Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Isa ýaly ruhy taýdan berk boluň!

Isa ýaly ruhy taýdan berk boluň!

«Mesihiň dolulygyndaky ýetişenlik derejä ýeteliň». EFES. 4:11

AÝDYMLAR: 9, 21

1, 2. Her bir mesihçiniň nähili maksady bar? Mysal getiriň.

HOJALYKÇY aýal bazardan miwe satyn almakçy bolanda, uly ýa-da arzan ir-iýmişleri däl-de, gowy bişenlerini we terjelerini saýlaýar. Şeýle-de ol miweleriň tagamly, ýakymly ysly we ýokumly bolmagynyň aladasyny edýär. Şeýlelikde, ol bişip ýetişen gök-önümleri satyn alýar.

2 Adam Ýehowa barada bilim alandan soňra suwda çokundyrylmak kararyna gelýär we Hudaý bilen dostlugyny has-da berkitmek isleýär. Şeýle-de ol ruhy taýdan ýetişen, ýagny ösen mesihçi bolmagy maksat edinýär. Ruhy taýdan ösmeklik Ýehowa bilen berk dostlaşmagy aňladýar. Pawlus resul efesli mesihçilere hat ýazyp, ruhy taýdan ösmegi maslahat berdi we «imanda, Hudaýyň Ogluny tanamada birlige, kämillige, Mesihiň dolulygyndaky ýetişenlik derejä ýetmäge» höweslendirdi (Efes. 4:11).

3. Efesli mesihçiler bilen şu günki Ýehowanyň Şaýatlarynyň nähili meňzeşligi bar?

3 Pawlus efeslilere hat ýazanda, ol şäherde ençeme ýyl bäri mesihçiler ýygnagy bardy. Şägirtleriň köpüsi ruhy taýdan gowy ösendi. Emma käbir mesihçiler Ýehowa bilen dostlugyny has-da berkitmelidiler. Şu günlerem Ýehowanyň Şaýatlarynyň arasynda şeýle ýagdaýy görse bolýar. Köp dogan-uýalar ençeme ýyl bäri Hudaýa gulluk edip, ruhy taýdan berk durlar, ýöne hemme mesihçileriň ruhy ýagdaýy meňzeş däl. Meselem, her ýyl müňlerçe adam suwda çokundyrylýar. Diýmek, olar ruhy taýdan ösmek üçin köp tagalla etmeli. Siz barada näme diýse bolar? (Kol. 2:6, 7).

RUHY TAÝDAN ÖSMEK ÜÇIN NÄME ETMELI?

4, 5. Ruhy taýdan berk mesihçiler nämede tapawutlanýarlar we olaryň nähili meňzeşligi bar? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

4 Siz bazardaky gök-önümleriň biri-birinden tapawutlanýandygyny görýänsiňiz. Ýöne bişen gök-önümleriň özboluşly meňzeşligi bolýar. Şonuň ýaly, ruhy taýdan berk mesihçiler biri-birinden milleti, alan terbiýesi, ýaşy, saglyk ýagdaýy, tejribesi, häsiýetleri we medeniýeti bilen tapawutlanýarlar. Emma ruhy taýdan berk mesihçiler birmeňzeş häsiýetleri ösdürýärler. Nähili häsiýetleri?

5 Ruhy taýdan ösen mesihçiler Isadan görelde alýarlar we onuň «yzyny alyp göterýärler» (1 Pet. 2:21). Isa şägirtlerine nähili wajyp zady öwretdi? Ol Ýehowany bütin ýüregiň, janyň, düşünjäň bilen söýmegi we goňşyňy özüň kimin gowy görmegi ündedi (Mat. 22:37—39). Ruhy taýdan berk mesihçiler şu maslahata eýermäge jan edýärler. Şeýle-de olar Ýehowa bilen dostlukly gatnaşygyny gymmat saýýarlar we adamlary ýürekden söýýärler.

Garry mesihçiler ýaş doganlara jogapkärli borçlary almaga kömek edip, Mesihiň kiçigöwünlilik häsiýetine eýerýärler (6-njy abzasa serediň)

6, 7. a) Ruhy taýdan berkemek üçin nähili häsiýetleri ösdürmeli? b) Biz özümize nähili sorag bermeli?

