Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

«Rebde» durmuş gurmak boş arzuwmy?

«Rebde» durmuş gurmak boş arzuwmy?

«Men mesihçilerden özüme ýanýoldaş tapyp bilmeýärin. Garran çagymda ýeke galmakdan gorkýaryn».

«Ýehowa iman etmeýänleriň arasynda-da mähirli, sypaýy we aladaňy edýän adamlar bar. Olar meniň dinime garşy çykmaýarlar we käbir doganlara garanyňda şadyýan».

Bu sözler size tanyş bolsa gerek! Pawlus resulyň «Rebde» durmuş gurmak barada beren maslahaty ähli mesihçilere degişli (1 Kor. 7:39). Onda käbir mesihçiler näme üçin «Rebde» durmuş gurmak mümkin däl diýýärler?

ŞEÝLE SORAG NÄME ÜÇIN ÝÜZE ÇYKÝAR?

Käbir ýygnakda durmuşa çykmadyk uýalaryň öýlenmedik doganlardan köpdügini görse bolýar. Meselem, Koreýada ortaça 100 sany durmuş gurmadyk mesihçileriň 57-si uýalar, 43-i doganlar. Kolumbiýadaky ýygnagyň 66 göterimi uýalar, 34 göterimi doganlar.

Ýehowa iman etmeýän ata-eneleriň käbiri gyzy üçin köp galyň salýarlar. Şeýle ýagdaý doganlaryň öýlenmegine böwet bolýar. Şol sebäpli uýalar: «Doganlaryň arasyndan ýanýoldaş tapyp bolarmy?» diýip ikirjiňlenýärler *.

ÝEHOWA BIL BAGLAŇ

«Rebde» durmuş gurmak aňsat däl diýip pikir edýän mesihçileriň ýagdaýyna we duýgusyna Ýehowa gowy düşünýär (2 Ýyl. 6:29, 30).

Mukaddes Ýazgylarda diňe «Rebde» durmuş gurmaly diýip maslahat berilýär. Näme üçin? Ýehowa peýdaly zatlary öwredýär. Ol halkynyň ejir çekmegini däl-de, bagtly bolmagyny isleýär. Meselem, Nehemýanyň günlerinde ýehudylar Ýehowa iman etmeýänler bilen durmuş gurýarlar. Nehemýa olara Süleýman patyşanyň eden ýalňyşlygyny ýatladýar. Süleýman patyşa «Hudaýyň halany» bolsa-da, «keseki milletden bolan aýallar oňa günä etdirdiler» (Neh. 13:23—26). Görşümiz ýaly, Allatagalanyň durmuş gurmak babatda beren maslahaty bize gorag bolýar (Zeb. 19:7—10; Iş. 48:17, 18). Mesihçiler Hudaýyň berýän görkezmesine eýerip, minnetdar bolmaly. Şeýdip, olar Ýehowanyň ýolbaşçylygyna we hökümdarlygyna tabyn bolýandygyny görkezýärler (Sül. tym. 1:5).

Elbetde, siz Ýehowany söýmeýän adamlar bilen «bir boýuntyryga» girip, Ondan daşlaşmak islemeýärsiňiz (2 Kor. 6:14). Şu günler köp mesihçiler Hudaýyň maslahatyna eýerip, paýhasly karara gelýärler. Emma käbirleri başga ýoly saýlaýarlar.

BOŞ ARZUW DÄL

Awstraliýada ýaşaýan Meggi * atly uýa bir ýigit bilen duşuşyp başlaýar. Ol: «Men ýygnak duşuşyklaryndan galyp, köp wagtymy onuň bilen geçirýärdim. Netijede, meniň ruhy saglygyma zyýan ýetdi» diýýär. Hindistanly Ratana uýanyň synpdaşy Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip başlaýar. Uýa ol ýigidi gowy görýär. Ýigit bolsa Ratana öýlenmek üçin okaýan eken. Ratana oňa durmuşa çykmak üçin hakykatdan dänip, onuň dinine geçýär.

Kamerunda ýaşaýan Nidenka bilen bolan waka seredeliň. Ol 19 ýaşynda Ýehowa iman etmeýän ýigide durmuşa çykýar. Ýigit oňa dinine garşy çykmajakdygyny söz berýär. Emma ol toýdan iki hepde geçenden soňra, Nidenkany ýygnak duşuşyklaryna ibermeýär. Ol: «Men özümi ýeke duýup, köp aglaýaryn. Bütin erk-ygtyýarymy elden gidirendigime indi düşünýärin we puşman edýärin» diýýär.

Elbetde, Ýehowa iman etmeýän ýanýoldaşyňyz adalatly we ýagşy häsiýetli bolup biler. Emma «Rebde» durmuş gurmaly diýen kanuny bozsaňyz, Ýehowa bilen dostlugyňyza nähili täsir eder? Allanyň beren maslahatyna wagtynda gulak asmasaňyz, özüňizi nähili duýarsyňyz? Siziň gelen kararyňyza Ýehowa nähili garar? (Sül. tym. 1:33).

