Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Diňläň we düşüniň

Diňläň we düşüniň

«Hemmäňiz Meni diňläň, düşüniň». MAR. 7:14

1, 2. Adamlaryň köpüsi Isanyň aýdan sözleriniň manysyna näme üçin düşünmedi?

BIZ adam bilen gürleşenimizde onuň sesini eşidip, hatda äheňini hem saýgaryp bilýäris. Emma onuň aýdýan zatlaryna düşünmek üçin sözleriniň manysyna düşünmeli (1 Kor. 14:9) Isa müňlerçe adamlar bilen olaryň düşünýän dilinde gepleşipdi. Muňa garamazdan, köp adamlar onuň aýdan sözleriniň manysyna düşünmedi. Şonuň üçin Isa olara: «Hemmäňiz Meni diňläň, düşüniň» diýdi (Mar. 7:14).

2 Köp adamlar Isanyň aýdýan sözleriniň manysyna näme üçin düşünmedi? Sebäbi olaryň ters düşünjesi we erbet niýetleri bardy. Şonuň üçin Isa olara: «Öz adatlaryňyzy berjaý etmek üçin, Hudaýyň buýruklaryndan ýüz dönderýärsiňiz» diýdi (Mar. 7:9). Olar endiklerini we garaýyşlaryny düzedesi gelmän, Isanyň aýdan sözleriniň manysyna düşünjegem bolmady. Olaryň gulagy eşitse-de, ýüregi gatydy (Matta 13:13—15-nji aýatlary okaň). Biz Isanyň taglymatlaryndan näme öwrenip bileris?

ISANYŇ TAGLYMATLARY NÄME ÜÇIN PEÝDALY?

3. Şägirtler Isanyň aýdan sözlerine näme üçin düşünýärdi?

3 Biz Isanyň pesgöwünli şägirtleriniň göreldesine eýermeli. Ol şägirtlerine: «Siziň gözleriňiz ne bagtly, çünki olar görýär, gulaklaryňyz ne bagtly, çünki olar eşidýär» diýdi (Mat. 13:16). Olar näme üçin Isanyň taglymatlaryna düşünýärdiler? Birinjiden, olar Isanyň aýdan sözlerine düşünmek üçin sorag berýärdiler (Mat. 13:36; Mar. 7:17). Ikinjiden, olar köpräk bilim alasy gelýärdi (Matta 13:11, 12-nji aýatlary okaň). Üçünjiden, olar alan bilimini diňe bir durmuşynda ulanman, eýsem, başgalara hem kömek etmäge jan edýärdi (Mat. 13:51, 52).

4. Isanyň tymsallaryna düşünmek üçin haýsy üç ädimi ätmeli?

4 Biz Isanyň tymsallaryna düşüner ýaly, onuň wepaly şägirtleriniň göreldesine eýermeli. Munuň üçin üç ädim ätmeli. Ilki bilen, biz Isanyň taglymatlaryny öwrenmäge we olar barada oýlanmaga wagt tapmaly. Şeýle-de, soraglarymyza jogap tapmaly. Muňa bilim diýilýär (Sül. tym. 2:4, 5). Ikinjiden, alan bilimimiziň öňki bilýän zatlarymyz bilen nähili baglanyşygynyň bardygyna we onuň peýdalydygyna göz ýetirmeli. Muňa bolsa, düşünje diýilýär (Sül. tym. 2:2, 3). Üçünjiden, alan bilimimizi durmuşymyzda ulanmaly. Muňa paýhaslylyk diýilýär (Sül. tym. 2:6, 7).

5. Bilimiň, düşünjäniň we paýhaslylygyň näme tapawudy bar?

5 Bilimiň, düşünjäniň we paýhaslylygyň näme tapawudy bar? Geliň, bir mysala seredeliň. Sen ýoluň ortasynda durkaň, saňa tarap awtobusyň gelýändigini görýärsiň. Sen onuň awtobusdygyna düşünýärsiň. Muňa bilim diýilýär. Ikinjiden, sen ýoldan aýrylmasaň, awtobusyň kakjakdygyna düşünýärsiň. Muňa düşünje diýilýär. Şol sebäpli sen ýoldan aýrylarsyň. Muňa bolsa paýhaslylyk diýilýär. Mukaddes Ýazgylarda janyňy goramak üçin «akyllylygy gorap saklamak» maslahat berilýär (Sül. tym. 3:21, 22; 1 Tim. 4:16).

