Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Sen «oňat iş» üçin «jan çekýärmiň»?

Sen «oňat iş» üçin «jan çekýärmiň»?

FERNANDO * örän aladalanýar. Sebäbi iki ýaşuly onuň bilen ikiçäk gepleşjek bolýandygyny aýtdylar. Etrap gözegçisi ýygnagy soňky gezekler idänsoň, ýaşulular Fernandonyň ýygnakda goşmaça borçlary almagy üçin näme etmelidigini düşündiripdiler. Şondan bäri ep-esli wagt geçdi. Indi Fernando: «Men haçanam bolsa ýaşuly bolarmykam?» diýip alada edip başlady. Etrap gözegçisi ýaňy-ýakynda ýygnagy ýene-de idäpdi. Ýaşulular bu gezek näme diýerkä?

Fernando ýaşulularyň biriniň aýdan sözlerini diňleýär. Dogan 1 Timoteos 3:1-e salgylanýar hem-de ýygnak ýaşulularynyň Fernandonyň ýaşuly edip bellenilendigi barada hat alandygyny aýdýar. Fernando muňa aňk bolup: «Siz näme diýdiňiz?» diýýär. Dogan aýdan sözlerini ýene-de gaýtalaýar. Şonda Fernandonyň ýüzünde şatlyk alamaty peýda bolýar. Ýygnakda Fernandonyň ýaşuly edip bellenendigi bildiriş edilende, dogan-uýalaryň ählisi begenýär.

Ýygnakda jogapkärli borçlary almak islemek nädogrumy? Elbetde, ýok. 1 Timoteos 3:1-de aýdylyşy ýaly, «kim gözegçi bolmaga jan çekýän bolsa, onda ol oňat işi arzuw edýär». Doganlaryň köpüsi bu maslahata eýerip, ruhy taýdan ösdüler we ýygnakda jogapkärli borçlary aldylar. Şol sebäpli Hudaýyň halkynyň arasynda 100 müňden gowrak ukyply ýaşulular we gulluk hyzmatçylary bar. Emma ýygnaklaryň köpelýändigi sebäpli, has köp doganlaryň jan etmegi gerek bolýar. Munuň üçin näme etmeli? Gözegçi bolmaga jan edýän doganlar haçan ýaşuly bolarkam diýip alada etmelimi?

«OŇAT IŞ» ÜÇIN «JAN ÇEKMEK» NÄMÄNI AŇLADÝAR?

Mukaddes Ýazgylardaky «jan çekmek» diýip grek dilinden terjime edilen jümle tutanýerlilik bilen isleg bildirmegi, ymtylmagy aňladýar. Belki-de, bu jümle agaçdan asylyp duran göze ýakymly miwäni aljak bolup ymtylýan adamy ýadyňa salýandyr. Emma oňat iş üçin «jan çekmek» «gözegçi bolmaga» nebisjeňlik bilen dyrjaşmagy aňlatmaýar. Näme üçin? Sebäbi ak ýürekden ýaşuly bolup gulluk etmek isleýänleriň maksady at-abraý gazanmak däl-de, «oňat iş» etmekdir.

Bu oňat işi ýerine ýetirmek üçin, esasan, nämeleriň talap edilýändigi 1 Timoteos 3:2—7 we Titus 1:5—9-njy aýatlarda aýdylýar. Köp ýyldan bäri ýaşuly bolup gulluk edýän Raýmond dogan bu talaplary şeýle düşündirýär: «Meniň üçin, esasan, biziň nähili adam bolmalydygymyz wajyp. Çykyş etmek we öwretmek ukyplary wajyp bolsa-da, müýnsüz, hüşgär, sagdyn düşünjeli, gepi-sözi ýerlikli, myhmansöýer we ýumşak bolmak has wajypdyr».

Ýygnakda dürli işlere gatnaşyp, «oňat iş» üçin jan et

«Oňat iş» üçin ýürekden jan edýän dogan ýalançylygyň we erbetligiň her bir görnüşinden gaça durup, özüniň müýnsüzdigini görkezýär. Ol hüşgär, sagdyn düşünjeli, gepi-sözi ýerlikli, myhmansöýer we ýumşak bolany üçin, ýygnakdaky dogan-uýalar onuň görkezme berip, kynçylyklaryny çözmäge kömek etjekdigine ynanýarlar. Şeýle-de dogan myhmansöýerlik bildirip, ýygnakdaky ýaşlary we ýaňy hakykata gelenleri ruhlandyrýar. Ol kesellän we gartaşan dogan-uýalara kömek edip, teselli berýär, çünki ol ýagşylygy söýýär. Dogan bu häsiýetleri abraýyny galdyryp, jogapkärli borjy almak üçin däl-de, adamlara ýagşylyk etmek üçin ösdürýär *.