6 Ruhy taýdan berk mesihçi mukaddes ruhuň miwesi bolan söýgi häsiýeti bilen tapawutlanýar (Gal. 5:22, 23).Şeýle-de ýumşak bolmagy, özüňe erk etmegi we sabyrly bolmagy öwrenmek hem wajyp. Şeýle häsiýetler kynçylyklarda gaharlanmagyň deregine, özüňe erk etmäge we lapykeç bolanda umytly bolmaga kömek edýär. Ruhy taýdan berk mesihçi şahsy okuwynda ýagşy-ýamany saýgarmaga kömek edýän prinsipleri çuňňur öwrenýär. Şol sebäpli-de, onuň gelýän kararlaryndan ruhy taýdan berk mesihçidigi görünýär. Meselem, ol Hudaýyň Sözüne görä terbiýelenen ynsabyna gulak asýar. Ruhy taýdan berk mesihçi öz pikirini gögertmän, gaýtam, hemişe Ýehowanyň görkezmelerine we kada-kanunlaryna kiçigöwünlik bilen tabyn bolýar *. Şeýle-de ol hoş habary yhlasly wagyz edýär we dogan-uýalaryň arasynda agzybirligi saklaýar.

7 Ýehowanyň her bir gullukçysy näçe ýyldan bäri gulluk edýändigine garamazdan, özüne şeýle soragy berip biler: «Men Isanyň göreldesine eýermek we ruhy taýdan ösmek üçin ýene näme etmeli?»

«AGYR DAMAK KEMALA GELENLERE... BERILÝÄNDIR»

8. Isanyň Mukaddes Ýazgylary gowy bilýändigi nämeden görünýär?

8 Isa Mesih Hudaýyň Sözüni örän gowy bilýärdi. Ol 12 ýaşynda ybadathanada mugallymlar bilen Hudaýyň Sözi hakda gürrüň edýärdi. «Isany diňleýänleriň bary Onuň paýhasyna, berýän jogaplaryna haýran galýardylar» (Luka 2:46, 47). Ol özüne garşy çykan adamlara Mukaddes Ýazgylardan aýat aýdanda, hiç kim oňa söz gatyp bilmeýärdi (Mat. 22:41—46).

9. a) Ruhy taýdan ösmek isleýän mesihçiniň nähili endigi bolmaly? b) Biz Mukaddes Ýazgylary näme üçin öwrenmeli?

9 Isanyň göreldesine eýerip, ruhy taýdan berkemäge jan edýän mesihçi Mukaddes Ýazgylaryň esasy taglymatlaryny öwrenmek bilen çäklenmeýär. Ol «agyr damagyň kemala gelenlere» berilýändigini bilýär we Mukaddes Ýazgylary çuňňur öwrenýär (Ýew. 5:14). Ruhy taýdan ösen mesihçi «Hudaýyň Ogluny tanamak» isleýär (Efes. 4:11). Siz Mukaddes Ýazgylary her gün okaýarsyňyzmy? Siz her hepde şahsy we maşgala okuwyny geçirýärsiňizmi? Siz Mukaddes Ýazgylary öwreneniňizde, Ýehowanyň garaýşyna we duýgusyna düşünmäge kömek edýän prinsipleri tapmaga çalyşyň. Eger siz şol prinsiplere görä karara gelseňiz, Ýehowa bilen dostlugyňyzy berkidip bilersiňiz.

10. Ruhy taýdan ösen mesihçiler Hudaýyň maslahatyna we kada-kanunlaryna nähili garamaly?

10 Ruhy taýdan ösen mesihçi diňe bir bilim almagyň ýeterlik däldigine düşünip, Hudaýyň maslahatyny we kada-kanunlaryny çuňňur söýmegi öwrenýär. Şonda mesihçi özüniň däl-de, Ýehowanyň islegine görä ýaşap, öňki garaýşyny we edim-gylymyny «egninden çykarmaga» tagalla edýär. Ol «çyn dogrulyk hem mukaddeslikde Hudaýyň meňzeşliginde döredilen» mesihi häsiýetleri ösdürýär (Efesliler 4:22—24-nji aýatlary okaň). Bilşimiz ýaly, Hudaý Mukaddes Ýazgylary öz ruhy arkaly ýazdyrtdy. Şol sebäpli mesihçi Hudaýyň Sözüni çuňňur özleşdirmeli we ondaky kada-kanunlaryna bolan söýgüsini artdyrmaly. Şonda ol mukaddes ruhuň kömegi bilen ýüregini we garaýşyny özgerdip, ruhy taýdan berkäp biler.

