Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

«Köp muşakgatlara» garamazdan, Hudaýa wepaly gulluk ediň

«Köp muşakgatlara» garamazdan, Hudaýa wepaly gulluk ediň

«Biz Hudaýyň Patyşalygyna köp muşakgatlar bilen girmelidiris». RES. IŞ. 14:22

1. Hudaýyň gullukçylarynyň muşakgat çekýändigine näme üçin geň galmaýarys?

BIZ ebedi ýaşaýyş sylagyny alýançak, «köp muşakgatlary» çekjekdigimize geň galmalymy? Ýok. Biz ýaňy-ýakynda hakykata gelen bolsak-da ýa-da Ýehowa ençeme ýyldan bäri gulluk etsek-de, Şeýtanyň dünýäsinde dürli kynçylyklara uçraýarys (Ylh. 12:12).

2. a) Mesihçiler ähli bikämil adamlaryň duşýan kynçylyklaryndan başga-da nähili muşakgatlary çekýärler? (Makalanyň başyndaky surata serediň). b) Yzarlamalaryň aňyrsynda kim dur we biz muny nireden bilýäris?

2 Mesihçiler «her kişiniň», ýagny ähli bikämil adamlaryň duşýan kynçylyklaryndan başga-da käbir muşakgatlary çekýärler (1 Kor. 10:13). Nähili muşakgatlary? Olar Hudaýyň kanunlaryna gulak asýandygy üçin güýçli yzarlanýarlar. Isa şägirtlerine: «Gul öz agasyndan uly däldir... Olar Meni yzarlan bolsalar, onda sizi-de yzarlarlar» diýdi (Ýahýa 15:20). Bu yzarlamalaryň aňyrsynda kim dur? Elbetde, Mukaddes Ýazgylarda aýdylyşy ýaly, ol Hudaýyň halkyny «arlaýjy arslan kimin» «ýuwutjak» bolup agtaryp ýören Şeýtandyr (1 Pet. 5:8). Şeýtan dürli usullary ulanyp, Isanyň şägirtlerini Hudaýa wepaly galdyrmajak bolýar. Geliň, Pawlus resul bilen bolan waka seredeliň.

LISTRADA BOLAN MUŞAKGAT

3—5. a) Pawlus resul Listrada nähili muşakgat çekdi? b) Pawlusyň muşakgatlar barada aýdan sözleri şägirtleri nädip berkitdi?

3 Pawlus resul imany sebäpli ençeme gezek yzarlandy (2 Kor. 11:23—27). Şeýle ýagdaý Listrada-da bolupdy. Pawlus dogabitdi ýöräp bilmeýän bir adamy sagaldansoň, adamlar ony we ýoldaşy Barnabasy öz taňrylarydyr öýtdüler. Şonda Pawlus bilen Barnabas özlerine sežde etdirmejek bolup, halka ýalbardylar. Emma tizden ýehudylar gelip, Pawlus bilen Barnabasa töhmet atyp, adamlaryň aňyny zäherlediler. Şeýlelikde, ýagdaý birden üýtgeýär! Indi adamlar Pawlusy daşlaýarlar we ölendir öýdüp taşlap gidýärler (Res. iş. 14:8—19).

4 Pawlus bilen Barnabas Derbä baransoň, «Listra, Konýa we Antakiýa gaýdyp geldiler. Şägirtleriň janlaryna kuwwat berip, olara imanda berk durmagy ündäp: „Biz Hudaýyň Patyşalygyna köp muşakgatlar bilen girmelidiris“ diýdiler» (Res. iş. 14:21, 22). Göräýmäge, olaryň aýdýanlary geň ýalydy. Olaryň Hudaýyň Patyşalygyna «köp muşakgatlar» bilen girmelidiris diýen sözleri ruhlandyrman, gaýtam, ruhdan düşürýän ýalydy. Onda Pawlus bilen Barnabas köp muşakgatlaryň boljakdygyny aýdyp, şägirtlere nädip «kuwwat berip» bildilerkä?

