Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ýygnak bilen gatnaşykdan kesilmek söýgi bilen berilýän terbiýemi?

Ýygnak bilen gatnaşykdan kesilmek söýgi bilen berilýän terbiýemi?

ÝULIAN doganymyz şeýle gürrüň berýär: «Oglumyň ýygnak bilen gatnaşykdan kesilendigi barada bildiriş edilende, meniň dünýäm daralan ýaly boldy. Ol meniň ilkinji perzendim, ýakyn dostumdy we köp zady onuň bilen bile ederdim. Ol göreldelidi, ýöne wagtyň geçmegi bilen, mesihçilere ýaraşmaýan zatlary edip başlady. Aýalym gije-gündiz aglaýardy. Men ony nädip köşeşdirjegimi bilmeýärdim. Biz gowy ata-ene bolup bilmedik diýip, özümizi günäkärleýärdik».

Görşümiz ýaly, mesihçiniň ýygnak bilen gatnaşykdan kesilmegi ýakynlaryna hasrat getirýär. Onda muňa nädip söýgi bilen berilýän terbiýe diýip bolar? Mukaddes Ýazgylarda şeýle berk çäre barada näme aýdylýar? Mesihçiniň ýygnak bilen gatnaşykdan kesilmegine näme sebäp bolýar?

ÝYGNAK BILEN GATNAŞYKDAN KESILMEGIŇ IKI SEBÄBI

Ýehowanyň Şaýady ýygnak bilen gatnaşykdan kesilende, biri-biri bilen baglanyşykly şu iki ýagdaý göz öňünde tutulýar: 1) suwda çokundyrylan mesihçi agyr günä edýär we 2) toba etmeýär.

Ýehowa mukaddes kada-kanunlary berdi. Ol bizden kämillige garaşmasa-da, kanunlaryna eýermegimizi isleýär. Mysal üçin, Ol jynsy ahlaksyzlyk, butparazlyk, ogurlyk, talaňçylyk, adam öldürmek we jadygöýlük ýaly agyr günä iterýän zatlardan gaça durmagymyzy talap edýär (1 Kor. 6:9, 10; Ylh. 21:8).

Siz Ýehowanyň kada-kanunlarynyň paýhaslydygyna we erbetlikden goraýandygyna ynanýarmysyňyz? Kim parahat, edepli we ynamdar adamlar bilen ýaşamak islemeýär? Biz şeýle adamlary dogan-uýalaryň arasynda görýäris, sebäbi olar özüni Ýehowa bagyş edip, Mukaddes Ýazgylaryň görkezmesine eýermegi wada berýär.

Eger mesihçi bir sebäbe görä agyr günä etse näme? Ýehowanyň geçmişdäki wepaly gullukçylarynyň hem käbiri agyr günä edipdi. Emma Hudaý olardan derrew ýüz öwürmedi. Meselem, Dawut patyşa zyna edip, adam öldürse-de, Natan pygamber oňa: «Reb seniň günäňi geçdi» diýdi (2 Şam. 12:13).

Ýehowa Dawut patyşany ýürekden toba edendigi üçin bagyşlady (Zeb. 32:1—5). Emma Ýehowanyň gullukçylary toba etmän, erbet işlerden ýüz öwürmeseler, ýygnak bilen gatnaşykdan kesilýär (Res. iş. 3:19; 26:20). Eger mesihçiniň ýürekden toba edýändigi iş ýüzünde görünmese, Düzediş komitetiniň ýaşululary ony ýygnak bilen gatnaşykdan kesmeli bolýarlar.

Biz, ilkibada, dogan-garyndaşymyzyň ýa-da dostumyzyň ýygnak bilen gatnaşykdan kesilmegine ýowuz we rehimsiz berlen temmi hökmünde garamagymyz mümkin. Emma Ýehowanyň Sözünde onuň söýgi bilen berilýän terbiýedigi düşündilirýär.

TERBIÝÄNIŇ PEÝDASY

Isa: «Akyldarlyk öz işleri bilen tassyklanar» diýdi (Mat. 11:19). Toba etmeýän mesihçiniň ýygnak bilen gatnaşykdan kesilmegi gowy miwe berýär. Geliň, olaryň üçüsine seredeliň.

