Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ähli edim-gylymyňyzda mukaddes boluň

Ähli edim-gylymyňyzda mukaddes boluň

«Ähli edim-gylymyňyzda mukaddes boluň». 1 PET. 1:15

1, 2. a) Hudaýyň halky özüni nähili alyp barmaly? b) Biz şu makalada haýsy soraglara serederis?

PETRUS RESUL Lewiler kitabynda agzalýan mukaddeslik barada aýdyp, ysraýyllylardan talap edilişi ýaly, mesihçileriň hem mukaddes bolmalydygyny düşündirdi (1 Petrus 1:14—16-njy aýatlary okaň). «Mukaddes» Ýehowa Hudaý mesh edilen mesihçileriň we «başga goýunlaryň» diňe käbir ýagdaýlarda däl, eýsem, ähli edim-gylymynda mukaddes bolmagy üçin elinde baryny etmeklerini isleýär (Ýahýa 10:16).

2 Bu makalada Lewiler kitabyndan ara alyp maslahatlaşjak wajyp pikirlerimiz Hudaýyň mukaddeslik babatda tabşyryklaryna gowy düşünmäge we ähli edim-gylymymyzda mukaddes bolmaga kömek eder. Biz şu soraglaryň jogabyna serederis: Başgalaryň täsirine düşmez ýaly näme etmeli? Lewiler kitabynda Ýehowanyň hökümdarlygyny goldamak babatda näme aýdylýar? Biz ysraýyllylaryň beren gurbanlaryndan näme öwrenip bileris?

BAŞGALARYŇ TÄSIRINE DÜŞMÄLIŇ

3, 4. a) Mesihçiler Hudaýyň kada-kanunlaryny berjaý edende näme üçin başgalaryň täsirine düşmeli däl? b) Biz näme üçin ar almaly däl ýa-da öýke-kine saklamaly däl?

3 Biz Ýehowanyň göwnünden turmak üçin, adamlaryň nädogry garaýyşlarynyň täsirine düşmän, hemişe Hudaýyň kada-kanunlaryny berjaý etmeli. Biz Musanyň kanuny astynda bolmasak-da, ondaky tabşyryklar Hudaýyň nazarynda nämäniň dogrudygyna we nädogrudygyna düşünmäge kömek edýär. Meselem, ysraýyllylara şeýle tabşyryk berlipdi: «Öz halkyňdan öç alma, olaryň hiç biri babatda içiňde kitüw saklama. Gaýtam, ýoldaşyňy-da özüňi söýşüň ýaly söý. Siziň Hudaýyňyz Reb — Mendirin» (Lew. 19:18).

4 Ýehowa biziň ar almagymyzy we içimizde öýke-kine saklamagymyzy islemeýär (Rim. 12:19). Biz Hudaýyň kada-kanunlaryna gulak asmasak, Şeýtany begendirip, Ýehowanyň adyna ysnat getireris. Eger kimdir biri bilgeşleýin göwnümize degse-de, ýüregimizde kine saklamaly däl. Hudaý bizi içinde hazyna saklanýan «toprak gaplara» meňzedýär. Bu hazyna — biziň wagyz gullugymyz (2 Kor. 4:1, 7). Şol sebäpli biz içimizde awy ýaly öýke-kine saklamak islemeýäris!

5. Biz Harundan we onuň ogullarynyň ölüminden näme öwrenip bileris? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

5 Lewiler 10:1—11-nji aýatlarda Harunyň maşgalasynyň gynançly ýagdaýy beýan edilýär. Gökden ot gelip, mukaddes çadyrda Harunyň ogullary Nadap bilen Abyhuny ýakyp kül edende, onuň maşgalasy gaýgy-hasrat çekendir. Ölen ýakynlary üçin ýas tutmaly däldigi aýdylanda, Harun we onuň maşgalasy üçin, gör, nähili uly synag bolandyr! Siziň maşgala agzalaryňyzyň ýa-da dost-ýarlaryňyzyň biri ýygnak gatnaşygyndan kesilen bolsa, olar bilen gatnaşman, mukaddesligiňizi saklaýarmysyňyz? (1 Korintoslylar 5:11-i okaň).

6, 7. a) Nika gyýylyş däbine gatnaşmak babatda karara gelenimizde näme barada oýlanmaly? (Çykgyda serediň). b) Biz nika gyýylyş däbine gatnaşmaýandygymyzyň sebäbini nädip düşündirip bileris?

