Ýetginjek çagalaryňyza Ýehowa gulluk etmegi öwrediň
«Isa akyldarlykda, boýda ösüp, Hudaýyň hem adamlaryň mährini gazanýardy». LUKA 2:52
AÝDYMLAR: 27, 7
1, 2. a) Ene-atalaryň köpüsi çagalary ýetginjeklik ýaşyna ýetende näme barada biynjalyklanýar? b) Ýetginjeklik döwri mesihçi ýaşlar nädip ruhy taýdan ösüp biler?
ÇAGASYNYŇ suwda çokundyrylýandygyny görmek ýaly zatlar mesihçi ene-atalara köp şatlyk getirýär. Dört çagasy hem 14 ýaşyna ýetmänkä suwda çokundyrylan Berenika uýa şeýle diýýär: «Bu biziň üçin örän tolgundyryjy boldy. Elbetde, biz çagalarymyzyň Ýehowa gulluk etmek isleýändigine diýseň begendik. Emma ýetginjek çagalarymyzyň köp kynçylyklara duş geljekdigini bilýärdik». Eger siziňem ýetginjek ýa-da bu ýaşa ýetip barýan çagaňyz bar bolsa, onda Berenis uýanyň ýagdaýyna gowy düşünýänsiňiz.
2 Çaganyň ösüşini öwrenýän bir alym ýetginjeklik döwrüniň ene-atalara-da, ýetginjekleriň özüne-de kynçylyk döredip bilýändigine düşünip, şeýle diýýär: «Ýetginjeklik aň-düşünjesizlik ýa-da ýetişenlik derejä ýetilmedik döwür däl. Bu duýgy taýdan berkemegiň, durnukly häsiýete eýe bolmagyň hem-de döredijilik ukyplaryny ösdürmegiň wagtydyr». Siziň ýetginjek çagalaryňyz Ýehowa bilen dostlugyny berkitmäge hem-de Hudaýa gulluk etmek babatda käbir maksatlary goýup, olara ýetmäge jan edip biler. Şeýle-de özüni Hudaýa bagyş edip, şoňa görä ýaşamaga dyrjaşyp biler. Belki-de, Luka 2:52-ni okaň). Eýsem, çagaňyzyň durmuşyndaky şeýle aýgytlaýjy ýyllarda siz ene-ata hökmünde ony nädip goldap bilersiňiz? Geliň, ýetişen adam bolansoň, Isanyň söýgi, kiçigöwünlilik hem-de paýhaslylyk häsiýetlerini nädip görkezendigine seredeliň. Bu häsiýetler ýetginjek çagalaryňyza Ýehowa gulluk etmegi öwredeniňizde size nädip kömek edip biler?
olar ýaşlyk döwrüni ruhy taýdan ösmäge amatly wagt hasaplar. Isa-da ýaşlygynda şeýle edipdi (ÝETGINJEK ÇAGALARYŇYZY SÖÝÜŇ
3. Isa resullaryna näme üçin dostlarym diýdi?
3 Isa söýgüden doly hem-de wepaly dostdy (Ýahýa 15:15-i okaň). Gadymy döwürde hojaýyn gullary bilen öz pikirini we duýgusyny paýlaşmaýardy. Emma Isa wepaly resullaryna hem hojaýyn, hem dost boldy. Ol şägirtleri bilen wagtyny bile geçirýärdi, öz duýgusyny paýlaşýardy we olar oňa ýüregini dökende ünsli diňleýärdi (Mar. 6:30—32). Şeýle ysnyşykly gatnaşyk Isa bilen resullaryň dostlugyny has-da berkitdi we olary Hudaýa gulluk etmekde aljak jogapkärçiliklerine taýýarlady.
4. Siz ene-atalyk ygtyýaryňyzy ýitirmän, çagalaryňyz bilen nädip dostlaşyp bilersiňiz? (Makalanyň başyndaky surata serediň).
