Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Isanyň direlişi bize nähili täsir edýär?

Isanyň direlişi bize nähili täsir edýär?

«Ol... direldi». MAT. 28:6

1, 2. a) Käbir dini ýolbaşçylar nämäni bilmek islediler we Petrus resul olara nähili jogap berdi? (Makalanyň başyndaky surata serediň). b) Petrus resula batyrgaý bolmaga näme kömek etdi?

ISANYŇ ölüminden köp wagt geçmänkä, Petrus resul zalym garşydaşlarynyň, ýagny ýehudy dini ýolbaşçylaryň öňünde durýar. Olar Isanyň öldürilmegine gatnaşypdylar. Häzir bolsa, Petrusdan käbir zatlary düşündirmegini talap edýärler. Petrus resul dogabitdi agsak adamy sagaldýar. Dini ýolbaşçylar Petrusyň muny haýsy güýç ýa-da at bilen edendigini bilmek isleýärler. Şonda Petrus resul batyrgaýlyk bilen olara şeýle jogap berýär: «Bu adam siziň haça çüýläniňiz we Hudaýyň ölümden direldeni Nasyraly Isa Mesihiň ady arkaly sag-salamat öňüňizde dur» (Res. iş. 4:5—10).

2 Bu wakadan biraz wagt öň, Petrus adamlardan gorkup, Isany üç gezek inkär edipdi (Mar. 14:66—72). Emma häzir oňa ýehudy dini ýolbaşçylarynyň öňünde batyrgaý bolmaga näme kömek edýär? Petrus resula Hudaýyň mukaddes ruhy, esasanam, Isanyň ölümden direlendigine bolan ynamy kömek edýär. Ol Isanyň direlendigine näme üçin berk ynanýardy? Biz muňa näme üçin ynanyp bileris?

3, 4. a) Isanyň resullarynyň ýaşan döwründen öň nähili direliş boldy? b) Isa kimleri direltdi?

3 Ölen adamyň direlmegi Isanyň resullary üçin täzelik däldi. Sebäbi olaryň ýaşan döwründen öň hem direliş bolupdy. Olar Hudaýyň Ylýas we Elýaşa pygambere ölüleri direltmäge güýç berendigini bilýärdiler (1 Pat. 17:17—24; 2 Pat. 4:32—37). Hatda mazara oklanan bir adamyň jesedi Elýaşa pygamberiň süňklerine degende, ol direldi (2 Pat. 13:20, 21). Biz Hudaýyň Sözüniň hakykatdygyna ynanyşymyz ýaly, I asyrdaky mesihçiler hem Mukaddes Ýazgylardaky bu wakalara ýürekden ynanýardylar.

4 Biziň ählimiz Isanyň ölüleri direldişi barada okap, örän tolgunan bolsak gerek. Isa dul aýalyň ýalňyz ogluny direldende, ol aýal muňa diýseň haýran galan bolmaly (Luka 7:11—15). Başga bir gezek bolsa, Isa 12 ýaşly gyzjagazy direldýär. Gyzynyň direlendigini görüp, ene-atasynyň gaýgy-hasraty şatlyga öwrülýär (Luka 8:49—56). Şeýle-de Lazaryň direlip, gabyrdan çykyp gelýänini gören adamlar, gör, nähili begenendirler! (Ýahýa 11:38—44).

ISANYŇ DIRELIŞI HAS TÄSIN

5. Isanyň direlişiniň öňkülerden nähili tapawudy bar?

5 Resullar Isanyň direlişiniň öňkülerden tapawutlanýandygyny bilýärdiler. Öňki direlen adamlar ynsan teninde direlip, wagtyň geçmegi bilen, ýene-de öldüler. Isa bolsa, hiç haçan ölmejek ruhy şahsyýet bolup direldi (Resullaryň işleri 13:34-i okaň). Petrus resul Isanyň «ten boýunça öldürilip, ruh boýunça direlendigini» aýtdy. Isa «göge çykdy, Hudaýyň sagynda, perişdeler, hökümdarlar we gudratlar Oňa tabyndyr» (1 Pet. 3:18—22). Isadan öňki bolan direlişler hem üýtgeşik gudrat arkaly boldy. Emma Isanyň direlişi has-da täsindi.

