Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Isa ýaly batyrgaý we düşgür boluň

Isa ýaly batyrgaý we düşgür boluň

«Siz görmedik hem bolsaňyz, ony söýýärsiňiz; häzir ony görmeseňiz hem, oňa iman edýärsiňiz». 1 PET. 1:8

1, 2. a) Biz nädip gutulyş ýolundan ýöräp bileris? b) Gutulyş ýolundan ýöremäge näme kömek eder?

BIZ Isanyň şägirdi bolanymyzda, gökdäki ýa-da ýerdäki ýaşaýşa eltýän syýahat ýoluna düşýäris. Isa: «(Bu zalym dünýäniň ýa-da ömrüniň) soňuna çenli çydan halas bolar» diýdi (Mat. 24:13). Biz gutulyş ýolundan ýöremek üçin Hudaýa wepaly bolmaly. Emma bu ýoldan sowulmazlyk we azaşmazlyk üçin tagalla etmeli (1 Ýahýa 2:15—17). Bize ýolumyzy dowam etmäge näme kömek eder?

2 Isa ýol görkeziji hökmünde bize ajaýyp görelde galdyrdy. Mukaddes Ýazgylarda onuň syýahaty beýan edilýär. Biz bu barada bilsek, Isa bolan söýgimiz we imanymyz artar (1 Petrus 1:8, 9-njy aýatlary okaň). Petrus resul bize Isanyň «öz yzyny alyp götermegimiz üçin... bir nusga galdyrandygyny» aýdýar (1 Pet. 2:21). Eger biz Isadan görelde alsak, gutulyşa eýe bolarys *. Biz geçen makalada Isanyň pesgöwünliligi we mähirliligi barada öwrendik. Indi bolsa, nädip Isa ýaly batyrgaý we düşgür bolup biljekdigimiz hakynda gürrüň ederis.

ISA BATYRGAÝDY

3. Batyrgaýlyk näme we ony nädip ösdürip bileris?

3 Batyrgaý adam çydamly, berk we özüne ynamly bolýar. Batyrgaýlyk «betbagtçylyga döz gelmegi», «dogrulygyň tarapyny tutmagy» we «horluklary iman arkaly ýeňip geçmegi» aňladýar. Bu häsiýet Hudaýdan gorky, umyt we söýgi bilen berk baglanyşykly. Näme üçin? Hudaýdan gorky adamdan gorkyny ýeňmäge kömek edýär (1 Şam. 11:7; Sül. tym. 29:25). Hakyky umyt synaglara taýýar bolup, gelejege ynamly bolmaga ýardam edýär (Zeb. 27:14). Janaýamaz söýgi bolsa, başgalar üçin öz janyňy bermäge-de taýyn bolmaga höweslendirýär (Ýahýa 15:13). Biz Hudaýa bil baglasak we Onuň Ogly Isanyň göreldesine eýersek, batyrgaý bolup bileris (Zeb. 28:7).

4. Isa ybadathanada nädip batyrgaýlygyny görkezdi? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

4 Isa 12 ýaşynda bolsa-da, batyrgaýlyk bilen dogrulygyň tarapyny tutdy. Bu waka onuň «ybadathanada mugallymlaryň arasynda otyrka» bolupdy (Luka 2:41—47-nji aýatlary okaň). Mugallymlar Musanyň kanunyny gowy bilseler-de, ony berjaý etmän, däp-dessurlara eýerýärdiler. Emma Isa çekinip oturman, «olara sorag berýärdi». Elbetde, Isa bilesigeliji çaga ýaly ýönekeý däl-de, oýlandyryjy soraglary berýärdi. Mugallymlar tejribeli bolsalar-da, onuň sowallaryna jogap berip bilmediler. Olar Isany ýalňyşdyrjak bolup, jedelli soraglary berýärdiler. Ýöne bu başa barmady. Sebäbi Isa Hudaýyň Sözündäki hakykaty aýdýardy we «diňleýänleriň bary onuň paýhasyna, berýän jogaplaryna haýran galýardy».