4 Iki çaganyň atasy Maýkl dogan: «Biz ene-ata hökmünde çagalarymyzyň deň-duşlary bolup bilmesek-de, dostlary bolup bilýäris» diýýär. Dostlar wagtyny bile geçirýär. Siz hem çagalaryňyz bilen has köpräk wagt geçirip biler ýaly, Ýehowa doga edip, işleriňizi azaltmak barada oýlansaňyz gowy bolar. Şeýle-de dostlaryň umumy gyzyklanýan zatlary bolýar. Şol sebäpli ýetginjek çagaňyzyň gyzyklanýan zatlary, meselem, gowy görýän aýdym-sazy, kinofilmi ýa-da sporty bilen gyzyklanjak boluň. Italiýada ýaşaýan Ilariýa şeýle diýýär: «Ejem bilen kakam meniň diňleýän aýdymym bilen gyzyklandylar. Şeýdip, kakam meniň iň ýakyn dostum boldy. Men onuň bilen islendik zat barada arkaýyn gepleşip bilýärin». Eger siz ýetginjek çagaňyz bilen dostlaşyp, oňa Ýehowa bilen dostlugyny berkitmäge kömek etseňiz, ene-atalyk ygtyýaryňyzy elden gidirdigiňiz bolmaýar (Sül. tym. 3:32). Gaýtam, siz çagalaryňyzy söýýändigiňizi we olara hormat goýýandygyňyzy görkezýärsiňiz. Şonda olar siziň ýanyňyza çekinmän gelip, biynjalyklanýan zatlary barada gürrüň berip bilýärler.
5. Isa şägirtlerine Ýehowa gulluk etmekden şatlyk tapmaga nädip kömek etdi?
5 Isa gowy görýän şägirtleriniň we dostlarynyň Ýehowa gulluk etmekden şatlyk tapmagy üçin, ruhy işlere yhlasly gatnaşmagyny isleýärdi. Hawa, Isa olaryň yhlasly wagyz edip, şägirt taýýarlamagyny isleýärdi. Ol bu işde şägirtlerini goldajakdygyna söýgi bilen ynandyrdy (Mat. 28:19, 20).
6, 7. Ene-atalar çagalaryna ruhy işlere yzygiderli gatnaşmaga kömek etmek bilen näme üçin söýgi bildirýär diýse bolar?
6 Siz ýetginjek çagalaryňyzyň ruhy taýdan berk bolmagyny isleýärsiňiz. Ýehowa hem siziň olary Hudaýyň «terbiýe hem öwüdi bilen ulaltmagyňyzy» isleýär (Efes. 6:4). Şol sebäpli Hudaýyň beren bu jogapkärçiligini ýerine ýetirip, maşgalaňyzy ruhy taýdan berkitmek üçin tagalla ediň. Mysal üçin, siz çagalaryňyzyň bilimli bolmagynyň wajypdygyna düşünip, olaryň bilim almagyny isleýärsiňiz we okuwa höwesini artdyrmaga jan edýärsiňiz. Şonuň ýaly-da, söýgüden doly ene-atalar çagalarynyň ýygnak duşuşyklaryna we başga-da ruhy çärelere gatnaşyp, Hudaýyň berýän öwüt-nesihatlaryny almagyny isleýär. Siz Hudaýyň berýän täliminiň wajypdygyna düşünip, çagalaryňyzyň ruhy işlere söýgüsini artdyrmaga çalyşýarsyňyz hem-de olara akyldarlygy gymmat saýmagy öwredýärsiňiz (Sül. tym. 24:14). Isanyň öz şägirtlerine kömek edişi ýaly, siz hem ýetginjek çagalaryňyza Hudaýyň Sözündäki taglymatlary söýmäge we wagyz gullugyna yzygiderli gatnaşmaga kömek edip, olaryň has ökdelik bilen wagyz etmegine ýardam edýärsiňiz.
7 Ruhy işlere yzygiderli gatnaşmak ýetginjeklere nähili täsir edýär? Günorta Afrikada ýaşaýan Erin uýa şeýle diýýär: «Biz çagakak, Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmek, ýygnak duşuşyklaryna gitmek we wagza çykmak ýaly zatlary köplenç nägilelik bildirip, göwünli-göwünsiz edýärdik. Käwagt biz maşgala okuwymyzy geçirtmejek bolup, ony bilgeşleýin bölýärdik. Emma ene-atamyz ýan berer ýaly däldi. Şeýle tälim maňa tutanýerli bolmagy öwretdi. Häzir meniň ruhy işlerim bir sebäp bilen bölünse, men ony derrew düzetmek isleýärin. Eger ejem bilen kakam ruhy işlere şeýle çynlakaý garamadyk bolsa, onda menem olary gymmat saýmazdym. Olar bu zatlara ünssüz sereden bolsa, men ýygnak duşuşyklaryna ýa-da başga-da ruhy işlere sowuk-sala garardym».
