Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Siz «goňşyňyzy özüňiz ýaly söýýärmisiňiz»?

Siz «goňşyňyzy özüňiz ýaly söýýärmisiňiz»?

«Goňşyňy özüň ýaly söý». MAT. 22:39

AÝDYMLAR: 23, 14

1, 2. Mukaddes Ýazgylarda söýginiň wajyplygy nädip görkezilýär?

SÖÝGI Ýehowa Hudaýyň esasy häsiýetidir (1 Ýahýa 4:16). Ýehowanyň ilkinji ýaradan Ogly Isa Mesih gökde milliardlarça ýyl Atasy bilen bile ýaşap, Hudaýyň söýgüden doly ýollaryny öwrendi (Kol. 1:15). Isa bütin ömrüne, şol sanda ýer ýüzünde ýaşanda-da Ýehowanyň söýgüden doly Hudaýdygyna düşünýändigini görkezdi we onuň söýgüsinden nusga edindi. Şol sebäpli biz Ýehowanyň hem-de Isanyň elmydama söýgi bilen höküm sürjekdigine ynamly bolup bileris.

2 Isadan Hudaýyň kanunynda iň wajyp tabşyrygyň nämedigini soranlarynda, ol: «„Hudaýyň Rebbi bütin ýüregiň, bütin janyň, bütin düşünjäň bilen söý“. Şu birinji we iň uly tabşyrykdyr. Ikinji hem şonuň ýaly: „Goňşyňy özüň ýaly söý“» diýdi (Mat. 22:37—39).

3. Biziň «goňşymyz» kim?

3 Üns beren bolsaňyz, Isa goňşymyza bolan söýgini diňe Ýehowany söýmekden aşak tutdy. Bu ýakynlarymyza söýgi bildirmegiň örän wajypdygyny görkezýär. Emma biziň «goňşymyz» kim? Eger biz durmuş guran bolsak, onda iň ýakyn goňşymyz biziň ýanýoldaşymyzdyr. Mesihçiler ýygnagyndaky imandaşlarymyz hem bize ýakyn adamlar bolýar. Şeýle-de wagyz gullugynda duşýan adamlarymyz biziň goňşymyz hasaplanýar. Eýsem, Ýehowa sežde edýän we onuň Oglunyň öwredenlerine eýerýän adamlar ýakynyna nädip söýgi bildirmeli?

ÝANÝOLDAŞYŇYZA SÖÝGI BILDIRIŇ

4. Adamlaryň bikämilligine garamazdan, maşgalany nädip bagtly edip bolýar?

4 Ýehowa Adam ata we How enäni ýaradyp, olary birikdirmek bilen, ilkinji maşgalany döretdi. Hudaý olaryň agzybir we bagtly ýaşamagyny hem-de bütin ýer ýüzüni nesillerinden doldurmagyny isledi (Gel. çyk. 1:27, 28). Emma Ýehowanyň hökümdarlygyna garşy turan pitne sebäpli, ilkinji ynsan maşgalasyna zyýan ýetip, adamlaryň ählisine günä we ölüm geçdi (Rim. 5:12). Muňa garamazdan, Mukaddes Ýazgylarda maşgalany nädip bagtly edip bolýandygy aýdylýar. Hudaýyň Sözünde bu babatda iň gowy maslahatlar berilýär, sebäbi olary maşgalany döreden Ýehowa ýazdyrdy (2 Timoteos 3:16, 17-nji aýatlary okaň).

5. Maşgalada söýginiň nähili ähmiýeti bar?

5 Hudaýyň Sözünde adamlar bilen ýakyn gatnaşyk saklamak üçin söýgi bildirmegiň, ýagny ysnyşykly gatnaşyp, birek-birege doly wepaly bolmagyň wajypdygy nygtalýar. Bu maşgala gatnaşyklarynda-da örän möhümdir. Pawlus resul mesihçilere şeýle sözleri ýazdy: «Söýgi sabyrlydyr, şepagatlydyr, söýgi göripçilik edýän däldir, söýgi öwünip, tekepbirlik edýän däldir. Biabraýçylykly iş edýän däldir, öz nepini gözleýän däldir, gaharlanýan däldir, içinde hylt saklaýan däldir. Adalatsyzlyga şatlanman, hakykata şatlanýandyr. Her zada döz gelýändir, her zada ynanýandyr, her zada umyt baglaýandyr, her zada çydaýandyr. Söýgi asla tükenmez» (1 Kor. 13:4—8). Hudaýyň ylhamy bilen ýazylan şeýle sözler barada oýlanyp, durmuşda ulanmak maşgalanyň has bagtly bolmagyna ýardam edýär.