6. Isanyň direlmegi şägirtlerine nähili täsir etdi?

6 Isanyň direlişi şägirtlerine güýçli täsir etdi. Isa duşmanlarynyň pikir edişi ýaly öli däldi. Ol güýçli ruhy şahsyýet hökmünde direldi we oňa hiç bir adam zeper ýetirip bilmeýär. Isanyň direlmegi onuň Hudaýyň Ogludygyny subut etdi. Şol sebäpli şägirtleriň hasraty şatlyga öwrüldi. Şeýle-de olar indi gorkman, has batyrgaý boldular. Eger Isa direlmedik bolsa, Hudaýyň niýeti amala aşmazdy we şägirtleriň wagyz edýän hoş habarynyň hiç hili manysy bolmazdy.

7. Şu günler Isa näme edýär we nähili soraglar ýüze çykýar?

7 Biz Isanyň ýöne bir ýer ýüzünde ýaşan iň Beýik adam bolmandygyna düşünýäris. Ol häzir diri we bütindünýä wagyz işine ýolbaşçylyk edýär. Tizden Isa Hudaýyň Patyşalygynyň Patyşasy hökmünde ähli erbetlikleri aýryp, ýer ýüzüni Jennete öwrer we adamlar ebedi ýaşarlar (Luka 23:43). Isa direlmedik bolsa, bu zatlaryň hiç biri amala aşmazdy. Biz Isanyň direlendigine näme üçin ynanyp bileris? Onuň direlmegi bize nähili täsir edýär?

ÝEHOWA ÖLÜMDEN ÜSTÜN ÇYKÝAR

8, 9. a) Ýehudy dini ýolbaşçylary näme üçin Isanyň mazarynyň goralmagyny islediler? b) Aýallar mazara gelende näme boldy?

8 Isa öldürilenden soň, baş ruhanylar bilen fariseýler Pilatusyň ýanyna gelip şeýle diýdiler: «Jenap, ol aldawçynyň entek dirikä: „Men üç günden soň direlerin“ diýeni biziň ýadymyzda. Şonuň üçin, mazaryň üçünji güne çenli saklanmagyny buýur, şägirtleri gije gelip, jesedi ogurlap, halka bolsa: „Ol direldi“ diýäýmesinler. Bu soňky ýalan öňküden erbet bolar». Şonda Pilatus olara: «Siziň garawullaryňyz bar, gidiň-de, mazary bilşiňiz ýaly sakladyň» diýýär. Olar şeýle hem edýärler (Mat. 27:62—66).

9 Isany dagyň gowagyndaky bir mazarda jaýlap, onuň agzyna uly daşy togalapdylar. Ýehudy dini ýolbaşçylary Isanyň şol mazarda hemişelik galmagyny isleýärdiler. Emma Ýehowanyň islegi düýbünden başgaçady. Isanyň ölenine üç gün bolanda, magdalaly Merýem bilen beýleki Merýem mazara gelýär. Şonda olar mazaryň agzyndaky daşyň aýrylandygyny we onuň üstünde perişdäniň oturandygyny görýärler. Perişde aýallara mazaryň boşdugyny aýdyp: «Ol bu ýerde däl... direldi» diýýär (Mat. 28:1—6). Dogrudan-da, Isa diridi!

10. Pawlus resul Isanyň direlendigine nähili subutnama getirdi?

10 Şondan soň 40 günüň dowamynda bolan wakalar Isanyň direlendigine hiç hili şübhe galdyrmady. Pawlus resul Korintosdaky mesihçilere şeýle ýazdy: «Çünki men alanymy öňürti size tabşyrdym. Mesih Ýazgylara görä, biziň günälerimiz üçin öldi. Jaýlandy we Ýazgylara görä, ölenden üç günden soň direldi. Onsoň Kifasa, soň-da Onkilere göründi. Ondan soň bäş ýüzden köp dogana birden göründi. Bu doganlaryň köpüsi häzir hem diri, käbirleri bolsa öldi. Ondan soň Ýakuba, soň hem bütin resullara göründi. Iň soňunda hem biwagt doglan çaga ýaly bolan maňa göründi» (1 Kor. 15:3—8).

ISANYŇ DIRELENDIGINE NÄME ÜÇIN YNANÝARYS?

11. Isanyň direlişi nädip «Ýazgylara görä» berjaý boldy?

11 1. Isanyň direlişi «Ýazgylara görä» berjaý boldy. Hudaýyň Sözünde Isanyň direljekdigi öňünden aýdylypdy. Meselem, Dawut patyşa Hudaýyň «Mukaddesiniň» mazarda galdyrylmajakdygyny aýtdy (Zebur 16:10-y okaň). B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost gününde Petrus resul bu sözleriň Isa Mesihe degişlidigini aýdyp şeýle diýdi: «(Dawut) muny öňden görüp, Mesihiň direlişi barada şeýle diýdi: „Ol ne ölüler diýarynda goýuldy, ne-de teni çüýredi“» (Res. iş. 2:23—27, 31).

