Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

«Imanda berk duruň!»

«Imanda berk duruň!»

«Imanda berk duruň... gujurly boluň!» 1 KOR. 16:13

AÝDYMLAR: 11, 26

1. a) Petrus bilen nähili waka boldy? (Makalanyň başyndaky surata serediň). b) Petrus näme üçin gark boldy?

GIJE Jelile kölünde güýçli gaý turdy. Petrus resul we beýleki şägirtler bar güýçleri bilen gaýygy kürekläp barýardylar. Birdenkä olaryň gözleri Isa düşdi. Ol kölüň ýüzünden ýöräp barýardy. Şonda Petrus Halypasy Isadan suwuň ýüzünden ýöräp ýanyna barmaga rugsat sorady. Isa ony ýanyna çagyrdy. Petrus gaýykdan düşüp, möwç urýan tolkunlardan ýöräp ugranda, birdenkä gark bolup başlady. Näme üçin? Petrus daş-töwereginde turýan apy-tupany görüp gorkdy we batly ses bilen gygyryp, Isany kömege çagyrdy. Isa oňa derrew elini uzadyp: «Eý az imanly adam, näme üçin şübhelendiň?» diýdi (Mat. 14:24—32).

2. Biz nähili soraglaryň jogabyny bileris?

2 Geliň, Petrus bilen bolan wakanyň üç aýratynlygyna seredeliň: 1. Petrus Allatagalanyň goldawyna iman edendigini nädip görkezdi? 2. Onuň imany näme üçin gowşady? 3. Petrusa imanyny berkitmäge näme kömek etdi? Geliň, bu soraglaryň jogabyny bileliň. Sebäbi olar bize «imanda berk durmaga» kömek eder (1 Kor. 16:13).

HUDAÝYŇ GOLDAJAKDYGYNA IMAN EDIŇ

3. Petrus näme üçin gaýykdan düşdi we biz şuňa meňzeş näme etdik?

3 Isa Petrusy ýanyna çagyranda, ol gaýykdan düşüp, suwuň ýüzünden ýöräp başlady. Näme üçin? Sebäbi Petrusyň berk imany bardy. Ol Hudaýyň Isany goldaýşy ýaly, özüni hem goldajakdygyna ynanýardy. Şonuň ýaly-da, Isa bizi öz yzyna eýermäge çagyrdy. Biz hem Ýehowa özümizi bagyş edip, suwda çokundyryldyk. Näme üçin? Sebäbi biz Ýehowa bilen Isa iman edýäris we olaryň bizi goldajakdygyna ynanýarys (Ýahýa 14:1; 1 Petrus 2:21-i okaň).

4, 5. Näme üçin imana gymmatly hazyna diýse bolar?

4 Iman — gymmatly hazyna. Petrus iman bilen ynsanyň başaryp bilmejek zadyny etdi, ýagny ol suwuň ýüzünden ýöredi. Iman bize-de mümkin däl ýaly bolup görünýän zady başarmaga kömek edýär (Mat. 21:21, 22). Mysal üçin, mesihçileriň köpüsi garaýşyny we durmuşyny düýpgöter özgertdiler welin, hatda öňki dost-ýarlary olary tanamadylar. Ýehowa biziň iman bilen edýän tagallalarymyza ak pata berýär (Koloseliler 3:5—10-njy aýatlary okaň). Biz berk iman bilen Ýehowa özümizi bagyş edýäris we Onuň bilen dostlaşýarys. Bu dostlugy ynsan öz güýji bilen gazanyp bilmeýär (Efes. 2:8).

5 Iman bize ganym duşmanymyz Şeýtanyň hüjümine garşy durmaga güýç-kuwwat berýär (Efes. 6:16). Biz hemişe Ýehowa bil baglap, kynçylyklarda çendenaşa gaýga batyp, ruhdan düşmeýäris. Biz iman edip, Patyşalygy birinji orunda goýsak, Ýehowanyň aladamyzy etjekdigine şübhelenmeris (Mat. 6:30—34). Biz iman bilen hiç bir ynsanyň gazanyp bilmejek ebedi ýaşaýşyny miras alarys (Ýahýa 3:16).

NAZARYŇYZY SYLAGA DIKIP, IMANYŇYZY BERKIDIŇ

6, 7. a) Tupany we tolkunlary nämä meňzetse bolar? b) Biz näme üçin imanymyz gowşamaz diýip pikir etmeli däl?

