Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

«Hudaýy Reb bolan halk»

«Hudaýy Reb bolan halk»

«Hudaýy Reb bolan halk nähili bagtly!» ZEB. 144:15

1. Käbir adamlaryň Hudaýa gulluk etmek babatda nähili garaýyşlary bar?

ŞU GÜNLER köp adamlar dünýädäki esasy dinleriň adamzadyň bähbidi üçin kän bir tagalla etmeýändigini aýdýarlar. Käbirleri bolsa, bu dinler Hudaýa ýaramaýar, sebäbi olar hakykaty öwretmeýär we edim-gylymlary Hudaýyň talaplaryna laýyk gelmeýär diýip pikir edýärler. Galyberse-de, olar hemme dinde-de akýürekli adamlar bar, Hudaý olary görýär we öz gullukçylary hökmünde kabul edýär diýip ynanýarlar. Olar ýalan dinden çykyp, Hudaýa aýratyn halk bolup sežde etmek hökman däldir öýdýärler. Emma şeýle garaýyş dogrumy? Geliň, muny bilmek üçin geçmişde Ýehowa gulluk eden adamlaryň mysalyna seredeliň.

HUDAÝ HALKY BILEN ÄHT BAGLAŞÝAR

2. Ýehowa kimleri halky edip saýlady we olar başga halklardan nädip tapawutlanýardy? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

2 Takmynan dört müň ýyl mundan öň, Ýehowa ýer ýüzünde özüne aýratyn halk saýlady. Ybraýym pygamberiň ýüzlerçe adamdan ybarat uly maşgalasy bardy. Mukaddes Ýazgylarda oňa «iman edýänleriň barynyň atasy» diýilýär (Rim. 4:11; Gel. çyk. 14:14). Kenganyň hökümdarlary hem oňa «hormatlanýan adam» hökmünde garaýardylar (Gel. çyk. 21:22; 23:5, 6). Ýehowa Ybraýym we onuň nesilleri bilen äht baglaşdy (Gel. çyk. 17:1, 2, 19). Hudaý Ybraýyma şeýle diýdi: «Siz Meniň sen we seniň geljekki nesliň bilen edýän ähtimiň şertlerini berjaý etmelisiňiz. Araňyzdaky erkekleriňiziň ählisini sünnetlemelisiňiz... Sünnet siz bilen Meniň aramdaky ähtiň nyşany bolar» (Gel. çyk. 17:10, 11). Şol sebäpli Ybraýym we onuň hojalygyndaky ähli erkekler sünnetlendi (Gel. çyk. 17:24—27). Sünnetlenmek Ýehowa bilen baglaşylan ähtiň nyşany bolup, Ybraýymyň nesilleriniň Hudaýyň halkydygyny görkezýärdi.

3. Ybraýymyň nesillerinden nädip halk döredi?

3 Ybraýym pygamberiň agtygy Ýakubyň, ýagny Ysraýylyň 12 sany ogly bardy (Gel. çyk. 35:10, 22b—26). Wagtyň geçmegi bilen, olardan Ysraýylyň 12 taýpasy döredi (Res. iş. 7:8). Ýakubyň ogly Ýusup Müsüre gulçulyga satylýar. Emma soňra fyrown oňa uly ygtyýar berýär. Ýusup açlyk döwründe bütin ýurda iýmit paýlanmagyna gözegçilik edýärdi. Bu açlyk sebäpli Ýakup hem maşgalasy bilen Müsüre gidýär (Gel. çyk. 41:39—41; 42:6). Şeýlelikde, Ýakubyň nesilleri barha köpelip, olardan uly halk döredi (Gel. çyk. 48:3, 4; Resullaryň işleri 7:17-ni okaň).

