Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ýadyňyzdamy?

Ýadyňyzdamy?

Siz «Garawul diňi» žurnalynyň soňky sanlaryny ünsli okadyňyzmy? Onda aşakdaky soraglara jogap bermäge synanyşyň

Her ýyl geçirilýän Ýatlama agşamyna nähili taýýarlyk görmeli?

Mukaddes Ýazgylardan Ýatlama agşamyna degişli aýatlary okamaly we köpräk wagyz etmeli. Şeýle-de doga edip, gelejege bolan umydymyz barada oýlanmaly. 15/1 sah. 14—16.

Ýapon halkyna nähili sowgat berildi?

«Mukaddes Ýazgylaryň Täze dünýä terjimesinden» alnan «Mattanyň hoş habary» aýratyn kitap hökmünde çap edildi. Dogan-uýalar bu kitapçany wagyzda paýlaýarlar; Mukaddes Ýazgylar barada bilmeýän adamlar ony höwes bilen alýarlar. 15/2 sah. 3.

Yhlasly wagyz etmäge näme kömek edýär?

Biz ýaňy-ýakynda wagyzçy bolanlara kömek etsek, wagyzda imandaşymyz bilen ruhlandyryjy gürrüň etsek, yzygider şahsy okuwyny geçirsek, sadyk hyzmatkäriň berýän maslahatlaryna eýersek we maksat goýsak yhlasly wagyz edip, şatlyk taparys. 15/2 sah. 15—18.

I asyrda hoş habaryň ýaýramagyna näme täsir etdi?

Rim parahatçylygy döwründe uruş az bolýardy. Gowy gurlan ýollar üstünlikli wagyz etmäge kömek edýärdi. Grek diliniň giňden ýaýramagy hoş habaryň bütin Rim imperiýasyna, hatda ýehudylara wagyz edilmegine ýardam edýär. Käbir şägirtler Rim kanuny arkaly wagyz işini goraýardylar. 15/2 sah. 20—23.

Ýiti ysly atyrdan ejir çekýän dogan-uýalara nädip kömek etse bolýar?

Mukaddes Ýazgylarda atyr sepinmek babatda görkezme berilmeýär. Emma ýygnak ýaşululary ýagdaýy düşündirmek üçin öňki makalalara esaslanyp, bu babatda bildiriş edip bilerler. Dogan-uýalar ýygnakda ýiti ysly atyry azrak sepinip, başgalaryň aladasyny edýändigini görkezýärler. 15/2 sah. 29.

Edebiýatlarymyzda köplenç Mukaddes Ýazgylardaky wakalar pygamberlikler bilen deňeşdirilip düşündirilýärdi. Emma indi näme üçin şeýle düşündirilmeýär?

Mukaddes Ýazgylardaky wakalar käte uly möçberde ýerine ýetýärdi. Meselem, Galatýalylar 4:21—31-de pygamberlik giňişleýin düşündirilýär. Emma Hudaýyň Sözüne esaslanyp, wakalary pygamberlikler bilen deňeşdirip düşündirmeli. Elbetde, biz Mukaddes Ýazgylarda agzalan ähli wakalardan wajyp sapak edinip bilýäris (Rim. 15:4). 15/3 sah. 17, 18.

«Rebde» durmuş gurmak boş arzuwmy?

«Rebde durmuş gurmaly» diýen maslahata eýerýän mesihçiler Ýehowany şöhratlandyryp, bagtly ýaşaýarlar (Zeb. 112:1, 3). Eger biz berlen maslahata gulak asmasak, erbet netije getirjekdigine düşünmeli. Biz doga arkaly özümizi barlamaly, gowy häsiýetleri ösdürmeli we özümize taý tapýançak garaşmaly. 15/3 sah. 30—32.

Ýygnak gatnaşykdan kesmeklik söýgi bilen berilýän terbiýemi?

Mukaddes Ýazgylarda ýygnak gatnaşykdan kesilmegiň peýdasy barada düşündirilýär (1 Kor. 5:11—13). Bu Hudaýyň adyny mukaddes etmäge, ýygnagy arassa saklamaga we günä eden adama toba etmäge ýardam edýär. 15/4 sah. 29, 30.

Çapylan agaç ýene gögerermi?

Çapylan zeýtun agajynyň köki uzyn bolsa, ol ýaş agaç kimin ýene-de ösüp başlaýar. Eýýup pygamber Hudaýyň adamlary direltmegini zeýtun agajy bilen deňeşdirýär (Eýýup 14:7—9). Ýehowa Hudaý we oňa wepaly adamlar direlişe sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. 15/4 sah. 32.