5 Biz Pawlus resulyň aýdan sözlerine üns berip, munuň jogabyny bileris. Ol ýöne bir: «Biz köp muşakgatlara çydamalydyrys» diýmän, «Biz Hudaýyň Patyşalygyna köp muşakgatlar bilen girmelidiris» diýdi. Şeýlelikde, Pawlus resul Hudaýa wepaly galmagyň gowy netijeler berýändigini nygtap, şägirtleri berkitdi. Bu sylag ýöne bir boş arzuw däldi. Isa-da: «Soňuna çenli çydan halas bolar» diýipdi (Mat. 10:22).

6. Çydamly bolýanlara nähili sylag garaşýar?

6 Biz çydamly bolsak, sylag alarys. Mesh edilen mesihçiler gökde Isa bilen höküm sürmek üçin ölümsiz ýaşaýşy sylag alarlar. «Başga goýunlara» bolsa, «dogrulyk höküm sürjek» ýerde ebedi ýaşaýyş berler (Ýahýa 10:16; 2 Pet. 3:13). Emma Pawlusyň belläp geçişi ýaly, häzirlikçe biz köp muşakgatlary çekýäris. Geliň, biziň nähili iki synaga duş gelip biljekdigimize seredeliň.

AÇ-AÇAN HÜJÜMLER

7. Aç-açan hüjümlere nämeler degişli?

7 Isa: «Sizi mejlislere tabşyrarlar, sinagogalarda ýenjerler. Olara güwälik üçin Men sebäpli sizi hökümdarlaryň, patyşalaryň alnynda durzarlar» diýip, öňünden aýtdy (Mar. 13:9). Şu sözlerden görnüşi ýaly, käbir mesihçiler dini ýa syýasy ýolbaşçylar tarapyndan yzarlananda, fiziki taýdan ejir çekýärler (Res. iş. 5:27, 28). Geliň, ýene-de Pawlus resulyň mysalyna dolanalyň. Ol şeýle yzarlamalardan gorkdumyka? Elbetde, ýok (Resullaryň işleri 20:22, 23-nji aýatlary okaň).

8, 9. Pawlus resul çydamly bolmagy ýüregine düwendigini nädip görkezdi we muny şu günki dogan-uýalaryň käbiri nädip görkezýärler?

8 Pawlus resul Şeýtanyň aç-açan hüjümlerine mertlik bilen garşy durdy. Ol şeýle diýdi: «Men bulary hiç zat hasap etmeýärin, janymy özüm üçin gymmat bilmeýärin; döwrümi, Hudaýyň merhemetiniň Hoş Habaryna güwä geçmek üçin, Reb Isadan alan hyzmatymy bitirsem bolýar» (Res. iş. 20:24). Bu sözler Pawlusyň yzarlamalardan gorkmandygyny görkezýär. Gaýtam, ol näme bolaýanda-da, çydamly bolmagy ýüregine düwdi. Ol muşakgatlara garamazdan, esasan, «güwä geçmek» barada biynjalyk bolýardy.

9 Şu günler dogan-uýalarymyzyň köpüsi şeýle etmegi ýüregine düwdüler. Mysal üçin, bir ýurtda Ýehowanyň Şaýatlarynyň käbiri bitaraplygyny saklandygy üçin takmynan 20 ýyllap türmede oturdylar. Doganlaryň işine kazyýetde seretmän, olary türmä basdylar. Sebäbi şol ýurtda harby gulluga gitmäge boýun gaçyrýanlar babatda hiç hili kanun ýokdy. Türmede olara hatda dogan-garyndaşlary bilen hem görüşmäge rugsat bermeýärdiler. Doganlaryň käbirini urýardylar we olara her hili zalymlyk edýärdiler.

