Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Hudaýyň güýji — Mesih

Hudaýyň güýji — Mesih

«Hudaýyň gudraty... Mesih». 1 KOR. 1:24

1. Pawlus resul näme üçin «Hudaýyň gudraty... Mesihdir» diýdi?

ÝEHOWA Isa Mesih arkaly köp gudratlary görkezýärdi. Injil kitabynyň dört sany Hoş habarynda beýan edilýän Isanyň gudratlary biziň imanymyzy berkidýär. Elbetde, Isa başga-da köp gudratlary görkezdi (Mat. 9:35; Luka 9:11). Şeýdip, Hudaýyň güýji Isa arkaly aýan boldy. Şol sebäpli Pawlus resul: «Hudaýyň gudraty... Mesihdir» diýip ýazdy (1 Kor. 1:24). Isanyň görkezen gudratlary bize nähili täsir edýär?

2. Biz Isanyň görkezen gudratlaryndan näme öwrenýäris?

2 Petrus resul Isanyň köp gudratlary, ýagny «mugjyzalary» görkezendigini aýdýar (Res. iş. 2:22). Bu gudratlar Isanyň gelejekde Patyşa hökmünde berjek bereketlerini aýan edýär. Olary Isanyň täze dünýäde uly möçberde etjek işleriniň kölegesine meňzetse bolýar. Isanyň gudratlary bize özüni we Atasyny has gowy tanamaga kömek edýär. Geliň, Isanyň görkezen käbir gudratlarynyň bize häzir hem gelejekde nähili täsir etjekdigi barada gürrüň edeliň.

GUDRAT WE JOMARTLYK

3. a) Isa näme üçin gudrat görkezdi? b) Isa toýda jomartlygyny nädip görkezdi?

3 Isa Jeliläniň Kana şäherinde bolan toýda ilkinji sapar gudrat görkezdi. Toýa köp myhmanyň gelendigi sebäpli şerap gutardy. Isanyň ejesi Merýemem toýa gelipdi. Ol Isa degişli pygamberlikler we onuň «hemmelerden beýik Hudaýyň Ogludygy» hakynda köp oýlanandyr (Luka 1:30—32; 2:52). Merýem Isada uly güýjüň bardygyna ynanýarmydy? Isa bilen ejesi ýaş çatynjalara çykalgasyz ýagdaýda kömek etmek islediler. Isa myhmansöýer bolmagyň wajypdygyny bilýärdi. Şol sebäpli ol 380 litr suwy «gowy şeraba» öwürýär (Ýahýa 2:3, 6—11-nji aýatlary okaň). Isa muny etmäge borçlumydy? Ýok. Emma ol adamlaryň ýürekden aladasyny edip, gökdäki jomart Atasynyň göreldesine eýerdi.

4, 5. a) Isanyň görkezen ilkinji gudratyndan näme öwrenýäris? b) Bu gudrat gelejek barada nämäni aýan edýär?

4 Isa toýa gelen myhmanlar üçin suwy şeraba öwürýär. Biz mundan näme öwrenýäris? Isa toý eýelerine kömek etmek bilen özüniň we Atasynyň adamlaryň duýgularyna düşünýändigini görkezdi. Gökdäki Atamyz we Ogly jomart bolmakda gowy görelde görkezýär. Täze dünýäde Ýehowanyň «ähli adamlar üçin» toý saçagyny giňden ýazjakdygyny göz öňüne getiriň! (Işaýa 25:6-ny okaň) *.

5 Tizden her bir adamyň isleg-arzuwlary hasyl bolar. Olar ýokumly iýmit we owadan jaý bilen üpjün ediler. Ýehowa Jennetde ähli oňat zatlary eçer. Biz muňa ýürekden begenmeýärismi näme?!