ÝEHOWA HALKYNY AZAT EDÝÄR

4. Müsürliler bilen ysraýyllylaryň ilki nähili gatnaşygy bardy?

4 Ýakubyň nesilleri iki ýüz ýyldan gowrak Müsüriň Goşen welaýatynda ýaşadylar (Gel. çyk. 45:9, 10). Fyrown Ýusuby gowy görýändigi üçin, Ýakubyň maşgalasyny ýürekden kabul edipdi (Gel. çyk. 47:1—6). Olar kiçiräk şäherlerde ýaşap, çopançylyk edýärdiler we takmynan ýüz ýyl müsürliler bilen parahatlykda boldular. Müsürliler çopanlary ýigrense-de, fyrowna tabyn bolup, ysraýyllylaryň öz aralarynda ýaşamagyna razy boldular (Gel. çyk. 46:31—34).

5, 6. a) Müsürde Hudaýyň halkynyň ýagdaýy nädip üýtgedi? b) Musa nädip diri galdy we Ýehowa halky üçin näme etdi?

5 Wagtyň geçmegi bilen, Hudaýyň halkynyň ýagdaýy düýpgöter üýtgedi. «Müsür tagtyna Ýusup hakynda hiç zat bilmeýän başga bir täze patyşa çykdy. Ol patyşa öz halkyna ýüzlenip: „Serediň, bize görä ysraýyllaryň sany köp we güýçli“ diýdi. Şeýdip, olar ysraýyllary zalymlyk bilen ezip, olary laý we kerpiç ýaly agyr işlerde, her hili meýdan işlerinde işledip, olaryň durmuşyny ajy ýaşaýşa öwürdiler. Ähli agyr işlerde olara rehimsizlik bilen sütem etdiler» (Müs. çyk. 1:8, 9, 13, 14).

6 Hatda fyrown ýewreýleriň ogul çagalaryny doglan badyna öldürmegi-de tabşyrýar (Müs. çyk. 1:15, 16). Musa pygamber hem şol döwürde dünýä inipdi. Musanyň doglanyna üç aý bolanda, ejesi ony Nil derýasynda gamyşlaryň arasynda gizleýär. Soňra fyrownyň gyzy ony tapyp, ogullyga alýar. Musa çagaka, ony öz ejesi Ýokebet terbiýeleýär we ol Ýehowanyň wepaly gullukçysy bolup ýetişýär (Müs. çyk. 2:1—10; Ýew. 11:23—25). Ýehowa halkynyň horluk çekýändigini görüp, olary Musa pygamber arkaly Müsürden çykarmak isleýär (Müs. çyk. 2:24, 25; 3:9, 10). Şeýdip, Ýehowa halkyny gulçulykdan «azat edýär» (Müs. çyk. 15:13; Kanun taglymaty 15:15-i okaň) *.

YSRAÝYLLYLARDAN ULY HALK DÖREÝÄR

7, 8. Ysraýyllylar nädip mukaddes halk boldy?

7 Ýehowa heniz ysraýyllylara kanun berip, ruhanylary bellemedik bolsa-da, olary öz halky hökmünde saýlady. Şol sebäpli Hudaý Musa bilen Haruna fyrowna şeýle sözleri aýtmagy tabşyrdy: «Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Meniň halkymy goýber, goý, olar çölde Meniň şanyma baýram etsinler“» (Müs. çyk. 5:1).

8 Emma fyrown ysraýyllylary goýbermek islemeýär. Şonda Ýehowa halkyny azat etmek üçin müsürlilere on jeza berýär we fyrowny goşuny bilen Gyzyl deňzinde ýok edýär (Müs. çyk. 15:1—4). Şondan üç aý geçip-geçmänkä, Hudaý Sina dagynda ysraýyllylar bilen äht baglaşyp, şeýle wada berýär: «Şonuň üçin hem indi siz Meniň sözüme boýun bolup, Meniň ähtimi saklasaňyz, ähli halklaryň arasynda siz Meniň Öz saýlan halkym... mukaddes halk bolarsyňyz» (Müs. çyk. 19:5, 6).