Hudaýyň Sözünde maşgalany nädip bagtly edip bolýandygy aýdylýar (6, 7-nji abzaslara serediň)

6, 7. a) Mukaddes Ýazgylarda baştutanlyk etmek babatda näme aýdylýar? b) Mesihçi är aýaly bilen özüni nähili alyp barmaly?

6 Hudaýyň goýan düzgünine görä, ähli zatda baştutanlyk prinsipiniň bardygy üçin, söýgi bildirmek has-da wajypdyr. Pawlus resul muny şeýle düşündirdi: «Siziň muny-da bilmegiňizi isleýärin: her erkegiň baýary Mesih, aýalyň baýary erkek, Mesihiň baýary hem Hudaýdyr» (1 Kor. 11:3). Emma baştutanlyk etmek biriniň üstünden agalyk etmegi aňlatmaýar. Mysal üçin, Ýehowa Isa Mesihiň üstünden söýgi we mähir bilen baştutanlyk edýär, Isa-da oňa tabyn bolýar. Isa Hudaýyň söýgi bilen baştutanlyk edýändigini gymmat saýyp: «Men Atamy söýýärin» diýdi (Ýahýa 14:31). Eger Ýehowa Oglunyň üstünden agalyk edip, özüni gödek alyp baran bolsa, Isanyň öz Atasyna şeýle duýgusy bolmazdy.

7 Erkek adam maşgalada baştutanlyk etse-de, Mukaddes Ýazgylarda onuň öz aýalyny sylamalydygy aýdylýar (1 Pet. 3:7). Ärler aýalynyň zerurlyklaryny göz öňünde tutup, käbir meselelerde onuň islegine görä karara gelmek bilen, ony sylaýandygyny görkezip biler. Hudaýyň Sözünde: «Eý ärler, Mesihiň imanlylar ýygnagyny söýşi ýaly, siz hem aýalyňyzy söýüň» diýilýär (Efes. 5:25). Hawa, Isa şägirtleri üçin öz janyny hem gurban etdi. Eger erkek adam Isadan görelde alyp, söýgi bilen baştutanlyk etse, onda aýala ärini söýüp, hormat goýmak we tabyn bolmak aňsat bolýar (Titus 2:3—5-nji aýatlary okaň).

IMANDAŞLARYŇYZY SÖÝÜŇ

8. Ýehowanyň gullukçylary imandaşlaryna nähili garaýyşda bolmaly?

8 Ýer ýüzünde ýaşaýan millionlarça adamlar Ýehowa sežde edip, onuň ady we niýetleri barada şaýatlyk edýärler. Ýehowanyň gullukçylary imandaşlaryna nähili garaýyşda bolmaly? Hudaýyň Sözünde: «Hemmelere, ylaýta-da, imanlylar içerisine ýagşylyk edeliň» diýilýär (Gal. 6:10; Rimliler 12:10-y okaň). Petrus resul hem imandaşlaryna şeýle ýazdy: «Ruh arkaly hakykata boýun bolmak bilen, janlaryňyzy hilesiz dogan söýgüsi üçin tämizläniňizden soň, birek-biregi ýürekden yhlas bilen söýüň. Her zatdan öň birek-birege bolan söýgiňiz joşgunly bolsun» (1 Pet. 1:22; 4:8).

9, 10. Hudaýyň halky näme üçin agzybir ýaşaýar?

9 Ýehowa gulluk edýän imandaşlarymyzy ýürekden söýýändigimiz üçin, biziň üýtgeşik bütindünýä guramamyz bar. Şeýle-de Ýehowany söýüp, kanunlaryna gulak asýandygymyz sebäpli, Hudaý bizi Älemde iň ýokary güýç, ýagny hereketdäki güýji bolan mukaddes ruhy arkaly goldaýar. Bu bize halkara doganlygymyz bilen agzybir ýaşamaga kömek edýär (1 Ýahýa 4:20, 21-nji aýatlary okaň).

10 Pawlus resul mesihçileriň biri-birini söýmelidigini nygtap: «Rehimdarlyk ýüregini, ýagşylygy, kiçigöwünliligi, ýumşaklygy we sabry geýniň... Bularyň hemmesiniň üstünden-de kämil birligiň bagy bolan söýgini geýiň» diýip ýazdy (Kol. 3:12, 14). Şeýle-de ol: «Biri-biriňize mähriban, gamhor boluň, Hudaýyň sizi Mesihde bagyşlaýşy ýaly, siz hem biri-biriňizi bagyşlaň» diýdi (Efes. 4:32). Hawa, milletimize we tire-taýpamyza garamazdan, biziň aramyzda «kämil birligiň bagy» bolan söýginiň höküm sürýändigine diýseň begenýäris!

11. Ýehowanyň guramasyndaky söýgi we agzybirlik nämäni görkezýär?

