Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Çagalaryňyza Ýehowa gulluk etmegi öwrediň

Çagalaryňyza Ýehowa gulluk etmegi öwrediň

«Goý, bize iberilen Hudaýyň adamy... bizden doguljak çaga näme etmelidigimizi öwretsin». SER. 13:8

AÝDYMLAR: 19, 9

1. Manowa özüniň ata boljakdygy baradaky habara nähili garady?

BIR aýal howsala düşüp, ýanýoldaşyna üýtgeşik täzelikleri aýdýar. Olaryň çagasy bolmaýardy, emma bu aýala Ýehowanyň perişdesi görünýär. Ine, asla bolmajak ýaly görnen zat hakykata öwrülýär: Manowanyň aýaly çaga garaşýar! Elbetde, Manowa muňa diýseň begenýär, emma ol gerdenine uly jogapkärçiligiň ýüklenendigine düşünýär. Eýsem, azgyn adamlaryň arasynda ýaşaýan bu är-aýal ogluna gowy terbiýe berip, Hudaýa gulluk etmegi öwredip bilermikä? Manowa Ýehowa ýalbaryp: «Goý, bize iberilen Hudaýyň adamy (perişdesi) ýanymyza ýene-de gelsin hem-de bizden doguljak çaga näme etmelidigimizi öwretsin» diýýär (Ser. 13:1—8).

2. Çaga terbiýesine nämeler degişli? (Şeýle-de « Siziň iň wajyp Mukaddes Ýazgylar okuwyňyz» diýen çarçuwa serediň).

2 Eger sizem ene-ata bolsaňyz, Manowanyň ýalbaryşyna gowy düşünýänsiňiz, sebäbi siziň uly jogapkärçiligiňiz bar. Siz çagaňyza Ýehowany tanamaga hem-de söýmäge kömek etmeli (Sül. tym. 1:8). Şol sebäpli köp ene-atalar yzygiderli maşgala okuwyny geçirýär. Emma Mukaddes Ýazgylardaky hakykatlary çagaňyzyň aňyna ornaşdyrmak üçin, her hepde maşgala okuwyny geçirmek ýeterlikli däl (Kanun taglymaty 6:6—9-njy aýatlary okaň) *. Onda siz çagaňyza hakykaty öwretmek borjuňyzy nädip ýerine ýetirip bilersiňiz? Biz şu we indiki makalada ene-atalaryň Isanyň göreldesine nädip eýerip bilýändigi barada gürrüň ederis. Isa ata bolmasa-da, ene-atalar onuň şägirtlerine söýgi, kiçigöwünlilik hem-de paýhaslylyk bilen tälim berişinden köp zatlary öwrenip biler. Geliň, şol häsiýetleriň hersine aýratynlykda seredeliň.

ÇAGALARYŇYZY SÖÝÜŇ

3. Isa şägirtlerine nädip söýgi bildirdi?

3 Isa şägirtlerini söýýändigini aýtmaga ýaýdanmaýardy (Ýahýa 15:9-y okaň). Ol köplenç wagtyny şägirtleri bilen bile geçirip, olary söýýändigini görkezýärdi (Mar. 6:31, 32; Ýahýa 2:2; 21:12, 13). Isa diňe wagyz etmek bilen başagaý bolup, olary ünsden düşürmeýärdi. Şol sebäpli şägirtler Isanyň olary söýýändigine şübhelenmeýärdiler. Siz Isanyň şägirtlerine tälim berişinden näme öwrenip bilersiňiz?

4. Siz çagalaryňyzy söýýändigiňizi nädip görkezip bilersiňiz? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

4 Sizem çagalaryňyzy söýýändigiňizi aýdyp, olary hemişe gymmat saýýandygyňyzy görkeziň (Mat. 3:17; Titus 2:4). Awstraliýada ýaşaýan Samuil şeýle diýýär: «Men çagakam, her gün agşam kakam maňa „Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar“ kitabyny okap berýärdi. Ol meniň soraglaryma jogap berýärdi we ýatmazymdan öň meni gujaklap, ogşaýardy. Soňra men kakamyň önüp-ösen maşgalasynda oňa şeýle mähiriň siňdirilmändigini bilenimde gaty haýran galdym. Emma ol hemişe maňa söýgi bildirmäge jan edýärdi. Şeýdip, biz bir-birimize has-da ýakynlaşdyk. Men özümi diýseň rahat hem-de bagtly duýýaryn». Eger sizem çagalaryňyzy söýýändigiňizi ýygy-ýygydan aýtsaňyz, olara özüni şeýle duýmaga kömek edip bilersiňiz. Çagalaryňyz bilen gürleşip, oýnap ýa-da nahar edinip, olara söýgiňizi bildiriň.