Isadan görelde alyp, adamlaryň aladasyny ediň (6-njy abzasa serediň)

6. Isa güýjüni nämä sarp edýärdi we biz onuň göreldesine nädip eýerip bileris?

6 Isa Mesih Iblisiň daşlary çörege öwür diýen teklibini inkär etdi we güýjüni öz bähbidi üçin ulanmady (Mat. 4:2—4). Ol güýjüni adamlara kömek etmek üçin ulanýardy. Biz nädip adamlaryň aladasyny edip bileris? Isa mesihçilere jomart bolmagy öwredýärdi (Luka 6:38). Şol sebäpli biz adamlary myhmançylyga çagyryp, ruhlandyryjy gürrüňler edip bilerismi? Ýygnak duşuşygyndan soň kömege mätäç dogan-uýalary goldap ýa-da doganyň taýýarlan ýumşuny diňläp bilerismi? Dogan-uýalardan biri wagza gelmedik ýagdaýynda, oňa derek wagza gidip bilerismi? Biz mümkinçiligimize görä, adamlara maddy kömegi bersek we ruhlandyryjy gürrüňler etsek, Isanyň göreldesine eýereris.

«HEMMELER IÝIP DOÝDULAR»

7. Mukaddes Ýazgylarda garyplyk barada näme diýilýär?

7 Dünýäde garyp adamlar hemişe-de bardy. Ýehowa gadymy Ysraýylda mätäç adamlaryň boljakdygyny aýdypdy (Kan. tag. 15:11). Isa: «Garyplar hemişe siziň ýanyňyzda... bolar» diýipdi (Mat. 26:11). Ýer ýüzünde hemişe mätäç adamlar bolarmy? Ýok! Ýöne Isa dünýäniň soňy gelýänçä garyplygyň boljakdygyny aýtdy. Sebäbi onuň gudratlary gelejekde ajaýyp durmuşyň boljakdygyny aýan edýär. Ol Patyşa bolanda biziň ähli zerurlyklarymyzy kanagatlandyrar, iýmit hem bol bolar.

8, 9. a) Isa märekäni näme üçin doýurdy? b) Isanyň görkezen gudraty size nähili täsir edýär?

8 Mezmurçy Ýehowanyň «elini açyp, ähli dirileri islegleri boýunça doýurjakdygy» barada pygamberlik etdi (Zeb. 145:16). Mesih Hudaýyň güýji arkaly şägirtleriniň zerurlyklaryny kanagatlandyryp, Atasynyň jomartlygyndan görelde aldy. Isa özüni şöhratlandyrmak üçin däl-de, adamlaryň aladasyny etmek üçin gudrat görkezýärdi. Geliň, Matta 14:14—21-nji aýatlara (okaň) seredeliň. Isanyň şägirtleri we paý-pyýada gelýän uly märeke ýadaw hem açdy. Şol sebäpli şägirtler Isadan näme etmelidigini soradylar (Mat. 14:13). Isa näme etdi?

9 Ol barja bäş çörekdir iki balygy bölüşdirip, bäş müň erkek adama, aýallara we çagalara paýlamagy buýurdy. Isanyň adamlara, çagalara bildiren rehimdarlygy we görkezen gudraty haýran galdyrsa gerek! «Hemmeler iýip doýanlaryndan» soňra artyp galan çörek döwümlerinden 12 sebet doldy. Hawa, iýmit boldy! Isa adamlary doýrup, sag-aman öýüne barmaklarynyň aladasyny etdi (Luka 9:10—17).

10. Garyplyga näme bolar?

10 Şu günler adalatsyz ynsan hökümeti adamlaryň zerurlyklaryny kanagatlandyryp bilmeýär. Käbir dogan-uýalar we 100 millionlarça adamlar zordan gününi görýärler. Emma dogruçyl adamlar parahorlugyň we garyplygyň tizden ýok ediljekdigine umyt edýärler. Eger sizde erk-ygtyýaryňyz bolsa, adamzadyň aladasyny etmezmidiňiz?! Gudratygüýçli Allatagalanyň muny etmäge güýji-de bar, islegi-de. Tizden muny gözüňiz bilen görersiňiz! (Zebur 72:16-ny okaň).