6 Belki-de, biz Harun we onuň maşgalasy ýaly agyr synaga düşýän däldiris. Emma Ýehowanyň Şaýady bolmadyk dogan-garyndaşlarymyz bizi toýuna çagyryp, nika gyýylyş däbine gatnaşmagymyzy islese näme? Mukaddes Ýazgylarda bu babatda anyk görkezme berilmese-de, ondaky prinsipler bize dogry karara gelmäge kömek eder *.

7 Biz mukaddes bolup, Ýehowanyň göwnünden turmak isleýäris. Şol sebäpli biziň gelýän kararlarymyz iman etmeýän dogan-garyndaşlarymyzy geň galdyrmagy mümkin (1 Pet. 4:3, 4). Elbetde, biz olaryň göwnüne degmek islemeýäris. Emma olar bilen mähirli gürleşip, ýagdaýymyzy açyk düşündirsek gowy bolar. Muny toýdan öň aýtsak paýhasly bolar. Biz olara minnetdarlyk bildirip, toýuna çagyrandygy üçin begenýändigimizi aýdyp bileris. Soňra biz dini ynançlarymyz sebäpli toýdaky käbir çärelere gatnaşman, olaryň we myhmanlaryň keýpini bozmak islemeýändigimizi düşündirip bileris. Şeýdip, biz dini ynançlarymyz babatda başgalaryň täsirine düşmeris.

ÝEHOWANYŇ HÖKÜMDARLYGYNY GOLDAŇ

8. Lewiler kitabynda Ýehowanyň hökümdarlygy barada näme aýdylýar?

8 Lewiler kitabynda Ýehowanyň hökümdarlygy babatda nygtalyp geçilýär. Bu kitapda kanunlary Ýehowanyň berýändigi barada otuz gezekden gowrak aýdylýar. Musa pygamber hem muňa gowy düşünýärdi we Ýehowanyň tabşyryklaryny berjaý edýärdi (Lew. 8:4, 5). Şonuň ýaly biz hem hemişe Hökümdarymyz Ýehowanyň islegini ýerine ýetirmeli. Bu babatda bize Hudaýyň guramasy kömek edýär. Emma Isanyň çölde synalyşy ýaly, biz hem ýeke galanymyzda synaga düşüp bileris (Luka 4:1—13). Eger biz ünsümizi Hudaýyň hökümdarlygyna gönükdirip, oňa bil baglasak, hiç kimiň täsirine düşmeris we hiç zatdan gorkmarys (Sül. tym. 29:25).

9. Bütin dünýäde Hudaýyň halkyny näme üçin ýigrenýärler?

9 Ýehowanyň Şaýatlary bütin dünýäde yzarlanýar. Bu bizi geň galdyrmaýar, sebäbi Isa şägirtlerine: «Onsoň sizi gaýga basdyrarlar, öldürerler, Meniň adym üçin hemme milletler sizi ýigrener» diýipdi (Mat. 24:9). Hudaýyň halkyny ýigrenseler-de, olar Patyşalyk barada wagyz etmegini bes etmeýär we Ýehowanyň öňünde mukaddesligini saklaýar. Biz dogruçyl bolup, beden we ahlak taýdan arassa ýaşaýarys hem-de häkimiýetlere tabyn bolýarys. Onda näme üçin bizi ýigrenýärler? (Rim. 13:1—7). Sebäbi biz Hökümdarymyz Ýehowa tabyn bolýarys. Biz «diňe Oňa» gulluk edýäris we onuň kada-kanunlaryny berjaý edenimizde, hiç haçan başgalaryň täsirine düşmeýäris (Mat. 4:10).

