Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Täze dünýä taýýarlyk görüň!

Täze dünýä taýýarlyk görüň!

«Olara ýagşylyk etmegi... tabşyr. Şonda olar hakyky ýaşaýşa eýe bolar». 1 TIM. 6:18, 19, TD

AÝDYMLAR: 8, 4

1, 2. a) Siz Jennetde nähili bereketleri almak isleýärsiňiz? (Makalanyň başyndaky surata serediň). b) Biz täze dünýäde nähili ruhy bereketleriň eýesi bolarys?

«HAKYKY ÝAŞAÝYŞ». Bu jümle bize ýer ýüzünde boljak ebedi ýaşaýşy göz öňüne getirmäge kömek edýär (1 Timoteos 6:12, 19-njy aýatlary okaň). Biz lezzet we kanagat berýän ebedi ýaşaýşa garaşýarys. Elbetde, her gün irden turanyňda beden, duýgy we akyl taýdan sagdyn bolmagy häzir göz öňüne getirip bilmeýäris (Iş. 35:5, 6). Emma dogan-garyndaşlaryň, dost-ýarlaryň we direlen adamlar bilen gürrüňdeş bolmagyň nähili ýakymly boljakdygy hakynda oýlanyp göreliň (Ýahýa 5:28, 29; Res. iş. 24:15). Biz täze dünýäde ylym-bilimi, aýdym-sazy, gurluşyk işlerini öwrenip, ukyplarymyzy ösdüreris.

2 Biz, esasanam, ruhy bereketleri almaga sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Ýehowanyň adyny mukaddes etmek we onuň hökümdarlygyny goldamak uly hormat dälmi näme?! (Mat. 6:9, 10). Ýehowanyň adamzat we ýer babatdaky niýetiniň amala aşýandygyny görmek nähili tolgundyryjy bolar! Täze dünýäde biz kem-kemden kämillige ýetip, Ýehowa bilen dostlugymyzy has-da berkideris (Zeb. 73:28; Ýakup 4:8).

3. Biz nämä taýýarlyk görmeli?

3 Biz bol bereketleriň eýesi boljakdygymyza ynanyp bileris, sebäbi Isa «Hudaý üçin ähli zadyň mümkindigini» aýtdy (Mat. 19:25, 26). Biz täze dünýäde — Isa Mesihiň Müňýyllyk hökümdarlygynda — ebedi ýaşaýşa «eýe bolar ýaly» häzirden taýýarlyk görmeli. Biz zalym dünýäniň soňuna garaşyp, täze dünýäde ýaşamak üçin nädip häzirden taýýarlyk görmeli?

TAÝÝARLYK GÖRMEK ÜÇIN NÄME ETMELI?

4. Täze dünýäde ýaşamaga nädip taýýarlyk görmelidigini mysal arkaly düşündiriň.

4 Biz täze dünýäde ýaşamak üçin näme etmeli? Aýdaly, biz başga ýurda göçmekçi bolýarys. Biz oňa nähili taýýarlyk göreris? Ilki bilen, biz ol ýerdäki ýaşaýşy göz öňüne getirip, ýerli halk ýaly ýaşap başlarys. Başgaça aýdanyňda, ol ýeriň dilini, däp-dessuryny we milli naharlaryny öwreneris. Täze dünýäde ýaşamak üçin bizem häzirden taýýarlyk görmeli we özümizi şol ýerde ýaşaýan ýaly alyp barmaly. Geliň, muny göz öňüne getireliň!

5, 6. Guramanyň görkezmesine tabyn bolmaklyk bizi täze dünýä nädip taýýarlaýar?

