Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

GOŞMAÇA MAGLUMAT A

Biziň wagyz edýän habarymyz

Biziň wagyz edýän habarymyz

Isa pygamber akýürekli adamlaryň hakykata seslenjekdigini aýtdy (Ýah. 10:4, 27). Şonuň üçin adamlar bilen gürrüňdeş bolanymyzda, Hudaý barada hakykaty aýtmaly. Siz gürrüňdeşlige başlamak üçin: «Size gyzykly zat gürrüň beresim gelýär» ýa-da «Belki, eşidensiňiz» diýip bilersiňiz. Soňra bir aýady okap düşündiriň. Şeýtsek, adamlaryň ýüregine hakykat «tohumyny ekeris», Hudaý bolsa şol «tohumy» ösdürer (1 Kor. 3:6, 7).

 GELEJEK

  1. 1. Dünýäniň ýagdaýynyň erbetleşmegi we adamlaryň doňýürek bolmagy täze dünýäniň bosagasynda durandygymyzy subut edýär (Mat. 24:3, 7, 8; Luka 21:10, 11; 2 Tim. 3:1—5).

  2. 2. Ýer şary ýok edilmez (Zeb. 104:5; Nes. 1:4).

  3. 3. Ýer ýüzi bagy-bossanlyga öwrüler (Işa. 35:1, 2; Ylh. 11:18).

  4. 4. Adamlar tut ýaly sagdyn bolar (Işa. 33:24; 35:5, 6).

  5. 5. Adamlar ebedi ýaşar (Zeb. 37:29; Mat. 5:5).

 MAŞGALA

  1. 6. Är «aýalyny özüni söýşi ýaly söýmeli» (Efes. 5:33; Kol. 3:19).

  2. 7. Aýal «ärine çuňňur hormat goýmaly» (Efes. 5:33; Kol. 3:18).

  3. 8. Är-aýal biri-birine wepaly bolmaly (Mel. 2:16; Mat. 19:4—6, 9; Ýew. 13:4).

  4. 9. Çagalar ene-atasyna gulak asmaly we hormat goýmaly (Nak. 1:8, 9; Efes. 6:1—3).

NASA, ESA and the Hubble Heritage Team (STScI/AURA)-ESA/Hubble Collaboration. Licensed under CC BY 4.0. Source.

 ALLATAGALA

  1. 10. Hudaýyň ady bar (Zeb. 83:18; Ýer. 10:10).

  2. 11. Hudaý adamlara hoş habary aýdýar (2 Tim. 3:16, 17; 2 Pet. 1:20, 21).

  3. 12. Allatagala adalatsyzlyk etmeýär (5 Mus. 10:17; Res. 10:34, 35).

  4. 13. Hudaý adamlaryň aladasyny edýär (Zeb. 46:1; 145:18, 19).

 DOGA-DILEG

  1. 14. Hudaý biziň doga-dileg etmegimize garaşýar (Zeb. 62:8; 65:2; 1 Pet. 5:7).

  2. 15. Mukaddes Kitapda nädip doga-dileg etmelidigi öwredilýär (Mat. 6:7—13; Luka 11:1—4).

  3. 16. Biz hemişe doga-dileg etmeli (Mat. 7:7, 8; 1 Sel. 5:17).

 ISA PYGAMBER

  1. 17. Isa pygamber ökde mugallym, onuň öwüt-ündewi şu günlerem peýdaly (Mat. 6:14, 15, 34; 7:12).

  2. 18. Isa gelejekde boljak zatlar hakda pygamberlik etdi (Mat. 24:3, 7, 8, 14; Luka 21:10, 11).

  3. 19. Isa pygamber Hudaýyň Ogly (Mat. 16:16; Ýah. 3:16; 1 Ýah. 4:15).

  4. 20. Isa pygamber Hudaý däl (Ýah. 14:28; 1 Kor. 11:3).

Based on NASA/Visible Earth imagery

 HUDAÝYŇ PATYŞALYGY

  1. 21. Hudaýyň Patyşalygy — gökdäki hökümet (Dan. 2:44; 7:13, 14; Mat. 6:9, 10; Ylh. 11:15).

  2. 22. Hudaýyň Patyşalygy ynsan hökümetlerini ýok eder (Zeb. 2:7—9; Dan. 2:44).

  3. 23. Adamzadyň ähli kynçylyklaryny diňe Hudaýyň Patyşalygy aýrar (Zeb. 37:10, 11; 46:9; Işa. 65:21—23).

 JEBIR-JEPA

  1. 24. Adamlaryň horluk çekmegine Hudaý günäkär däl (5 Mus. 32:4; Ýak. 1:13).

  2. 25. Dünýäniň üstünden Şeýtan hökümdarlyk edýär (Luka 4:5, 6; 1 Ýah. 5:19).

  3. 26. Allatagala jebir-jepa çekýän adamlary görüp gynanýar (Zeb. 34:17—19; Işa. 41:10, 13).

  4. 27. Hudaý tizden horluklary aýrar (Işa. 65:17; Ylh. 21:3, 4).

 ÖLÜM-ÝITIM

  1. 28. Ölen adamlar hiç zat bilmeýär (Nes. 9:5; Ýah. 11:11—14).

  2. 29. Ölen adamlar bize kömek hem etmeýär, zyýan hem ýetirmeýär (Zeb. 146:4; Nes. 9:6, 10).

  3. 30. Aradan çykan dogan-garyndaşlarymyz direler (Eýp. 14:13—15; Ýah. 5:28, 29; Res. 24:15).

  4. 31. «Ölüm hemişelik ýok ediler» (Ylh. 21:3, 4; Işa. 25:8).

 DIN

  1. 32. Allatagala ähli dinleri kabul edýärmi? (Ýer. 7:11; Mat. 7:13, 14, 21—23).

  2. 33. Hudaý ikiýüzlüligi ýigrenýär (Işa. 29:13; Mik. 3:11; Mar. 7:6—8).

  3. 34. Hakyky dine uýýan adamlar biri-birini ýürekden söýýär (Mik. 4:3; Ýah. 13:34, 35).