6 Petrus resul suwuň ýüzünden ýöräp başlanda, tupandyr tolkunlar möwç urýardy. Olary Hudaýa özümizi bagyş edenimizden soňra duş gelýän synaglara we erbet höweslere meňzetse bolar. Emma biz synaglarda Ýehowanyň goldawy bilen berk durup bileris. Mukaddes Ýazgylarda Petrusyň harasat ýa-da tolkun sebäpli däl-de, «ýeliň güýjüni görüp gorkandygy» we gark bolandygy aýdylýar (Mat. 14:30). Ol nazaryny Isadan sowanda, imany gowşady. Eger bizem «ýeliň güýjüne» üns bersek, Ýehowanyň goldawyna şübhelenip, gark bolup bileris.

7 Mukaddes Ýazgylaryň aýtmagyna görä, «aňsatlyk bilen bürän günäler» sebäpli imanymyzyň gowşamagy mümkin. Şonuň üçin biz imanymyz gowşamaz diýip pikir etmek nädogry bolardy (Ýew. 12:1). Petrus bilen bolan wakadan görnüşi ýaly, nazarymyzy kynçylyklarymyza diksek, biziňem imanymyz gowşar. Bize imanymyzy barlamaga näme kömek eder? Geliň, käbir soraglar arkaly özümizi barlap göreliň.

8. Hudaýyň wadalaryna bolan imanymyz nädip gowşap biler?

8 Men häzirem Hudaýyň wadalaryna berk iman edýärinmi? Meselem, Allatagala Şeýtanyň dünýäsini ýok etmegi wada berdi. Biz imanymyzy gowşadýan dynç alyşlara gyzygýarysmy? Dynç almagyň käbir görnüşleri zalym dünýäniň soňunyň golaýdygyna şübhe döredýär (Hab. 2:3). Geliň, ýene bir mysala seredeliň. Ýehowa biziň günälerimizi bagyşlamak üçin töleg gurbanyny berdi. Muňa garamazdan, biz öňki eden ýalňyşlarymyz sebäpli ruhdan düşsek, Ýehowanyň günälerimizi «öçürýändigine» şübhelenip başlarys (Res. iş. 3:19). Netijede, Hudaýa şatlyk bilen gulluk etmegiň deregine, wagyz etmegimizi bes ederis.

9. Biz öz peýdamyzy gözlesek näme bolar?

9 Men häzirem Allatagala yhlasly gulluk edýärinmi? Pawlus resul «umydymyzdan doly arkaýyn bolmagymyz üçin... soňuna çenli» Ýehowa yhasly gulluk etmelidigimizi aýtdy. Emma biz öz peýdamyzy gözlesek näme bolar? Meselem, biz köp gazanç etmek üçin ruhy zatlara päsgel berýän işe girsek näme? Şonda kem-kemden imanymyz gowşar we Ýehowa köpräk gulluk etmäge mümkinçiligimiz bolsa-da, «ýaltanyp», her hili bahana gözläp başlarys (Ýew. 6:10—12).

10. Adamlary bagyşlamak bilen Ýehowa bolan imanymyzy nädip görkezýäris?

10 Maňa göwnüme degen adamy bagyşlamak kyn bolýarmy? Belki-de, göwnümize degenlerinde öz duýgularymyza çendenaşa üns berip, adamyň ýüzüni alýandyrys ýa-da onuň bilen hiç hili gepleşýän däldiris. Emma biz ony bagyşlasak, Ýehowa iman edýändigimizi görkezeris. Nädip? Biz günä edenimizde Hudaýa bergidar bolşumyz ýaly, göwnümize degen adam hem bize bergidar bolýar (Luka 11:4). Biz adamlary bagyşlasak, Ýehowa bil baglaýandygymyzy we adamlar bilen haklaşmakdan Hudaýyň berýän bereketlerini gymmat saýýandygymyzy görkezeris. Isanyň şägirtleri adamlary bagyşlamak üçin berk imanyň gerekdigine düşünýärdiler. Isa gaýta-gaýta günä eden adamlary hem bagyşlamalydygyny aýtdy. Şonda şägirtler: «Biziň imanymyzy köpelt!» diýip, oňa ýalbardylar (Luka 17:1—5).

11. Mukaddes Ýazgylaryň esasynda berlen maslahata eýermäge näme päsgel berer?

11 Maňa Mukaddes Ýazgylaryň esasynda maslahat berenlerinde gaharym gelýärmi? Käte bize maslahat berlende, onuň peýdasy hakda oýlanman, maslahaty bereni ýagzaryp, onuň aýdanlaryndan ýalňyşlyk tapjak bolýarys (Sül. tym. 19:20). Eger biz şeýle etsek, Ýehowanyň garaýşyna eýerip bilmeris.