11 Ýehowanyň gullukçylarynyň arasyndaky hakyky söýgi we agzybirlik olaryň dogry ýoldan ýöreýändigini subut edýär. Isa: «Biri-biriňize söýgiňiz bolsa, siziň Meniň şägirdimdigiňizi hemmeler biler» diýdi (Ýahýa 13:34, 35). Ýahýa resul hem şeýle ýazdy: «Hudaýyň balalary bilen iblisiň balalary şundan bellidir: dogrulygy ýerine ýetirmeýän, doganyny söýmeýän adam Hudaýdan däldir. Çünki siziň ozal-başdan eşiden habaryňyz şudur: biri-birimizi söýeliň» (1 Ýahýa 3:10, 11). Ýehowanyň guramasyndaky deňi-taýy bolmadyk agzybirlik we söýgi Ýehowanyň Şaýatlarynyň Isa Mesihiň hakyky şägirtleridigini hem-de Patyşalyk baradaky hoş habaryň bütin ýer ýüzünde wagyz edilmegi üçin, Hudaýyň olary ulanýandygyny görkezýär (Mat. 24:14).

«ULY MÄREKE» ÝYGNALÝAR

12, 13. Şu günler «uly märeke» näme edýär we olara näme garaşýar?

12 Ýehowanyň gullukçylarynyň köpüsi «her milletden, her taýpadan, her halkdan we her dilden bolan... uly märekä» degişli. Olar «(Hudaýyň) tagtynyň hem Guzynyň (Isa Mesihiň) öňünde durlar». Aslynda, bu adamlar kim? «Bular şol agyr muşakgatdan çykyp gelenler. Bular donlaryny Guzynyň gany bilen ýuwup, çuw ak etdiler», sebäbi Isanyň töleg gurbanyna iman edýändiklerini görkezdiler. Şu günler sany barha artýan «uly märekäniň» agzalary Ýehowany we onuň Ogluny söýüp, Hudaýa «gije-gündiz hyzmat edýärler» (Ylh. 7:9, 14, 15).

13 Tizden Hudaý agyr muşakgatda bu zalym dünýäni ýok eder (Mat. 24:21; Ýermeýa 25:32, 33-nji aýatlary okaň *). Emma Ýehowa gullukçylaryny söýýändigi üçin, olaryň ählisini halas edip, Jennete geçirer. Iki müň ýyl mundan ozal aýdylyşy ýaly, Hudaý «olaryň gözlerinden ähli ýaşlaryny süpürer. Indi ne ölüm, ne ýas, ne agy, ne-de agyry bolar». Siz hem «öňki zatlar aradan aýrylansoň», Jennetde ýaşamak isleýärmisiňiz? (Ylh. 21:4).

14. Uly märekäniň sany näçä ýetdi?

14 1914-nji ýylda soňky günler başlanda, ýer ýüzünde Ýehowanyň bary-ýogy birnäçe müň gullukçysy bardy. Mesh edilen mesihçileriň az sanly galyndysy ýakynyny söýýändigi üçin, Hudaýyň mukaddes ruhunyň goldawy bilen yhlasly wagyz etdiler. Şu günler ýer ýüzünde ýaşamaga umyt edýän uly märeke ýygnalýar. Häzir bütin dünýäde 115 müň 400-den gowrak ýygnak bar we Ýehowanyň Şaýatlarynyň sany takmynan 8 milliona ýetdi. Biziň sanymyz gitdigiçe köpelýär. Mysal üçin, 2014-nji gulluk ýylynda 275 müň 500-den gowrak adam Ýehowanyň Şaýady bolup, ortaça her hepde 5 müň 300-e golaý adam suwda çokundyryldy.

15. Wagyz işi nähili depginde alnyp barylýar?

15 Wagyz işiniň möçberi diýseň haýran galdyrýar. Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlarymyz 700-den gowrak dile terjime edilýär. «Garawul diňi» dünýäde iň giňden ýaýradylýan žurnal bolup, her aý onuň 52 milliondan gowragy 247 dilde çap edilýär. «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» atly kitabymyzyň 200 milliondan gowragy 250-den hem köp dilde çykaryldy.

16. Ýehowanyň halky näme üçin ruhy taýdan gülläp ösýär?

16 Biz Ýehowa iman edýändigimiz we Hudaýyň gudraty bilen ylhamlanyp ýazylan Sözüni, ýagny Mukaddes Ýazgylary ýürekden kabul edýändigimiz üçin, ruhy taýdan has-da ösýäris (1 Sel. 2:13). «Bu dünýäniň taňrysy» Şeýtan ýigrenç bilen garşylyk görkezse-de, Ýehowanyň halkynyň ruhy taýdan gülläp ösmegi örän täsin! (2 Kor. 4:4).

