra aşakdaky soraglar hakda oýlanyň:

  1.   a) Pawlus Afina şäheriniň butlardan doludygyny görende özüni nähili duýýar? (Resullar 17:16-a serediň).

  2.  b) Pawlus afinalylary ýazgarman, olara nädip sypaýyçylyk bilen wagyz edýär?

Biziň üçin sapak

2. Biz adamlara wagyz edenimizde näme aýtmalydygyny, nädip we haçan aýtmalydygyny bilsek, olar hoş habary ünsli diňlärler.

Pawlus resulyň göreldesine eýeriň

3. Sözleriňizi ünsli saýlaň. Meselem, siziň ýaşaýan ýeriňizde adamlar «Injil» ýa-da «Isa» sözlerini eşitseler, kän gepleşesi gelýän däldir. Belki, siz ýerli halky we medeniýeti göz öňünde tutup, şol sözlere derek başga sözleri ulanarsyňyz.

4. Ýalňyşyny düzetmäge howlukmaň. Adamyň sözüni bölmäň, soňuna çenli diňläň. Mukaddes Kitaba garşy gelýän zady aýtsa, jedelleşmäň (Ýak. 1:19). Eger ünsli diňleseňiz, onuň nämä ynanýandygyna düşünip bilersiňiz (Nak. 20:5).

5. Mümkin bolsa, ylalaşyň we öwüň. Adam öz dinine jany-teni bilen ynanýar. Adamy ünsli diňläp, hudaýhondygy üçin öwüň we dilini tapjak boluň. Soňra gürrüňdeşligi ýuwaş-ýuwaşdan Mukaddes Kitaba ugrukdyryň.