5, 6. a) Isa söýýän adamlary üçin näme edýär? b) Dogry terbiýe çagalara özüniň söýülýändigini duýmaga we ynamly bolmaga nädip kömek edýär? Düşündiriň.

5 Isa: «Men söýýänlerimiň hemmesine käýäp, terbiýe berýändirin» diýdi * (Ylh. 3:19). Şägirtler aralarynda kimiň uludygy barada gaýta-gaýta jedelleşseler-de, Isa olar hiç wagt düzelmez diýip pikir etmedi. Şeýle-de olar Isanyň maslahatyna eýermänlerinde, ol muňa sowuk-sala garamady. Isa amatly wagtda we ýerde olara söýgi hem-de mähir bilen käýinç berdi (Mar. 9:33—37).

6 Çagalaryňyza terbiýe berip, olary söýýändigiňizi görkeziň. Käwagt nämedir bir zadyň dogrudygyny ýa-da nädogrudygyny düşündirmek ýeterlik bolýar. Käbir ýagdaýlarda bolsa, çaga siziň aýdýan zatlaryňyza gulak asmazlygy mümkin (Sül. tym. 22:15). Şonda Isanyň göreldesine eýeriň. Ýerlikli wagtda hem-de ýerde çagalaryňyza sabyrlylyk bilen görkezme we düzediş berip öwrediň. Olara söýgi hem-de mähir bilen terbiýe beriň. Günorta Afrikada ýaşaýan Eleýn atly uýa şeýle diýýär: «Ejem bilen kakam maňa terbiýe berenlerinde durnuksyz hereket etmeýärdiler. Olar özümi nädogry alyp barsam, näme boljakdygyny duýdursalar, hemişe şony hem edýärdiler. Emma olar hiç haçan gahar bilen ýa-da sebäbini düşündirmän temmi bermeýärdiler. Şol sebäpli men özümi ynamly duýýaryn. Men öz çägimi bilýärin we menden näme talap edilýändigine düşünýärin».

KIÇIGÖWÜNLI BOLUŇ

7, 8. a) Isa doga edende kiçigöwünlidigini nädip görkezdi? b) Çagalaryňyz nädip siziň edýän dogalaryňyzdan Ýehowa bil baglamagy öwrenip biler?

7 Şägirtler Isanyň ölmeziniň öň ýanynda: «Abba, Ata, Seniň üçin hemme zat mümkin. Bu käsäni Menden geçir; ýöne Meniň islegim däl, Seniň islegiň bolsun» diýen dogasyny eşidenlerinde ýa-da bu barada bilenlerinde, olaryň özüni nähili duýandygyny göz öňüne getiriň * (Mar. 14:36). Şägirtler Isanyň bu ýalbarma sözlerinden bir wajyp zady öwrendiler: eger Hudaýyň kämil Ogly Ýehowa doga edip, kiçigöwünlilik bilen kömek soran bolsa, onda olar hem şeýle etmelidi.

8 Çagalaryňyz siziň edýän dogalaryňyzdan näme öwrenýärler? Dogry, siz diňe çagalaryňyza öwretmek barada doga etmeýärsiňiz. Emma çagalaryňyzyň ýanynda kiçigöwünlilik bilen doga edeniňizde, olar Ýehowa bil baglamagy öwrenýär. Braziliýada ýaşaýan Ana uýa şeýle diýýär: «Babam ýa mamam kesellände, ýa-da başga kynçylyklar bolanda, ejem bilen kakam bu ýagdaýa döz gelip, dogry karara gelmek üçin, Ýehowadan güýç we akyldarlyk soraýardy. Olar has agyr ýagdaýlarda-da bar aladasyny Ýehowa tabşyrýardy. Şeýdip, menem Ýehowa bil baglamagy öwrendim». Çagalaryňyz bilen doga edeniňizde, diňe olar barada dileg etmän, Ýehowanyň size-de kömek etmegini soraň. Belki-de, Ýehowanyň size kongrese gatnaşmak üçin başlygyňyzdan rugsat soramaga kömek etmegini, goňşyňyza wagyz etmek üçin batyrgaýlyk bermegini ýa-da başga-da ýagdaýlarda goldamagyny diläp bilersiňiz. Kiçigöwünlilik bilen Hudaýa bil baglaň, şonda çagalaryňyzam şeýle etmegi öwrener.

9. a) Isa şägirtleriniň başgalara kiçigöwünlilik bilen hyzmat etmelidigini nädip öwretdi? b) Siz başgalara höwes bilen hyzmat etseňiz çagalaryňyz näme öwrener?