Elbetde, ýaşulular «oňat iş» üçin jan edýän doganlara höwes bilen maslahat berip ruhlandyrarlar. Emma doganyň özi hem Mukaddes Ýazgylardaky talaplara laýyk gelmek üçin tagalla etmeli. Tejribeli gözegçi dogan Henri: «Eger sen oňat iş üçin jan edýän bolsaň, talaba laýyk gelýändigiňi görkezmek üçin eliňde baryny et» diýýär. Ol Wagyz kitaby 9:10-a salgylanyp, sözüni şeýle dowam edýär: «„Eliň etmäge näme tapsa, ony bar güýjüň bilen et.“ Ýaşulular saňa nähili ýumuş tabşyrsa-da, ony gowy ýerine ýetirjek bol. Ýygnakda saňa nähili iş berilse-de, hatda pol süpürmeli bolsa-da, ony ýürekden et. Wagtyň geçmegi bilen, seniň edýän işleriň we tagallalaryň aýan bolar». Eger sen ýaşuly bolmak isleýän bolsaň, mukaddes gullugyň ähli görnüşinde zähmetsöýer we ynama mynasyp bolmaga çalyş. Sen diňe özüňi bilip, tekepbir bolman, kiçigöwünli bolmaga jan et (Mat. 23:8—12).

NÄDOGRY PIKIRLERDEN WE HEREKETLERDEN GAÇA DUR

Ýygnakda ýaşuly bolmak isleýän doganlaryň käbiri, belki-de, şeýle isleginiň bardygyny açyk aýtman, kakdyryp aýdýandyr ýa-da ýaşululara gowy görünjek bolýandyr. Käbirleri bolsa, ýaşulular maslahat berende nägile bolýarlar. Şol sebäpli dogan özünden: «Men öz islegimi kanagatlandyrjak bolýarynmy ýa-da kiçigöwünlilik bilen Ýehowanyň goýunlarynyň aladasyny etmek isleýärinmi?» diýip sorasa gowy bolar.

Şeýle-de «oňat iş» üçin jan edýän dogan ýaşululardan «sürä görelde bolmagyň» talap edilýändigini hem unutmaly däl (1 Pet. 5:1—3). Ol nädogry pikirlerden we hereketlerden gaça durup, ýygnakdakylara görelde görkezýär. Dogan häzir ýaşuly bolsa-da, bolmasa-da sabyrly bolmaga jan etmeli. Ol ýaşuly bolansoň, onuň ähli ejizlikleri gudrat bilen aýrylmaýar (San. 12:3; Zeb. 106:32, 33). Dogan «özünde bir aýyp görmese-de», käbir sebäplere görä, adamlar ol barada başga pikirde bolmagy mümkin (1 Kor. 4:4). Şol sebäpli ýaşulular Mukaddes Ýazgylar esasynda saňa ak ýürekden maslahat berse, olary gaharlanman diňlejek bol.

KÖP GARAŞÝAN BOLSAŇ NÄME?

Käbir doganlar ýaşuly edip bellenilýänçä, köp wagt garaşýan ýaly görünýär. Eger senem ençeme ýyldan bäri «gözegçi bolmaga jan çekip» garaşýan bolsaň, käwagt biynjalyk bolýarsyňmy? Onda şu sözlere üns berip bilersiň: «Çykmadyk tama ýürege dertdir; hasyl bolan arzuw bolsa ýaşaýyş agajydyr» (Sül. tym. 13:12).

Adam maksadyna ýetip bilmeýändirin öýtse, ol ruhdan düşüp biler. Ybraýym pygamber hem şeýle ýagdaýa düşüpdi. Ýehowa oňa ogul berjekdigini wada beripdi. Emma ençeme ýyl geçse-de, Sarranyň çagasy bolmady (Gel. çyk. 12:1—3, 7). Ybraýym gartaşan çagynda Ýehowa ýalbaryp: «Eý, Hökmürowan Reb, Sen maňa näme berjek? Men perzentsiz öterin... Sen maňa perzent bermediň» diýdi. Şonda Ýehowa oňa beren wadasyny berjaý etjekdigini aýdyp, teselli berdi. Emma Hudaýyň sözi amala aşýança, Ybraýym 14 ýyldanam köpräk garaşmaly boldy (Gel. çyk. 15:2—4; 16:16; 21:5).