12. Jogapkärli borçlary ýerine ýetirýän doganlardan hemişe nägile bolýan adam barada näme diýse bolar?

12 Men jogapkär doganlardan nägile bolýarynmy? Imany gowşak on sany içalynyň habaryny eşiden mähelle Musa bilen Haruna nägilelik bildirdi. Şonda Ýehowa Musa: «Haçana çenli bular Maňa ynanmakdan boýun towlajakkalar?» diýdi (San. 14:2—4, 11). Ysraýyllylar Hudaýyň ýolbaşçy edip bellän Musa bilen Harundan zeýrenip, Ýehowa iman etmeýändigini görkezdi. Bizem Allatagalanyň jogapkärli borçlara bellän doganlardan hemişe nägile bolsak, imanymyz gowşamazmy näme?!

13. Imanymyzyň gowşandygyny bilsek näme üçin ruhdan düşmeli däl?

13 Siz ýokarda agzalan soraglaryň kömegi bilen imanyňyzyň gowşandygyny bilseňiz ruhdan düşmäň. Ýadyňyzda bolsa, Petrus resul hem gorkudan ýaňa şübhelenipdi. Isa hem käte resullaryna «imany azlar» diýýärdi (Mat. 16:8). Biz Petrus resul bilen bolan wakadan wajyp sapak edinip bilýäris. Geliň, onuň şübhelenip, suwda gark bolandan soň näme edendigini bileliň.

NAZARYŇYZY ISA DIKIP, IMANYŇYZY BERKIDIŇ

14, 15. a) Petrus suwda gark bolup başlanda näme etdi? b) Isa nazarymyzy «dikmek» üçin näme edip bileris?

14 Petrus resul suwda ökdelik bilen ýüzüp bilýärdi. Şol sebäpli ol suwuň astyna gidip başlanda, derrew gaýyga tarap ýüzüp bilerdi (Ýahýa 21:7). Emma Petrus özüne bil baglamagyň deregine, nazaryny Isa dikip, ondan kömek sorady. Biz imanymyzyň gowşandygyny bilenimizde, Petrusdan görelde alyp bileris. Nädip?

15 Petrus ýaly bizem «gözümizi imanymyzyň Öňbaşçysy, Kämilleşdirijisi Isa dikmeli» (Ýewreýler 12:2, 3-nji aýatlary okaň). Elbetde, biz göni manyda Isany görüp bilmeýäris, emma Isa «gözümizi... dikmek» we imanymyzy berkitmek üçin, onuň taglymatlaryny we eden işlerini öwrenip, göreldesine eýermeli. Isa bize nähili görelde galdyrdy?

Biz nazarymyzy Isa dikip, onuň yzyna eýersek imanda berk durarys (15-nji abzasa serediň)

16. Mukaddes Ýazgylar nädip imanymyzy berkidýär?

16 Mukaddes Ýazgylaryň ynama mynasypdygyna berk iman ediň. Isa Mukaddes Ýazgylaryň Hudaýyň ylhamlanan Sözüdigini we iň gowy görkezme berýändigini bilýärdi (Ýahýa 17:17). Biz Isanyň göreldesine eýerip, Mukaddes Ýazgylary her gün okamaly, çuňňur özleşdirmeli we bilen zatlarymyz barada oýlanmaly. Şeýle-de biz soraglarymyzyň jogabyny tapmak üçin şahsy okuwyny geçirmeli. Meselem, siz soňky günlerde ýaşaýandygyňyza doly ynanýarsyňyzmy? Siz soňky günler baradaky pygamberlikleri çuňňur öwrenip, imanyňyzy berkidip bilersiňiz. Siz gelejekde ýerine ýetjek pygamberliklere ynanýarsyňyzmy? Imanyňyz berkär ýaly Mukaddes Ýazgylardaky amala aşan pygamberlikler barada öwreniň. Siz Mukaddes Ýazgylaryň peýdalydygyna ynanýarsyňyzmy? Siz Hudaýyň Sözüne eýerip, durmuşyny özgerden dogan-uýalar hakda okanyňyzda imanyňyzy berkidip bilersiňiz * (1 Sel. 2:13).