Bütin dünýädäki dogan-uýalaryň köpüsi «Rebde» durmuş gurmagyň paýhaslydygyna göz ýetirýärler. Olar berlen maslahata eýermegi berk ýüregine düwýärler. Ýaponiýada ýaşaýan Meçeko uýany dogan-garyndaşlary durmuşa çykarmak isleýärler. Şeýle-de Meçeko dogan-uýalaryň «Rebde» durmuş gurýandygyny görýär. Ol şeýle diýýär: «Men özüme „mübärek Hudaý“ Ýehowa gulluk edýändigimi we bagtly bolmak üçin durmuşa çykmagyň hökman däldigini ýatladýardym. Men Ýehowanyň arzuwlary hasyl edýändigine ynanýaryn. Şonuň üçin özümize taý boljak ýanýoldaş tapýançak sabyrly garaşmaly» (1 Tim. 1:11). Meçeko dogana durmuşa çykýar we Ýehowanyň beren maslahatyna eýerendigine begenýär.

Doganlar hem özüne taý boljak uýa öýlenmek isleýärler. Awstraliýada ýaşaýan Bil dogan Ýehowa iman etmeýän gyzlaryň käbirini gowy görendigini aýdýar. Emma Bil olar bilen dostlaşmaýardy. Näme üçin? Sebäbi ol «imansyzlar bilen bir boýuntyryga» girmek üçin ýekeje ädim hem ätmek islemeýärdi. Birnäçe ýyl geçenden soňra Bil uýalaryň käbirine söz aýdýar. Emma uýalar oňa razy bolmadylar. Dogan özüne taý boljak uýa duşýança 30 ýyl garaşýar. Bil şeýle gürrüň berýär: «Men garaşanyma ökünmeýärin. Sebäbi köp bereketleri aldym. Men aýalym bilen wagyz edýärin, Mukaddes Ýazgylary okaýaryn we Ýehowa sežde edýärin. Men aýalymyň dostlary bilen gatnaşýaryn, sebäbi olar meniň hem imandaşlarym. Biz Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine eýerip, bagtly maşgala bolmaga jan edýäris».

ÝEHOWA GARAŞYŇ

Size «Rebde» durmuş gurmakda sabyrly bolmaga näme kömek eder? Ilki bilen, durmuş gurmaga näme päsgel berýärdigine göz ýetiriň. Eger siz «Rebde» durmuş gurmaly diýen maslahata eýermäge jan edýän bolsaňyz, Ýehowany begendirersiňiz (1 Şam. 15:22; Sül. tym. 27:11). Şeýle-de Allatagala «ýüregiňizi... döküp», yzygiderli doga ediň (Zeb. 62:8). Siz duýgularyňyza erk edip, başgalaryň täsirine garşy göreşseňiz, Hudaý bilen dostlugyňyz gün-günden berkär. Allatagala siziň islegleriňize we zerurlyklaryňyza düşünüp, aladaňyzy edýär. Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň adama taý tapyp berjekdigi barada aýdylmaýar. Emma Ýehowa durmuş gurmak isleýän her bir adamyň bagtly bolmagynyň aladasyny edýär (Zeb. 145:16; Mat. 6:32).

Käwagt siz hem Dawut pygamber ýaly: «Ýa Reb, maňa tiz jogap ber, ruhum tapdan düşüp barýar; ýüzüňi menden gizleme» diýýänsiňiz (Zeb. 143:5—7, 10). Şeýle pursatlarda ruhdan düşmäň we gökdäki Ataňyzyň paýhasly görkezmesine sabyrly garaşyň. Mukaddes Ýazgylary okanyňyzda, Hudaýyň öz gullukçylaryny nädip goldandygy barada oýlanyň. Şonda siziň Ýehowa bil baglamagyň dogrudygyna ynamyňyz artar.

Ýehowa we dogan-uýalar durmuş gurmadyk mesihçileriň gadyryny bilýär

Siz bagtly bolmak üçin ýene nähili maksatlar goýup bilersiňiz? Ýehowa we dogan-uýalar bilen dostlugyňyzy berkidiň. Munuň üçin mähirliligi, jomartlygy we Hudaýa wepalylygy ösdüriň. Şeýle häsiýetler size bagtly maşgala gurmaga kömek eder (Gel. çyk. 24:16—21; Rut 1:16, 17; 2:6, 7, 11; Sül. tym. 31:10—27). Patyşalyk işlerini birinji orunda goýmak erbet zatlardan gorag bolar. Bil dogan: «Meniň sallahlyk döwrüm göz açyp-ýumasy salymda geçdi! Şol ýyllar men pioner bolup gulluk edýärdim» diýip ýatlaýar.

Şu günler hem «Rebde» durmuş gurup bolýar. Bu maslahata eýerýän mesihçiler Ýehowany şöhratlandyrýarlar we bagtly bolýarlar. Mukaddes Ýazgylarda: «Rebden gorkýan, Onuň tabşyryklaryndan köp lezzet alýan nähili bagtly! Bolelinlik, baýlyk onuň öýünde bolar; dogrulygy ebedilik dowam eder» diýilýär (Zeb. 112:1, 3). Geliň, diňe «Rebde» durmuş gurmagy ýüregimize düweliň.

^ abzas 7 Biz uýalaryň garaýşyny göz öňünde tutsak-da, berilýän maslahatlar doganlara-da degişli.

^ abzas 13 Käbir atlar üýtgedildi.