Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

«Eý çagalar, ene-ataňyzyň sözlerine gulak asyň»

«Eý çagalar, ene-ataňyzyň sözlerine gulak asyň»

«Eý çagalar, ene-ataňyzyň sözlerine gulak asyň»

«Eý çagalar, Rebde ene-ataňyzyň sözlerine gulak asyň, çünki bu dogrudyr» (EFESLILER 6:1).

1. Gulak asmaklyk nädip goraýar?

 MÜMKIN, biz häzir gulak asandygymyz üçin ýaşaýandyrys, köp adamlar bolsa gulak asmandagy sebäpli heläk bolandyr. Eýsem, nämä gulak asmaly? Mysal üçin, «täsin tärde ýaradylan» bedenimiziň berýän duýduryşyny alyp göreliň (Zebur 139:14). Gözümiz bulutlary görýär, gulagymyz gögüň gürrüldisini eşidýär. Asmanda çakan ýyldyryma bolsa depe saçyň üýşýär. Şeýle ýagdaýyň howpludygyna düşünýän adamlar muňa duýduryş hökmünde garaýarlar. Olar doly ýagyp, ýyldyrym çakyp, heläkleýji çabgadan gorajak howpsuz ýeri gözleýärler.

2. Näme üçin çagalar duýduryşa mätäç we näme üçin olar ata-enesine gulak asmaly?

2 Çagalara howp barada duýdurmak wajyp we olary öňünden habardar etmek ata-eneleriň borjy. Belki, ata-eneňiziň size: «Peji elleme, eliňi ýakarsyň», «kanala golaý barma, içine gaçarsyň», «köçeden geçjek bolanyňda, çepiňe, sagyňa seret» diýip, aýdanlary ýadyňyzdadyr. Gynansak-da, köp çagalar şeýle duýduryşlara gulak asman maýyp boldular, hatda käbirleri heläk boldular. Diýmek, ata-eneňe gulak asmak «dogrudyr», ýagny dogry we ýerliklidir. Şeýle-de akyldarlykdyr (Süleýmanyň tymsallary 8:33). Injiliň başga bir aýadynda ata-eneňe gulak asmak Rebbimiz Isa Mesihiň «halaýanydyr» diýilýär. Hawa, ata-enä gulak asmagy Hudaý tabşyrýar (Koloseliler 3:20; 1 Korintoslylar 8:6).

Gulak asmaklygyň ebedi peýdasy

3. Biziň köpümiz üçin «hakyky ýaşaýyş» näme aňladýar we çagalar ony nädip alyp biler?

3 Ata-eneňe gulak asmaklyk «häzirki ýaşaýşyňy» goraýar hem-de «geljekki», ýagny «hakyky ýaşaýşy» almaga mümkinçilik berýär (1 Timoteos 4:8; 6:19, çykgyt). Biziň köpümiz üçin hakyky ýaşaýyş täze dünýäde ýer ýüzündäki ebedi ýaşaýşy aňladýar. Hudaý bu ýaşaýşy tabşyryklaryny berjaý edýän adamlara wada edýär. Esasy tabşyryklaryň birinde şeýle diýilýär: «Ýagşylyk görüp, ýer ýüzünde ýaşyň uzak bolar ýaly, ataňy, eneňi syla». Wada bilen berlen ilkinji buýruk şudur». Diýmek, ata-eneňize gulak assaňyz bagtly bolarsyňyz. Gulak asýanlaryň gelejegi bar, ýagny olara ýer ýüzünde Jennetde ebedi ýaşaýyş garaşýar (Efesliler 6:2, 3).

4. Çagalar Hudaýa nädip hormat goýup biler we munuň olara nähili peýdasy bar?

4 Ata-eneňe gulak asyp hormat goýsaň, Hudaýa hormat goýdugyň bolar, sebäbi ata-eneňe gulak asmagy saňa Hudaý tabşyrýar. Galyberse-de, bu seniň özüň üçin peýdaly. Mukaddes Ýazgylarda: «Men saňa peýdaly zady öwredýän... Reb Hudaýyňdyryn» diýilýär (Işaýa 48:17; 1 Ýahýa 5:3). Gulak asmagyň nähili peýdasy bar? Gulak asyp, sen ata-eneňi begendirersiň, olar hem öz gezeginde seniň bagtly bolmagyň üçin alada ederler (Süleýmanyň tymsallary 23:22—25). Esasan hem, gulak assaň, gökdäki Ataňy begendirersiň. Ol bolsa seni jomartlyk bilen sylaglar! Geliň, Ýehowanyň Isany nädip ýalkandygyna we gorandygyna seredeliň. Isa özi barada: «Men hemişe Oňa ýaraýan zatlary edýärin» diýipdi (Ýahýa 8:29).