10. Biz duýdansyz döreýän muşakgatlardan näme üçin gorkmaly däl?

10 Başga ýerdäki doganlarymyz bolsa, duýdansyz dörän muşakgata döz geldiler. Eger sizem şeýle ýagdaýa düşseňiz gorkmaň. Geliň, Ýusubyň mysalyny ýada salalyň. Ýusuby gulçulyga satsalar-da, Ýehowa ony «ähli muşakgatlaryndan halas etdi» (Res. iş. 7:9, 10). Hudaý sizi hem halas edip biler. Ýehowa «hudaýhonlary synagdan nähili halas etmelidigini» bilýär. Muny hiç haçan unutmalyň (2 Pet. 2:9). Ýehowanyň sizi zalym dünýäden halas etjekdigini we Patyşalygynyň hökümdarlygy astynda ebedi ýaşaýyş berjekdigini bilip, mundan beýläk-de Ýehowa bil baglarsyňyzmy? Ýehowa bil baglamaga we yzarlamalara mertlik bilen döz gelmäge degerli sebäp bar (1 Pet. 5:8, 9).

GIZLIN HÜJÜMLER

11. Şeýtanyň gizlin hüjümleri aç-açan hüjümlerinden nämede tapawutlanýar?

11 Biziň çekýän muşakgatymyzyň ýene bir görnüşi gizlin hüjümlerdir. Bu fiziki taýdan ejir çekdirýän aç-açan hüjümlerden nämede tapawutlanýar? Aç-açan hüjümleri birdenkä turýan güýçli harasada meňzetse bolýar. Ol şäherdäki jaýlary dessine ýumrup weýran edýär. Emma gizlin hüjümleri sary garynja meňzetse bolýar. Olar jaý bütinleý ýykylýança, ýuwaş-ýuwaşdan onuň agajyny iýýärler. Adam öýüni sary garynjanyň basandygyny, eýýäm jaýy ýykyljak bolup durka bilýär, emma gaty giç bolýar.

12. a) Şeýtanyň ulanýan gizlin hüjümleriniň biri näme we bu näme üçin üstünlikli diýse bolar? b) Pawlus resul nädip göwnüçökgünlige düşdi?

12 Şeýtan yzarlamalar ýaly aç-açan hüjümleri ýa-da ýuwaş-ýuwaşdan imanymyzy gowşadýan gizlin hüjümleri ulansa-da, ol, esasan, biziň Ýehowa bilen gatnaşygymyzy bozjak bolýar. Şeýtanyň üstünlikli ulanýan gizlin hüjümleriniň biri — göwnüçökgünlik. Pawlus resulyň hem göwnüçökgünlige düşen ýagdaýlary bolupdy (Rimliler 7:21—24-nji aýatlary okaň). Belki-de, Pawlus resul I asyrdaky Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy bolandyr. Ol ruhy taýdan berk mesihçi bolsa-da, näme üçin özüne «biçäre adam» diýýärkä? Pawlus muny bikämil bolandygy üçin aýtdy. Aslynda, ol dogry zatlary etmek isleýärdi, emma ol özünde muňa päsgel berýän bir güýjüň bardygyny duýýardy. Sizem käte şeýle duýgular bilen göreşýän bolsaňyz, Pawlus resulyň hem şeýle kynçylyga düşendigini bilip, teselli tapýarsyňyzmy?

13, 14. a) Hudaýyň käbir gullukçylarynyň göwnüçökgünlige düşmegine näme sebäp bolýar? b) Kim biziň imanymyzy gowşatjak bolýar we näme üçin?

13 Käwagt dogan-uýalarymyzyň köpüsi göwnüçökgünlige düşýärler, biynjalyk bolýarlar, hatda özlerini dereksiz duýýarlar. Mysal üçin, Debora atly yhlasly pioner uýa şeýle diýýär: «Men eden ýalňyşlygymy gaýta-gaýta ýatlap, her gezek özümi erbet duýýaryn. Men nädogry hereketlerim barada oýlananymda, meni asla hiç kim, hatda Ýehowa-da söýüp bilmez diýip pikir edýärin».

