Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Amanat pul tymsalyndan näme öwrenýäris?

Amanat pul tymsalyndan näme öwrenýäris?

«Adam... birine – bäş, birine – iki, birine – bir talant berdi». MAT. 25:15

1, 2. Isa amanat pul tymsalyny näme üçin gürrüň berýär?

ISA amanat pul tymsalynda mesh edilen mesihçileriň jogapkärçiligi barada aýdýar. Emma bu tymsal gökde we ýerde ýaşamaga umyt edýän wepaly mesihçileriň ählisine degişlidir. Şonuň üçin muňa her birimiz düşünmäge jan etmeli.

2 Isa amanat pul tymsaly arkaly şägirtleriň: «Seniň gelmegiňiň we ahyrzamanyň alamaty näme bolar?» diýen soragyna jogap berýär (Mat. 24:3). Ol biziň günlerimizde ýerine ýetip, Isanyň barlygynyň we gökde höküm sürmeginiň alamatyny aýan edýär.

3. Matta 24, 25-nji baplardaky tymsallardan näme öwrenýäris?

3 Matta 24:45—25:46-njy aýatlarynda biri-biri bilen baglanyşykly dört sany tymsal ýazylan. Olaryň biri: amanat pul tymsaly. Beýleki üçüsi: sadyk hem akylly hyzmatkär, on gyz, goýunlar we geçiler baradaky tymsallar. Olarda Isanyň barlygynyň alamaty, soňky günlerde wepaly gullukçylarynyň nähili häsiýetli bolmalydygy barada agzalýar. Hyzmatkärler, gyzlar we amanat pul baradaky tymsallar mesh edilen mesihçilere degişlidir. Sadyk hyzmatkär baradaky tymsalda olar soňky günlerde hyzmatkärlere iýmit paýlap, wepaly we paýhaslydygyny görkezýärler. On gyz tymsalynda Isanyň geljek gününi we sagadyny bilmeseler-de, ähli mesh edilenleriň taýýar hem oýa bolmalydygy nygtalýar. Amanat pul baradaky tymsalda bolsa, olar borçlaryny yhlasly ýerine ýetirmelidigi hakynda aýdylýar. Goýunlar we geçiler tymsalynda ýerde ebedi ýaşamaga umyt edýän mesihçileriň wepaly galyp, Isanyň ýerdäki doganlaryny ýürekden goldamalydygy barada gürrüň berilýär *. Geliň, amanat pul tymsalyna giňişleýin seredeliň.

HOJAÝYN HYZMATKÄRLERINE MAL-MÜLKÜNI YNANÝAR

4, 5. Tymsaldaky hojaýyn kim? Öňki döwürde talantyň gymmatlygy nähilidi?

4 Matta 25:14—30-njy aýatlary okaň. Öň tymsaldaky hojaýyn Isa meňzedilýärdi. Onuň syýahata gitmegini bolsa, b. e. 33-nji ýylynda Isanyň göge galmagy bilen deňeşdirilýär. Isa başga bir tymsalynda: «Bir asylzada özüne patyşalyk alyp geljek bolup, bir uzak ýurda ýola düşýär» diýip, öz syýahatynyň maksadyny aýan edýär (Luka 19:12). Isa göge galanda, oňa Patyşalyk ygtyýary doly berilmedi *. Ol «Hudaýyň sagynda oturup... duşmanlarynyň öz aýaklarynyň astyna basgançak edilmegine garaşmalydy» (Ýew. 10:12, 13).

5 Hojaýynyň sekiz talanty, ýagny uly mülki bardy *. Ol syýahata gitmänkä hyzmatkärlerine talantyny köpeltmegi tabşyrýar. Isa-da göge gitmänkä ägirt mülk edindi. Bu mülke näme degişlidi? Muny bilmek üçin, geliň, onuň özüni nämä bagyş edendigine seredeliň.

6, 7. Talant nämäni aňladýar?

6 Isa wagyz etmek we şägirt taýýarlamak işini örän gymmat saýýar (Luka 4:43-i okaň). Ol bol hasyl almak üçin köp zähmet çekýär. Bir gün ol şägirtlerine: «Gözüňizi galdyryň-da, ekin meýdanlaryna serediň, olar eýýäm ormaga ýetişipdir» diýýär (Ýahýa 4:35—38). Isa akýürekli adamlaryň hakykaty bilmegini isleýärdi. Gowy daýhan orak döwründe elini gowşuryp oturmaýar. Isa-da göge galmanka: «Gidiň-de, bütin milletleri şägirt ediň» diýip tabşyrýar (Matta 28:18—20). Hawa, Isa şägirtlerine gymmatly hazynany, ýagny wagyz işini ynanýar (2 Kor. 4:7).

