Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

GAÝTADAN IDEG EDIŇ

8-NJI SAPAK

Sabyrly boluň

Sabyrly boluň

Aýat: «Söýgi sabyrlydyr» (1 Kor. 13:4).

Isa pygamber näme etdi?

1. WIDEONY görüň ýa-da Ýahýa 7:3—5-nji we 1 Korinfliler 15:3, 4, 7-nji aýatlary okaň. Soňra aşakdaky soraglar hakda oýlanyň:

  1.   a) Başda Isanyň doganlary hoş habara nähili seslenýär?

  2.  b) Isa pygamberiň inisi Ýakupdan umydyny üzmändigini nireden bilýäris?

Biziň üçin sapak

2. Biz sabyrly bolmaly, sebäbi käbir adamlara hakykaty kabul etmek üçin wagt gerek bolýar.

Isa pygamberiň göreldesine eýeriň

3. Dürli usullary ulanyň. Adam okuw geçmek islemese, mejburlamaň, emma umydyňyzy üzmäň. Mümkin bolsa, wagtal-wagtal wideolary görkeziň ýa-da kitapdyr žurnallary okamaga beriň. Şeýle-de Mukaddes Kitap boýunça okuwyň geçirilişi we peýdasy hakda gürrüň beriň.

4. Başgalar bilen deňeşdirmäň. Adamlaryň ýagdaýy biri-biriniňkä meňzemeýär. Gyzyklanýan adam ýa-da maşgala agzalaryňyzdan biri Mukaddes Kitap okuwyny geçmek islemeýändigini aýtsa, sebäbini biljek boluň. Belki, ol dinimden dänmeli bolaryn diýip okuw geçmek isleýän däldir ýa-da dogan-garyndaşlarynyň, goňşy-golamlarynyň gepinden gorkýandyr. Adamy howlukdyrmaň. Goý, onuň özi Mukaddes Kitabyň maslahatlarynyň peýdalydygyna göz ýetirsin.

5. Doga-dileg ediň. Siz gyzyklanýan adamyň ýüregine täsir eder ýaly we ondan umydyňyzy üzmez ýaly, Ýehowadan kömek soraň. Şeýle-de gyzyklanýan adamy mundan beýläk hem gaýtadan idemelimi ýa-da idemeli däldigini biler ýaly, Ýehowadan akyldarlyk diläň (1 Kor. 9:26).