Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Hudaýyň «ajaýyp sowgadyna» minnetdar boluň

Hudaýyň «ajaýyp sowgadyna» minnetdar boluň

«Ajaýyp sowgady beren Hudaýa minnetdar bolalyň». 2 KOR. 9:15

AÝDYMLAR: 53, 18

1, 2. a) Hudaýyň «ajaýyp sowgady» diýlende näme göz öňünde tutulýar? b) Şu makalada haýsy soraglara serederis?

ÝEHOWA ýeke-täk Ogluny ýer ýüzüne iberip, bize bolan güýçli söýgüsini görkezdi (Ýah. 3:16; 1 Ýah. 4:9, 10). Pawlus resul muňa Hudaýyň «ajaýyp sowgady» diýdi (2 Kor. 9:15). Ol muňa näme üçin ajaýyp sowgat diýdikä?

2 Pawlus resul Hudaýyň ähli wadalaryny Mesihiň töleg gurbany arkaly ýerine ýetirjekdigini bilýärdi (2 Korinfliler 1:20-ni okaň). Diýmek, Hudaýyň «ajaýyp sowgady» diňe töleg gurbanyny däl-de, onuň bize gelejekde etjek ýagşylyklaryny we bildirjek söýgüsini aňladýar. Bu sowgat şeýle täsir edýär welin, muny söz bilen beýan edip bolmaýar. Hudaýyň şol sowgady bize nähili täsir edýär? Bu sowgat 2016-njy ýylyň 23-nji martynda geçiriljek Ýatlama agşamyna taýýarlyk görmäge nädip kömek eder?

HUDAÝYŇ AJAÝYP SOWGADY

3, 4. a) Size sowgat berenlerinde özüňizi nähili duýýarsyňyz? b) Siziň üçin biri janyndan geçse näme edersiňiz?

3 Size sowgat berenlerinde gaty begenýänsiňiz. Ýöne käbir sowgatlar has gymmatly bolýar we durmuşyňy düýbünden üýtgedýär. Aýdaly, jenaýat iş edendigiňiz üçin, size ölüm jezasy berilýär. Birdenkä märekäniň arasyndan bir nätanyş adam çykýar-da, size berlen jezany öz üstüne alýar. Ol siziň üçin janyny gurban etmäge taýyn bolýar! Onuň bu eden ýagşylygy size nähili täsir ederdi?

4 Kimdir biri siziň üçin janyndan geçip, söýgüsini bildirse, elbetde, durmuşyňyzy düýpgöter üýtgederdiňiz. Şonda siz has jomart bolmazdyňyzmy, adamlary söýüp, eden günälerini bagyşlamazdyňyzmy? Siz bütin ömrüňize şol adamyň eden ýagşylygynyň aşagyndan çykyp bilmezdiňiz.

5. Hudaýyň beren töleg gurbany näme üçin islendik sowgatdan gymmatly?

5 Ýehowanyň Isa Mesih arkaly berýän sowgady islendik sowgatdan has gymmatly (1 Pet. 3:18). Näme üçin? Sebäbi günäni miras alyp, biziň ählimiz «ölüm jezasyna» höküm edildik (Rim. 5:12). Isa «hemmeler üçin ölümi dadar» ýaly, Rehimdar Hudaýymyz Ýehowa ony ýer ýüzüne iberdi (Ýew. 2:9). Ýokarda getirilen mysaldan tapawutlylykda, Ýehowa ýöne bir janymyzy halas etmän, eýsem, ölümi hemişelik ýok eder (Iş. 25:7, 8; 1 Kor. 15:22, 26). Isa iman edenleriň ählisi Hudaýyň Patyşalygynyň goly astynda ýer ýüzünde parahat, bagtly we ebedi ýaşar. Mesh edilen mesihçiler bolsa gökde Isa bilen bile höküm sürer (Rim. 6:23; Ylh. 5:9, 10). Ýehowa «ajaýyp sowgady» arkaly bize ýene nähili bereketler berer?

6. a) Ýehowa «ajaýyp sowgady» arkaly bize ýene-de nähili bereketler berer? b) Biz haýsy üç zada serederis?