11. Siz Mesihiň tizden bereket berjekdigine näme üçin ynanýarysyňyz we bu sizi näme etmäge höweslendirýär?

11 Isa üç ýarym ýyllap birnäçe ýerlerde gulluk edýär (Mat. 15:24). Tizden ol Patyşa hökmünde bütin ýer ýüzüniň üstünden höküm sürer (Zeb. 72:8). Isanyň görkezen gudratlary ähli zada güýjüniň ýetýändigini we biziň aladamyzy etmek isleýändigini subut edýär. Biz gudrat görkezip bilmesek-de, adamlara Hudaýyň hoş habaryny gürrüň berip bilýäris. Mukaddes Ýazgylarda ajaýyp gelejek barada aýdylýar. Özüni Ýehowa bagyş edip, onuň Şaýady bolan adamlar gelejek barada gürrüň bermäge borçludyrlar (Rim. 1:14, 15). Bu hormatly iş barada oýlansaňyz, Hudaýyň Patyşalygyny höwes bilen wagyz edersiňiz (Zeb. 45:1; 49:3).

TEBIGAT TABYN BOLÝAR

12. Isa tebigatyň kanunyna näme üçin gowy düşünýär?

12 Hudaý Ýeri we ondaky ähli zatlary ýaradanda, ilkinji Ogly «ussa» kimin Onuň ýanyndady (Sül. tym. 8:22, 30, 31; Kol. 1:15—17). Şol sebäpli Isa tebigatyň kanunlaryna gowy düşünýär we tebigy baýlyklaryň ähli ýerde deň-derejede bolmagynyň aladasyny eder.

Isanyň görkezen gudraty size nähili täsir edýär? (13, 14-nji abzaslara serediň)

13, 14. Isanyň tebigata erk-ygtyýarlydygyny görkezýän wakany gürrüň beriň.

13 Isa ýer ýüzünde ýaşanda «Hudaýyň gudraty» bilen tebigata erk-ygtyýarynyň ýetýändigini subut etdi. Meselem, Isa şägirtlerini güýçli tupandan halas edýär (Markus 4:37—39-njy aýatlary okaň). Bir alym şeýle diýýär: «Markus 4:37-de „güýçli ýel“ diýip terjime edilen grek jümlesi tupany ýa-da gaýy aňladýar. Ol diňe bir güýçli ýeli däl-de... apy-tupan turýan we gök gümmürdäp, ýyldyrym çakýan hadysany suratlandyrýar. Şonda güýçli çabga ýagýar we ähli zat agdar-düňder bolýar». Matta kitabynda hem «bir uly tupanyň turandygy» aýdylýar (Mat. 8:24).

14 Isanyň uzakly gün wagyz edip, gaty ýadandygyny göz öňüne getiriň! Ol süýji uka gidýär. Birdenkä tupan turup, tolkunlar gaýygy eýläk-beýläk çaýkaýar we gaýyk suwdan dolup başlaýar. Isa ne ýeliň sesini eşidýär, ne-de gaýygyň yraň atyşyny duýýar. Şägirtleri gorkudan ýaňa: «Bizi halas et, ýa Reb, heläklenip barýarys» diýip, Isany ukudan oýarýarlar (Mat. 8:25). Ol ýerinden turýar-da, ýele käýäp, köle: «Sem bol, dek otur!» diýýär (Mar. 4:39). Hawa, Isa ýele we köle buýruk berýär! Soňra näme bolýar? Mukaddes Ýazgylarda «imi-salalyk» bolandygy barada aýdylýar. Gör, nähili gudrat!