Günä eden adamyň ýygnak bilen gatnaşykdan kesilmegi Ýehowanyň adyny goraýar. Biz Ýehowanyň adyny göterýäris, şol sebäpli biziň edim-gylymymyz onuň at-abraýyna gönüden-göni täsir edýär (Iş. 43:10). Oglunyň özüni alyp barşy ata-enesine ysnat ýa-da hormat getirişi ýaly, Ýehowanyň halkynyň özüni alyp barşy hem adamlaryň oňa bolan garaýşyna täsir edýär. Eger mesihçiler Ýehowanyň kada-kanunlaryna eýerse, bu Hudaýyň adyna şöhrat getirýär. Ezekiýel pygamberiň döwründe hem Ýehowanyň adyny göterýän ýehudylara başga milletdäki adamlar syn edýärdi (Ezek. 36:19—23).

Eger biz ahlaksyz işlere baş goşsak, Ýehowanyň adyna ysnat getireris. Petrus resul hem mesihçilere şeýle maslahat berdi: «Diýen ediji çagalar ýaly nadanlygyňyzdaky ozalky höwesleriňize uýman, eýsem sizi çagyranyň mukaddes bolşy ýaly, ähli edim-gylymyňyzda mukaddes boluň. Sebäbi: „Mukaddes boluň, çünki Men mukaddesdirin“ diýip ýazylgydyr» (1 Pet. 1:14—16). Biz özümizi mukaddes, ýagny arassa alyp barmak bilen Hudaýyň adyny şöhratlandyrýarys.

Ýehowanyň Şaýatlarynyň biri erbet iş etmegini dowam etse, onuň dogan-garyndaşlary ýa-da dostlary muny hökman bilerler. Şeýle ýaramaz işleri edýän adamlaryň ýygnak bilen gatnaşykdan kesilmegi Ýehowanyň halkynyň mukaddes ýaşamaga jan edýändigini görkezýär. Hudaýyň gullukçylary Mukaddes Ýazgylardaky görkezmelere eýermegi ähli zatdan ileri tutýarlar. Şweýsariýada ýaşaýan uýa ahlaksyzlyk edendigi üçin ýygnak bilen gatnaşykdan kesilýär. Onuň Ýehowa iman etmeýän dogany ýygnak duşuşygyna baryp, «erbet işlere göz ýummaýan» gurama goşulmak we Ýehowanyň Şaýady bolmak isleýändigini aýdýar.

Günä eden adamyň ýygnak bilen gatnaşykdan kesilmegi ýygnagyň arassa saklanmagyna ýardam edýär. Pawlus resul korintoslylara bilgeşleýin günä edýän adamlary ýygnakda galdyrmagyň howpludygyny duýdurdy. Ol şeýle adamlaryň erbet täsirini «azajyk hamyrmaýanyň bütin hamyry turşadyşy» bilen deňeşdirdi. Soňra Pawlus: «Ýamany öz araňyzdan çykaryň» diýip maslahat berdi (1 Kor. 5:6, 11—13).

Pawlusyň agzan «ýaman» adamy göz-görtele ahlaksyz işleri etse-de, mesihçileriň käbiri ony aklaýardylar (1 Kor. 5:1, 2). Eger mesihçiler şeýle agyr günä göz ýumsalar, onda azgyn şäheriň ahlaksyz işlerine baş goşardylar. Ýygnakda mesihçiniň bilgeşleýin edýän erbet işlerine biperwaý garalsa, onda Hudaýyň kada-kanunlaryna äsgermezçilik ediler (Wag. 8:11). Toba etmeýän günäkärler «suwuň astyndaky daşlar» ýaly, ýygnakdaky dogan-uýalary büdredip, imanyny gowşadyp bilýärler (Ýahuda 4, 12, TD).

Günä eden adamyň ýygnak bilen gatnaşykdan kesilmegi oňa ýalňyşyna düşünmäge kömek edýär. Bir gezek Isa ýaş ýigidiň öýünden gidip, atasynyň mirasyny keýpi-sapa sowrandygyny gürrüň berýär. Ýaş ýigit kyn güne düşende, durmuşynyň manysyz hem ýowuzdygyna göz ýetirdi. Ol ýalňyşyna düşünip, toba edýär we öýüne dolanýar (Luka 15:11—24). Atasynyň ogluny gujak açyp garşylamagy Ýehowanyň duýgusyna düşünmäge kömek edýär. Sebäbi Alla «erbet adamyň ölmegine däl-de, onuň erbet ýolundan dönüp, diri galmagyna hoşal bolýandygyna» ynandyrýar (Ezek. 33:11).