KIÇIGÖWÜNLI BOLUP, GOWY GÖRELDE GÖRKEZIŇ
8. a) Isa mümkinçiliginiň çäklidigine düşünýändigini nädip görkezdi? b) Isanyň kiçigöwünliligi şägirtlerine nähili täsir etdi?
8 Isa kämil bolsa-da, mümkinçiliginiň çäklidigine düşünip, kiçigöwünlilik bilen Ýehowa bil baglady (Ýahýa 5:19-y okaň). Isanyň kiçigöwünli bolmagy şägirtleriniň oňa bolan hormatyny gaçyrdymy? Elbetde, ýok. Gaýtam, Isanyň Ýehowa bil baglaýandygyny görüp, şägirtleriniň oňa bolan ynamy has-da artdy. Soňra olar hem kiçigöwünli bolup, Isanyň göreldesine eýerdiler (Res. iş. 3:12, 13, 16).
9. Siz mümkinçiligiňiziň çäklidigine düşünip, ýalňyşyňyzy boýun alsaňyz, çagalaryňyza nähili täsir eder?
9 Isa ýaly kämil bolmandygymyz üçin, biziň mümkinçiliklerimiz has-da çäkli we gaty köp ýalňyşýarys. Şol sebäpli sizem mümkinçiligiňiziň çäklidigine düşünip, ýalňyşyňyzy kiçigöwünlilik bilen boýun alyň (1 Ýahýa 1:8). Aslynda, siziň başlygyňyz eden ýalňyşyny boýun alsa, oňa hormat goýýarsyňyzmy ýa-da ötünç soramasa? Eger ýetginjek çagaňyz ýalňyşyňyzy boýun alyp, ötünç soraýandygyňyzy görse, onuň size sylag-hormaty has-da artar. Şeýle-de ol öz ýalňyşlaryny hem boýun almagy öwrener. Üç çagany kemala getiren Rozmari uýa şeýle diýýär: «Biz ýalňyşymyzy boýun alýardyk. Şonuň üçin çagalarymyz kynçylyga düşenlerinde bize ýüregini dökýärdiler. Biz mümkinçiligimiziň çäklidigine düşünýärdik we çagalarymyzyň düşen ýagdaýyndan nädip baş alyp çykyp boljakdygyny aýdyp, kömege mätäç bolanlarynda, edebiýatlarymyzdan maslahat gözleýärdik hem-de olar bilen bile doga edýärdik».
10. Isa şägirtlerine tabşyryk berende kiçigöwünlidigini nädip görkezdi?
10 Isanyň öz şägirtlerine tabşyryk bermäge ygtyýary bardy. Muňa garamazdan, ol kiçigöwünlilik bilen bu tabşyryklary bermeginiň sebäbini düşündirdi. Mysal üçin, Isa şägirtlerine diňe bir Hudaýyň Patyşalygyny we Onuň dogrulygyny birinji orunda goýmalydygyny aýtmady. Ol: «Şonda bu zatlar hem size onuň üstüne goşulyp berler» diýdi. Şeýle-de ol: «Höküm çykarmaň» diýeninden soň, munuň sebäbini düşündirip: «Çünki nähili höküm çykarsaňyz, siziň-de üstüňizden şonuň ýaly höküm çykarylar» diýdi (Mat. 6:31—7:2).
11. Ýerlikli bolanda, ene-atalar çagalaryna gelýän kararynyň sebäbini düşündirse näme üçin paýhasly bolar?