5. Isa nädip batyrgaýlyk bilen ýer ýüzünde gulluk etdi?

5 Isa batyrgaýlyk ýer ýüzünde bilen gulluk etdi. Ol ýalan taglymatlary öwredýän dini ýolbaşçylary mertlik bilen ýazgarýardy (Mat. 23:13—36). Ol bu dünýäniň azgyn täsirine garşy durýardy (Ýahýa 16:33). Isa garşylyklara garamazdan, wagyz işini dowam edýärdi (Ýahýa 5:15—18; 7:14). Ol hakyky seždäni goramak üçin, batyrgaýlyk bilen erbet adamlary iki gezek ybadathanadan kowýar (Mat. 21:12, 13; Ýahýa 2:14—17).

6. Isa ýerdäki ömrüniň soňky gijesi nädip batyrgaý boldy?

6 Isanyň batyrgaýlyk bilen kynçylyga döz gelmegi biziň imanymyzy berkidýär. Isa ýerdäki ömrüniň soňky gijesi özüne haýynlyk ediljekdigini bilýärdi. Emma ol Pasha naharyndan soň Iuda: «Näme etjek bolsaň, tiz et» diýýär (Ýahýa 13:21—27). Isa Getsemani bagynda tussag etmäge gelen esgerlere özüniň kimdigini mertlik bilen aýdyp, janyna howp abansa-da, şägirtlerini goraýar (Ýahýa 18:1—8). Isany Mejlisde sorag edenlerinde, baş ruhany ony öldürtmek üçin bahana gözleýär. Şonda Isa özüniň Mesihdigini we Hudaýyň Ogludygyny mertlik bilen boýun alýar (Mar. 14:60—65). Isa hatda sütemli ölüme höküm edilse-de, aýypsyzlygyny saklaýar we soňky deminde: «Hemmesi berjaý boldy!» diýip jan berýär (Ýahýa 19:28—30).

ISANYŇ BATYRGAÝLYGYNDAN GÖRELDE ALYŇ

7. Ýehowanyň adyny göterýändigiňize nähili garaýarsyňyz? Siz nädip batyrgaý bolup bilersiňiz?

7 Biz Isanyň batyrgaýlygyndan nädip görelde alyp bileris? Mekdepde. Ýaşlar, size synpdaşlaryňyz ýa-da başga adamlar gyjalat berse-de, Ýehowanyň Şaýadydygyňyzy batyrgaýlyk bilen aýdyň. Şeýdip, siz Ýehowanyň adyny buýsanç bilen göterýändigiňizi görkezersiňiz (Zebur 86:12-ni okaň). Belki-de, siz ewolýusiýa ýaly ýalan taglymatlara garşy durmaly bolýansyňyz. Mukaddes Ýazgylarda ýaradylyşa ynanmaga ençeme subutnamalar getirilen. Siz «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitaby arkaly «içiňizdäki umyt hakynda özüňizden hasabat soran her kese» jogap berip bilersiňiz (1 Pet. 3:15). Şeýdip, siz Hudaýyň Sözündäki hakykaty goldarsyňyz.

8. Hoş habary gaýratly wagyz etmäge nähili sebäpler bar?

8 Wagyzda. Biz mesihçiler hökmünde Ýehowa barada «gaýratly wagyz etmeli» (Res. iş. 14:3). Batyrgaýlyk bilen wagyz etmäge nähili sebäpler bar? Biz Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty wagyz edýäris (Ýahýa 17:17). Şeýle-de «Hudaýyň işdeşleridigimize» we mukaddes ruhuň bizi goldaýandygyna ynanýarys (1 Kor. 3:9; Res. iş. 4:31). Biz hoş habary yhlasly wagyz edip, Ýehowa bolan wepalylygymyzy we goňşymyza bolan söýgimizi görkezýäris (Mat. 22:37—39). Batyrgaýlyk joşgunly wagyz etmäge kömek edýär. Biz adamlaryň akylyny küteldýän ýalan dini taglymatlary paş edýäris (2 Kor. 4:4). Şeýle-de biz adamlaryň biperwaýlygyna, kemsitmelerine ýa-da garşylyklaryna garaman, hoş habary yhlasly wagyz edýäris (1 Sel. 2:1, 2).

