Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Mesihiň doganlaryna wepaly boluň

Mesihiň doganlaryna wepaly boluň

«Meniň bu iň kiçi doganlarymdan birine edeniňizi Maňa edensiňiz». MAT. 25:40

1, 2. a) Isa nähili tymsallary gürrüň berdi? (Makalanyň başyndaky surata serediň). b) Biz haýsy soraglaryň jogabyny bileris?

ISA dostlary Petrusa, Andreasa, Ýakuba we Ýahýa örän gyzykly wakalary gürrüň berdi. Olar sadyk hem akylly hyzmatkär, on gyz we amanat pul baradaky tymsallardy. Mundan başga-da, ol soňky günlerde «Ynsan Oglunyň» «bütin milletleriň» üstünden höküm etjekdigini düşündirdi. Isa «Ynsan Ogly» gelende adamlary iki topara, ýagny goýunlara we geçilere böljekdigini duýdurdy. Ol Patyşanyň «doganlaryndan» ybarat bolan üçünji wajyp topar hakynda hem gürrüň berdi (Matta 25:31—46-njy aýatlary okaň).

2 Ýehowanyň gullukçylary goýunlar we geçiler baradaky tymsal bilen gyzyklanýarlar. Sebäbi ol adamlaryň gelejegine täsir edýär. Isa käbir adamlaryň ebedi ýaşajakdygyny, käbirleriniň bolsa höküm ediljekdigini aýdýar. Biz ebedi ýaşaýşa eýe bolmak üçin, Isanyň öwreden hakykatynadüşünmäge jan etmeli. Geliň, şu soraglaryň jogabyny bileliň: Ýehowa goýunlar we geçiler baradaky tymsala düşünmäge nädip kömek edýär? Bu tymsalda wagyz işi nädip nygtalýar? Wagyz etmek kime tabşyryldy? Biz soňky günlerde «Patyşa» we onuň «doganlaryna» näme üçin wepaly bolmaly?

TYMSALYŇ DÜŞÜNDIRILIŞI

3, 4. a) Biz tymsala düşünmek üçin nämäni bilmeli? b) 1881-nji ýylda tymsal nähili düşündirilýär?

3 Goýunlar we geçiler tymsalyna dogry düşünmek üçin şu zatlary bilmeli: 1. Tymsalda agzalýanlar kimi aňladýar? 2. Höküm haçan başlanar? 3. Adamlar näme sebäpden goýunlar we geçiler toparyna bölüner?

4 1881-nji ýylda «Sionyň Garawul diňi» žurnalynda «Ynsan Ogly» we «Patyşa» — Isany; gökde höküm sürjek hem ýer ýüzünde ýaşajak kämil adamlar — Patyşanyň «doganlaryny» aňladýandygy aýdylýar. Şeýle-de onda Isanyň Müňýyllyk Patyşalygynda goýunlary geçilerden saýlajakdygy gürrüň edilýär. Söýgüden doly Hudaýyň kanuny boýunça ýaşaýan adamlaryň goýunlar toparyna degişlidigi düşündirilýär.

5. 1923-nji ýylda tymsal nähili düşündirilýär?

5 Ýehowa gullukçylaryna Mukaddes Ýazgylaryň esasynda tymsala has aýdyň düşünmäge kömek edýär. 1923-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda çykan «Garawul diňinde» «Ynsan Oglunyň» Isadygy aýdylýar. Şeýle-de Mesih bilen gökde höküm sürjek adamlara «doganlary» diýilýär. Bu žurnalda Patyşalygyň gol astynda ýerde ýaşajak adamlaryň goýunlary aňladýandygy düşündirilýär. «Ynsan Ogly» goýunlary geçilerden haçan saýlar? Tymsalda Patyşanyň ýer ýüzündäki doganlaryna goýunlaryň kömek etjekdigi barada nygtalýar. Şol sebäpli Isanyň Müňýyllyk Patyşalygy gelmänkä, goýunlar geçilerden saýlanar diýip düşündirilýär. Şeýle-de adamlar Isa iman edýändigi we onuň Patyşalygyna bil baglaýandygy sebäpli goýunlar toparyna degişli boljakdygy gürrüň berilýär.

6. 1990-njy ýyllarda tymsal nähili düşündirilýär?

6 Biz köp ýyllaryň dowamynda adamlaryň hoş habara seslenişine görä, toparlara bölüner öýdýärdik. Eger olar hakykaty kabul etseler goýunlaryň toparyna, kabul etmeseler geçilere degişli diýip pikir edýärdik. 1995-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda çykan «Garawul diňinde» Matta 24:29—31 we 25:31, 32-nji aýatlar (okaň) * deňeşdirilip, şeýle düşündirilýär: «Matta 24:29, 30-njy aýatlarda agzalan agyr muşakgat başlamazyndan öň Ynsan Oglunyň „şöhrat içinde“ gelende, kimiň goýun, kimiň geçidigi bellibolar . . . Şonda Isa çykarylan hökümi berjaý eder».

