Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ARHIWIMIZDEN

Ol naharhanada söýginiň höküm sürýändigini gördi

Ol naharhanada söýginiň höküm sürýändigini gördi

DOGAN-UÝALAR Ýehowanyň tutýan ruhy toýuna şatlyk bilen gatnaşýarlar. Bu toýda Hudaýyň halky göni manyda bilelikde naharlanyp hem ruhlanýarlar.

1919-njy ýylyň sentýabrynda Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler Sidar-Poýntda (ABŞ-nyň Ogaýo ştaty) sekiz günlük kongres geçirdiler. Myhmanhanalar otag we nahar bilen üpjün edýärdiler, emma bu gezek olaryň garaşanyndan-da has köp myhmanlar gelipdi. Nahar daşaýan işgärler märekä hyzmat edip ýetişmeýärdiler. Naharhananyň ýolbaşçysy aljyraňňy ýagdaýa düşüp, ýaşlardan kömek soranda, köp dogan-uýalar oňa seslendiler. Olaryň biri Sedi Grin: «Men hiç haçan nahar daşaýan bolup işläp görmändim. Ýöne şol gün gaty hezil boldy» diýip ýatlaýar.

Sýerra-Leone 1982 ý.

Ýehowanyň Şaýatlary soňky ýyllarda geçirilen kongresleriň naharhanasynda işläp, imandaşlaryna hyzmat edýärdiler. Şonda köp ýaş dogan-uýalar ruhy maksatlary goýdular. 1937-nji ýylda bolan kongresde Gledis Bolton uýa hem naharhanada işläpdi. Ol: «Men ýeriň dürli künjeginden gelen adamlary gördüm. Olaryň kynçylyklary ýeňip geçendigi barada eşidenimde, men pioner bolmagy ýüregime düwdüm» diýdi.

Kongrese gelen Býula Kowi: «Janaýamaz dogan-uýalar durman işleýärdiler» diýip belläp geçýär. Elbetde, işiň öz kynçylyklary bardy. 1969-njy ýylda Anjelo Manera Los-Anjelesiň (Kaliforniýa ştaty) Doje stadionynda geçiriljek kongresine birnäçe gün öňünden gelýär. Şonda ony naharhana kömekleşmäge bellediler. Ol: «Meniň depämden sowuk suw guýulan ýaly boldy!» diýýär. Şol kongrese taýýarlyk görülýän döwri naharhana gaz çekmek üçin 400 metr uzynlykda ýeri gazmalydy.

Germaniýa, Frankfurt 1951 ý.

1982-nji ýylda Sýerra-Leonede ukyply meýletin kömekçiler ýeri arassalap, barja zatlaryndan naharhana gurdular. 1951-nji ýylda Frankfurtda (Germaniýa) ýaşaýan barly doganlar 40 sany uly gapdan ybarat suw gaýnadylýan enjamy kireýne aldylar. Hyzmat edýänler bir sagadyň dowamynda 30 müň adamlyk nahary paýlaýardylar. Kongrese gelenler 576 sany gap-gaç ýuwýan dogan-uýalaryň işini ýeňilleşdirmek üçin, öz ýanlarynda nahar çarşagyny we pyçagyny getirýärdiler. Ýangondaky (Mýanma) aladaçyl aşpezler dürli ýurtdan gelen myhmanlara nahar bişirenlerinde ajy burçy azyrak salýardylar.

«OLAR DURAN ÝERINDE NAHARLANAÝDYLAR!»

1950-nji ýylda Enni Pogensi ABŞ-da geçen kongrese gelýär. Şonda ol yssyda naharhanada uzyn nobata duranda, iki uýanyň kongrese gelmek üçin Ýehowanyň beren kömegi barada gürrüňini diňläp ruhlanýar. Ol şeýle diýýär: «Men Ýewropadan gaýykda gelen iki uýanyň arasyndaky gyzykly gürrüňini diňläp, agzymy açdym. Olar hemmelerden bagtly görünýärdi. Uýalara uzyn nobat we yssy howa täsir etmeýän ýalydy».

Koreýa, Seul 1963 ý.

Kongresleriň köpüsinde naharhanalar üçin uly çadyrlar dikilýärdi we hatar-hatar edip beýik stollar goýulýardy. Adamlar stollarda dik duran ýerinde çalt naharlanyp başgalara ýer bermelidiler. Ýöne müňlerçe adamlar arakesmede naharlanyp ýetişermi? Ýehowanyň Şaýady bolmadyk bir adam: «Bu dine haýran galaýmaly! Olar duran ýerinde naharlanaýdylar!» diýdi.

Harby ýolbaşçylar we häkimiýetler biziň üstünlikli we tertipli işleýändigimizi görüp geň galdylar. ABŞ-nyň goşunynyň işgärleri Nýu-Ýork şäheriniň Ýanki stadionyndaky naharhanamyzy syn etdiler. Soňra olar Beýik Britaniýanyň harby ministirliginiň maýory Folknere hem ony görmegi maslahat berdiler. Maýor Folkner aýaly bilen 1955-nji ýylda Beýik Britaniýanyň Tuiknem şäherinde geçen «Dabaraly Patyşalyk» atly kongrese gelýär. Ol naharhanada dogan-uýalaryň arasynda söýginiň hökmüm sürýändigini görýär.

Onlarça ýylyň dowamynda meýletin işleýän dogan-uýalar kongrese gelen myhmanlara ýokumly we ýönekeý naharlary taýýarlap, olaryň aladasyny edýärdiler. Emma olar uzakly gün zähmet çekmeli bolýardylar we kongresi bölek-büçek diňleýärdiler ýa-da asla diňläp bilmeýärdiler. 1970-nji ýyllarda kongres geçirilýän ýerlerdäki naharhanalaryň köpüsi sadalaşdyryldy. 1995-nji ýyldan bäri kongrese gelýän dogan-uýalardan iýip-içer ýaly zatlary özleri bilen getirmegi haýyş edilýär. Indi naharhanada işlän dogan-uýalar ruhy toýdan we bütindünýä doganlykdan lezzet alyp bilýärler *.

Ýehowa dogan-uýalaryň imandaşlarynyň aladasyny ýürekden edýändigini görüp, örän begenýän bolsa gerek! Elbetde, käbir dogan-uýalar naharhanada geçen şatlykly günlerini küýseýändirler. Emma bir zady unutmaly däl: şu günlerem kongreslerde söýgi höküm sürýär (Ýahýa 13:34, 35).

^ abzas 12 Meýletin işleýän dogan-uýalar kongresiň başga bölümlerine kömekleşip bilýärler.