9, 10. a) Kanun taglymaty 4:5—8-nji aýatlara görä, ysraýyllylara berlen Kanun olary özge milletlerden nädip tapawutlandyrýardy? b) Ysraýyllylar Ýehowanyň «mukaddes halky» bolmak üçin näme etmelidi?

9 Ysraýyllylar Müsürde gulçulykda bolmazyndan öň, olara maşgalabaşylary ýolbaşçylyk edýärdi. Bu maşgalabaşylar Ýehowanyň geçmişdäki gullukçylary ýaly, hojalyklary üçin hökümdar, kazy we ruhany bolup hyzmat etdiler (Gel. çyk. 8:20; 18:19; Eýýup 1:4, 5). Emma Ýehowa ysraýyllylary özge milletlerden tapawutlandyrmak üçin, olara Musa pygamber arkaly kanun berdi (Kanun taglymaty 4:5—8-nji aýatlary okaň *; Zeb. 147:19, 20). Bu Kanunda halk üçin ruhanylaryň bellenilmelidigi we paýhasly hem-de düşünjeli «ýaşulularyň» kazy bolmalydygy aýdylýardy (Kan. tag. 25:7, 8). Şeýle-de Kanunda ysraýyllylaryň Hudaýa nädip sežde etmelidigi we nähili ýaşamalydygy barada görkezme berilýärdi.

10 Ysraýyllylaryň Wada edilen diýara girmeziniň öň ýanynda Ýehowa olara beren kanuny gaýtalap, Musa arkaly şeýle diýdi: «Bu gün Reb söz berişi ýaly, Ol sizi Özüniň gymmatly halky hökmünde saýlandygyny we Onuň buýruklaryny ýerine ýetirmelidigiňizi mälim etdi. Çünki Ol şöhratda, meşhurlykda we sylag-hormatda Özüniň ýaradan ähli halklaryndan sizi ýokarda goýdy. Ol Öz söz berişi ýaly, siz Hudaýyňyz Rebbiň mukaddes halky bolarsyňyz» (Kan. tag. 26:18, 19).

ÖZGE MILLETLILER HUDAÝYŇ HALKY BILEN SEŽDE EDÝÄR

11—13. a) Kimler Hudaýyň halky bilen sežde edip başlady? b) Ýehowa sežde etmek isleýän özge milletli adamlar näme etmelidiler?

11 Ýehowa ysraýyllylary halky hökmünde saýlasa-da, olaryň arasynda özge milletli adamlaryň ýaşamagyny gadagan etmeýärdi. Mysal üçin, Mukaddes Ýazgylarda ysraýyllylar Müsürden çykanda, olar bilen ençeme müsürlileriň hem gaýdandygy aýdylýar (Müs. çyk. 12:38). Ýehowa müsürlilere ýedinji jezany berende, «Fyrownyň emeldarlarynyň arasyndaky» käbir adamlar Hudaýyň sözünden gorkdular. Soňra olar ysraýyllylar bilen Müsürden çykyp gaýtdylar (Müs. çyk. 9:20).

12 Ysraýyllylar Kengana girmek üçin Iordan derýasyndan geçmänkä, Musa olaryň aralarynda ýaşaýan özge milletli «gelmişekleri gowy görmelidigini» aýtdy (Kan. tag. 10:17—19). Hudaýyň halky Musa pygamber arkaly berlen esasy kanunlary berjaý etmek isleýän gelmişekleri ýürekden kabul etmelidiler (Lew. 24:22). Şeýlelikde, mowaply Rut ýaly, özge milletlileriň käbiri Ýehowanyň wepaly gullukçylary boldular. Rut ysraýylly gaýynenesi Nagoma: «Seniň halkyň — meniň halkym, seniň Rebbiň meniň Rebbim bolar» diýipdi (Rut 1:16). Özge milletli adamlar ýehudy dinine geçdiler we olaryň erkekleri sünnetlendiler (Müs. çyk. 12:48, 49). Şol sebäpli Ýehowa olary höwes bilen halkynyň arasyna kabul etdi (San. 15:14, 15).