Isa — yhlasly zähmetkeş

5. Näme üçin Isa yhlasly zähmetkeş diýse bolar?

5 Isa Merýemiň ilkinji çagasydy. Onuň öweý atasy Ýusup agaç ussasydy. Isa hem agaç ussasy bolup ýetişdi, megerem, ol muny Ýusupdan öwrenendir (Matta 13:55; Markus 6:3; Luka 1:26—31). Seniň pikiriňçe, Isa nähili ussa bolandyr? Merýem gudrat bilen göwreli bolmanka, ýagny Isa gökde wagty, akyldarlygyň nusgasy hökmünde şeýle gürrüň berýär: «Şonda men bir ussa kimin Onuň [Ýehowanyň] gapdalyndadym; her gün Onuň begenjidim; her wagt Onuň huzurynda şatlanardym». Isa gökde yhlas bilen zähmet çekýärdi, şonuň üçin Hudaý ondan hoşaldy. Sen nähili pikir edýärsiň, Isa ýetginjek wagty hem ökde ussa bolmak üçin yhlasly zähmet çekmäge jan etdimi? (Süleýmanyň tymsallary 8:30; Koloseliler 1:15, 16).

6. a) Sen näme üçin Isa oglanlyk döwründe öýüň işlerini edendir öýdýärsiň? b) Çagalar nämede Isadan görelde almaly?

6 Elbetde, Isa oglanlyk döwründe oýun oýnandyr, sebäbi Mukaddes Ýazgylara görä, çagalar irki döwürlerde-de oýun oýnaýardylar (Zakarýa 8:5; Matta 11:16, 17). Emma ol garyp maşgaladaky çagalaryň iň ulusydy. Şonuň üçin ol Ýusupdan ussaçylygy öwrenmekden başga öýüň işlerini hem edýärdi. Soňra Isa wagyzçy boldy we gulluga bütinleý berilmek üçin hatda üpjün durmuşdan el çekdi (Luka 9:58; Ýahýa 5:17). Eýsem, sen Isadan nädip görelde alyp bilersiň? Ata-eneň senden otagyňy tertibe salmagy ýa-da öýüň başga işlerini etmegi haýyş edýärmi? Olar seni Hudaýa sežde etmäge, ýagny ýygnagyň duşuşyklaryna gatnaşmaga we bilýän zatlaryňy başgalara aýtmaga höweslendirýärmi? Seniň pikiriňçe, ýaş Isa şeýle ýagdaýda näme ederdi?

Mukaddes Ýazgylary gowy bilýän we ökde Mugallym

7. a) Pasha baýramyny bellemäge Isa kim bilen gidýär? b) Hemmeler öýüne gaýdanda Isa nirededi we näme üçin?

7 Ýehudylaryň ýylda üç sapar geçirýän baýramçylygynda Ysraýyl maşgalasynyň ähli erkek göbeklisi ybadathanada Ýehowa sežde etmek tabşyryldy (Kanunyň gaýtalanyşy 16:16). Isa on iki ýaşyndaka, onuň tutuş maşgalasy Pasha baýramyny bellemek üçin Iýerusalime gidýär. Ýusup bilen Merýem beýleki ogul-gyzlaryny hem äkidendir. Şeýle-de Isanyň maşgalasy bilen Salome — ol Merýemiň aýal dogany bolmaly — onuň ýanýoldaşy Zebedeý we ogullary Ýakup, Ýahýa gidendir. Ýakup bilen Ýahýa soňra Isanyň resullary boldular * (Matta 4:20, 21; 13:54—56; 27:56; Markus 15:40; Ýahýa 19:25). Öýüne gaýdanlarynda Ýusup bilen Merýem Isany dogan-garyndaşlarynyň arasyndadyr öýdüp, onuň ýokdugyna kän üns bermeýär. Ahyry, üç günden soň Merýem bilen Ýusup Isany ybadathanada «mugallymlaryň arasynda oturyp, olara gulak asyp, soraglar berýän» wagty tapýarlar (Luka 2:44—46).