7 Muňa nähili düşünse bolar? Isanyň tabşyrygy öz «mal-mülküni», ýagny talantlaryny paýlandygyny görkezýär (Mat. 25:14). Diýmek, talantlar wagyz etmegi we şägirt taýýarlamagy aňladýar.

8. Hojaýyn talanty deň paýlamasa-da nämä garaşýar?

8 Hojaýyn bir hyzmatkärine bäş, beýlekisine iki, ýene birine bolsa bir talant berýär (Mat. 25:15). Hojaýyn talanty deň paýlamaýar, ýöne ol hyzmatkärleriniň başarnykly we yhlasly bolmagyny isleýär (Mat. 22:37; Kol. 3:23). B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni Isanyň şägirtleri talanty köpeltmek üçin zähmet çekip başladylar. Olaryň wagyz etmek we şägirt taýýarlamak işinde görkezen yhlasy Resullaryň işleri kitabynda beýan edilýär * (Res. iş. 6:7; 12:24; 19:20).

SOŇKY GÜNLERDE HYZMATKÄRLERIŇ ZÄHMETI

9. a) Iki wepaly hyzmatkär talantlaryny näme etdiler we bu nämäni aňladýar? b) «Başga goýunlar» nähili işi ýerine ýetirýärler?

9 1919-njy ýyldan bäri Mesihiň mesh edililen wepaly hyzmatkärleri Hojaýynyň talantyny has-da köpeldýärler. Olar tymsaldaky iki hyzmatkär ýaly Hojaýynynyň ynamyny ödemek üçin elinde baryny edýärler. Bäş we iki talant alan hyzmatkäriň kimdigi mälim bolmasa-da, olaryň hojaýynynyň talantyny köpeltmek üçin jan edendigini bilýäris. Ýerde ebedi ýaşamaga umyt edýän mesihçiler nähili işi ýerine ýetirýärler? Goýunlar we geçiler tymsalynda ýerde ýaşajak mesihçileriň Isanyň doganlaryny wagyz işinde goldamalydygy aýdylýar. Olar muny uly hormat saýýarlar! Soňky günlerde iki topar hem «bir süri» hökmünde şägirt taýýarlamak işini yhlasly ýerine ýetirýärler (Ýahýa 10:16).

10. Isanyň barlygyny näme subut edýär?

10 Hawa, hojaýynyň talap etmäge haky bar. Ýokarda aýdylyşy ýaly, I asyrda ýaşan wepaly şägirtler Isanyň mülküni gowy dolandyrýarlar. Amanat pul tymsalynyň soňky günlerde doly ýerine ýetýändigi barada näme diýse bolar? Isanyň wepaly hem zähmetsöýer gullukçylary wagyz işini taryhda görlüp-eşidilmedik möçberde alyp barýarlar. Olaryň edýän tagallalary bilen her ýyl 100 müňlerçe adamlar Patyşalygyň wagyzçylary bolýarlar. Wagyz we şägirt taýýarlamak işiniň ösmegi Isanyň Patyşa hökmünde höküm sürýändigini mese-mälim edýär. Hojaýyn muňa diýseň hoşal!

Isa şägirtlerine hormatly wagyz işini ynanýar (10-njy abzasa serediň)

HOJAÝYN HASABAT SORAMAGA HAÇAN GELER?

11. Isanyň agyr muşakgatda hasabat sorajakdygyny nireden bilýäris?

11 Isa agyr muşakgatyň soňunda hyzmatkärlerinden hasabat soramaga geler. Biz muny nireden bilýäris? Mattanyň 24 we 25-nji baplarynda Isa özüniň geljekdigini nygtap geçýär. Agyr muşakgatda adamlar «Ynsan Oglunyň gökdäki bulutlarda... gelýänini görer». Isa: «Siz Rebbiňiziň haýsy gün geljegini bilmeýärsiňiz... Çünki Ynsan Ogly siziň oslamaýan sagadyňyzda geler» diýip, şägirtlerine oýa bolmagy duýdurdy (Mat. 24:30, 42, 44). Şeýlelikde, «hyzmatkärleriň agasy gelip, olardan hasabat soraýar» diýen jümle Isanyň bu zalym dünýäniň üstünden höküm etmäge geljek wagtyny tassyklaýar * (Mat. 25:19).

12, 13. a) Hojaýyn hyzmatkärlerine näme diýdi we näme üçin? b) Mesh edilen mesihçilere soňky möhür haçan basylar? (« Iň soňky hasabat» diýen çarçuwa serediň). w) Başga goýunlar nähili sylaga eýe bolarlar?

12 Tymsalda hojaýyn wepaly hyzmatkärleriň talantyny köpelendigini görýär. Şonda ol bäş we iki talant beren hyzmatkärine: «Berekella, ýagşy, sadyk hyzmatkär! Sen az zatda sadyk bolduň, men saňa köp zatlary ynanaryn» diýýär (Mat. 25:21, 23). Hojaýyn, ýagny Isa şan-şöhrat bilen höküm etmäge gelende näme eder?