6 Ýehowa «ajaýyp sowgady» arkaly keselli adamlary sagaldar, ýer ýüzüni Jennete öwrer we ölen adamlary direlder (Iş. 33:24; 35:5, 6; Ýah. 5:28, 29). Biz Ýehowany we onuň Ogluny beren şeýle sowgady üçin ýürekden söýýäris. Ýöne Hudaýyň bildiren söýgüsi bizi näme etmäge höweslendirýär? Geliň, Hudaýyň bildiren söýgüsiniň nädip 1) Isa Mesihiň göreldesine eýermäge, 2) dogan-uýalary söýmäge we 3) ýürekden bagyşlamaga höweslendirýändigine seredeliň.

ISA MESIHIŇ SÖÝGÜSI BIZE TÄSIR EDÝÄR

7, 8. Isanyň söýgüsi bize nähili täsir etmeli?

7 Birinjiden, Isa Mesihiň bize bolan söýgüsi durmuşymyza täsir etmeli. Pawlus resul: «Bizi muňa Mesihiň söýgüsi iterýändir» diýdi (2 Korinfliler 5:14, 15-nji aýatlary okaň). Ol Mesihiň söýgüsine mynasyp bolar ýaly, onuň üçin ýaşamalydygymyza düşünýärdi. Eger biz Ýehowanyň eden ýagşylyklaryna doly göz ýetirsek we onuň bildiren söýgüsine minnetdar bolsak, onda Isa Mesihiň göreldesine ýürekden eýereris. Biz muny nädip edip bileris?

8 Ýehowany ýürekden söýýän adam Isa Mesihiň göreldesine doly eýerýär (1 Pet. 2:21; 1 Ýah. 2:6). Biz Ýehowa we Isa gulak asyp, olary söýýändigimizi görkezýäris. Isa şeýle diýdi: «Meniň tabşyryklarymy kabul edip, olary berjaý edýän adam meni söýýändir. Meni söýýän adamy bolsa Atam söýer, men-de ony söýerin we özümi oňa açyk görkezerin» (Ýah. 14:21; 1 Ýah. 5:3).

9. Bize nämeler erbet täsir edip durýar?

9 Ýatlama agşamy döwri durmuşymyz barada oýlansak gowy bolar. Özümize şeýle soraglary bereliň: «Men haýsy ýagdaýlarda Isanyň göreldesine eýerýärin? Men ýene-de nämeleriň üstünde işlemeli?» Biz özümizi barlap durmaly, sebäbi zalym dünýä erbet täsirini ýetirip durýar (Rim. 12:2). Eger biz seresap bolmasak, filosoflaryň, meşhur adamlaryň we sport ýyldyzlarynyň göreldesine eýerip başlamagymyz mümkin (Kol. 2:8; 1 Ýah. 2:15—17). Biz dünýäniň erbet täsirine nädip garşy durup bileris?

10. Ýatlama agşamy döwri özümize nähili soraglary bermeli we näme etmeli? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

10 Biz Ýatlama agşamy döwründe egin-eşiklerimizi, görýän filmlerimizi, diňleýän aýdymlarymyzy, hatda kompýuterimize, el telefonymyza, planşedimize ýüklän zatlarymyzy barlamaly. Egin-eşigiňiz babatda özüňize şeýle sorag berip bilersiňiz: «Eger men Isanyň barjak ýerine şu eşigi geýip baran bolsam, özümi oňaýsyz duýardymmy?» (1 Timoteos 2:9, 10-njy aýatlary okaň). «Şu eşigi geýsem, daş-töwerekdäki adamlar meni Isanyň şägirdi diýip tanarlarmy?» Görýän filmleriňiz we diňleýän aýdymlaryňyz babatda özüňize şeýle soraglary berip bilersiňiz: «Isa dynç alanda şu filmi görerdimi ýa-da şu aýdymy diňlärdimi? Eger men oňa el telefonymy ýa-da planşedimi ulanmaga bersem, ondaky zatlary görer diýip utanardymmy?» Oýnaýan elektron oýunlaryňyz barada özüňize şeýle soraglary beriň: «Men şu oýny oýnamagy näme üçin gowy görýändigimi Isa düşündirip bilerdimmi? Isa şu oýny makullardymy?» Ýehowany söýýän bolsak, mesihçilere ýaraşmaýan zatlarymyzy bahasynyň gymmatdygyna garamazdan, zyňarys ýa-da ýok ederis (Res. iş. 19:19, 20). Biz özümizi Hudaýa bagyş edenimizde, mundan beýläk Mesih üçin ýaşajakdygymyzy söz beripdik. Şonuň üçin Isa Mesihiň göreldesine doly eýermäge päsgel berýän zatlardan el çekmeli (Mat. 5:29, 30; Flp. 4:8).