Ysraýyllylar özge milletli gelmişekleri gowy görýärdiler (11—13-nji abzaslara serediň)

13 Muny Süleýman patyşanyň ybadathanany Hudaýa bagyş edende aýdan sözlerinden hem görse bolýar. Ol şeýle sözler bilen doga etdi: «Halkyň ysraýyldan bolmadyk, ýöne Seniň beýik adyň, gudratyň hem-de Öz halkyň üçin eden beýik işleriň barada eşidip, uzak ýurtdan gelen keseki şu öýde dileg etse, Sen gökde, Öz mesgeniňde ony eşit-de, dünýäniň ähli halklarynyň ysraýyl halky ýaly Seniň adyňy bilip, Senden gorkup, Saňa ybadat üçin guran öýümi bilerleri ýaly, kesekiniň dilegine-de jogap ber» (2 Ýyl. 6:32, 33). Isanyň günlerinde-de Ýehowa sežde etmek isleýän özge milletli adamlar Hudaýyň halky bilen bile gulluk edýärdiler (Ýahýa 12:20; Res. iş. 8:27).

ŞAÝAT BOLAN HALK

14—16. a) Ysraýyllylar nädip Ýehowa şaýatlyk edýän halk boldy? b) Şu günler Hudaýyň halky näme etmeli?

14 Ysraýyllylar Ýehowa Hudaýa gulluk edýärdiler, emma başga halklar öz taňrylaryna sežde edýärdiler. Işaýa pygamberiň günlerinde Ýehowa dünýäni kazyýet bilen deňeşdirdi. Ol milletleriň taňrylaryna hudaýdygyny subut etmek üçin şaýatlar getirmelidigini aýdyp, şeýle diýdi: «Ähli milletler bir ýere ýygnansyn, halklar toplansyn, olaryň (hudaýlarynyň) arasynda kim muny yglan etdi? Haýsysy bolup geçenleri öňden bildirdi? Güwälerini getirip, özlerini aklasynlar, başgalar eşidip: „Bu dogry“ diýsinler» (Iş. 43:9).

15 Milletleriň taňrylary hudaýdygyny subut edip bilmeýärdiler. Olar hiç zat gepläp bilmeýän we kimdir biri götermese, ýerinden gozganyp bilmeýän ýönekeý butlardy (Iş. 46:5—7). Emma Ýehowa ysraýyl halkyna şeýle diýdi: «Siz Meniň şaýadymsyňyz, Öz saýlan bendelerimsiňiz, Siz Meni bilip, Maňa ynam ediň, Meniň Şolduguma düşüniň, Menden öň hiç hudaý bolan däldir, Menden soň-da hijisi bolmaz. Men, diňe Men Rebdirin, Menden başga Halasgär ýokdur... Menden... başga hudaý ýok; siz Meniň şaýatlarym» (Iş. 43:10—12).

16 Kazyýetdäki şaýatlar ýaly, ysraýyl halky hem Ýehowanyň hak Hudaýdygyna şaýat bolmalydylar. Hudaý olara: «Maňa alkyş aýtsynlar diýip, Özüm üçin ýaratdym bu halky» diýdi (Iş. 43:21). Şol sebäpli olar Ýehowanyň halky hökmünde tanalýardy. Ýehowanyň ysraýyllylary Müsür gulçulygyndan azat edendigi üçin, olar ýer ýüzündäki başga halklaryň öňünde Hudaýyň hökümdarlygyny goldaýandygyny görkezmelidiler. Şondan ençeme ýyl geçensoň, Mika pygamber Hudaýyň şu günki halkynyň näme etmelidigi barada şeýle sözleri ýazdy: «Bütin halklar öz hudaýlarynyň yzyna eýererler, emma biz ömürlik Hudaýymyz Rebbiň yzyna eýereris» (Mika 4:5).