5 Täze dünýäde adamlardyr perişdeler Hudaýyň hökümdarlygyny doly goldarlar. Ol Şeýtanyň gol astyndaky dünýäden, gör, nähili tapawutlanar! Käbir adamlaryň garaşsyz we özdiýenli bolmagynyň netijesi nähili boldy? Adamlaryň Hudaýyň görkezmesinden ýüz öwrendigi sebäpli ýer ýüzünde horluklar we betbagtçylyklar bolýar (Ýer. 10:23). Biz ähli adamlaryň Ýehowanyň hökümdarlygyna tabyn boljak döwrüne sabyrsyzlyk bilen garaşýarys!

6 Biz täze dünýäde Ýehowanyň görkezmesine eýerip, ýer ýüzüni gülzarlyga öwreris, direlen adamlara bilim bereris we Ýehowanyň adamzat babatdaky islegini amala aşyrarys. Emma bize halamaýan işimiz tabşyrylsa näme? Biz görkezmä eýerip, berlen ýumşy höwes bilen ýerine ýetirerismi? Biziň köpümiz «Hawa!» diýip jogap bereris. Onda biz guramamyzyň berýän görkezmesine şu wagtdan gulak asmaly dälmi näme?! Biz görkezmä ýürekden tabyn bolsak, täze dünýäde-de Ýehowanyň hökümdarlygyna tabyn bolarys.

7, 8. a) Biz näme üçin doganlar bilen eginme-egin işleşmeli? b) Käbir mesihçiler nähili özgerişleri etdiler? w) Biz täze dünýä babatda nämä ynamly bolup bileris?

7 Biz diňe bir Ýehowanyň görkezmesine gulak asmak bilen çäklenmän, eýsem, doganlar bilen eginme-egin işleşsek, täze dünýä taýýarlyk göreris. Şonda biz täze dünýäde hem doganlara höwes bilen gulak asyp, tabşyrylan ýumuşlary yhlasly ýerine ýetireris (Ýewreýler 13:17-ni okaň). Ysraýyllylar Wada edilen diýarda ýer paýlaryny düşen bijesine görä alýardylar (San. 26:52—56; Ýeş. 14:1, 2). Bizem täze dünýäde ýer paýymyzyň nireden beriljekdigini bilmeýäris. Emma biz häzirden doganlar bilen işleşmegi öwrensek, nirede ýaşasak-da Ýehowa gulluk etmekden şatlyk tapýarys.

8 Biz Ýehowanyň guramasy bilen eginme-egin işleşip, berlen ýumuşlary yhlasly ýerine ýetirsek, Patyşalygyň raýatlary bolmaga mynasyp bolarys. Emma wagtyň geçmegi bilen, biziň ýagdaýymyz özgerip biler. Meselem, ABŞ-da ýerleşýän Beýtelde gulluk eden käbir dogan-uýalary gullugyň başga görnüşine bellediler. Muňa garamazdan, olar bol bereket alyp, şatlyk tapýarlar. Öň etrap gözegçisi bolup gulluk eden mesihçiler garrylyk we başga sebäplere görä, indi pioner bolup gulluk edýärler. Eger bizem kanagatly bolup, Allatagaladan kömek sorasak we yhlasly gulluk etsek, kyn günlerde-de bereket alyp, şatlygymyzy ýitirmeris (Süleýmanyň tymsallary 10:22-ni okaň). Gelejek barada näme diýse bolar? Elbetde, biziň her birimiz täze dünýäde göwnümize ýaraýan ýerde ýaşamak isleýäris. Emma biziň ýer paýymyz başga ýerden berilse näme? Biz nirede ýaşasak-da, nähili borjy ýerine ýetirsek-de, minnetdarlyk bilen edýän işimizden şatlyk taparys (Neh. 8:10).

9, 10. a) Täze dünýäde bize sabyrlylyk näme üçin gerek? b) Biz nädip sabyrly bolup bileris?

9 Täze dünýäde bize sabyrlylyk häsiýeti gerek bolar. Meselem, biz dogan-garyndaşlarymyzyň direlmegine garaşarys. Aýdaly, dogan-uýalaryň hossarlary we dost-ýarlary direlýär, ýöne siziň ýakynlaryňyz entek direlenok. Şonda siz sabyrly bolup, olaryň şatlygyna goşularsyňyzmy? (Rim. 12:15). Biz häzirden Ýehowanyň wadalarynyň ýerine ýetmegine sabyrly garaşsak, Jennetde-de sabyr-takatly bolarys (Wag. 7:8).