ADAMLARA HEMIŞE SÖÝGI BILDIRIŇ

17, 18. Hudaýyň gullukçylary iman etmeýän adamlara nähili garamaly?

17 Ýehowanyň gullukçylary hak Hudaýa sežde etmeýän adamlara nähili garamaly? Wagyz edenimizde adamlaryň käbiri gowy diňlese, käbirleri garşylyk görkezýär. Emma adamlaryň nähili seslenýändigine garamazdan, Hudaýyň gullukçylarynyň özüni nähili alyp barmalydygy barada Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Her kime nähili jogap bermelidigini biler ýaly, sözüňiz duz bilen tagamly edilip, ýakymly bolsun» (Kol. 4:6). Biz ýakynymyzy söýýändigimiz üçin, umydymyz hakda sorag beren her kese hemişe «ýumşaklyk, saýhallylyk bilen» jogap berýäris (1 Pet. 3:15, 16).

18 Adamlar bizi kemsidip, wagyz edýän habarymyza gahar bilen garşy çyksalar-da, biz ýakynymyzy söýýändigimizi görkezýäris. Biz «sögülende sögmän, görgi görende gorky salman, Özüni adyl höküm çykarýan Hudaýa tabşyran» Isadan görelde alýarys (1 Pet. 2:23). Biz nirede bolsak-da: imandaşlarymyzyň we başga adamlaryň ýanynda-da kiçigöwünli bolup, «ýamanlyga ýamanlyk, sögünje sögünç bilen gaýtargy bermän, tersine, haýyr-doga ediň» diýen maslahata eýerýäris (1 Pet. 3:8, 9).

19. Isa duşmanlarymyz babatda nähili tabşyryk berdi?

19 Ýehowanyň halky kiçigöwünli bolmak bilen, Isanyň beren wajyp tabşyrygyna eýerýär. Ol Dagdaky wagzynda şeýle sözleri aýtdy: «Siz: „Goňşyňy söý, duşmanyňy ýigren“ diýlenini hem eşidensiňiz. Men welin size diýýärin, göklerdäki Ataňyzyň ogullary bolar ýaly, duşmanlaryňyzy söýüň... sizi yzarlaýanlar üçin doga ediň. Çünki göklerdäki Ataňyz Gününi ýamanlaryň hem, ýagşylaryň hem üstüne dogurýar, ýagmyryny dogrularyň hem, egrileriň hem üstüne ýagdyrýar» (Mat. 5:43—45). Hawa, duşmanlarymyz bize nähili garaýyşda bolsa-da, biz Hudaýyň gullukçylary hökmünde olary söýmeli.

20. Täze dünýäde adamlaryň ählisi näme üçin Hudaýa we ýakynyna söýgi bildirer? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

20 Ýehowanyň gullukçylary garaýşy we edýän işleri bilen Ýehowany hem-de ýakynyny söýýändigini durmuşynyň ähli pudagynda görkezmeli. Käbir adamlar Patyşalyk baradaky hoş habary kabul etmese-de, biz olary kömege mätäç bolanlarynda goldap, ýakynymyzy söýýändigimizi görkezýäris. Pawlus resul şeýle ýazdy: «Biri-biriňizi söýmekden başga hiç kime bergili bolmaň; sebäbi kim başgany söýýän bolsa, kanuny berjaý edýändir. Çünki: „Zyna etme, adam öldürme, ogrulyk etme, ýalan güwälik berme, açgöz bolma“ we ýene-de buýruk bar bolsa, ol hem şu sözde jemlenendir: „Goňşyňy özüň ýaly söý“. Söýgi goňşa hiç hili ýamanlyk etmez. Söýgi kanunyň berjaý edilişidir» (Rim. 13:8—10). Şeýtanyň goly astyndaky azgynlykdan, dawa-jenjelden we zorluk-sütemden doly dünýäde biz Ýehowanyň Şaýatlary hökmünde hakyky söýgi bildirýäris (1 Ýahýa 5:19). Şeýtan we onuň jynlary hem-de erbet adamlar ýok edilensoň, ähli ýerde diňe söýgi höküm sürer. Ýer ýüzüniň ýaşaýjylarynyň hemmesi Hudaýy we ýakynyny söýse, gör, nähili ajaýyp bolar!

^ abzas 13 Ýermeýa 25:32 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ine, bela milletden-millete ýaýraýar, ýeriň aňry ujundan uly harasat gopar». 33 Ol gün Rebbiň öldürenleri ýeriň bir ujundan beýleki ujuna ýeter. Olar üçin ýas tutulmaz, ýygnalyp jaýlanylmaz. Olar zir-zibil ýaly çaşyp ýatarlar.