PITNEÇI HALK

17. Ysraýyllylar nädip Ýehowanyň nazarynda «ýabany üzüm agajy» ýaly boldy?

17 Gynansak-da, ysraýyl halky Ýehowa wepaly galmady. Olar agaçdan we daşdan ýasalan taňrylara sežde edýän milletleriň täsirine düşdüler. B. e. öň VIII asyrda Hoşea pygamber ysraýyl halkyny gowy miwe bermeýän üzüm agajyna meňzetdi. Şeýle-de ol: «Ysraýyl... köp gurbanlyk sypasyny gurdy... Olaryň ýüregi ýalançylykdan doldy. Ýazyklaryna görä jeza alarlar» diýdi (Hoş. 10:1, 2). Şondan takmynan bir ýarym asyr geçensoň, Ýermeýa pygamber hem Ýehowanyň pitneçi halkyna aýdan sözlerini habar berip, şeýle diýdi: «Ekipdim seni iň oňat tohumdan saýlama üzüm agajy hökmünde. Eýsem nädip sen azyp, öwrüldiň ýabany üzüm agajyna?... Hany, özüňize ýasan hudaýlaryňyz nirede? Başyňyzdan bela inende, sizi halas edip bilýän bolsalar, goý, gelsinler... Emma halkym Meni sansyz günläp unutdy» (Ýer. 2:21, 28, 32).

18, 19. a) Ýehowa täze halk saýlajakdygy barada nämäni öňünden aýtdy? b) Biz indiki makalada nämä serederis?

18 Ysraýyllylar arassa seždäni goldap, Ýehowanyň wepaly şaýatlary bolup, gowy miwe bermegiň deregine, butparazlygyň zaýa miwesini getirdiler. Şol sebäpli Isa öz döwründäki ikiýüzli ýehudy dini ýolbaşçylaryna: «Munuň üçin size diýýärin, Hudaýyň Patyşalygy sizden alnyp, Onuň miwelerini öndürjek millete berler» diýdi (Mat. 21:43). Diňe Ýehowanyň saýlan adamlary täze halkyň, ýagny ruhy Ysraýylyň agzasy bolup bilýärdi. Hudaý olar bilen «täze äht» baglaşmalydy. Ýehowa: «Men olaryň Hudaýy bolaryn, olar-da Meniň halkym bolar» diýdi (Ýer. 31:31—33).

19 Ysraýyllylar dönüklik etse-de, Ýehowa I asyrda ruhy Ysraýyly halky edip saýlady. Emma şu günler kimlere Hudaýyň halky diýse bolar? Akýürekli adamlar Hudaýyň hakyky gullukçylaryny nädip tanap bilerler? Biz bu barada indiki makalada gürrüň ederis.

^ abzas 6 Kanun taglymaty 15:15 Müsürde özüňiziň hem gul bolandygyňyzy we Hudaýyňyz Rebbiň sizi ol ýerden azat edendigini ýadyňyza salyň. Şol sebäpli bu gün men size bu buýrugy berýändirin.

^ abzas 9 Kanun taglymaty 4:5 Ine, edil Hudaýym Rebbiň maňa tabşyryşy ýaly, siziň mülk edinmäge barýan ýurduňyzda berjaý etmegiňiz üçin men size bu parzlary we hökümleri öwretdim. 6 Olary yhlas bilen berjaý ediň, çünki bu beýleki halklara akyl-paýhaslydygyňyzy we juda düşünjelidigiňizi görkezer. Bu parzlary eşidenler: „Dogrudan hem, bu millet akylly we düşünjeli eken!“ diýerler. 7 Haçan çagyrsak, Hudaýymyz Reb ýanymyzda, şeýle Hudaýly beýik halk nirede bar? 8 Häzir meniň size öwredýän bu tutuş Kanunym ýaly adalatly parzlarydyr hökümleri bolan başga beýik halk barmyka?