Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Okyjylaryň sowallary

Okyjylaryň sowallary

Hudaýyň halky Beýik Wawilonyň ýesirligine haçan düşdi?

Bu ruhy ýesirlik b. e. II asyryndan 1919-njy ýyla çenli dowam etdi. Bu täze düşündirilişe näme üçin ygtybarly diýse bolar?

1919-njy ýylda mesh edilen mesihçileriň Beýik Wawilonyň ýesirliginden azat bolandygyny we mesihçiler ýygnagynyň gaýtadan dikeldilendigini görkezýän degerli subutnamalar bar. Oýlanyp görüň, 1914-nji ýylda gökde Hudaýyň Patyşalygy berkarar edilensoň, Ýehowanyň halky barlandy we arassalandy * (Mal. 3:1—4). Soňra 1919-njy ýylda Isa Ýehowanyň arassalanan halkyna «wagtly-wagtynda» ruhy iýmit bermek üçin «wepaly we paýhasly hyzmatkäri» belledi (Mat. 24:45—47). Şol ýyl Ýehowanyň halky Beýik Wawilonyň ýesirliginden azat bolup, göçme manyda Hudaýyň beren ýurdunda ýaşap başlady (Ylh. 18:4). Aslynda, olar haçan ýesirlige düşdüler?

Biz ençeme ýyllaryň dowamynda Hudaýyň halky 1918-nji ýylda Beýik Wawilonyň ýesirligine düşdi we bu gysga wagt dowam etdi diýip düşünýärdik. Mysal üçin, 1992-nji ýylyň 15-nji martynda çykan «Garawul diňinde» şeýle diýildi: «Geçmişde Hudaýyň halkynyň belli bir döwür Wawilonda ýesirlikde bolşy ýaly, 1918-nji ýylda Ýehowanyň gullukçylary Beýik Wawilonyň ýesirligine düşdüler». Emma çuňňur gözleg geçirilip, Hudaýyň halkynyň 1918-nji ýyldan has öň ýesirlige düşendigi anyklandy.

Geliň, Hudaýyň halkynyň ýesirlige äkidilip, ondan azat boljakdygy baradaky pygamberlikleriň birine seredeliň. Ezekiýel 37:1—14-nji aýatlara görä, Ezekiýel pygamber görnüşde bir düzlügiň süňklerden doludygyny görýär. Ýehowa oňa şol süňkleriň «bütin ysraýyl halkyny» aňladýandygyny düşündirýär. Bu pygamberlik uly möçberde «Hudaýyň Ysraýylynda» ýerine ýetdi (Gal. 6:16; Res. iş. 3:21). Soňra Ezekiýel pygamber şol süňkleriň direlip, uly goşun bolandygyny görýär. Bu görnüş Hudaýyň halkynyň 1919-njy ýylda Beýik Wawilondan azat bolup, ruhy taýdan aýaga galandygyny gowy suratlandyrýar. Emma bu görnüş olaryň ýesirlikde uzak wagt bolandygyny nädip görkezýär?

Birinjiden, pygamberlikde ölüleriň süňkleriniň «gaty gurandygy» aýdylýar (Ezek. 37:2, 11). Diýmek, olaryň ölenine köp wagt geçen bolmaly. Ikinjiden, Ezekiýel ölüleriň birdenkä däl-de, kem-kemden direlýändigi beýan edýär. Ilki, «goh turup, şakyrdy bolýar» we «süňkler biri-birine, ýagny her süňk özüne degişli süňke ýakynlaşýar». Soňra «olaryň üstlerinde siňirler we et peýda bolýar». Şondan soň süňkleriň, siňirleriň we etiň daşyny «deri gaplaýar» hem-de «nepes olaryň içine girip... olar direlýär». Iň soňunda bolsa Ýehowa şol direlen adamlary öz ýurduna äkidýär. Hawa, bu zatlaryň ählisi bolýança ep-esli wagt gerekdi (Ezek. 37:7—10, 14).