10. Bitaraplygyny saklamadyk bir dogan nähili ýagdaýa düşdi?

10 Biz bu «dünýäden däldigimiz» üçin, uruşlara we syýasy dawalara goşulmaýarys (Ýahýa 15:18—21; Işaýa 2:4-nji aýatlary okaň) *. Ýehowa özüni bagyş eden gullukçylarynyň käbiri başgalaryň täsirine düşüp, bitaraplygyny saklamadylar. Emma olaryň köpüsi toba edip, geçirimli Hudaýymyz bilen gatnaşygyny dikeltdiler (Zeb. 51:17). Käbiri bolsa toba etmediler. Meselem, II Jahan urşy döwründe hökümet ýolbaşçylary bikanun türmä basylan 45 ýaşlaryndaky 160 sany dogany Wengriýadaky türmeleriň ählisinden ýygnap, bir şähere getirdiler. Olar bu doganlaryň harby gulluga gitmegini talap etdiler. Wepaly doganlar gitmejekdigini aýdyp, berk durdular. Emma 9 dogan harby kasamyny aýdyp, esgerleriň eşigini geýdiler. Şondan iki ýyl geçensoň, harby gulluga giden doganlaryň biri Ýehowanyň Şaýatlaryny jezalandyrmaga gatnaşmaly boldy. Olaryň arasynda onuň süýtdeş dogany hem bardy! Her näme bolsa-da, wepaly Şaýatlary jezalandyrmadylar.

ÝEHOWA GULLUK EDENIŇIZDE ELIŇIZDE BARYNY EDIŇ

11, 12. Ysraýyllylaryň beren gurbanlaryndan näme öwrenýäris?

11 Musa pygambere berlen kanunda ysraýyllylaryň nähili gurbanlary bermelidigi anyk aýdylýardy (Lew. 9:1—4, 15—21). Bu gurbanlar Isanyň kämil janyny aňladýandygy üçin, şikessiz bolmalydy. Şeýle-de ysraýyllylar her gezek gurban berende, belli bir görkezmä eýermelidiler. Meselem, çaga dogran aýaldan näme talap edilendigi barada Lewiler 12:6-da şeýle diýilýär: «Ogul üçinmi ýa-da gyz üçin — parhy ýok, aýal özüniň tämizleniş döwri tamamlanandan soň, ol ýakma gurbanlygy üçin birýaşar toklyny we günä gurbanlygy üçin bir kepderini ýa-da gumryny Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyndaky ruhana getirip bersin». Ýehowa kanunda anyk tabşyryklary berse-de, olar onuň söýgüden doly we paýhasly Hudaýdygyny aýdyň görkezýärdi. Mysal üçin, çaga dogran aýalyň tokly gurban bermäge ýagdaýy bolmasa, ol iki gumry ýa-da kepderi berip bilýärdi (Lew. 12:8). Ýehowa bu garyp aýaly söýüp, gadyryny bilýärdi we uly mal gurbanyny berýän baýlar bilen deň derejede görýärdi. Biz mundan näme öwrenip bileris?

12 Pawlus resul mesihçileri Hudaýa «öwgi gurbanlaryny» bermäge höweslendirdi (Ýew. 13:15). Biz adamlara Ýehowanyň mukaddes ady barada wagyz edip, öwgi gurbanlaryny hödürleýäris. Lal dogan-uýalar hem lallaryň dilinde Hudaýa öwgi gurbanlaryny berýärler. Keselçilik ýa-da gartaşanlyk sebäpli öýünden çykyp bilmeýän mesihçiler bolsa hat, telefon arkaly, ýa-da öýüne gelýän adamlara we myhmanlara wagyz edip, Hudaýy şöhratlandyrýarlar. Elbetde, biz Ýehowa gulluk edenimizde, saglyk ýagdaýymyzy we mümkinçiligimizi göz öňüne tutmaly, ýöne wagyz etmek üçin elimizde baryny etmeli (Rim. 12:1; 2 Tim. 2:15).

13. Biz näme üçin wagyz hasabatyny tabşyrmaly?

13 Biz Ýehowany söýýändigimiz üçin, höwes bilen öwgi gurbanlaryny hödürleýäris (Mat. 22:37, 38). Emma bizden her aý wagyz hasabatyny tabşyrmak talap edilýär. Muňa nähili garamaly? Bu hasabatlary tabşyrmak bilen, biz Hudaýa wepalydygymyzy görkezýäris (2 Pet. 1:7). Ýöne mesihçiler diňe köp sagat tabşyrmak üçin wagyz etmeli däl. Wagyzçy saglyk ýagdaýy ýa-da gartaşanlygy sebäpli, hatda 15 minut tabşyrmagy-da mümkin. Ol elinde baryny edip, wagyz edendigi üçin, Ýehowa onuň bu sanlyja minutlaryny hem gymmat saýýar. Hudaý bu dogan-uýalaryň ony söýýändigini we Ýehowanyň Şaýatlary bolmak hormatyny gymmat saýýandygyny bilýär. Gadymy Ysraýylda hatda garyp adamlaryň hem Hudaýa gurban berişi ýaly, şu günler köp gulluk edip bilmeýän dogan-uýalaram hasabat tabşyrýarlar. Biziň berýän hasabatlarymyz bütindünýä hasabatyna goşant goşup, gelejekde wagyz işini nädip üstünlikli amala aşyryp boljakdygyny kesgitlemäge kömek edýär. Ine, şol sebäpli-de, biz wagyz hasabatyny tabşyrýarys.