11 Ýerlikli bolsa, çagalaryňyza gelen kararyňyzyň ýa-da goýan çägiňiziň sebäbini düşündiriň. Ýetginjek çagaňyz belli bir meselä siziň nähili garaýandygyňyza düşünse, size höwes bilen gulak asar. Dört çagaly Barri dogan şeýle diýýär: «Eger käbir zatlaryň sebäbini düşündirsek, ýetginjekleriň bize Zeb. 119:34). Eger siz gelýän kararlaryňyzyň sebäbini çagalaryňyza kiçigöwünlilik bilen aýtsaňyz, onda ýetginjekler olaryň uly adam bolup ýetişýändigine hem-de pikirlenmek ukyby bilen özleriniň karara gelip bilýändigine düşünýändigiňizi biler.
bolan ynamy artýar we olar biziň gelýän kararlarymyzyň esassyz ýa-da çendenaşa talap ediji däl-de, paýhaslydygyna göz ýetirýärler». Şeýle-de ýetginjekler pikirlenmek ukybyny ulansa, ýetişen adam hökmünde kemala gelip başlaýar. Barri dogan: «Ýetginjekler duýga esaslanyp däl-de, aň-düşünje bilen paýhasly karara gelmegi öwrenmeli» diýýär (ÝETGINJEK ÇAGALARYŇYZA DÜŞÜNMEK ÜÇIN PAÝHASLY BOLUŇ
12. Isa Petrusa kömek etmek üçin nädip paýhasly boldy?
12 Isa şägirtleriniň haýsy tarapdan kömege mätäçdigini bilmek üçin paýhasly bolýardy. Meselem, Petrus resul Isany özüne haýpy gelip, janyny ölümden gutarmaga höweslendirdi. Ol muny ýagşy niýet bilen aýdypdy. Emma Isa Petrusyň bu sözlerinden onuň nädogry garaýşynyň bardygyna düşündi. Isa Petrusa we beýleki şägirtlere kömek etmek üçin, gönümel maslahat berip, diňe öz bähbidiňi gözlemegiň erbet netije berýändigini aýtdy hem-de janaýamazlyk ruhuny bildirmegiň bereket getirýändigini belläp geçdi (Mat. 16:21—27). Petrus resul hem mundan sapak edindi (1 Pet. 2:20, 21).
13, 14. a) Çagaňyzyň imanynyň gowşaýandygyny nädip bilse bolar? b) Siz ogluňyzyň ýa-da gyzyňyzyň ýagdaýyna düşünip, kömek etmek üçin nädip paýhasly bolup bilersiňiz?
13 Siz hem paýhasly bolup, ýetginjek çagaňyzyň haýsy tarapdan kömege mätäçdigine düşünip biler ýaly, Ýehowa doga edip, kömek soraň (Zeb. 32:8). Siziň çagaňyzyň imanynyň gowşaýandygyny nädip bilse bolar? Belki-de, onuň keýpi ýokdur, dogan-uýalary tankytlaýandyr ýa-da siziň bilen açyk gürleşýän däldir. Emma siz bu zatlary görüp, çagaňyz ikiýüzli durmuş alyp barýandyr, hatda agyr günä edendir diýen netijä gelmäge howlukmaň *. Şol bir wagtyň özünde şeýle zatlara sowuk-sala hem garamaň we ýetginjek çagaňyzyň ýekesiremegine bolaýmaly zat ýaly seretmäň.
14 Isa ýaly sizem çagalaryňyza sylag-hormat we ýumşaklyk bilen sorag beriň. Süleýmanyň tymsallary 20:5-i okaň). Ýokarda agzalan Ilariýa uýa şeýle diýýär: «Ýetginjek wagtym men hakykatdan ýörejekdigimi ýa-da köp wagtymy klasdaşlarym bilen geçirjekdigimi bilmän, gaty biynjalyk bolýardym. Içimde bolup geçýän bu harasat zerarly meniň keýpim bozulýardy we ejem bilen kakam muňa üns berdiler. Bir gün agşam olar meniň soňky döwür ugrumyň ýokdugyny aýdyp, näme aladamyň bardygyny soradylar. Şonda men aglap, olara ýagdaýymy düşündirdim we kömek soradym. Olar meni gujaklap, ýagdaýyma düşünýändiklerini aýtdylar we kömek etjekdiklerini söz berdiler». Şondan soň Ilariýanyň ene-atasy derrew oňa ýygnakdan gowy dostlary tapynmaga kömek edip başlaýar.
Mysal üçin, guýudan suw alanymyzda, bedräni howlugyp çeksek, suwuň biraz dökülmegi mümkin. Şonuň ýaly-da, çagaňyza derrew garşy çyksaňyz, onuň pikirini we islegini bilmäge ajaýyp mümkinçiligiňizi elden gidirersiňiz (15. Isa başgalar bilen gatnaşanda paýhaslydygyny nädip görkezdi? Düşündiriň.