10 Biz şu günler Mukaddes Ýazgylardaky hakykat biliminiň doly açylmagyna sabyrly garaşmak bilen, täze dünýä taýýarlyk görýäris. Biz hakykaty sabyr-takatly we yhlas bilen öwrenýärismi? Eger häzirden şeýle etsek, täze dünýäde Ýehowanyň berjek kada-kanunlaryna sabyrly garaşarys (Sül. tym. 4:18; Ýahýa 16:12).

11. Ýehowa bize adamlar bilen nähili gatnaşykda bolmagy öwredýär we munuň täze dünýäde näme peýdasy bar?

11 Bize täze dünýäde geçirimlilik häsiýeti hem gerek bolar. Isa Mesihiň Müňýyllyk hökümdarlygynda direlen dogry we egri adamlar erbet endiklerini derrew düzedip bilmezler (Res. iş. 24:15). Şonda biz olara geçirimlilik ederismi? Biz täze dünýä taýýarlyk görmek üçin häzirden adamlar bilen gowy gatnaşykda bolmaly we olary bagyşlamagy öwrenmeli (Koloseliler 3:12—14-nji aýatlary okaň).

12. Häzirki we geljekki ýaşaýşyň biri-biri bilen baglanyşygyny düşündiriň.

12 Biz täze dünýäde göwnümize ýaran zady islendik wagty alyp bileris öýtmeli däl. Biz söýgüden doly Ýehowanyň hökümdarlygyna tabyn bolmagyň peýda getirýändigine göz ýetirsek, hemişe kanagatly bolarys we şatlygymyzy ýitirmeris. Şonuň üçin biz Ýehowa ýaraýan häsiýetleri häzirden ösdürmeli. Eger biz özümizi täze dünýäniň raýatlary ýaly alyp barsak, onda ebedi ýaşamak üçin gerekli häsiýetleri ösdüreris we «geljekki dünýä» umydymyzy berkideris (Ýew. 2:5; 11:1). Şeýle-de biz täze dünýäde gowy şertlerde ýaşamaga sabyrsyzlyk bilen garaşýandygymyzy görkezeris. Hawa, biz Hudaýyň wada beren täze dünýäsine taýýarlyk göreris.

RUHY MAKSATLARY GOÝUŇ

Yhlasly wagyz ediň

13. Täze dünýäde nämäni birinji orunda goýmaly?

13 Geliň, hakyky ýaşaýşa taýýar bolmagyň ýene-de bir usulyna seredeliň. Täze dünýäde iýmit we ýaşaýşa gerekli zatlar bol bolsa-da, biz, esasan-da, ruhy işlerden lezzet alarys (Mat. 5:3). Biz Ýehowanyň islegini ýerine ýetirmegi birinji orunda goýup, şatlyk taparys (Zeb. 37:4). Şu günler biz ruhy zatlary birinji orunda goýsak, gelejege taýynlyk göreris (Matta 6:19—21-nji aýatlary okaň).

14. Ýaş mesihçiler nähili maksatlary goýup biler?

14 Ruhy işler nädip şatlygymyza şatlyk goşup biler? Onuň bir usuly — ruhy maksatlary goýmak. Eger siz ýaş we Ýehowa yhlasly gulluk etmek isleýän bolsaňyz, doly wagtly gulluk baradaky makalalary okap, maksat goýup bilersiňiz *. Şeýle-de ençeme ýyldan bäri doly wagtly gulluk edýän dogan-uýalar bilen gürrüňdeş bolmaly we wagyz işini birinji orunda goýmaly. Şonda şu günler toplan tejribäňizi täze dünýäde hem ulanyp bilersiňiz.