MAŞGALA WE ŞAHSY OKUWY HEM-DE ÖWGI GURBANLARY

14. Biz maşgala we şahsy okuwy geçirişimiz barada näme üçin oýlanmaly?

14 Biz Lewiler kitabyndan birnäçe wajyp pikirlere seretdik. Siz indi Mukaddes Ýazgylardaky bu kitabyň ähmiýetine gowy düşünensiňiz (2 Tim. 3:16). Şeýle-de siz diňe Ýehowanyň talap edýändigi üçin däl, eýsem, onuň göwnünden turmak isleýändigiňiz üçin mukaddes bolmagy ýüregiňize düwensiňiz. Şu iki makalada Lewiler kitabyndan bilen zatlarymyz Hudaýyň Sözüni çuňňur öwrenmäge höweslendirendir (Süleýmanyň tymsallary 2:1—5-nji aýatlary okaň). Elbetde, biz Ýehowanyň öwgi gurbanlarymyzy kabul etmegini isleýäris. Şol sebäpli Ýehowa doga edip, maşgala we şahsy okuwymyzy nädip geçirýändigimiz barada oýlanmaly. Biz telegepleşikleriň, wideooýunlaryň, sportuň ýa-da halaýan zatlarymyzyň ruhy ösüşimize päsgel bermegine ýol berýärismi? Eger şeýle bolsa, Pawlus resulyň ýewreýlere ýazan hatynda beren maslahaty barada oýlansak gowy bolar.

Maşgala we şahsy okuwy siziň durmuşyňyzda esasy orunda durýarmy? (14-nji abzasa serediň)

15, 16. Pawlus resul ýewreý mesihçilerine näme üçin gönümel maslahat berdi?

15 Pawlus resul ýewreý mesihçilerine gönümel maslahat berdi (Ýewreýler 5:7, 11—14-nji aýatlary okaň). Ol dogumlylyk bilen olaryň «eşitmäge islegsizdigini» aýtdy. Näme üçin? Sebäbi bu mesihçiler diňe ruhy süýt bilen gutulmak isleýärdiler. Pawlus resul Ýehowanyň göreldesine eýerip, olaryň söýgi bilen aladasyny edýärdi. Mukaddes Ýazgylaryň esasy taglymatlaryny bilmek wajyp bolsa-da, ruhy taýdan berk bolmak üçin «agyr damak» iýmek has wajypdyr.

16 Ýewreý mesihçileri başgalara öwretmeli bolsa-da, ilki bilen, özleri tälim almalydy. Näme üçin? Sebäbi olar «agyr damak» iýmeýärdiler. Biz hem özümize şeýle soraglary berip bileris: «Men Mukaddes Ýazgylary çuňňur özleşdirmäge nähili garaýaryn? Men ony ýürekden öwrenýärinmi? Ýa-da men doga etmäge we Mukaddes Ýazgylary çuňňur öwrenmäge sowuk-sala garaýarynmy? Muňa şahsy okuwymy yzygider geçirmeýändigim täsir edýän bolaýmasyn?» Biz adamlara diňe bir wagyz etmän, eýsem, olara Isanyň şägirdi bolmaga-da kömek etmeli (Mat. 28:19, 20).

17, 18. a) Biz näme üçin Mukaddes Ýazgylary çuňňur özleşdirmeli? b) Ýygnak duşuşyklaryna gitmezden öň spirtli içgileri içmeklige nähili garamaly?

17 Ýehowa biziň hiç birimizi Mukaddes Ýazgylary öwrenmäge mejbur etmeýär. Belki-de, muny etmek bize aňsat düşýän däldir. Emma biz Hudaýa ençeme ýyldan bäri gulluk edýän ýa-da ýaňy-ýakynda gulluk edip başlan bolsak-da, mukaddes ýoldan ýöremek üçin, Hudaýyň Sözüni çuňňur özleşdirmegimizi dowam etmeli.