Belki-de, ýygnak bilen gatnaşykdan kesilen mesihçi ruhy maşgalasyndan aýra düşüp, wajyp zatlary ýitirendigine biler. Ol eden etmişini egni bilen çekip, Ýehowa Hudaý we onuň halky bilen dostlukly gatnaşygyny, geçiren şatlykly günlerini ýatlaýandyr. Bu zatlar oňa yzyna dolanmaga kömek eder.

Günä eden adam ýalňyşyna düşüner ýaly, biz berilýän görkezmä gyşarnyksyz eýerip, oňa söýgi bildirmeli. Mezmurçy Dawut: «Dogry adam meni ursyn, hemaýatdyr; maňa käýesin, baş ýagydyr» diýdi (Zeb. 141:5). Geliň, bir mysala seredeliň. Saçak başynda nahar iýip oturan adam birdenkä düwnügip, dem almasy kynlaşýar we gepläp bilmän galýar. Eger derrew kömek berilmese, ol öler. Dosty onuň damagynda galan eti çykarjak bolup, arkasyndan urýar. Bu urgy agyryly bolsa-da, ony ölümden halas edip biler. Şonuň ýaly-da, Dawut patyşa dogry adamyň berýän düzedişi agyr degse-de, peýdaly boljakdygyna düşünýärdi.

Ýygnak bilen gatnaşykdan kesilmek köplenç adama ýalňyşyna düşünmäge kömek edýär. Makalanyň başynda agzalan Ýulianyň ogly 10 ýyldan soň durmuşyny özgerdýär. Ol ýygnaga dolanýar, häzir ýaşuly bolup gulluk edýär. Ol şeýle belläp geçýär: «Meniň ýygnak bilen gatnaşykdan kesilmegim eden işimiň hasylyny ormaga mejbur etdi. Men terbiýe berilmegine mätäçdim» (Ýew. 12:7—11).

ÝYGNAK BILEN GATNAŞYKDAN KESILENLERE SÖÝGIŇIZI BILDIRIŇ

Ýygnak bilen gatnaşykdan kesilmek ruhy taýdan zyýan ýetirýän pajygaly ýagdaý bolsa-da, ony üýtgedip bolýar. Günä eden adamyň yzyna dolanmagy üçin her birimiz öz goşandymyzy goşup bileris.

Toba eden adama Ýehowa bilen gatnaşygyny dikeltmäge kömek etmeli

Ýaşulular mesihçini ýygnak bilen gatnaşykdan kesmeli diýen kyn karara gelende, Ýehowanyň söýgüsini görkezýärler. Olar mesihçä ýygnaga dolanmagy üçin nähili ädimleri ätmelidigini mähirli we açyk-aýdyň düşündirýärler. Ýaşulular durmuşynda özgerişlikler edýän adamy wagtly-wagtynda ideg edip, Ýehowa dolanmaga kömek edýärler *.

Ýygnak bilen gatnaşykdan kesilen adamyň maşgala agzalary ýaşulularyň gelen kararyna hormat goýup, günä edene we imandaşlaryna söýgüsini bildirýärler. Ýulian: «Ol meniň oglum bolsa-da, onuň saýlan ýoly biziň gatnaşygymyza araçäk goýdy» diýýär.

Dogan-uýalar ýygnak bilen gatnaşykdan kesilen adam bilen hiç hili gürrüňdeşlik etmeseler, mesihi söýgini bildirýärler (1 Kor. 5:11; 2 Ýahýa 10, 11). Olar Ýehowanyň ýaşulular arkaly berýän terbiýesini goldaýarlar. Muňa garamazdan, dogan-uýalar günä eden adamyň ejir çekýän maşgala agzalarynyň özlerini ýygnak bilen gatnaşykdan kesilen ýaly duýmazlygy üçin, olara çuňňur söýgüsini bildirmeli we ýürekden goldamaly (Rim. 12:13, 15).

Ýulian sözüni şeýle jemleýär: «Ýygnak bilen gatnaşykdan kesilmek ýaly çäreler Ýehowanyň kada-kanunlary boýunça ýaşamaga kömek edýär. Bu agyryly bolsa-da, ahyrsoňy gowy netije berýär. Eger oglumyň eden günäli işlerine sowuk-sala garan bolsam, ol yzyna hiç haçan dolanmazdy».

^ abzas 24 «Garawul diňi» žurnalyna serediň (w91-U 15/4 sah. 21—23).