14 Debora ýaly Ýehowanyň käbir yhlasly gullukçylarynyň göwnüçökgünlige düşmegine näme sebäp bolýar? Munuň birnäçe sebäbi bolup biler. Belki-de, käbirleri köplenç özi we durmuşyndaky ýagdaýlary barada erbet pikir edýändir (Sül. tym. 15:15). Başgalar bolsa, ýarawsyzlyk sebäpli ruhdan düşýändir. Näme bolaýanda-da, bizde şeýle duýgularyň döremegini kimiň isleýändigini unutmaly däl. Aslynda, kim bizi göwnüçökgünlige düşürip, ruhy taýdan ýykjak bolýar? Elbetde, Şeýtan. Ol ölüme höküm edildi we seniň hem umytsyz ýaşamagyňy isleýär (Ylh. 20:10). Şeýtan käwagt aç-açan hüjümleri ýa-da köplenç gizlin hüjümleri ulansa-da, onuň esasy maksady — bizi biynjalyk etmek, yhlasymyzy gowşatmak we Hudaýa gulluk etmegimizi bes etdirmek. Dogrudan-da, Hudaýyň halky ruhy söweş alyp barýar!

15. 2 Korintoslylar 4:16, 17-nji aýatlara görä, biz näme etmegi ýüregimize düwmeli?

15 Geliň, bu söweşde ýan bermezligi ýüregimize düwüp, nazarymyzy sylaga dikeliň. Pawlus resul hem Korintosdaky mesihçilere şeýle ýazdy: «Biz ruhdan düşmeýäris, gaýtam, daşky adamymyz bozulsa-da, içki adamymyz günbe-günden täzelenýär. Sebäbi wagtlaýyn, ýeňil muşakgat biziň üçin juda artykmaç şöhratyň ebedi agramyny emele getirýär» (2 Kor. 4:16, 17).

MUŞAKGATA HÄZIRDEN TAÝÝARLANYŇ

Ýaşlar we uly ýaşdaky mesihçiler dini ynançlary barada aýtmaga öňünden taýýarlanýarlar (16-njy abzasa serediň)

16. Muşakgata häzirden taýýarlanmak näme üçin wajyp?

16 Görşümiz ýaly, Şeýtan dürli «hileleri» ulanýar (Efes. 6:11). Şol sebäpli biziň her birimiz 1 Petrus 5:9-daky: «Oňa garşy imanda berk duruň» diýen sözlere eýermeli. Munuň üçin biz aňymyzy we ýüregimizi taýýarlap, häzirden dogry işleri etmegi öwrenmeli. Meselem, goşun esgerleri urşa gitmänkä, birnäçe wagt öňünden söweşe erjellik bilen taýýarlanýarlar. Ýehowanyň ruhy goşunyny hem muňa meňzetse bolýar. Biz gelejekde ruhy söweşimizde nämeleriň garaşýandygyny bilmeýäris. Şol sebäpli parahat wagty söweşe erjellik bilen taýýarlansak paýhasly bolmazmy? Pawlus resul Korintosdaky dogan-uýalara: «Imandadygyňyzy özüňiz barlap görüň. Özüňizi synaň» diýdi (2 Kor. 13:5).

17—19. a) Biz özümizi nädip barlap bileris? b) Ýaşlar mekdepde dini ynançlary barada aýtmaga nädip taýýarlanyp bilerler?

17 Pawlus resulyň beren maslahatyna eýermegiň bir usuly — özüňi çynlakaý barlamak. Siz özüňize şeýle soraglary beriň: «Men dyngysyz doga edýärinmi? Deň-duşlarym tarapyndan synaga düşenimde, Hudaýa gulak asýarynmy ýa-da adamlara? Ýygnak duşuşyklaryna yzygider gatnaşýarynmy? Dini ynançlarym barada batyrgaýlyk bilen aýdýarynmy? Dogan-uýalaryň meniň ýalňyşlyklarymy bagyşlaýşy ýaly, menem olary bagyşlaýarynmy? Men ýygnagymyzdaky gözegçi doganlara we bütindünýä ýygnagymyzdaky jogapkär doganlara tabyn bolýarynmy?»