Ybraýym pygamber Ýehowanyň wadasyna garaşyp, şatlygyny ýitirdimi? Ýok, ol hiç haçan Hudaýyň beren wadasyna şübhelenmeýärdi we gelejege umyt bilen garaýardy. Pawlus resul: «Şeýlelikde, sabyrly garaşan Ybraýym wada ýetdi» diýdi (Ýew. 6:15). Ahyry Gudratygüýçli Hudaý bu wepaly pygambere uzak wagtlap garaşan perzendini berip sylaglady. Biz Ybraýym pygamberden näme öwrenip bileris?

Eger sen birnäçe ýyldan bäri ýaşuly bolmak isläp, henizem bolmadyk bolsaň, onda hemişe Ýehowa bil bagla. Hudaýa gulluk edeniňde şatlygyňy ýitirmejek bol. Köp doganlara ruhy taýdan ösmäge kömek eden Uorren munuň wajypdygyny şeýle düşündirýär: «Doganyň jogapkärli borjy almaga laýyk gelýändigi aýdyň bolýança, wagt gerek bolýar. Wagtyň geçmegi bilen, doganyň özüni alyp barşyndan we tabşyrylan ýumuşlary ýerine ýetirişinden onuň ukyplaryny hem-de garaýşyny ýuwaş-ýuwaşdan bilse bolýar. Käbirleri diňe jogapkärli borç alsa, üstünlik gazanýandyryn öýdýär. Emma şeýle garaýyş nädogry we adamy çendenaşa alada goýmagy mümkin. Sen nirede bolsaň-da, näme etseň-de Ýehowa wepaly gulluk etseň, üstünlik gazandygyňdyr».

Bir dogan ýaşuly bolup bellenýänçä, on ýyldan gowrak garaşypdy. Ol Ezekiýel kitabynyň 1-nji babyndaky görnüşe salgylanyp, özüniň nähili sapak edinendigini gürrüň berýär. Ol şeýle diýýär: «Ýehowa arabasyny, ýagny guramasyny saýlan tizliginde ýöredýär. Şol sebäpli biziň bellän wagtymyz däl-de, Ýehowanyň bellän wagty wajypdyr. Ýaşuly bolmak üçin näçe garaşmalydygymy Ýehowa menden has gowy bilýär».

Sen gözegçi bolup oňat işleri etmäge umyt edýän bolsaň, ýygnagyň bähbidi üçin jan et. Eger seniň üçin wagt haýal geçýän ýaly görünse, onda alada etmän, sabyrly boljak bol. Ýokarda agzalan Raýmond dogan şeýle diýýär: «Özüň barada çendenaşa pikir etseň, kanagatly bolmak kyn bolýar. Şeýle häsiýetli adam Ýehowa gulluk edende şatlygyny ýitirýär». Şol sebäpli Hudaýyň mukaddes ruhunyň miwesini, esasanam, sabyrlylyk häsiýetini ösdürjek bol. Mukaddes Ýazgylary öwrenip, ruhy taýdan ösmäge jan et. Wagyz gullugyna köpräk gatnaşyp, gyzyklanan adamlar bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmek üçin tagalla et. Şeýle-de maşgala agzalaryňyň hemişe ruhy taýdan aladasyny edip, olar bilen maşgala okuwyny geçir. Dogan-uýalar bilen wagtyňy bile geçirýändigiňe begen. Sen maksadyňa ýetýänçäň, Ýehowa gulluk edip, ýürekden şatlanyp bilersiň.

Ýygnakda jogapkärli borjy almak Ýehowanyň berýän berekedidir. Ýehowa we onuň guramasy oňat iş üçin jan edýänleriň lapykeç bolup, gullukda şatlygyny ýitirmegini islemeýär. Hudaý ak ýürekden gulluk edýänleri goldaýar we bereket berýär. Dogrudan-da, Ýehowa berýän bereketleriniň hiç birine «dert-alada goşmaýar» (Sül. tym. 10:22, MK).

Sen ençeme wagtdan bäri «oňat iş» üçin jan edýän bolsaň-da, Ýehowa bilen dostlugyňy berkitmek üçin ýene-de köp zatlary edip bilersiň. Sen gerekli häsiýetleri ösdürmek üçin tagalla edýän bolsaň we maşgalaňy ünsden düşürmän, ýygnagyň bähbidi üçin ýürekden zähmet çekýän bolsaň, Ýehowa seniň edýän işleriňi hiç haçan unutmaz. Şol sebäpli ýygnakda nähili jogapkärli borç alsaň-da, goý, Ýehowa gulluk etmek saňa şatlyk getirsin!

^ abzas 2 Atlary üýtgedildi.

^ abzas 8 Şu makalada aýdylýan prinsipler gulluk hyzmatçysy bolmak isleýän doganlara-da degişli. Gulluk hyzmatçylaryndan edilýän talaplar 1 Timoteos 3:8—10, 12, 13-nji aýatlarda bar.