AGZYBIR BOLUŇ

11. Isa ýer ýüzünde ýaşanda nähili ýagdaýlara duş geldi?

11 Isa kämil bolsa-da, bikämil adamlaryň arasynda önüp-ösdi. Ony bikämil ata-enesi terbiýeledi we ol bikämil dogan-uýalary bilen ýaşady. Hatda Isanyň iň ýakyn ýoldaşlary bolan resullar hem şöhratparazlyk we tekepbirlik ruhunyň täsirine düşdüler. Meselem, Isanyň ölmeziniň öň ýanyndaky gijesi resullar öz «aralarynda haýsysynyň uly saýylmalydygy barada çekişme turuzdylar» (Luka 22:24). Emma Isa resullaryň bikämilligine garamazdan, agzybir bolup, ruhy taýdan berkejekdigine umyt edýärdi. Şol sebäpli Isa şol gije resullarynyň agzybir bolmagy üçin gökdäki Atasyna şeýle doga etdi: «Olaryň hemmesi bir bolsun. Ata, Seniň Mende, Meniňde Sende bolşum ýaly, olar-da bizde bolsun... biziň bir bolşumyz ýaly, olar-da bir bolsun» (Ýahýa 17:21, 22).

12, 13. a) Mesihçiler nähili maksat goýýarlar? b) Bir dogan agzybirligi saklamak üçin näme etdi?

12 Ruhy taýdan ösen Ýehowanyň gullukçysy ýygnagyň agzybirligine goşant goşýar (Efesliler 4:1—6, 15, 16-njy aýatlary okaň). Hudaýyň halky biri-biri «bilen baglanyp birikmegi» we eginme-egin işleşmegi maksat edinýär. Hudaýyň Sözünde agzybirligi saklamak üçin kiçigöwünli bolmagyň wajypdygy aýdylýar. Ruhy taýdan ösen, kiçigöwünli dogan-uýalar ähli ýagdaýlarda, hatda başgalaryň kemçiliklerini görenlerinde-de, agzybirligi saklamaga jan edýärler. Siz dogan-uýalaryň bikämilligine nähili garaýarsyňyz? Siziň göwnüňize degenlerinde näme edýärsiňiz? Siz olar bilen gepleşmekden gaça durýarsyňyzmy? Ýa-da siz olar bilen dostlugyňyzy berkitmäge jan edýärsiňizmi? Elbetde, ruhy taýdan berk mesihçiler göçme manyda öz aralarynda diwar däl-de, köpri gurýarlar, ýagny agzalylygy döretmegiň deregine, agzybirligi dikeldýärler.

13 Geliň, Uwe dogan bilen bolan waka seredeliň. Ol öň imandaşlarynyň kemçiliklerini görende, ruhdan düşýärdi. Şonda ol Hudaýyň Sözünden we «Mukaddes Ýazgylara düşünmek» atly kitap arkaly Dawudyň başdan geçiren wakalaryny okaýar. Ol näme üçin Dawut patyşa barada gyzyklanýar? Uwe şeýle gürrüň berýär: «Dawut Hudaýyň käbir gullukçylarynyň kanuna görä ýaşamaýandygyny görýärdi. Meselem, Şawul patyşa Dawudyň janyna kast etmek isledi, käbirleri Dawudy daşlap öldürjek boldular, hatda aýaly-da onuň üstünden güldi (1 Şam. 19:9—11; 30:1—6; 2 Şam. 6:14—22). Emma Dawut Ýehowa bolan söýgüsiniň sowamagyna hiç bir zada ýol bermedi. Menem Dawut ýaly rehimdar bolmaga çalyşýaryn we imandaşlarymyň kemçiliklerine dogry garaýyşda bolmagy öwrenmek üçin şahsy okuwy geçirýärin. Men indi öýke-kine etmän, agzybirligi saklamak üçin tagalla edýärin». Sizem agzybir ýaşamaga jan edýärsiňizmi?