15. Gudratygüýçli Hudaýyň tebigatyň Eýesidigini näme görkezýär?

15 Isa Ýehowanyň beren güýji arkaly gudrat görkezýärdi. Hawa, Güdratygüýçli Hudaý tebigatyň üstünden hökümdarlyk edýär. Muny geçmişde bolan birnäçe wakadan görse bolýar. Ýehowa Nuh pygambere: «Ýedi günden soň, Men kyrk gije-gündizläp ýere ýagyş ýagdyraryn» diýip, tupanyň boljakdygyny aýtdy (Gel. çyk. 7:4). Müsürden çykyş 14:21-de: «Reb... güýçli gündogar şemaly bilen deňziň suwuny kowdy» diýilýär. Ýunus 1:4-de: «Reb deňze güýçli ýel iberdi; deňizde elhenç gaý turdy we gämi çagşara geldi» diýilýär. Biz Ýehowanyň tebigatyň Eýesidigine begenýäris we gelejege ynamly garaýarys.

16. Ýaradyjynyň we Ussanyň tebigata erk-ygtyýarlydygy näme üçin teselli berýär?

16 Biz Ýaradyjynyň we «Ussanyň» tebigatyň üstünden erk-ygtyýarlydygyna begenýäris. Olar 1 000 ýylyň dowamynda ýeriň aladasyny eder we adamlara howpsuz durmuşy sowgat berer. Gorkunç tebigy betbagtçylyklar geçmişde galar. Täze dünýäde tupandan, ägirt tolkunlardan, wulkanyň atylmagyndan we ýer titremeden hiç kim gorkmaz. Indi hiç haçan adamlar tebigy hadysalar sebäpli ejir çekmez ýa-da aradan çykmaz, sebäbi «Hudaýyň çadyry... ynsanlaryň arasynda» bolar. Şol döwri göz öňüňize getiriň! (Ylh. 21:3, 4). Mesih Ýehowanyň güýji arkaly Müňýyllykda tebigatyň üstünden doly höküm sürer.

HUDAÝDAN WE ISA MESIHDEN GÖRELDE ALYŇ

17. Biz Hudaýyň we Isa Mesihiň göreldesine nädip eýerip bileris?

17 Elbetde, biz Ýehowa we Isa ýaly tebigy betbagtçylyklaryň öňüni alyp bilmesek-de, käbir zatlary etmäge güýjümiz ýetýär. Biz näme edip bilýäris? Süleýmanyň tymsallary 3:27-de (okaň) gowy maslahat berilýär. Biz kynçylyga uçran dogan-uýalara maddy we ruhy taýdan kömek edip, teselli bermeli (Sül. tym. 17:17). Şeýle-de biz tebigy betbagtçylyga uçranlary goldamak üçin elimizde baryny etmeli. Meselem, tupan sebäpli öýsüz galan dul aýal: «Men Ýehowanyň guramasynyň agzasydygyma we onuň berýän maddy hem ruhy kömegine örän begenýärin» diýip minnetdarlyk bildirýär. Durmuşa çykmadyk uýa tupanyň öýüne ýetiren zyýanyny görüp, ruhdan düşýär. Ol dogan-uýalaryň beren kömegi barada şeýle diýýär: «Men haýran galdym! Şatlygymy söz bilen beýan edip bilmeýärin... Ýehowa, köp sag bol!» Biz adamlaryň ýürekden aladasyny edýän Ýehowa Hudaýymyzyň, Isa Mesihiň we bütindünýä doganlygymyzyň bardygyna örän begenýäris.

18. Isa näme üçin gudrat etdi?

18 Isa «Hudaýyň gudraty» bilen ýer ýüzünde gulluk etdi. Ol güýjüni adamlarda täsir galdyrmak ýa-da öz bähbidi üçin ulandymy? Elbetde, ýok! Biz indiki makalada Isanyň görkezen gudratlarynyň adamlara bolan söýgüsini aýan edýändigi barada gürrüň ederis.

^ abzas 4 Işaýa 25:6 Hökmürowan Reb bu dagda ähli halklar üçin bol iýmitli, sap şeraply, ýilikli, bol etden, süzülen sap şeraply meýlis gurar.