9 Isa aýdýan sözleri hem-de göreldesi bilen şägirtleriniň başgalara kiçigöwünlilik bilen hyzmat etmelidigini görkezdi (Luka 22:27-ni okaň). Ol resullaryna imandaşlary bilen gatnaşanlarynda hem-de Ýehowa gulluk edenlerinde janaýamaz bolmalydygyny öwretdi. Sizem kiçigöwünli we janaýamaz bolup, çagalaryňyza şeýle etmegi öwredip bilersiňiz. Iki çagaly Debi uýa şeýle diýýär: «Men ýanýoldaşymyň ýaşuly hökmünde başgalara wagt sarp edýändigine hiç haçan gaharlanmaýaryn. Sebäbi maşgalamyza üns bermeli bolanda, onuň hökman goldajakdygyny bilýärin» (1 Tim. 3:4, 5). Bu uýamyzyň ýanýoldaşy Pranas oňa goşulyp: «Wagtyň geçmegi bilen, biziň çagalarymyz kongreslere we Hudaýyň guramasyndaky beýleki çärelere gatnaşmak islediler. Olar ruhy taýdan ösdüler, dost tapyndylar we özleriniň söýülýändigini duýýarlar» diýýär. Häzir bu maşgalanyň ähli agzalary Ýehowa doly wagtly gulluk edýär. Eger siz hem kiçigöwünli bolup, janaýamazlyk bilen gulluk etseňiz, çagalaryňyz başgalara hyzmat etmegi öwrener.

PAÝHASLY BOLUŇ

10. Märeke Isany görmäge gelende, ol paýhaslydygyny nädip görkezdi?

10 Isa düşgürlik bilen adamlaryň nämedir bir zady näme üçin edýändigini aňşyryp, paýhaslydygyny görkezdi. Bir gezek Jelilede Isany diňlän köp adamlaryň, göräýmäge, onuň yzyna eýermäge güýçli islegi bar ýalydy (Ýahýa 6:22—24). Emma ýürekleri bilýän Isa şol adamlaryň onuň öwredýän zatlary bilen gyzyklanman, esasan, öz garynlaryny doýurmagyň aladasyny edýändigine düşünýärdi (Ýahýa 2:25). Ol munuň nädogrudygyny bilip, sabyrlylyk bilen düzediş berdi we olaryň nädip gowulanyp biljekdigini düşündirdi (Ýahýa 6:25—27-nji aýatlary okaň).

Çagaňyz wagyz gullugyny gyzykly we peýdaly hasaplaýarmy? (11-nji abzasa serediň)

11. a) Paýhasly bolmak size çagaňyzyň wagyz gullugyna garaýşyny bilmäge nädip kömek edýär? Mysal getiriň. b) Siz nädip wagyz gullugyny çagaňyz üçin has gyzykly we peýdaly edip bilersiňiz?

11 Siz ýürekleri bilmeseňiz-de, paýhasly bolup, çagaňyzyň wagyz gullugyna nähili garaýandygyna göz ýetirip bilersiňiz. Köp ene-atalar çagalary bilen wagza çykanlarynda, olaryň biraz dynç almagy hem-de garbanmagy üçin gysgajyk arakesme edýärler. Emma siz düşgür bolup: «Çagam wagyz etmegi gowy görýärmi ýa-da diňe dynç almagy?» diýip oýlanyp bilersiňiz. Eger wagyz gullugynyň çagaňyz üçin has gyzykly we peýdaly bolmalydygyna göz ýetirseňiz, bu babatda käbir maksatlary goýsaňyz gowy bolar. Çagaňyza wagyz gullugyna doly gatnaşmaga kömek etmek üçin ugurtapyjylyk bilen dürli usullary ulanyň.

12. a) Isa şägirtleriniň ahlak taýdan arassa galmagy üçin paýhaslylyk bilen nähili duýduryş berdi? b) Isanyň duýduryşy näme üçin wagtynda berildi diýse bolar?

12 Isa günä eltýän nädogry hereketler barada duýduryp, paýhaslydygyny görkezdi. Mysal üçin, onuň şägirtleri ahlaksyzlygyň günädigine düşünýärdiler. Emma Isa olary ahlaksyzlyga eltýän hereketler barada duýduryp: «Bir aýala azgyn nebis bilen bakan adam öz ýüreginde eýýäm onuň bilen zyna edendir. Sag gözüň seniň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony oýup çykar-da taşla» diýdi (Mat. 5:27—29). Bu sözler Rim hökümdarlygy astynda ýaşaýan mesihçilere tüýs wagtynda aýdylypdy. Bir taryhçynyň aýtmagyna görä, Rim teatrlarynyň oýunlarynda diňe azgynçylyk görkezilýärdi we «has wejera sahnalara şowhunly el çarpýardylar». Isanyň öz şägirtlerini ahlaksyzlyk etmäge iterjek zatlar barada söýgi bilen duýdurmagy, gör, nähili paýhasly!