7. Şu günler goýunlar we geçiler tymsaly nähili düşündirilýär?

7 Şu günler goýunlar we geçiler tymsaly giňden düşündirilýär. «Ynsan Ogly» we «Patyşa» Isany, onuň «doganlary» bolsa gökde höküm sürjek mukaddes ruh bilen mesh edilen erkekdir aýallary aňladýar (Rim. 8:16, 17). «Goýunlar we geçiler» dürli milletli adamlary aňladýar. Isa goýunlary geçilerden haçan saýlar? Elbetde, agyr muşakgatyň soňunda. Adamlar näme sebäpden goýunlar we geçiler toparyna bölünýär? Olar Mesihiň ýerdäki doganlaryny goldasalar, goýunlar toparyna degişli bolup bilerler. Biz Mattanyň 24, 25-nji baplarynda gürrüň berilýän tymsallara dogry düşünmäge Ýehowanyň kömek edýändigine örän minnetdar.

WAGYZ IŞINIŇ WAJYP SAÝYLMAGY

8, 9. Goýunlar näme üçin dogry adamlara meňzedilýär?

8 Isa goýunlar we geçiler tymsalyny wagyz işine degişli edip gürrüň bermedi. Onda biz näme üçin tymsalda wagyz işi wajyp saýylýar diýýäris?

9 Birinjiden, Isa tymsal arkaly öwredýärdi. Ol tymsalda göni manydaky goýunlar we geçiler barada gürrüň etmedi. Şeýle-de ol goýun toparyna degişli adamlaryň doganlaryny göni manyda iýmitlendirer, geýindirer, aladasyny eder we türmedekä hal-ýagdaýyny sorar diýmedi. Isa «goýunlaryň» doganlaryna bolan garaýşyny görkezmek isledi. Isa goýunlara «dogry adamlar» diýdi, sebäbi olar mesh edilenleriň Isanyň doganlarydygyna ynanýarlar we soňky günlerde olary wepaly goldaýarlar (Mat. 10:40—42; 25:40, 46; 2 Tim. 3:1—5).

10. Goýunlar Isanyň doganlaryny nädip goldaýarlar?

10 Ikinjiden, Isanyň Mattanyň 24-nji babynda aýdan sözlerine seredeliň. Ol özüniň barlygynyň alamaty we soňky günler barada gürrüň berýär (Mat. 24:3). Isa: «Patyşalyk baradaky Hoş Habar dünýäniň ähli ýerinde wagyz ediler; ahyrzamana şonda geler» diýýär (Mat. 24:14). Ol amanat pul tymsalynda mesh edilenleriň, ýagny doganlarynyň wagyz işini yhlasly ýerine ýetirmelidigini belläp geçýär. Emma mesh edilen mesihçiler sanlyja adam bolandygy üçin, olara Isanyň barlygy döwründe «hemme milletlere» wagyz etmek aňsat düşmeýär. Goýunlar we geçiler tymsalynda mesh edilenlere kömek ediljekdigi aýdylýar. Goýunlar Mesihiň doganlaryny goldamak üçin elinde baryny edýärler. Nädip? Doganlary ruhlandyryp, maddy taýdan goldamak ýeterliklimi?

WAGYZ ETMEK KIME TABŞYRYLDY?

11. Wagyz etmek babatda nähili sorag ýüze çykýar we näme üçin?

11 Ýer ýüzünde ýaşaýan 8 milliona golaý Isanyň şägirtleriniňählisi mesh edilmedi. Emma Isa talanty diňe mesh edilenlere berdi (Mat. 25:14—18). Onda talant almadyklar wagyz işine gatnaşmaly dälmi? Ýok, olar hem wagyz etmeli. Geliň, munuň käbir sebäplerine seredeliň.

12. Matta 28:19, 20-nji aýatlardan nämäni bildik?

12 Isa wagyz etmegi ähli şägirtlerine tabşyrdy. Isa direlenden soňra, şägirt taýýarlamagy we olara «ähli zatlary» öwretmegi tabşyrdy. Bu ýumuş wagyz etmegi hem aňladýar (Matta 28:19, 20-nji aýatlary okaň). Şol sebäpli gökde we ýerde ýaşamaga umyt edýän ähli mesihçiler wagyz edýärler (Res. iş. 10:42).

13. Ýahýanyň gören görnüşi nämäni aňladýar?