9. Betbagtçylyga uçranymyzda nädip batyrgaý bolup bileris?

9 Betbagtçylyga uçranymyzda. Ýehowa bolan iman bize betbagtçylyga uçranymyzda-da, batyrgaý bolmaga kömek edýär. Meselem, dogan-garyndaşlarymyzdan biri aradan çykanda örän gynanýarys, ýöne «bütin teselliler Hudaýynyň» bizi goldajakdygyna ynanýarys (2 Kor. 1:3, 4; 1 Sel. 4:13). Biz keselçilikden ejir çeksek-de, mertlik bilen Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine garşy gelýän bejergini almaýarys (Res. iş. 15:28, 29). Göwnüçökgünlige düşenimizde «ýüregimiz bizi ýazgarsa-da», Hudaýyň «göwni synyklara» teselli berýändigi ruhlandyrýar * (1 Ýahýa 3:19, 20; Zeb. 34:18).

ISA DÜŞGÜRDI

10. Düşgürlik näme we biz nädip düşgür bolup bileris?

10 Düşgürlik ýagşyny-ýamany saýgarmagy, paýhasly bolmagy we dogry karara gelmegi aňladýar (Ýew. 5:14). Düşgür adam Hudaýa ýaraýan işleri etmäge çalyşýar. Ol adamlaryň ýüregine ýara salýan däl-de, ruhlandyryjy sözleri aýtmaga jan edýär (Sül. tym. 11:12, 13). Düşgür adamyň «gahary giç gelýändir» (Sül. tym. 14:29). Ol dogry işleri edýändir we ýaşaýyş ýolundan sowulýan däldir (Sül. tym. 15:21). Biz nädip düşgür bolup bileris? Munuň üçin Hudaýyň Sözüni öwrenmeli we şoňa görä ýaşamaly (Sül. tym. 2:1—5, 10, 11). Bu babatda dünýäde iň düşgür adam bolan Isanyň göreldesi kömek eder.

11. Isa düşgürligini nädip görkezdi?

11 Isanyň düşgürliligini sözde we iş ýüzünde görkezýär. Onuň sözleri. Isa «mähirli sözler» bilen hoş habary wagyz edende, ony diňleýän adamlar haýran galýardy (Luka 4:22; Mat. 7:28). Ol diňe Hudaýyň Sözüne salgylanyp jogap berýärdi (Mat. 4:4, 7, 10; 12:1—5; Luka 4:16—21). Isa aýatlary düşündirende diňleýjileriň ýüregine täsir edýärdi. Isa direlenden soňra iki sany şägirdine duşýar we olara «Mukaddes Ýazgylarda özi hakda aýdylanlary düşündirýär». Şonda şägirtler biri-birine: «Ýolda biziň bilen gepleşip gelýärkä, bize Ýazgylary düşündirýärkä, içimizde ýüregimiz ýanmaýarmydy?» diýişýäler (Luka 24:27, 32).

12, 13. Isanyň «gahary giç gelýän» we dogry garaýyşly adam bolandygyny näme görkezýär?

12 Isanyň garaýşy. Ol düşgür bolany üçin özüne erk edýärdi, «gahary giç gelýärdi» (Sül. tym. 16:32). Ol «mylaýym we pesgöwünlidi» (Mat. 11:29). Şägirtler köp ýalňyşsalar-da, Isa hemişe sabyrly bolýardy (Mar. 14:34—38; Luka 22:24—27). Ol adalatsyzlyga duçar bolsa-da, rahatlygyny saklaýardy (1 Pet. 2:23).

13 Isanyň düşgürligi dogry garaýyşda bolmaga kömek edýärdi. Isa diňe bir Musanyň kanunyna däl-de, Kanundan ýokary bolan ruha eýerýärdi. Geliň, Markus 5:25—34-nji aýatlara (okaň) seredeliň. Bir dul aýal gan akma keselinden ejir çekýär. Ol märekäniň arasy bilen gelip, Isanyň geýimine elini degirýär we şol bada sagalýar. Emma Musanyň kanunyna görä, ol hapa hasaplanýardy we hiç kime el degirmeli däldi (Lew. 15:25—27). Isa bolsa «Kanunyň wajyp işlerine», ýagny rehimdar bolmalydygyna düşünýärdi. Şol sebäpli ol geýimine elini degreni aýaly ýazgarmaýar (Mat. 23:23). Gaýtam, ol mähir bilen: «Gyzym, imanyň saňa şypa berdi. Sag-aman git-de, derdiňden açyl» diýdi. Isanyň düşgürlik häsiýeti mähirli bolmaga kömek edýär.