8. Isa ybadathanada näme edýärdi we adamlar nämä haýran galýarlar?

8 Isa haýsy manyda mugallymlara «soraglar berýärdi»? Elbetde, ol bir zady bilmek üçin ýa-da bilesigelijilikden ýaňa sorag beren däldir. Bu aýatda ulanylýan grek sözi sud derňewindäki berilýän soraglara degişli bolup, iki taraplaýyn sorag etmäni aňladýan bolmaly. Görşümiz ýaly, Isa oglanlyk döwründe Mukaddes Ýazgylary gowy bilip, hatda bilimli dini mugallymlary haýran galdyrypdyr! Injilde: «Isany diňleýänleriň bary Onuň paýhasyna, berýän jogaplaryna haýran galýardylar» diýilýär (Luka 2:47).

9. Mukaddes Ýazgylary öwrenmekde Isadan nähili görelde alyp bilersiň?

9 seniň pikiriňçe, näme üçin Isa ýaşlygyna garamazdan, Ýazgylardaky bilimi bilen hatda tejribeli mugallymlary haýran galdyrdy? Onuň bäbeklikden ruhy öwüt-nesihat berip terbiýelän, Hudaýdan gorkýan ata-enesi bardy (Çykyş 12:24—27; Kanunyň gaýtalanyşy 6:6—9; Matta 1:18—20). Elbetde, Ýusup ýaşajyk Isany Ýazgylaryň okalýan we düşündirilýän sinagogasyna ýany bilen äkidýärdi. Sen hem şeýle hormata eýemiň? Ata-eneň seniň bilen Mukaddes Ýazgylary öwrenýärmi, mesihçileriň ýygnagyna äkidýärmi? Isa ýaly sen hem ata-eneň edýän tagallasynyň gadyryny bilýärmiň? Isadan görelde alyp, öwrenen zatlaryňy adamlara gürrüň berýärmiň?

Isa tabyn bolýardy

10. a) Näme üçin Isanyň ata-enesi ony nireden tapmalydygyny bilmelidi? b) Isa çagalara nähili ajaýyp görelde galdyrdy?

10 Seniň pikiriňçe, Merýem bilen Ýusup üç günden soň, Isany ybadathanada tapanda özlerini nähili duýdular? Elbetde, olar biçak begenendir. Emma Isa ata-enesiniň özüniň nirededigini bilmeýändigine geň galdy. Olaryň ikisi-de Isanyň gudrat bilen doglandygyny bilýärdi. Ähli jikme-jiklikleri bilmeseler-de, olar Isanyň geljekde Halasgär hem-de Hudaýyň Patyşalygynyň Hökümdary boljakdygyny bilýärdi (Matta 1:21; Luka 1:32—35; 2:11). Şol sebäpli Isa olardan: «Meni nämä gözlediňiz? Siz Meniň Atamyň öýünde bolmalydygymy bilmeýärmidiňiz?» diýip sorady. Şonda-da Isa ata-enesine gulak asyp, olar bilen öýlerine Nasyra şäherine gaýtdy. Injilde şeýle diýilýär: «Olaryň tabynlygynda galdy. Onuň ejesi [bolsa] bütin bu zatlary ýüreginde saklaýardy» (Luka 2:48—51).

11. Gulak asmakda Isadan näme öwrenip bilersiň?

11 Saňa Isanyň göreldesine eýerip, ata-eneňe hemişe gulak asmak aňsatmy? Ýa-da olar häzirki döwre düşünmeýärler, men olardan köp bilýärin diýip düşünýärmiň? Elbetde, käbir zatlary, meselem, kompýuteri we şoňa meňzeş zatlary nädip ulanmalydygyny olardan köp bilýänsiň. Emma «paýhasy, berýän jogaplary» bilen tejribeli mugallymlary haýran galdyran Isany ýadyňa sal. Isadan tapawutlykda, sen köp zatlary bilmeýärsiň. Ýöne Isa şonda-da ata-enesine gulak asýardy. Elbetde, ol ata-enesiniň gelen karary bilen hemişe ylalaşan däldir. Muňa garamazdan, «olaryň tabynlygynda galdy», ýetginjek ýyllary hem ata-enesiniň diýeni bilen boldy. Isanyň göreldesinden sen näme öwrenip bilersiň? (Kanunyň gaýtalanyşy 5:16, 29).