17. Isa agyr synaglara nädip döz geldi we biz ondan nädip görelde alyp bileris?

17 Nazaryňyzy Ýehowanyň bereketlerine dikiň. Isa nazaryny «öňünde goýlan begenje» dikip, agyr synaglara döz geldi (Ýew. 12:2). Ol bu dünýäniň hödürleýän zatlaryna hiç hili gyzmaýardy (Mat. 4:8—10). Siz Isadan görelde alyp, Ýehowanyň ajaýyp wadalary barada oýlanyň we özüňizi täze dünýäde göz öňüne getiriň. Şeýle-de etjek işleriňizi ýazyp ýa-da olaryň suratyny çekip bilersiňiz. Siz direlmegine garaşýan adamlaryňyzyň atlarynyň we olar bilen gürrüň etjek zatlaryňyzyň sanawyny ýazyp bilersiňiz. Siz Hudaýyň wadalaryny bütin adamzada däl-de, özüňize degişli edip janlandyryň.

18. Biz doga edip imanymyzy nädip berkidip bileris?

18 Berk iman barada doga ediň. Isa şägirtlerine Ýehowadan mukaddes ruhy dilemelidigini öwretdi (Luka 11:9, 13). Sizem şägirtleriň göreldesine eýerip, mukaddes ruhuň miwesi bolan berk iman barada doga edip bilersiňiz. Şonda ähli kynçylyklaryňyzy ýekän-ýekän aýdyň. Meselem, size adamlary bagyşlamak kyn düşýän bolsa, onda geçirimli bolmaga we imanyňyzy berkitmäge Ýehowadan güýç soraň.

19. Biz kimler bilen dostlaşmaly?

19 Imany berk adamlar bilen dostlaşyň. Isa gatnaşýan adamlaryny, esasan-da, ýakyn dostlaryny, ýagny resullaryny paýhasly saýlaýardy. Olar maslahata gulak asyp, imanda berkdigini we wepalydygyny görkezdiler (Ýahýa 15:14, 15-nji aýatlary okaň). Siz hem Isanyň tabşyryklaryna gulak asýan we imany berk adamlar bilen dostlaşyň. Gowy dostlar açyk gürrüňdeşlik edýärler we biri-birine maslahat berenlerinde öýke-kine etmeýärler (Sül. tym. 27:9).

20. Adamlara imanyny berkitmäge kömek etmegiň bize nähili peýdasy bar?

20 Adamlara imanyny berkitmäge kömek ediň. Isa sözde we iş ýüzünde şägirtleriniň imanyny berkidýärdi (Mar. 11:20—24). Biz Isadan görelde alyp, dogan-uýalaryň imanyny birkitmäge kömek etsek, öz imanymyzy hem berkideris (Sül. tym. 11:25). Biz wagyz edenimizde we Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirenimizde, Allatagalanyň bardygyna, biziň aladamyzy edýändigine, Mukaddes Ýazgylaryň Hudaýyň ylhamlanan Sözüdigine subutnamalar getirsek gowy bolar. Şeýle-de biz dogan-uýalaryň imanyny berkitmäge kömek etmeli. Eger siz käbir dogan-uýalaryň jogapkärli borçlary ýerine ýetirýän doganlardan nägile bolup, olaryň aýdýanlaryna şübhelenýändigini görseňiz, şeýle dogan-uýalardan çetde durmagyň deregine, olara howpdan goranmaga we imanyny berkitmäge kömek ediň (Ýahuda 22, 23). Mekdepde ewolýusiýa taglymatyny öwredenlerinde, siz ýaradylyşa iman edýändigiňizi mertlik bilen gürrüň beriň. Şonda siz mugallymyňyza we synpdaşlaryňyza nähili täsir edýändigini görüp, haýran galsaňyz gerek.

21. Ýehowa bize nämäni wada berýär?

21 Ýehowa Isa arkaly Petrus resula gorkusyny we şübhesini ýeňmäge kömek etdi. Wagtyň geçmegi bilen, Petrusyň özi hem mesihçilere imanda berk durmaga ajaýyp görelde galdyrdy. Ýehowa bize-de imanymyzy berkitmäge kömek edýär (1 Petrus 5:9, 10-njy aýatlary okaň). Bizem imanda berk durmaga tagalla etsek, Ýehowa bol bereket berer.

^ abzas 16 Meselem, «Garawul diňindäki» «Mukaddes Ýazgylar durmuşyňy özgertmäge kömek edýär» (rus.) atly makalalara seredip bilersiňiz.