6. Biz Isanyň ýedi tymsalyna seredip haýsy dört soragyň jogabyny bileris? ( Çarçuwa serediň).

6 Biz şu we indiki makalada Isanyň aýdan ýedi tymsalyna seredip, şu soraglaryň jogabyny bileris. Tymsal nämäni aňladýar? (Muňa bilim diýilýär). Isa näme üçin şu tymsaly getirdi? (Bu — düşünjedir). Biz tymsaldan näme öwrenýäris? (Muňa paýhaslylyk diýilýär). Tymsaldan Ýehowa we Isa barada nämäni bildik?

GORÇISA TOHUMY

7. Gorçisa tohumy baradaky tymsal nämäni aňladýar?

7 Matta 13:31, 32-nji aýatlary okaň. Isanyň aýdan gorçisa tohumy baradaky tymsaly nämäni aňladýar? Gorçisa tohumy Patyşalyk baradaky habary we mesihçiler ýygnagyny aňladýar. B. e 33-nji ýylynda mesihçiler ýygnagy «tohumlaryň iň ownugy» gorçisa tohumy ýaly kiçidi. Emma onlarça ýylyň dowamynda ol çalt ösüp, köpleri haýran galdyrdy (Kol. 1:23). Isa hem bu barada: «gögüň guşlary... onuň şahalarynda höwürtgeleýärler» diýdi. Bu bolsa akýürekli adamlaryň mesihçiler ýygnagynda ruhy iýmit, pena we gorag tapjakdygyny aňladýar (Ezekiýel 17:23-i deňeşdiriň).

8. Isa gorçisa tohumy baradaky tymsaly näme üçin getirdi?

8 Isa näme üçin bu tymsaly getirdi? Ol tymsal arkaly Patyşalyk işiniň gorçisa tohumy ýaly täsin ösüşini we oňa hiç kimiň päsgel berip bilmejekdigini görkezdi. 1914-nji ýyldan bäri Hudaýyň guramasynyň ýerdäki bölegi hasam ulaldy! (Iş. 60:22). Gurama gelýän adamlar ruhy taýdan gorag tapýar (Sül. tym. 2:7; Iş. 32:1, 2). Ýygnaklaryň köpelmegine hiç kim päsgel berip bilmeýär (Iş. 54:17).

9. a) Biz gorçisa tohumy baradaky tymsaldan näme öwrenýäris? b) Bu tymsaldan Ýehowa we Isa barada nämäni bildik?

9 Biz gorçisa tohumy baradaky tymsaldan näme öwrenýäris? Belki, biziň ýaşaýan ýerimizde Ýehowanyň Şaýatlary azdyr ýa-da köp wagyz edilse-de, netijesi kän bir görünýän däldir. Emma Patyşalyk işine hiç zadyň päsgel bermeýändigini unutmaň. Mysal üçin, 1926-njy ýylda Edwin Skinner dogan Hindistana gelende, ol ýerde Ýehowanyň Şaýatlary azdy. Hindistanda kän bir ösüş bolmaýandygy sebäpli, wagyz etmek kyndy. Emma Edwin Skinner wagyz etmegini dowam edip, hoş habaryň ýaýramagyna hiç zadyň päsgel bermeýändigine göz ýetirdi. Häzir Hindistanda 37 müň Şaýat bar we Ýatlama agşamyna 108 müň adam geldi. Indi Patyşalyk işiniň ösüşine seredeliň. Skinner doganyň Hindistana gelen ýyly Zambiýada ýaňy wagyz edilip başlanypdy. Şu günler Zambiýada 170 müň wagyzçy bar we 2013-nji ýylda Ýatlama agşamyna ilatyň 18 adamyndan biri, ýagny 763 915 adam geldi. Gör, nähili täsin ösüş!