11. Ýehowany we Isany söýsek, biz nähili wagyz ederis we dogan-uýalara nädip kömek ederis?

11 Biz Isany söýsek, ýürekden wagyz ederis we şägirt taýýarlarys (Mat. 28:19, 20; Luka 4:43). Ýatlama agşamy döwri 30 ýa 50 sagat wagyz edip, kömekçi pioner bolup bileris. Biz pioner bolup gulluk etmek üçin gün tertibimizi üýtgedip bileris. Aýaly aýrylan 84 ýaşly doganymyz gartaşandygy we ýarawsyzdygy sebäpli kömekçi pioner bolup gulluk edip bilmerin öýtdi. Ýöne pioner dogan-uýalar oňa bu maksadyna ýetmäge kömek etdiler. Olar doganymyza meýdança berenlerinde, ýagdaýyny göz öňünde tutdular we wagyz edýän ýerine maşynly gatnatdylar. Şol sebäpli ol 30 sagat wagyz edip bildi. Sizem Ýatlama agşamy döwri kimdir birine kömekçi pioner bolup gulluk etmäge kömek edip bilersiňizmi? Elbetde, ählimiziň kömekçi pioner bolmaga ýagdaýymyz ýokdur. Ýöne öňkimizden köpräk wagyz edip, Ýehowany şöhratlandyryp bileris. Şeýtmek bilen, biz Pawlus resul ýaly Isany söýýändigimizi görkezeris. Biz Hudaýy söýsek, ýene-de näme ederis?

BIR-BIRIMIZI SÖÝMÄGE BORÇLUDYRYS

12. Hudaý bizi söýýän bolsa, biz näme etmeli?

12 Ikinjiden, Hudaý bizi söýýän bolsa, onda bizem dogan-uýalary söýmeli. Ýahýa resul munuň şeýledigine göz ýetiripdi. Ol: «Eziz balalarym, eger Hudaý bizi şeýle söýýän bolsa, onda biz hem bir-birimizi söýmäge borçludyrys» diýdi (1 Ýah. 4:7—11). Hudaý bizi söýer ýaly, bizem dogan-uýalary söýmäge borçludyrys (1 Ýah. 3:16). Biz dogan-uýalara bolan söýgimizi nädip iş ýüzünde görkezip bileris?

13. Isa adamlary söýmekde nähili görelde görkezdi?

13 Geliň, Isanyň mysalyna seredeliň. Ol ýer ýüzünde gulluk edende, garamaýak adamlara aýratyn üns berýärdi. Isa agsak, kör, ker we lal adamlara kömek etmäge jan edýärdi (Mat. 11:4, 5). Ýehudy dini ýolbaşçylary garamaýak adamlary «näletlenen» hasaplaýardy, emma Isa olaryň ruhy teşneligini höwes bilen gandyrýardy (Ýah. 7:49). Ol sada adamlary gowy görýärdi, olara janyny aýaman hyzmat edýärdi (Mat. 20:28).

Siz gartaşan dogan-uýalara wagyz etmäge kömek edip bilersiňizmi? (14-nji abzasa serediň)

14. Biz dogan-uýalara bolan söýgimizi iş ýüzünde nädip görkezip bileris?

14 Ýatlama agşamy döwründe ýygnakdaky dogan-uýalara kömek edip, Isanyň göreldesine eýerip bilersiňiz. Şonda dogan-uýalara söýgi bilen edýän işleriňiziň haýry deger. Belki, ýygnagyňyzda kömege mätäç gartaşan dogan ýa uýa bardyr. Siz olary görmäge baryp bilersiňizmi? Olara nahar bişirip, öýüniň işlerine kömek edip, ýygnaga maşynly äkidip ýa-da olar bilen wagza çykyp bilersiňizmi? (Luka 14:12—14-nji aýatlary okaň). Hudaý bizi söýer ýaly, bizem dogan-uýalary söýýändigimizi iş ýüzünde görkezmeli.