13 Ylham kitabyndan görnüşi ýaly, mesh edilenler we başga goýunlar bilelikde wagyz ederler. Ýahýa resul «gelniň» «ýaşaýyş suwundan içmäge» çagyrýandygy barada görnüş görýär. Gelin — Mesih bilen gökde höküm sürjek 144 müň mesh edilenler (Ylh. 14:1, 3; 22:17). Ýaşaýyş suwy — adamlary günäden we ölümden halas edýän Mesihiň töleg gurbany (Mat. 20:28; Ýahýa 3:16; 1 Ýahýa 4:9, 10). Mesihçiler, esasanam, töleg gurbany we onuň berýän berekedi barada wagyz edýärler. Mesh edilenler bolsa, wagyz işine ýolbaşçylyk edýärler (1 Kor. 1:23). Ýahýa görnüşde gelin toparyna degişli bolmadyk we «Gel!» diýip çagyrylýan başga adamlary hem görýär. Olar çakylyga seslenip, adamlara hoş habary wagyz edýärler. Şol sebäpli «Gel!» diýen çakylygykabul eden adamlaryň ählisi başgalary «ýaşaýyş suwundan» içmäge çagyrýarlar.

14. «Mesihiň kanuny» näme?

14 «Mesihiň kanunyny» berjaý edýän adamlaryň ählisi wagyz etmeli (Gal. 6:2). Ýehowa ähli gullukçylarynyň bir kanuna eýermegini isleýär. Ol ysraýyllylara: «Ýerli adam üçin hem, araňyzda ýaşaýan her bir gelmişek üçin hem ýeke-täk bir kanun bolmalydyr» diýdi (Müs. çyk. 12:49; Lew. 24:22). Şu günler mesihçiler Musanyň kanuny boýunça ýaşamaýarlar. Emma mesh edilen we edilmedik mesihçiler «Mesihiň kanunyna», ýagny taglymatlaryna eýerýärler. Isa, esasanam, şägirtlerine adamlary söýmelidigini ündeýär (Ýahýa 13:35; Ýakup 2:8). Biz Hudaýa, Mesihe we ýakynymyza bolan söýgimizi Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz etmek bilen bildirýäris (Ýahýa 15:10; Res. iş. 1:8).

15. Isanyň tabşyrygy näme üçin ähli mesihçilere degişli?

15 Isanyň sanlyja şägirtlerine aýdanlary köplere degişli bolup bilýär. Meselem, Isa 11 şägirdi bilen Patyşalyk barada äht baglaşýar. Ýöne bu äht 144 müň mesh edilenlere-de degişli (Luka 22:29, 30; Ylh. 5:10; 7:4—8). Isa direlenden soň sanlyja şägirtlerine görünýär we olara wagyz etmegi tabşyrýar (Res. iş. 10:40—42; 1 Kor. 15:6). Emma wagyz işine I asyrdaky mesihçileriň ählisi gatnaşýar (Res. iş. 8:4; 1 Pet. 1:8). Biz Isany görmeýäris, emma bu tabşyrygyň bize-de degişlidigine düşünýäris. Şu günler 8 milliona golaý mesihçiler wagyz işine gatnaşyp, Isa iman edýändigini subut edýärler (Ýakup 2:18).

WEPALY BOLUŇ!

16—18. Biz soňky günlerde Mesihiň doganlaryna nädip we näme üçin wepaly bolmaly?

16 Şeýtan «wagtynyň azdygyny» bilip, Mesihiň ýerdäki mesh edilen doganlaryna güýçli hüjüm edýär (Ylh. 12:9, 12, 17). Mesh edilen mesihçiler synaglara garamazdan, wagyz işini üstünlikli amala aşyrýarlar. Hawa, Isa olara ýolbaşçylyk edýär we goldaýar (Mat. 28:20).

17 Goýunlar topary wagyz işinde we maddy taýdan Mesihiň doganlaryny goldamagy hormat saýýarlar. Olar Patyşalyk we kongres zallarynyň, filiallaryň gurluşyk işine höwes bilen gatnaşýarlar. Şeýle-de olar «sadyk hem akylly hyzmatkäriň» bellän ýygnak ýaşulularyna we gözegçi doganlara gulak asyp, wepalydygyny görkezýärler (Mat. 24:45—47; Ýew. 13:17).

Goýunlar Mesihiň doganlaryny hemişe goldaýarlar (17-nji abzasa serediň)

18 Tizden Mesihiň doganlaryna soňky möhür basylar. Şonda perişdeler «ýeriň dört ýelini goýberer» we agyr muşakgat başlanar (Ylh. 7:1—3). Mesh edilenler Armageddonyň öň ýanynda göge galarlar (Mat. 13:41—43). Goýunlar toparyna degişli bolmak isleýän adamlara Mesihiň doganlaryna wepaly bolmagyň tüýs wagtydyr.

^ abzas 6 Köpräk bilmek üçin «Siz höküm güni näme jogap berersiňiz?», «Goýunlara we geçilere näme bolar?» diýen makalalara serediň (w95-U 15/10).