13 Bu iki hyzmatkär zähmetsöýer mesh edilen mesihçileri aňladýar. Olara agyr muşakgat başlamanka soňky möhür basylar (Ylh. 7:1—3). Armageddonyň öň ýanynda bolsa, Isa olara wada eden gökdäki sylagyny berer. Ýerde ýaşamaga umyt edýän mesihçiler hem Mesihiň doganlaryny goldap, goýunlar hökmünde aklanarlar we Patyşalygyň raýatlary bolmaga mynasyp görler (Mat. 25:34).

ERBET WE ÝALTA HYZMATKÄR

14, 15. Isa mesh edilenleriň köpüsi erbet we ýalta bolar diýdimi? Düşündiriň.

14 Tymsaldaky üçünji häzmatkär hojaýynyň puluny köpeltmegiň we göterimine bermegiň deregine, ony ýere gömüp goýýar. Bu päliýaman hyzmatkär agasynyň islegine garşy gidýär. Şol sebäpli hojaýyny oňa «erbet hem ýalta» diýýär we bir talanty alyp, on talant gazanana berýär. Soňra peýdasyz hyzmatkäri «daşaryk garaňkylyga taşlaýar; ol ýerde agy we diş gyjama bolar» (Mat. 25:24—30; Luka 19:22, 23).

15 Isa talanty gömüp goýan hyzmatkär barada gürrüň berende, mesh edilen mesihçileriň üçden bir böleginiň erbet hem ýalta boljakygyny göz öňüne tutdumy? Ýok! Geliň, tymsallary ýene bir sapar ýada salalyň. Isa sadyk hem akylly hyzmatkär tymsalynda erbet hyzmatkäriň başgalary urandygyny belläp geçýär. Emma bu erbet hyzmatkärleriň boljakdygyny aňlatmaýar. Isa erbet häsiýetlere garşy göreşmelidigini duýdurýar. Şeýle-de Isa olaryň on gyz tymsalyndaky bäş akylsyz gyza meňzejekdigini pygamberlik etmedi. Gaýtam, ol oýa we taýýar bolmadyk hyzmatkyrlerine näme boljakdygyny duýdurýar *. Amanat pul tymsalynda hem mesh edilenleriň erbet we ýalta boljakdygy aýdylmaýar. Isa olaryň yhlas bilen köp talant gazanmalydygyny we erbet garaýyşdan hem işlerden gaça durmalydygyny duýdurýar (Mat. 25:16).

16. a) Amanat pul tymsalyndan näme öwrenýäris? b) Tymsal nädip ýönekeý we aýdyň düşündirilýär? (« Amanat pul tymsalynyň düşündirilişi» diýen çarçuwa serediň).

16 Biz amanat pul baradaky tymsaldan iki wajyp zady öwrenýäris. Birinjiden, Hojaýynymyz Isa hazynasyny — wagyz we şägirt taýýarlamak işini mesh edilen mesihçilere ynandy. Ikinjiden, Isa biziň ählimiziň yhlasly wagyz etmegimizi isleýär. Biz Hojaýynymyza gulak asyp, wepaly galsak, ol bizi sylaglar (Mat. 25:21, 23, 34).

^ abzas 3 «Garawul diňi» žurnalynyň şu sanynyň 2-nji öwrenilýän makalasynda on gyz tymsaly barada gürrüň edilýär. 4-nji öwrenilýän makalada hem-de 1995-nji ýylda çykan «Garawul diňinde» goýunlar we geçiler tymsaly düşündirilýär (w95-U 15/10 sah. 23—28). Sadyk hem akylly hyzmatkär baradaky tymsal hem «Garawul diňinde» düşündirilýär (w13 15/7 sah. 21, 22, abz. 8—10).

^ abzas 5 Isanyň günlerinde bir talant 6 müň dinara barabardy. Ýönekeý işçi günde bir dinar gazanýar. Ol bir talanty gazanmak üçin 20 ýyl zähmet çekmeli bolýar.

^ abzas 8 Resullar aradan çykansoň, imandan dänenleriň sany gün-günden köpelýärdi. Şol döwürde Mesihiň hakyky şägirtlerini taýýarlamak babatda yzygiderli tagalla edilmeýärdi. Emma soňky günlerde boljak «orak wagty» ähli zat düýbünden özgermelidi (Mat. 13:24—30, 36—43; (w13 15/7 sah. 9—12 serediň).

^ abzas 11 «Garawul diňi» žurnalyna serediň (w13 15/7 sah. 7, 8, abz. 14—18).

^ abzas 15 Şu žurnaldaky «Biz näme üçin oýa bolmaly?» diýen makalanyň 13-nji abzasyna serediň.