HAMYRMAÝA

10. Hamyrmaýa tymsaly nämäni aňladýar?

10 Matta 13:33-i okaň. Hamyrmaýa tymsaly nämäni aňladýar? Bu tymsal Patyşalyk baradaky habary we onuň adamlara täsir edişini görkezýär. «Bütin hamyr» ähli milletleri, onuň turşamagy bolsa, hoş habaryň ýaýramagyny aňladýar. Gorçisa tohumynyň ösüşi görünse, hamyryň turşamagy bolsa göze görünmeýär. Ol wagtyň geçmegi bilen aýan bolýar.

11. Isa näme üçin hamyrmaýa tymsalyny getirdi?

11 Isa näme üçin bu tymsaly getirdi? Bu tymsal Patyşalyk baradaky habaryň «Ýeriň tä soňuna çenli» ýaýrajakdygyny we köp adamlaryň durmuşyny üýtgedýändigini görkezýär (Res. iş. 1:8). Ilkibaşda, bu özgerişikler görünmese-de, wagtyň geçmegi bilen aýan bolýar. Ähli ýerde adamlaryň köpüsi hoş habary kabul edip, durmuşyny üýtgedýär (Rim. 12:2; Efes. 4:22, 23).

12, 13. Isanyň tymsalyndaky hamyrmaýa ýaly hoş habaryň ýaýramagy barada mysallar getiriň.

12 Hoş habar wagyz edilip başlansoň, köplenç birnäçe ýyldan onuň netijesi mälim bolýar. Mysal üçin, Frans bilen Margin 1982-nji ýylda Braziliýanyň Beýtelinde gulluk edenlerinde, bir kiçijik şäherde wagyz edýärdiler. Olar bir aýal we onuň dört çagasy bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýärdi. Onuň uly ogly şol wagt 12 ýaşyndady. Ol örän çekinjeňdi we Mukaddes Ýazgylar okuwy başlamazdan öň köplenç gizlenýärdi. Frans bilen Margin başga ýere bellenenden soň, olar bilen okuw geçip bilmedi. Emma olar şol şähere 25 ýyldan soň baranlarynda nähili ösüş gördüler? Ýygnakda 69 wagyzçy bardy, olaryň 13 sanysy pionerdi we duşuşyklar täze Patyşalyk zalynda geçirilýärdi. Çekinjeň oglana näme boldy? Häzir ol ýaşulular maslahatynyň koordinatory bolup gulluk edýär! Hoş habar Isanyň tymsalyndaky hamyrmaýa ýaly giňden ýaýraýar we köp adamlaryň durmuşyny üýtgedýär. Frans bilen Margin bu ösüşi görüp örän begendiler!

13 Hoş habary açyk wagyz edip bolmaýan ýurtlarda-da, ol adamlaryň durmuşyna täsir edýär. Şeýle ýurtlarda nädip wagyz edilýändigini bilmek kyn bolsa-da, köplenç onuň netijesine geň galdyrýar. Meselem, hoş habar Kubada 1910-njy ýyldan bäri ýaýrap başlady. Rassell dogan Kuba 1913-nji ýylda barypdy. Emma ilkibaşda ösüş pesdi. Häzir bolsa, ol ýerde ösüş nähili? Kubada 96 müňden gowrak wagyzçy bar. 2013-nji ýylda Ýatlama agşamyna ýerli ilatynyň 48 sanysyndan biri, ýagny 229 726 adam geldi. Gadagan edilmedik ýurtlaryň az wagyz edilýän ýerlerinde-de adamlar hoş habary eşidýär (Wag. 8:7; 11:5).

14, 15. a) Biz hamyrmaýa tymsalyndan näme öwrenýäris? b) Biz bu tymsaldan Ýehowa we Isa barada nämäni bildik?