DOGAN-UÝALARA GEÇIRIMLI BOLUŇ

15. Biz nämä düşünmeli?

15 Üçünjiden, biz Ýehowany söýýän bolsak, onda dogan-uýalary bagyşlamaly. Biz Adam atadan günäni miras aldyk. Şonuň üçin hiç kim: «Men töleg gurbanyna mätäç däl» diýip bilmez. Hatda Hudaýyň wepaly gullukçylary-da Ýehowanyň Isa arkaly bildiren merhemetine gaty mätäçdir. Biz köp günälerimiziň bagyşlanandygyna düşünmeli. Bu näme üçin wajyp? Muny Isanyň getiren mysalyndan bilse bolýar.

16, 17. Biz Isanyň patyşa we gul baradaky mysalyndan näme öwrenip bileris?

16 Isa bir patyşanyň 10 müň talant, ýagny 60 million dinara deň bergisi bolan gulunyň bergisini geçendigini gürrüň berýär. Ýöne şol gul özüne 100 dinar bergisi bolan ýoldaşynyň bergisini geçmeýär. Guluň birgiden bergisi geçilse-de, ol ýoldaşynyň az-owlak bergisini geçmeýär. Patyşa onuň rehim etmändigini eşidip, gahar-gazaba münýär. Ol: «Eý zalym gul, sen ýalbaranyňda, men seniň ähli bergileriňi geçipdim. Meniň saňa rehim edişim ýaly, sen-de ýoldaşyňa rehim etmeli dälmidiň?» diýdi (Mat. 18:23—35). Hawa, patyşanyň guluna rehim edişi ýaly, olam ýoldaşyna rehim etmelidi. Ýehowanyň bize bolan söýgüsi we rehimdarlygy näme etmäge höweslendirýär?

17 Biz Ýatlama agşamy döwri dogan ýa uýadan öýke-kinämiziň bardygyny ýa ýokdugyny barlap bileris. Eger öýke-kinämiz bolsa, onda «rehimdar» Ýehowanyň göreldesine eýersek gowy bolar (Neh. 9:17; Zeb. 86:5). Ýehowanyň köp günälerimizi bagyşlaýandygyna minnetdar bolsak, onda başgalaryň günäsini ýürekden bagyşlarys. Başgalary söýmesek we günälerini bagyşlamasak, onda Hudaýam bizi söýmez we geçirimlilik etmez (Mat. 6:14, 15). Elbetde, biz bagyşlamak bilen bolup geçen zady düzedip bilmeris, ýöne bu gelejegimize gowy täsir eder.

18. Lili uýanyň Hudaýa bolan söýgüsi Kareliň nägileligine sabyrly bolmaga nädip kömek etdi?

18 Belki-de, käbirimize dogan-uýalara «sabyrly» bolmak kyn bolýandyr (Koloslylar 3:13, 14; Efesliler 4:32-nji aýatlary okaň). Mysal üçin, durmuşa çykmadyk Lili 1 atly uýamyz dul galan Karel uýa kömek edýärdi. Ol Kareli maşynynda gatnadýardy, onuň ugrunda ylgap, köp ýagşylyk edýärdi. Ýöne Karel uýamyz şonda-da ondan hemişe nägile bolýardy. Muňa garamazdan, Lili onuň gowy häsiýetlerine üns berýärdi. Karel agyr keselläp, aradan çykýança, Lili birnäçe ýyllap oňa kömek etdi. Lili şeýle diýýär: «Men Karel uýanyň direljek wagtyna sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Men ony kämil bolan wagty gowy tanasym gelýär». Hawa, biz Hudaýy söýsek, dogan-uýalara sabyrly bolarys we adamlaryň bikämilliginiň ebedilik ýok ediljek wagtyna sabyrsyzlyk bilen garaşarys.

19. Hudaýyň beren «ajaýyp sowgady» bize nähili täsir edýär?

19 Dogrudan-da, Ýehowa bize «ajaýyp sowgat» berdi. Geliň, munuň gadyryny bileliň. Esasanam, Ýatlama agşamy döwri Ýehowanyň hem-de Isa Mesihiň eden ýagşylyklary hakda oýlanalyň. Goý, olaryň bize bolan söýgüsi Isanyň göreldesine doly eýermäge, dogan-uýalary söýmäge we ýürekden bagyşlamaga kömek etsin.

^ 1) (18-nji abzas) Şu makaladaky atlar üýtgedildi.