HUDAÝYŇ ISLEGINI BERJAÝ EDÝÄNLER BILEN DOSTLAŞYŇ

14. Isa nähili adamlar bilen dostlaşýardy?

14 Isa Mesih adamlar bilen gowy gatnaşyk saklaýardy. Şol sebäpli erkek adamlar, aýallar, garrylar, ýaşlar, hatda çagalaram Isanyň ýanynda özlerini arkaýyn duýýardylar. Emma Isa dostlaryny örän ünsli saýlaýardy. Ol wepaly şägirtlerine: «Meniň özüňize buýranymy berjaý etseňiz, Maňa dostsuňyz» diýdi (Ýahýa 15:14). Isa Ýehowa wepaly gulluk edýän we öz yzyna eýerýän adamlar bilen dostlaşýardy. Sizem Ýehowa ak ýürekden gulluk edýänler bilen dostlaşýarsyňyzmy? Bu näme üçin wajyp?

15. Ýaşlar näme üçin ruhy taýdan ösen mesihçiler bilen dostlaşmaly?

15 Gök-önümleriň gowy bişmegi üçin Günüň şöhlesiniň gerek bolşy ýaly, dogan-uýalaryň bildirýän söýgüsi hem ruhy taýdan ösmäge kömek edýär. Ýaşlar, siz durmuşa gadam basyp, ýörejek ýoluňyzy saýlamaly bolýarsyňyz. Siz tejribeli we ýygnagyň agzybirligine goşant goşýan dogan-uýalar bilen dostlaşsaňyz gowy bolar. Sebäbi olar Hudaýa wepaly galmak üçin ençeme kynçylyklara döz gelip, durmuşyň ajysyny hem süýjüsini dadandyrlar. Şonuň üçin olar durmuşda iň gowy ýoly saýlamaga ýardam berip bilerler. Şeýle dogan-uýalar bilen dostlaşsaň, olar paýhasly karara gelmäge we ruhy taýdan ösmäge kömek edip bilerler (Ýewreýler 5:14-i okaň).

16. Dogan-uýalar ýaş uýa nädip kömek etdiler?

16 Geliň, indi Helga uýa bilen bolan waka seredeliň. Ol synpdaşlarynyň soňky okuw ýylynda ýokary bilim alyp, gazançly iş tapmagy maksat edinendiklerini ýatlaýar. Helga uýa mesihçi dostlarynyň beren kömegi barada şeýle gürrüň berýär: «Dostlarymyň köpüsi menden has uludylar we maňa gowy maslahat berdiler. Olar meni doly wagtly gulluk etmäge höweslendirdiler we men bäş ýyllap pioner bolup gulluk etdim. Häzir men ýaşlyk ýyllarymy Ýehowa bagyş edendigime örän begenýärin. Men gelen kararyma hiç hili ökünmeýärin».

17, 18. Biz nädip Ýehowa has yhlasly gulluk edip bileris?

17 Biz Isanyň göreldesine eýermäge jan etsek, ruhy taýdan berk bolarys we Ýehowa ýakynlaşyp, Oňa has köp gulluk edip bileris. Eger mesihçi ruhy taýdan össe, ol Ýehowa iň gowy zadyny berip biler. Isa resullaryna: «Siziň yşygyňyz adamlaryň öňünde şeýle parlasyn welin, olar gowy işleriňizi görüp, gökdäki Ataňyzy şöhratlandyrsynlar» diýdi (Mat. 5:16).

18 Ruhy taýdan berk mesihçiniň ynsaby dogry işleri etmäge we ýygnagyň agzybirligine goşant goşmaga höweslendirýär. Biziň ynsabymyz paýhasly karara gelmäge nädip kömek edýär? Biz imandaşlarymyzyň gelýän kararlaryna nähili garaýarys? Bu soraglaryň jogabyna indiki makalada bileris.

^ abzas 6 Meselem, garry, tejribeli doganlardan ýerine ýetirýän borçlaryny ýaş doganlara bermegi we olar bilen tejribesini paýlaşmagy haýyş edip bilerler.