Gulak asmak hemişe aňsat däl

12. Gulak asmaklyk nädip janyňy halas edýär?

12 Gulak asmak hemişe aňsat däl. Muny birnäçe ýyl öň bolan bir waka subut edýär. Iki sany gyzjagaz pyýada ýörelýän köprüden geçmek islemän, alty hatarly uly ýoldan ylgap geçjek bolýarlar. Olar pyýada ýörelýän köprä tarap barýan ýoldaşyna: «Eý Jon, gelsene, biziň bilen geçersiň!» diýip çagyrýarlar. Ol biraz säginende, gyzlaryň biri: «Aý, ol gorkak-la!» diýip, üstünden gülýär. Aslynda, Jon gorkmaýar, ol: «Men ejeme gulak asmaly» diýip jogap berýär. Jon basgançakly köprä çykanda, tekerleriň batly jygyldysyny eşidýär. Aşak seretse, ýaňky iki gyzy maşyn kakypdyr. Gynansak-da, gyzlaryň biri ölýär, beýlekisiniň bolsa aýagyny kesmeli bolýar. Olaryň ejesi-de gyzlaryna pyýada ýörelýän köprüden geçmegi tabşyrypdy. Ol Jonuň ejesine: «Meniň gyzlarymam seniň ogluň ýaly gulak assalar bolmazmydy» diýýär (Efesliler 6:1).

13. a) Sen näme üçin ata-eneňe gulak asmaly? b) Haýsy ýagdaýda çagalar ata-enesiniň diýenini etmän biler?

13 Hudaý näme üçin: «Eý çagalar, ene-ataňyzyň sözlerine gulak asyň» diýip tabşyrýar? Ata-eneňe gulak asyp, sen Hudaýa tabyn bolýarsyň. Galyberse-de, ata-eneň senden has tejribeli. Meselem, ýokarda agzalan heläkçilik bolmazyndan bäş ýyl öň, bir waka boldy. Jonuň ejesiniň bir jorasy bardy. Onuň ogly şol uly ýoldan ylgap geçjek bolanda, maşyn kakyp heläk bolýar. Dogry, ata-eneňe gulak asmak hemişe aňsat däl, ýöne muny saňa Hudaý buýurýar. Emma ata-eneň ýa-da başga biri saňa ýalan sözle, ogrulyk et, ýa-da Hudaýa ýaramaýan başga işleri et diýse, sen «adamdan zyýada Hudaýa boýun bolmaly». Şonuň üçin Injilde «Rebde ene-ataňyza gulak asyň» diýilýär. Bu Hudaýyň kanunlaryna laýyk gelýän ähli zatda ata-eneňe gulak asmalydygyny aňladýar (Resullaryň işleri 5:29).

14. Näme üçin kämil adama gulak asmak aňsat, emma ol şonda-da gulak asmagy näme üçün öwrenmeli?

14 Seniň pikiriňçe, Isa ýaly senem kämil, ýagny «çirksiz, günäkärlerden arany açan» bolsaň, ata-eneňe gulak asmak hemişe aňsat bolarmydy? (Ýewreýler 7:26). Eger sen kämil bolsaň, häzirki ýaly erbet işleri edegen bolmardyň (Barlyk 8:21; Zebur 51:5). Hatda Isa-da gulak asmagy öwrenmeli boldy. Injilde: «Ol [Isa] Ogul hem bolsa, gören görgülerinden söze gulak asmagy öwrendi» diýilýär (Ýewreýler 5:8). Çünki ol gökde şeýle görgini görmändi. Isanyň gören görgüleri gulak asmagy öwrenmäge nädip kömek etdi?

15, 16. Isa gulak asmagy nädip öwrendi?

15 Isa çagaka Ýusup bilen Merýem Ýehowanyň görkezmesine boýun bolup, ony howpdan goradylar (Matta 2:7—23). Emma soňra Hudaý gudraty bilen Isany goramady. Isanyň beden we duýgy taýdan çeken ejirleri şeýle güýçlüdi welin, Injilde ol barada şeýle diýilýär: «Hudaýa uly perýat, gözýaşlar bilen dogalar hem ýalbaryşlar hödürledi» (Ýewreýler 5:7). Ol beýle ýagdaýa haçan düşdi?