18 Üns beren bolsaňyz, bu soraglaryň ikisinde dini ynançlarymyz barada batyrgaýlyk bilen aýtmak we deň-duşlarymyzyň täsirine garşy durmak barada aýdylýar. Ýaş dogan-uýalarymyzyň köpüsi mekdepde dini ynançlary barada batyrgaýlyk bilen gürrüň bermeli bolýarlar. Olar muny çekinmän we aljyraman, gaýtam, batyrgaýlyk bilen aýtmagy öwrendiler. Bu babatda biziň žurnallarymyzda köp peýdaly maslahatlar berilýär. Meselem, 2009-njy ýylyň iýul aýynda çykan «Oýanyň!» (rus.) žurnalynda şeýle maslahat berlipdi: «Eger klasdaşlaryň: „Sen näme üçin ewolýusiýa taglymatyna ynanmaýarsyň?“ diýip sorasalar, sen: „Men muňa näme üçin ynanmaly? Hatda alymlaram oňa şübhelenýär, aslynda, olar muny anyk bilmeli dälmi näme?!“ diýip jogap berip bilersiň». Şol sebäpli ata-eneler, çagalaryňyz mekdepde dini ynançlary barada aýdyp biler ýaly, olar bilen öňünden gürrüňdeş bolup taýýarlanyň.

19 Elbetde, dini ynançlaryň barada aýtmak ýa-da Ýehowanyň isleýän zadyny etmek hemişe aňsat bolmaýar. Belki, biz uzynly gün işläp, ýygnaga zordan barýandyrys. Ýa-da irden turup wagza gitmek kyn bolýandyr. Emma siz häzirden ruhy taýdan berkeseňiz, gelejekde boljak agyr synaglara düşeniňizde, olara has gowy döz gelip bilersiňiz.

20, 21. a) Töleg gurbany barada oýlanmak bize nädogry pikirler bilen göreşmäge nädip kömek edýär? b) Biz muşakgatlara garamazdan näme etmegi ýüregimize düwmeli?

20 Gizlin hüjümler barada näme diýse bolar? Meselem, biz göwnüçökgünlige nädip garşy durup bileris? Munuň iň gowy usuly töleg gurbany barada oýlanmakdyr. Pawlus resul hem ruhdan düşende, bu barada oýlanýardy. Ol Isa Mesihiň kämil adamlar üçin däl-de, günäli adamlar üçin ölendigini bilýärdi. Pawlusyň özi hem şol günäli adamlaryň biridi. Ol şeýle ýazdy: «Ýaşaýşymy Hudaýyň meni söýen, meniň ugrumda Özüni pida eden Ogluna bolan iman bilen geçirýärin» (Gal. 2:20). Hawa, Pawlus resul töleg gurbanynyň özi üçin berlendigine düşünip, onuň gadyryny bilýärdi.

21 Bizem Ýehowanyň töleg gurbanyny her birimize aýratynlykda sowgat berendigine düşünsek, peýdaly bolar. Elbetde, göwnüçökgünlik birbada aýrylmaýar. Belki-de, biziň käbirimiz bu zalym dünýäniň ahyryna çenli wagtal-wagtal göwnüçökgünlige garşy göreşmeli bolarys. Emma sylagyň ýan bermeýän adamlara beriljekdigini unutmalyň. Biz Ýehowanyň şöhratly gününe has golaý döwürde ýaşaýarys. Tizden Hudaýyň Patyşalygy ýer ýüzünde parahatlygy dikelder we Hudaýa wepaly adamlaryň ählisi kämillige ýeter. Şol sebäpli, geliň, köp muşakgatlara garamazdan, Hudaýyň Patyşalygyna girmegi ýüregimize berk düweliň!