12. Isanyň direlendigini kimler gördi?

12 2. Bizde muny öz gözi bilen gören şaýatlaryň subutnamalary bar. Isa direlenden soň, 40 günüň dowamynda şägirtlerine göründi. Ol jaýlanan mazarynyň golaýyndaky bagda, Emmaus obasyna barýan ýolda we başga ýerlerde göründi (Luka 24:13—15). Şonda Isa Petrus we başgalar bilen gepleşdi. Bir gezek bolsa, ol 500-den gowrak adama göründi. Biz Isanyň direlendigini öz gözi bilen gören şaýatlaryň bardygyny inkär edip bilmeýäris.

13. Şägirtleriň yhlasly wagyz etmegi Isanyň direlendigine ynanýandygyny nädip görkezdi?

13 3. Isanyň şägirtleri onuň direlendigi barada yhlasly wagyz etdiler. Olar Isa Mesihiň direlendigi barada wagyz edýändigi üçin yzarlandylar, horluk çekdiler we olaryň käbirini öldürdiler. Eger Isa direlmedik bolsa, Petrus resul Isany ölüme höküm eden dini ýolbaşçylara onuň direlendigi barada wagyz edip, janyny howp astyna salardymy? Petrus we beýleki şägirtler Isanyň diridigine we wagyz işine ýolbaşçylyk edýändigine ynanýardylar. Şeýle-de Isanyň direlmegi olaryň özüniň hem direljekdigine ynamyny artdyrýardy. Meselem, Stefanusy öldürenlerinde, ol direlişiň boljakdygyny bilýärdi (Res. iş. 7:55—60).

14. Siz Isanyň diridigine näme üçin ynanýarsyňyz?

14 4. Isanyň häzir Patyşa bolup höküm sürýändigini we mesihçiler ýygnagynyň Başydygyny subut edýän deliller bar. Şu günler mesihçiler ýygnagy gülläp ösýär. Eger Isa ölümden direlmedik bolsa, şeýle bolup bilermidi? Aslynda, Isa direlmedik bolsa, biz ol barada hiç haçan eşitmezdik. Emma häzir onuň diridigine we bütindünýä wagyz işine ýolbaşçylyk edýändigine ynanmaga berk esas bar.

ISANYŇ DIRELIŞI BIZE NÄHILI TÄSIR EDÝÄR?

15. Isanyň direlişi batyrgaý wagyz etmäge nädip kömek edýär?

15 Isa Mesihiň direlişi bize batyrgaý wagyz etmäge kömek edýär. Iki müň ýyldan bäri, Hudaýyň duşmanlary wagyz işini ýatyrmak üçin elinde baryny edýärler. Olar imandan dänmeklik, ýaňsylamak, zorluk-sütem we ölüm jezasyny bermek ýaly zalym usullary ulanýarlar. Emma biziň «garşymyza ýasalan ýaraglaryň» hiç biri wagyz we şägirt taýýarlamak işini togtadyp bilmeýär (Iş. 54:17). Biz Şeýtanyň tarapdarlaryndan gorkmaýarys. Sebäbi Isa wada berişi ýaly, hemişe bizi goldaýar (Mat. 28:20). Duşmanlarymyz näme etse-de, bizi dymdyryp bilmejekdigine ynamly bolup bileris!

Isanyň direlişi bize batyrgaý wagyz etmäge kömek edýär (15-nji abzasa serediň)

16, 17. a) Isanyň direlişi onuň öwredenlerini nädip tassyklaýar? b) Ýahýa 11:25-e görä, Hudaý Isa Mesihe nähili ygtyýar berdi?

16 Isanyň direlişi onuň öwredenlerini tassyklaýar. Pawlus resul Isa direlmedik bolsa, onda mesihçileriň imany we wagyz işi biderek bolardy diýdi. Mukaddes Ýazgylary öwrenýän bir alymyň aýtmagyna görä, eger Isa direlmedik bolsa, mesihçiler ýalan zada ynanýan akmak adamlar bolardy. Şeýle-de Injilde ýazylan wakalar duşmanlary tarapyndan öldürilen gowy we paýhasly adamyň durmuşy baradaky gynançly taryh bolardy. Emma Mesih direldi. Bu bolsa onuň öwreden zatlarynyň, şol sanda gelejek barada aýdanlarynyň dogrudygyny tassyklaýar (1 Korintoslylar 15:14, 15, 20-nji aýatlary okaň).