Ruhy işlere gatnaşyň

15. Patyşalygyň wagyzçylary nähili ruhy maksatlary goýmaly?

15 Patyşalygyň wagyzçylary nähili ruhy maksatlary goýmaly? Meselem, biz wagzyň käbir görnüşlerinde ökdeleşmegi we Mukaddes Ýazgylaryň kada-kanunlaryna düşünip, olary doly ýerine ýetirmegi maksat edinip bileris. Şeýle-de biz ýygnakda labyzly okamaga, çykyş etmäge we mazmunly jogap bermäge tagalla edýärismi? Belki-de, siz başga-da maksatlar goýmak barada pikirlenýänsiňiz? Biz ruhy maksatlary goýup, tabşyrylan ýumuşlary yhlasly ýerine ýetirmek bilen, täze dünýä taýýarlyk görýäris.

BOL BEREKETLERE EÝE BOLUŇ

Ruhy iýmite minnetdar boluň

16. Ýehowa gulluk etmek näme üçin bizi bagtly edýär?

16 Käbir adamlar täze dünýä taýýarlyk görmegi paýhassyz hasaplaýarlar. Emma bu dogry däl! Biz Ýehowa gulluk edip, durmuşyň manysyna düşünýäris. Emma biz kimdir biriniň mejbur edýändigi üçin ýa-da agyr muşakgatdan halas bolmak maksady bilen gulluk etmeýäris. Allatagala adamzady Özüne sežde etmek üçin ýaradansoň, biz Oňa gulluk etmekden köp şatlyk tapýarys. Biz bu dünýäniň adamlaryndan tapawutlykda, söýgüden doly Ýehowanyň görkezmesine eýerip, bagtly ýaşaýarys (Zebur 63:1—3-nji aýatlary okaň). Eger biz Ýehowa ýürekden gulluk etsek, diňe bir täze dünýäde däl, häzirem bereket alarys. Biziň käbirimiz ençeme ýyldan bäri bol bereketleri alýarys! Biziň her birimiz hiç bir zadyň şeýle şatlyk bermeýändigine göz ýetirdik! (Zeb. 1:1—3; Iş. 58:13, 14).

Mukaddes Ýazgylaryň görkezmesine eýeriň

17. Biz täze dünýäde nämäni birinji orunda goýarys?

17 Hudaýyň wada beren täze dünýäsinde her bir adam gowy görýän işlerinden lezzet alar. Adamzady çekýän zähmetinden lezzet almak üçin ýaradan Allatagalla bize şatlyk tapmaga mümkinçilik döretmezmi näme?! (Wag. 2:24). Mukaddes Ýazgylarda Ýehowanyň «ähli dirileri islegleri boýunça doýurjakdygy» aýdylýar (Zeb. 145:16). Elbetde, biz şu günler dynç alyp, şatlyk tapýarys, ýöne Ýehowa bilen dostlugymyzy berkitsek, ýaşaýyşdan lezzet hem alarys. Şeýtmek bilen, biz Jennetde has-da bagtly bolarys. Şol sebäpli biz Patyşalygy birinji orunda goýmaly we Ýehowanyň häzirki berýän ruhy bereketlerine nazarymyzy dikip, öz bähbidimize çapmaly däl (Mat. 6:33).

18. Jennete nädip taýýarlyk görmeli?

18 Täze dünýäde garaşylmadyk bereketler eçiler. Geliň, hakyky ýaşaýyşa ýetmek üçin häzirden taýýarlyk göreliň, Hudaýa ýaramly häsiýetleri ösdüreliň, yhlasly wagyz edeliň we ruhy maksatlary goýup, şatlyk tapalyň. Ýehowanyň wadalaryna iman edip, täze dünýä sabyrsyzlyk bilen garaşalyň!

^ abzas 14 «Ýaşlaryň sowallary» atly kitabyň II tomuna serediň (rus. sah. 311—318).