Gadymy ysraýyl halky uzak wagt ýesirlikde boldy. B. e. öň 740-njy ýylda on taýpaly demirgazyk Ysraýyl patyşalygy ýykylyp, adamlaryň köpüsi sürgün edildi. Soňra b. e. öň 607-nji ýylda Iýerusalim weýran edilip, günorta Ýahuda patyşalygynyň ýaşaýjylary hem ýesirlige äkidildi. B. e. öň 537-nji ýylda bolsa ýehudylar ýesirlikden azat bolup, watanyna dolandylar. Olar Iýerusalimdäki ybadathanany gaýtadan dikeldip, arassa seždäni ýola goýdular.

Mukaddes Ýazgylardaky bu jikme-jiklikler mesh edilen mesihçileriň Beýik Wawilonyň ýesirliginde diňe 1918—1919-njy ýyllarda däl-de, ondan has köp wagt bolandygyny görkezýär. Bu döwrüň uzaga çekjekdigini Isa-da aýdypdy. Ol haşal otlaryň, ýagny ýalan mesihçileriň bugdaýa deňelýän «Patyşalygyň ogullary» bilen bile ösjekdigini belläp geçdi (Mat. 13:36—43). Şol ösüş döwri hakyky mesihçiler gaty azdy. Sebäbi özlerini mesihçi hasaplaýanlaryň köpüsi ýalan taglymatlara eýerip, imandan dändiler. Şeýdip, mesihçiler ýygnagy Beýik Wawilonyň ýesirligine düşdi. Bu ýesirlik b. e. II asyrynda başlanyp, soňky günlerde ruhy ybadathana arassalanýança dowam etdi (Res. iş. 20:29, 30; 2 Sel. 2:3, 6; 1 Ýah. 2:18, 19).

Şol ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda buthananyň ruhanylary bilen syýasy ýolbaşçylar adamlaryň üstünden agalyk etmek üçin, olara Mukaddes Ýazgylary okamagy we öýünde saklamagy gadagan etdiler. Hudaýyň Sözüni okan adamlaryň käbirini pürsde ýakýardylar. Buthananyň taglymatlaryna garşy çykýan adamlara ýowuz daraýardylar. Şonuň üçin hiç kim hakykaty öwrenip ýa-da wagyz edip bilmeýärdi.

Ezekiýel pygamberiň gören görnüşinde Hudaýyň halkynyň ýalan dinden azat bolup, kem-kemden aýaga galjakdygy suratlandyrylýar. Bu haçan we nädip ýerine ýetdi? Görnüşde «goh turup, şakyrdy bolýandygy» aýdylýar. Bu sözler soňky günleriň öň ýanyndaky asyrlarda berjaý bolup başlady. Şol ýyllarda ýalan taglymatlaryň giňden ýaýrandygyna garamazdan, Hudaýa wepaly adamlar hakykaty tapmak we arassa seždäni goldamak üçin elinde baryny etdiler. Olaryň käbiri Mukaddes Ýazgylary sada adamlaryň düşünýän diline terjime etmek üçin köp tagalla etdiler. Käbirleri bolsa Hudaýyň Sözüni çuňňur öwrenip, hakykaty wagyz etdiler.

Soňra 1870-nji ýyllarda Çarlz Teýz Rassel bilen onuň egindeşleri Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty tapmak üçin yhlasly zähmet çekdiler. Şonda göçme manyda aýdanyňda, süňkleriň üstünde siňirler we et peýda bolup başlady. «Sion garawul diňi» žurnaly we başga-da edebiýatlar akýürekli adamlara hakykata düşünmäge kömek etdi. 1914-nji ýylda çykarylan «Ýaradylyş fotodramasy» we 1917-nji ýylda çap edilen «Gutarnykly syr» diýen kitap ýaly esbaplar Hudaýyň gullukçylaryny ruhy taýdan has-da berkitdi. Soňra 1919-njy ýylda Hudaýyň halky «direlip», göçme manyda aýdanyňda, öz ýurdunda ýaşap başlady. Şondan bäri ýer ýüzünde ýaşamaga umyt edýän adamlar mesh edilen mesihçiler bilen birlikde Ýehowa sežde edýärler. Şeýdip, olaryň ählisi uly «goşun» bolýar (Ezek. 37:10; Zak. 8:20—23) *.