17 Isa: «Direliş-de, ýaşaýyş-da Mendirin, Maňa iman eden ölse-de, ýaşar» diýdi (Ýahýa 11:25). Bu sözler hökman ýerine ýeter. Ýehowa Isa diňe bir gökde ýaşajaklary direltmäge däl, eýsem, ýer ýüzünde ýaşajak millionlarça adamlary direltmäge-de ygtyýar berdi. Isanyň beren töleg gurbany we onuň direlişi ölümiň asla bolmajakdygyny görkezýär. Muny bilmek size islendik synaga, hatda ölüm howply synaglara-da batyrgaýlyk bilen döz gelmäge kömek etmeýärmi?

18. Isanyň direlişi nämä ynandyrýar?

18 Isanyň direlişi adamlara Ýehowanyň söýgüden doly kadalary esasynda höküm çykaryljakdygyna ynandyrýar. Pawlus resul Afinydaky adamlara ýüzlenip şeýle diýdi: «Ol (Hudaý) Öz saýlan Adamy arkaly dünýäniň üstünden şol günde adyl höküm çykarar. Hudaý bu Adamy ölümden direltmek bilen, hemmelere subutnama berdi» (Res. iş. 17:31). Ýehowa Isany adamlaryň üstünden Kazy edip belledi. Biz onuň söýgi bilen adyl höküm çykarjakdygyna ynanyp bileris (Işaýa 11:2—4-nji aýatlary okaň) *.

19. Isanyň direlendigine ynanmak bize nähili täsir edýär?

19 Isanyň direlendigine ynanmak Hudaýyň islegini ýerine ýetirmäge höweslendirýär. Isa biziň üçin janyny berip, ölümden direlmedik bolsa, biz günäden we ölümden hiç haçan azat bolup bilmezdik (Rim. 5:12; 6:23). Biz hiç hili umytsyz adamlar ýaly: «Iýeliň, içeliň, çünki ertir öleris» diýerdik (1 Kor. 15:32). Emma biz öz isleglerimizi kanagatlandyrman, direliş umydymyzy gymmat saýyp, ähli zatda Ýehowa gulak asmak isleýäris.

20. Isanyň direlişi Ýehowanyň beýikligini nädip aýan edýär?

20 Isanyň direlişi «Özüni agtarýanlary sylaglajak» Ýehowa Hudaýyň beýikligini aýan edýär (Ýew. 11:6). Ýehowa çäksiz güýji we akyldarlygy bilen Isany gökde ölümsiz ýaşaýyş üçin direltdi. Şeýle etmek bilen, Hudaý wadalaryny amala aşyryp bilýändigini görkezdi. Ýehowa «nesliň» hökümdarlyk babatdaky jedelli meseläni çözjekdigini wada beripdi. Şol wadanyň ýerine ýetmegi üçin Isa ölmelidi we direlmelidi (Gel. çyk. 3:15).

21. Direliş umydy size nähili täsir edýär?

21 Siz direliş umydyny berýändigi üçin Ýehowa minnetdar bolýarmysyňyz? Mukaddes Ýazgylarda şeýle wada berilýär: «Hudaýyň çadyry şindi ynsanlaryň arasynda. Hudaý olar bilen bile ýaşar. Olar Onuň halky bolar, Hudaýyň Özi-de olaryň arasynda bolar. Ol olaryň gözlerinden ähli ýaşlaryny süpürer. Indi ne ölüm, ne ýas, ne agy, ne-de agyry bolar. Çünki öňki zatlar aradan aýryldy». Bu ajaýyp wadalar barada Ýahýa resula: «Bulary ýaz! Çünki bu sözler ygtybarly, çyndyr» diýildi. Bu görnüşi Ýahýa resula kim berdi? Ony direlen Isa Mesih berdi! (Ylh. 1:1; 21:3—5).

^ abzas 18 Işaýa 11:2 Rebbiň ruhy: danalyk hem paýhas, maslahat hem güýç-gudrat, Rebbi bilmek hem Ondan gorkmak ruhy Onuň üstünde bolar. 3 Ol Rebden gorkmakdan lezzet alar, görşüne görä höküm etmez Ol, eşidişine görä karar çykarmaz. 4 Garyplara dogrulyk bilen kazylyk eder Ol, ýer ýüzündäki pukaralar üçin dogry karar çykarar. Buýruk bilen jezalandyrar dünýäni Ol, pisleri-de Öz sözleri bilen öldürer.