13, 14. Siz çagalaryňyzy ýaramaz dynç alyşdan nädip gorap bilersiňiz?

13 Siz paýhasly bolup, çagalaryňyzy ruhy taýdan gorap bilersiňiz. Şu günler has ýaş çagalar hem pornografiýanyň we başga-da ahlaksyz zatlaryň duzagyna düşýärler. Elbetde, mesihçi ene-atalar çagalaryna ýaramaz dynç alşyň erbetdigini aýdýarlar. Muňa garamazdan, paýhaslylyk size çagaňyzyň pornografiýa görmäge nädip isleginiň döräp biljekdigine düşünmäge kömek eder. Siz özüňize şeýle soraglary beriň: «Çagamy pornografiýa görmäge näme iterip biler? Ol munuň örän howpludygyna düşünýärmi? Eger pornografiýa görmäge höwes dörese, ol meniň ýanyma çekinmän gelip, kömek sorap bilermi?» Çagaňyz gaty ýaş bolsa-da siz oňa: «Eger ahlaksyz saýta gözüň düşüp, ony görmäge höwes dörese, meniň ýanyma gelip aýt, bolýarmy?! Sen utanmagyn, sebäbi men saňa kömek etmek isleýärin» diýip bilersiňiz.

14 Paýhaslylyk size öz dynç alşyňyzy hem seresaply saýlamaga kömek eder. Ýokarda agzalan Pranas dogan şeýle diýýär: «Eger ene-atalar aýdym-saz, kinofilmler ýa-da kitaplar babatda käbir özgerişikleri etseler, bu tutuş maşgala täsir edýär. Siz çagalaryňyza köp zatlar barada ençeme gezek düşündirip bilersiňiz, emma olar siziň edýän işleriňize seredip, sizden görelde alýarlar». Eger çagalaryňyz dynç alşy ünsli saýlaýandygyňyzy görseler, onda olar hem şeýle ederler (Rim. 2:21—24).

HAK HUDAÝ SIZI EŞIDER

15, 16. a) Çagalaryňyzy terbiýelemäge Hudaýyň kömek etjekdigine näme üçin ynamly bolup bilersiňiz? b) Indiki makalada näme barada gürrüň ederis?

15 Manowa ogluny terbiýelemek babatda Hudaýdan kömek soranda näme boldy? «Hudaý Manowanyň sesini eşitdi» (Ser. 13:9). Ene-atalar, Ýehowa sizi hem hökman eşider. Ol siziň dogalaryňyza jogap berip, çagalaryňyzy kemala getirmäge kömek eder. Siz çagalaryňyza söýgi, kiçigöwünlilik hem-de paýhaslylyk bilen terbiýe bermekde has-da ökdeleşersiňiz.

16 Ýehowa has ýaş çagalaryny terbiýeleýän ene-atalara kömek edişi ýaly, ýetginjek çagalaryny terbiýeleýänleri hem goldap bilýär. Biz indiki makalada ýetginjek çagalaryňyza Ýehowa gulluk etmegi öwredeniňizde, Isanyň söýgi, kiçigöwünlilik hem-de paýhaslylyk häsiýetlerine nädip eýerip biljekdigiňize serederis.

^ abzas 2 Kanun taglymaty 6:6 Meniň bu günki buýurýan şu sözlerimi ýüregiňizde saklaň. 7 Bulary çagalaryňa hem öwret, öýde-de, ýolda-da, ýatanyňda-turanyňda-da şular hakda söz sözlegin. 8 Olary bellik hökmünde eliňe dak, maňlaýyňa nyşan edip belle. 9 Olary jaýyňyň gapylarynyň söýelerine we derwezelerine ýazyp goý.

^ abzas 5 Mukaddes Ýazgylara görä, terbiýe bermek söýgi bilen görkezme, tälim, düzediş, käte bolsa temmi bermegi aňladýar, emma muny gahar bilen etmeli däl.

^ abzas 7 Bir ensiklopediýada şeýle diýilýär: «Isanyň günlerinde „abba“ diýen söz, esasan, gepleşik dilinde ulanylyp, çagalaryň öz kakasyna hormat hem-de mähir bilen ýüzlenip aýdýan sözüdi».