Şu delillere esaslanyp, b. e. II asyrynda imandan dänmekligiň gitdigiçe köpelmegi bilen, Hudaýyň halkynyň Beýik Wawilonyň ýesirligine düşendigine göz ýetirýäris. Gadymy ysraýyl halky ýesirlikdekä, olara Ýehowa gulluk etmek gaty kyn boldy. Şu günlerem Hudaýyň halky ençeme asyrlaryň dowamynda ruhy tümlükde bolup, ýagtylyga çykdy. Biz «akylly adamlaryň... nur saçjak» we «köpüsiniň günälerinden saplanyp... aklanjak» döwründe ýaşaýandygymyza diýseň begenýäris! (Dan. 12:3, 10).

Şeýtan Isany synanda, ony göni manyda ybadathana alyp gitdimi?

Gysgaça aýtsak, biz Isanyň göni manyda ybadathananyň küňresine çykandygyny ýa-da Şeýtanyň oňa ybadathanany görnüş arkaly görkezendigini anyk bilmeýäris. Öňler biziň edebiýatlarymyzda bularyň ikisiniňem bolup biljekdigi barada aýdylypdy.

Geliň, ilki, Mukaddes Ýazgylarda bu waka barada näme aýdylýandygyna seredeliň. Injiliň Matta kitabynda şeýle diýilýär: «Soňra Iblis ony (Isany) mukaddes şähere alyp gitdi we ybadathananyň depesine (çykgytda: «küňresine») çykardy» (Mat. 4:5). Lukanyň hoş habarynda hem: «Soňra Iblis ony Iýerusalime alyp bardy-da, ybadathananyň depesine çykardy» diýilýär (Luka 4:9).

Öňler biziň edebiýatlarymyzda Şeýtanyň Isany göni manyda ybadathananyň depesine çykarmandygy aýdylypdy. Mysal üçin, 1961-nji ýylyň 1-nji martynda çykan «Garawul diňinde» şeýle diýlipdi: «Isa çölde synalanda bolan zatlaryň ählisine göni manyda düşünsek, paýhassyz bolardy. Elbetde, biz hiç bir dagyň depesinden „dünýäniň ähli patyşalyklaryny we olaryň şan-şöhratyny“ görüp bolmaýandygyny bilýäris». Şeýle-de şol makalada Şeýtanyň Isany göni manyda «mukaddes şähere alyp gitmändigi we ybadathananyň depesine çykarmandygy» aýdyldy. Emma «Garawul diňi» žurnalynyň soňky sanlarynda Isa özüni ybadathanadan aşak zyňan bolsa, janyna kast ederdi diýip düşündirildi.

Käbirleri Isa lewili bolmandygy üçin ybadathananyň mukaddes ýeriniň küňresine çykmaga haky ýokdy diýýärler. Şol sebäpli olar Şeýtan Isany görnüş arkaly ybadathana «alyp giden» bolmaly diýip pikir edýärler. Ençeme asyr öň Ezekiýel pygamber hem görnüş arkaly ybadathana äkidilipdi (Ezek. 8:3, 7—10; 11:1, 24; 37:1, 2).

Eger Isa ybadathana görnüş arkaly äkidilen bolsa, şeýle soraglar döreýär:

▪ Aslynda, şol synag hakykatdanam boldumy ýa-da ýöne bir görnüşdimi?

▪ Şeýtan beýleki synaglarda Isany göni manydaky daşlary çörege öwürmäge we özüne sežde etmäge iteren bolsa, onda bu synagda-da onuň göni manyda ybadathanadan bökmegini talap etmezdimi?