15 Isa şägirtleriniň gowşak hem-de güýçli taraplaryny görüp, paýhaslydygyny görkezdi. Meselem, Natanaýel atly bir adam Isanyň Nasyradan gelendigini eşidende: «Nasyradan bir oňly zat çykarmyka?» diýdi (Ýahýa 1:46). Siz bu sözleri aýdan Natanaýel barada nähili pikir ederdiňiz? Ony tankytçyl, tarapgöý ýa-da imany gowşak adam hasaplardyňyzmy? Emma Isa paýhasly bolup, Natanaýeliň gowy tarapyny gördi we oňa: «Ine, hilesiz, hakyky ysraýylly» diýdi (Ýahýa 1:47). Isa adamlaryň ýüreklerini görüp bilýärdi we bu ukybyny başgalaryň gowy tarapyny görmek üçin ulanýardy.
16. Siz ýetginjek çagalaryňyza gowy häsiýetleri ösdürmäge nädip kömek edip bilersiňiz?
16 Siz ýürekleri görüp bilmeseňiz-de, Hudaýyň kömegi bilen paýhasly bolup bilersiňiz. Siz bu başarnygyňyzy ýetginjek çagaňyzyň gowy tarapyny görmek üçin ulanarmysyňyz? Hiç kim özüne «başbozar» diýilmegini islemeýär. Şol sebäpli siz pikiriňizde-de, aýdýan sözleriňizde-de ogluňyza ýa gyzyňyza «bulagaýlyk edýän», ýa-da «mydama bir hokga çykarýan çaga» diýmäň. Siziň ýetginjek çagaňyz kynçylyga düşse, onuň dogrulyk etmäge jan edýändigini görýändigiňizi we ýagdaýyna düşünýändigiňizi görkeziň. Çagaňyzyň gowulyga tarap ädýän her bir ädimini görüp, öwgüli sözleri aýdyň. Şeýle-de gowy häsiýetleri ösdürip bilmegi üçin, oňa goşmaça ýumuşlary tabşyryň. Isa-da şägirtlerine şeýle edipdi. Natanaýeli (oňa Bartolomeus hem diýilýär) göreninden takmynan bir ýarym ýyl geçensoň, Isa ony resuly edip saýlady we Natanaýel yhlasly wagyzçy boldy (Luka 6:13, 14; Res. iş. 1:13, 14). Hawa, siziň aýdýan ruhlandyryjy hem-de öwgüli sözleriňiz çagalaryňyza özüni hiç zat başarmaýan däl-de, Ýehowanyň ulanyp biljek ukyply adamy ýaly duýmaga kömek eder.
ÇÄKSIZ ŞATLYK GETIRÝÄN TERBIÝE
17, 18. Çagalaryňyza Ýehowa gulluk etmegi öwretmek üçin erjellik bilen edýän tagallalaryňyz nähili netije berip biler?
17 Çagalaryňyzy terbiýeläp kemala getireniňizde, siz hem käte özüňizi köpleriň ruhy atasy bolan Pawlus resul ýaly duýmagyňyz mümkin. Ol Korintosdaky ruhy çagalaryny ýürekden söýýändigi üçin, «agyr muşakgat we ýürek gorkusyny» başdan geçirdi (2 Kor. 2:4; 1 Kor. 4:15). Iki ogluny we bir gyzyny terbiýelän Wiktor dogan şeýle diýýär: «Ýetginjeklik döwri aňsat bolmaýar. Emma gowy günler biziň duş gelen kynçylyklarymyza degýär. Ýehowanyň kömegi bilen, biz çagalarymyzyň ýakyn dosty bolduk».
18 Sizem çagalaryňyza Ýehowa gulluk etmegi öwretmek üçin güýjüňizi gaýgyrmaň. Çagalaryňyzy ýürekden söýýändigiňizi görkezseňiz, olaryň dogry ýoly saýlap, «hakykatda gezýän» ruhy çagalaryň hataryna goşulandygyny göreniňizde, şatlygyňyzyň çägi bolmaz (3 Ýahýa 4).
^ abzas 13 Ene-atalar «Ýaşlaryň sowallary. Peýdaly maslahatlar» (rus.) diýen kitapdan gözleg geçirip biler (I tom, sah. 317; II tom, sah. 136—141).