14 Biz hamyrmaýa tymsalyndan näme öwrenýäris? Biz Isanyň tymsaly barada oýlansak, millionlarça adamlaryň hoş habary nädip eşitjekdigi barada çendenaşa alada etmeris. Ýehowa ähli zada gözegçilik edýär. Biz barada näme diýse bolar? Hudaýyň Sözünde: «Tohumyňy irden sep, agşam-da eliň boş durmasyn. Çünki sen haýsy işiň bähbitli boljakdygyny bilýän dälsiň» diýilýär (Wag. 11:6). Elbetde, biz hoş habaryň, esasanam, gadagan edilen ýurtlarda üstünlikli wagyz edilmegi barada doga etmegi hiç haçan unutmaly däl (Efes. 6:18—20).

15 Biz wagyz işiniň netijesini ilkibada görmesek-de, ruhdan düşmeli däl. Biz hiç haçan «ýeňil işler eden günümizi ähmiýetsiz hasaplamaly däl» (Zak. 4:10). Iň soňy onuň netijesi biziň garaşanymyzdanam has uly we haýran galdyryjy bolmagy mümkin (Zeb. 40:5; Zak. 4:7).

DÜRDÄNE WE GIZLIN HAZYNA

16. Dürdäne we gizlin hazyna baradaky tymsallar nämäni aňladýar?

16 Matta 13:44—46-njy aýatlary okaň. Dürdäne we gizlin hazyna tymsallary nämäni aňladýar? Isanyň günlerinde täjirler dürdänäni tapmak üçin Ýuwaş okean ýaly uzak ýerlere gidýärdiler. Täjir bu ruhy zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin uzak ýola gidýän akýürekli adamlary aňladýar. «Dürdäne» bolsa Hudaýyň Patyşalygy baradaky gymmatly hakykaty aňladýar. Täjir dürdänäniň gymmatdygyny bilip, ony satyn almak üçin derrew ähli zadyny satýar. Şeýle-de Isa ekin meýdanynda işlän adamyň «gizlengi hazyna» tapandygy hakynda gürrüň berýär. Ol täjir ýaly hazynany agtarmasa-da, ony tapanda, satyn almak üçin derrew «ähli zadyny» satýar.

17. Isa näme üçin dürdäne we gizlin hazyna baradaky tymsallary getirdi?

17 Isa näme üçin bu iki tymsaly getirdi? Ol hakykaty dürli ýol bilen tapyp bolýandygyny görkezdi. Käbir adamlar ony gözläp, tapmak üçin köp ýol ýöreýärler. Käbirler bolsa hakykaty gözlemese-de, ony tapýarlar. Şu iki tymsaldaky adamlar tapan zadynyň gymmatyny bilip, bar zadyndan geçýärler.

18. a) Bu iki tymsaldan näme öwrenýäris? b) Biz bu tymsallardan Ýehowa we Isa barada nämäni bildik?

18 Bu iki tymsaldan näme öwrenýäris? (Mat. 6:19—21) Biz özümize şeýle soraglar bermeli: Meniň garaýşym şu tymsallardaky adamlaryňky ýalymy? Men hem hakykat hazynasyny şeýle ýollar bilen gözleýärinmi? Men ony satyn almak üçin bar zadymdan geçýärinmi ýa-da gündeki aladalar ýaly başga zatlara ünsümi sowýarynmy? (Mat. 6:22—24, 33; Luka 5:27, 28; Flp. 3:8). Hakykaty tapandygymyza ýürekden begensek, ony durmuşymyzda birinji orunda goýmagy berk ýüregimize düweris.

19. Biz indiki makalada nämä serederis?

19 Biz Hudaýyň Patyşalygy baradaky bu tymsallary diňläp, olara düşünmeli. Ýöne olaryň manysyna düşünmegiň ýeterlikli däldigini unutmaň. Biz olardan öwrenen zatlarymyzy durmuşymyzda ulanmaly. Indiki makalada biz ýene-de üç tymsala we olardan näme öwrenip bolýandygyna serederis.