Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Mukaddes Kitap durmuşyňy üýtgedýär

Mukaddes Kitap durmuşyňy üýtgedýär

Mukaddes Kitap durmuşyňy üýtgedýär

PULLY oýun oýnaýan we ogurlyk edýän adama düzelmäge näme kömek etdi? Onuň durmuşy hakda okap görüň.

«At çapyşygy öler ýaly gowy görýärdim» (RIÇARD STEWART).

DOGLAN ÝYLY: 1965

DOGLEN ÝERI: ÝAMAÝKA

GEÇMIŞI: PULLY OÝUN OÝNAÝAN WE JENAÝATÇY

ÖŇKI DURMUŞYM. Men Ýamaýkanyň Kingston şäherinde önüp-ösdüm. Ol ýeriniň ilaty köpdi, adamlar garyp ýaşaýardy, işsizlikden kösenýärdi, jenaýatçylyk köpdi. Adamlar jenaýatçylardan gorkýardy. Eşidýäniň diňe uruş, atyşykdy.

Ejem üç çagany eklejek bolup gije-gündiz işleýärdi. Ol biziň bilimli adam bolmagymyzy isleýärdi. Ýöne men okamagy däl-de, atlary, at çapmagy öler ýaly gowy görýärdim. Sapakdan gaçyp, at çapyşyga gidýärdim, hatda özümem gatnaşýardym.

Soňabaka at çapyşyklara pul goýup başladym. Men ahlaksyz aýallar bilen gezýärdim, marihuanna çekýärdim, ogurlyk edýärdim. Meniň birnäçe ýaragym bardy. Ýöne Hudaýa şükür, ogurlyga giden wagtlarym hiç kimi öldürmändim.

Ahyry meni tussag edip türmä basdylar. Hatda türme-de meni düzedip bilmedi. Türmeden çykamsoň, öňküdenem beter boldum. Men daşyndan gowy adam ýaly görünsemem, özdiýenli, gödek, ganygyzma, zalym adamdym. Hiç kime nebsim agyrmaýardy, diňe özümi bilip ýaşaýardym.

MUKADDES KITAP DURMUŞYMY ÜÝTGETDI. Şol döwürler ejem Mukaddes Kitapdan okuw geçip, Ýehowanyň Şaýady boldy. Ejem düýbünden başga adam boldy. Oňa nämäniň täsir edendigini meniňem bilesim geldi. Şeýdip, menem Ýehowanyň Şaýatlary bilen okuw geçip başladym.

Ýehowanyň Şaýatlarynyň öwredýän zatlary Mukaddes Kitaba esaslanýardy, özem başga dinleriňkiden tapawutlanýardy. Diňe Ýehowanyň Şaýatlary I asyrdaky mesihçiler ýaly öýden-öýe wagyz edýärdi (Matta 28:19; Resullar 20:20). Olaryň mähirlidigi, biri-birini ýürekden söýýändigi haýran galdyrdy. Men hakykaty tapandygyma düşündim (Ýahýa 13:35).

Mukaddes Kitapdan okuw geçdigim saýyn, köp zatlary üýtgetmelidigime düşündim. Mukaddes Kitapda Ýehowa Hudaýyň ahlaksyzlygy ýigrenýändigi aýdylýar. Hudaýy razy etmek üçin bedenimi hapalaýan erbet endiklerden arassalanmalydym (2 Korinfliler 7:1; Ýewreýler 13:4). Ýehowanyň hem duýgularynyň bardygy meni gaty oýlandyrdy. Men edýän işlerimiň Ýehowany ýa begendirýändigine, ýa-da gynandyrýandygyna düşündim (Nakyllar 27:11). Şondan soň marihuannany, ýaraglarymy taşlamagy we gowy adam bolmagy ýüregime düwdüm. Maňa, esasanam, ahlaksyzlygy, pully oýunlary taşlamak kyn düşdi.

Başda dostlaryma Ýehowanyň Şaýatlary bilen okuw geçýändigimi aýtmaýardym. Ýöne bir gün Isanyň Matta 10:33-däki: «Emma kim iliň öňünde menden ýüz öwürse, men hem gökdäki Atamyň öňünde ondan ýüz öwrerin» diýen sözlerini okadym. Şondan soň dostlaryma okuw geçýändigimi aýdasym geldi. Olar ör-gökden gelip: «Sendenem bir Ýehowanyň Şaýady bolarmy?! Sen hiç haçan düzelmeýäň» diýdiler. Ýöne men olara, näme bolaýanda-da, erbet endiklerimi goýjakdygymy aýtdym.

HÄZIRKI DURMUŞYM. Ejem meniň Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryna eýerýändigime gaty begendi. Ol indi: «Oglum ýene bir belanyň üstünden barar» diýip, gorkup ýaşamaýar. Ýehowa bolan söýgi maşgalamyzam agzybir etdi. Käte oturyp, gowy adam bolandygyma haýran galýaryn. Ýehowany tanamadyk bolsam, hiç haçan gowy adam bolup bilmezdim. Öňki ahlaksyz, haram durmuşyma birjigem dolanasym gelenok.

Mukaddes Kitapdan okuw geçmedik bolsam, men häzir ýa gabyrda, ýa-da türmede bolardym. Häzir meniň bagtly maşgalam bar. Ýehowany ýürekden söýýän aýalymyň, gyzymyň bardygyna begenýärin. Olar bilen Ýehowa hezil edip gulluk edýärin. Şeýle-de Ýehowanyň aladaçyl dogan-uýalary berendigine minnetdar. Maňa sabyrly bolup, Mukaddes Kitapdan okuw geçen dogana-da köp sag bolsun aýdýaryn. Häzir menem adamlara Mukaddes Kitapdaky hakykatlary bilmäge kömek edýärin. Esasanam, meni söýüp, dost bolandygy üçin Ýehowa Hudaýa minnetdar.

[Ýazgy]

«Ýehowanyň hem duýgularynyň bardygy hakda okanymda... edýän işlerimiň Ýehowany ýa begendirýändigine, ýa-da gynandyrýandygyna düşündim»

[Surat]

Aýalym hem gyzym bilen

[Surat]

Ejemiň düýbünden başga adam bolandygyna haýran galdym