16 Isa ýerdäki ömrüniň soňky sagatlarynda güýçli ejir çekdi, sebäbi Şeýtan onuň aýypsyzlygyny syndyrmak üçin bar güýji bilen topuldy. Isany jenaýatçy hökmünde öldürjekdiler. Şeýle jeza Atasynyň abraýyna täsir etjekdigi hakynda pikirlenip, Isa örän gynandy. Getseman bagynda «gaty yhlas bilen doga edende» onuň «deri ýere daman gan damjalary ýalydy». Isa pürsde çüýlengi duran wagty «uly perýat, gözýaşlar» etdi, sebäbi onuň ölümi örän jebirlidi (Luka 22:42—44; Markus 15:34). Şeýdip, ol «gören görgülerinden söze gulak asmagy öwrendi» we Atasynyň ýüregini begendirdi. Häzir bolsa gulak asmak ugrunda çekýän ejirlerimizi görüp, Isa bize duýgudaşlyk bildirýär (Süleýmanyň tymsallary 27:11; Ýewreýler 2:18; 4:15).

Gulak asmagy öwrenmek

17. Terbiýä nähili garamaly?

17 Ata-eneň saňa terbiýe berende, gowulyk isleýändigini we söýýändigini görkezýärler. Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Haýsy ogla atasy terbiýe bermeýär?» Eger ata-eneň seni az söýýändigi üçin temmi bermäge wagt sarp etmese ýa-da tagalla etmese, gynanarsyň gerek? Ýehowa-da söýýändigi üçin saňa temmi berýär. Dogry, «her hili terbiýe edilmek öňürti şatlykly zat däl-de, gaýgyly zat bolup görünýändir. Ýöne bu soňra şeýle ýetişdirilenler üçin dogrulygyň dynçlyk miwesini öndürýändir» (Ýewreýler 12:7—11).

18. a) Söýgi bilen berlen terbiýe nämäni görkezýär? b) Şeýle terbiýäniň peýdalydygy barada mysal getir.

18 Gadymy Ysraýylyň akyldar patyşasy (onuň akyldarlygyny Isa-da belläp geçdi) ata-eneler çagalaryna temmi berende, söýgi bilen bermeli diýdi. Süleýman patyşa şeýle ýazdy: «Taýagyny gaýgyrýan ogluny ýigrenýändir; ony söýýän bolsa wagtynda ýola getirýändir». Ol hatda söýgi bilen berilýän temmi adamyň janyny ölümden halas eder diýdi (Süleýmanyň tymsallary 13:24; 23:13, 14; Matta 12:42). Bir mesihçi uýa çagaka ýygnakda özüni gowy alyp barmasa, öýe baranda atasynyň temmi bererin diýip aýdanlaryny ýatlaýar. Häzir şol uýa atasyny mähirli ýatlaýar, sebäbi onuň söýgi bilen beren temmisi gyzynyň gowy tarapa üýtgemegine kömek etdi.

19. Ata-eneňe gulak asmagyň esasy sebäbi näme?

19 Eger ata-eneň seni söýüp, terbiýe bermek üçin wagt sarp edip, tagalla edýän bolsa, onda munuň gadyryny bil. Rebbimiz Isa Mesihiň ata-enesi Ýusup bilen Merýeme gulak asyşy ýaly, senem ata-eneňe gulak as. Esasan hem, gökdäki Ataň Ýehowa Hudaýyň tabşyrýandygy üçin, olara gulak as. Bu saňa peýda getirer we «ýagşylyk görüp, ýer ýüzünde ýaşyň uzak bolar» (Efesliler 6:2, 3).

^ par. 7 Ýehowanyň Güwäçileriniň neşir eden «Ýazgylara düşünmek» (iňlisçe) atly ensiklopediýasynyň 2-nji tomunyň 841-nji sahypasyna serediň.

Siz nähili jogap berersiňiz?

• Ata-enä gulak asmaklyk çagalara näme üçin peýdaly?

• Isa çagaka ata-enä gulak asmakda nähili görelde galdyrdy?

• Isa gulak asmagy nädip öwrendi?