14. Isa nämäni saýlady we ony nädip ýerine ýetirdi?

14 Isanyň ýaşaýşy. Ol düşgürlik bilen dogry ýoldan ýöreýär. Isa Patyşalyk işlerini birinji orunda goýýar (Luka 4:43). Ol paýhaslylyk bilen wagyz işini doly ýerine ýetirer ýaly, bar wagtyny we güýjüni sarp edip, sada ýaşaýardy (Luka 9:58). Isa şägirtleriniň wagyz işini dowam eder ýaly, olara öwredýärdi (Luka 10:1—12; Ýahýa 14:12). Şeýle-de ol şägirtlerine «dünýäniň soňuna çenli» kömek etjekdigini wada berýär (Mat. 28:19, 20).

ISANYŇ DÜŞGÜRLIGINDEN GÖRELDE ALYŇ

Adamyň garaýşyny göz öňünde tutuň we aýtjak sözüňize ünsli boluň (15-nji abzasa serediň)

15. Biz nädip düşgür bolup bileris?

15 Geliň, Isanyň düşgürliginden nädip görelde alyp bolýandygyna seredeliň. Aýdýan sözlerimiz. Biziň sözlerimiz göwne degiji däl-de, abatlaýjy bolmaly (Efes. 4:29). Adamlara Hudaýyň Patyşalygyny wagyz edenimizde «sözümiz duz bilen tagamly edilip, ýakymly bolmaly» (Kol. 4:6). Biz wagyzda adamlaryň zerurlyklaryny we garaýşyny göz öňünde tutup, aýtjak sözlerimize ünsli bolmaly. Şonda biziň mähirli sözlerimiz adamlaryň ýüregine güýçli täsir eder. Şeýle-de Hudaýyň Sözüne hormat goýup, hemişe Mukaddes Ýazgylara salgylanyp wagyz etmeli. Sebäbi ýürege ynsan sözi däl-de, Mukaddes Ýazgylar has güýçli täsir edýär (Ýew. 4:12).

16, 17. a) Biz nädip «gaharlanmakda assa» we dogry garaýyşda bolup bileris? b) Wagyz işini doly ýerine ýetirmäge näme kömek eder?

16 Biziň garaýşymyz. Düşgürlik özümize erk etmäge we «gaharlanmakda assa bolmaga» ýardam edýär (Ýakup 1:19). Kimdir biri göwnümize degende, gaharlanmagyň deregine, onuň näme üçin şeýle edendigine düşünmäge çalyşmaly. Şonda biz özümize erk edip, başgalaryň «ýazygyny geçirip» bileris (Sül. tym. 19:11). Şeýle-de düşgürlik bize dogry garaýyşda bolmaga kömek edýär. Sebäbi biz imandaşlarymyzyň duş gelen kynçylyklaryna düşünýän däldiris, şonuň üçin olardan köp zada garaşmaly däl. Gaýtam, olary ünsli diňlemeli, pikirini we garaýşyny göz öňünde tutmaly (Flp. 4:5).

17 Biziň ýaşaýşymyz. Biz hoş habary wagyz etmegiň hormatly işdigine düşünýäris. Şonuň üçin biz wagyz işini doly ýerine ýetirer ýaly paýhasly karara gelmeli. Biz soňky günlerde sada ýaşap, ruhy zatlary birinji orunda goýmaly we özümizi iň wajyp işe bagyş etmeli (Mat. 6:33; 24:14).

18. Gutulyş ýolundan ýöremek üçin näme etmeli we nämäni ýüregimize düwmeli?

18 Isanyň ajaýyp häsiýetlerini bilip, ondan görelde almagyň nähili şatlyk we bereket getirýändigi barada oýlanyň. Geliň, onuň yzyna eýermegi berk ýüregimize düweliň! Şonda biz gutulyş ýolundan ýöräp bileris we Ýehowa bilen dostlugymyz has-da berkideris.

^ abzas 2 1 Petrus 1:8, 9-njy aýatlarda gökde ýaşamaga umyt edýän mesihçiler barada aýdylsa-da, ondaky prinsipler ýerde ebedi ýaşamaga umyt edýän mesihçilere-de degişli (1 Pet. 1:3, 4).

^ abzas 9 Betbagtçylyga uçran adamlaryň batyrgaýlygy barada «Garawul diňi» (w00-U 1/12 sah. 24—28) we «Oýanyň» žurnallaryndan (g03-U 22/4 sah. 18—21) okap bilersiňiz.