Emma Isa göni manyda ybadathananyň depesine çykan bolsa, onda şeýle soraglar ýüze çykýar:

▪ Isa ybadathananyň mukaddes ýeriniň küňresine çykmak bilen, Musa pygamber arkaly berlen kanuny bozdumy?

▪ Isa çölden Iýerusalime nädip äkidildi?

Indiki seretjek zatlarymyz soňky iki soraga jogap bermäge kömek eder.

Birinjiden, professor D. A. Karsonyň aýtmagyna görä, Matta hem-de Luka kitabynda «ybadathana» diýip terjime edilen «hieron» diýen grek sözi «diňe bir mukaddes ýeri däl-de, tutuş ybadathanany aňladýan bolmaly». Belki-de, Isa mukaddes ýeriň küňresinde däl-de, ybadathananyň günorta-gündogaryndaky üçekde durandyr. Şol üçek ybadathananyň iň beýik ýeridi we Kidron jülgesinden takmynan 137 metr beýiklikde ýerleşýärdi. Taryhçy Iosif Flawiniň belläp geçişi ýaly, bu üçek şeýle bir beýikdi welin, adam şol ýerde durup, aşak seretse, «başy aýlanardy». Lewili bolmadyk adamlaram şol üçege arkaýyn çykyp bilýärdi. Şol sebäpli hiç kim Isany şol ýerde durandygy üçin ýazgaryp bilmezdi.

Isa çölden ybadathana nädip äkidildi? Biz muny anyk bilmeýäris. Mukaddes Ýazgylarda şol synaglaryň näçe wagt dowam edendigi ýa-da Isanyň Iýerusalimden näçeräk uzakda bolandygy barada hiç zat aýdylmaýar. Onda diňe Isanyň Iýerusalime äkidilendigi bellenip geçilýär. Belki-de, Isa köp wagt gerek hem bolsa, Iýerusalime ýöräp barandyr.

Şeýtan Isany synanda «dünýäniň ähli patyşalyklaryny» görnüş arkaly görkezen bolmaly. Sebäbi ýer ýüzündäki daglaryň hiç birinden ähli patyşalyklary görüp bolmaýar. Biz ekrany we prožektory ulanyp, kimdir birine dünýäniň başga künjeklerini görkezip bilýäris. Şeýtanam şonuň ýaly görnüş görkezse-de, Isanyň oňa göni manyda «sežde etmegini» talap etdi (Mat. 4:8, 9). Ol Isany ybadathana alyp gidende-de, onuň göni manyda ybadathanadan böküp, öz janyna kast etmegini islän bolmaly. Eger Isa ýöne bir görnüş arkaly synalan bolsa, onda muňa nädip agyr synag diýip bolar?

Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, biz bu synagyň nähili bolandygyny anyk bilmeýäris. Isa Iýerusalime baryp, ybadathananyň küňresine çykan bolmagy ahmal. Ýöne biz bir wajyp zady, ýagny şol synaglaryň hakykatdanam bolandygyny we Isanyň Iblise her gezegem çürt-kesik jogap berendigini anyk bilýäris.

^ abzas 2 2013-nji ýylyň 15-nji iýulynda çykan «Garawul diňi» žurnalyna serediň (sah. 10—12; abz. 5—8, 12).

^ abzas 1 Ezekiýel 37:1—14-nji we Ylham 11:7—12-nji aýatlaryň ikisinde-de 1919-njy ýylda bolan ruhy dikeldiş barada pygamberlik edilýär. Emma Ezekiýeliň pygamberliginde uzak wagt ýesirlikden soň, Hudaýyň gullukçylarynyň ählisiniň ruhy taýdan dikeljekdigi aýdylýar. Ylham kitabyndaky pygamberlikde bolsa, Hudaýyň halkyna ýolbaşçylyk eden mesh edilen doganlaryň kiçijik toparynyň gysga wagt ruhy taýdan hereketsiz bolup, täzeden aýaga galjakdygy beýan edilýär.