18 Biz mukaddes bolmak üçin, Hudaýyň Sözüni çuňňur özleşdirip, Ýehowanyň islegini berjaý etmeli. Geliň, Harunyň ogullary Nadap we Abyhu barada oýlanyp göreliň. Belki-de, olar içgili ýagdaýda «mukaddes däl» ody hödür edendir. Şol sebäpli Hudaý olary jezalandyrdy (Lew. 10:1, 2). Şondan soň Ýehowa Haruna aýratyn tabşyryk berdi (Lewiler 10:8—11-nji aýatlary okaň) *. Bu tabşyryk biziň ýygnak duşuşyklaryna gitmezden öň spirtli içgileri asla içmeli däldigimizi aňladýarmy? Elbetde, biz Musanyň kanunyna görä ýaşamaýarys (Rim. 10:4). Käbir ýurtlarda imandaşlarymyz ýygnak duşuşyklaryna gitmezden öň nahar iýenlerinde, az mukdarda spirtli içgileri içýärler. Şeýle-de Pesah baýramynda dört käse şerap ulanylýardy. Isa Ýatlama agşamyny girizende, ganynyň nyşany hökmünde resullary bilen şerap içdi (Mat. 26:27). Emma Mukaddes Ýazgylarda çendenaşa köp içmeklik we arakkeşlik ýazgarylýar (1 Kor. 6:10; 1 Tim. 3:8). Dogan-uýalaryň köpüsi ynsaby ýol bermeýändigi üçin, mukaddes gullugyň islendik görnüşine gatnaşmazdan öň, spirtli içgileri asla içmeýärler. Elbetde, bir halkyň garaýşy beýlekiden tapawutlanýar. Muňa garamazdan, ähli mesihçiler üçin iň wajyp zat — özlerini mukaddes alyp barmak. Şol sebäpli olar Hudaýyň göwnünden turmak üçin, «mukaddes zat bilen ýönekeý zady» tapawutlandyrmagy başarmaly.

19. a) Biz maşgala we şahsy okuwymyzyň hilini nädip gowulandyryp bileris? b) Siz mukaddes bolmak babatda nämäni ýüregiňize düwdüňiz?

19 Hudaýyň Sözüni çuňňur öwrensek, üsti açylmadyk köp hazynalary taparys. Şol sebäpli biz gollanmalar arkaly gözleg geçirip, maşgala we şahsy okuwymyzyň hilini gowulandyrmaga çalyşmaly. Ýehowa we onuň niýetleri barada bilimimizi artdyryp, oňa has-da ýakynlaşalyň (Ýakup 4:8). «Gözlerimi aç, kanunyňda ajaýyp zatlar göreýin» diýip, nagma aýdan mezmurçy ýaly, Hudaýa doga edeliň (Zeb. 119:18). Ýehowanyň kada-kanunlaryny berjaý edenimizde, hiç haçan başgalaryň täsirine düşmäliň. «Mukaddes» Ýehowanyň ýokary kanunyny ýürekden ýerine ýetirip, «Hudaýyň hoş habaryny» wagyz etmäge yhlasly gatnaşalyň (1 Pet. 1:15; Rim. 15:16). Şu soňky kyn günlerde mukaddesligimizi saklalyň. Geliň, ählimiz edim-gylymymyzda mukaddes bolup, mukaddes Hudaýymyz Ýehowanyň hökümdarlygyny goldalyň!

^ abzas 6 2013-nji ýylyň 15-nji noýabrynda çykan «Garawul diňi» žurnalyndaky «Okyjylaryň sowallary» diýen makala serediň.

^ abzas 10 Işaýa 2:4 Reb milletler arasynda kazylyk eder, köp milletleriň dawalaryny çözer; olar gylyçlaryndan azal, naýzalaryndan orak ýasarlar; millet millete garşy gylyç galdyrmaz, söweşmegi öwrenmezler indi.

^ abzas 18 Lewiler 10:8 Reb Haruna şeýle diýdi: 9 «Özüňem, ogullaryňam Rebbe ýüz tutulýan çadyra çakyr ýa-da şerap içip girmäň, ýogsam ölersiňiz. Bu siziň nesilleriňiz üçin hem ebedilik parzdyr. 10 Siz mukaddes zat bilen ýönekeý zady, halal bilen haramy biri-birinden tapawutlandyrmalysyňyz. 11 Meniň Musanyň üsti bilen size beren parzlarymy, siz ysraýyl halkyna öwretmelisiňiz».