Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Söýgi — düşünişmezligiň açary

Söýgi — düşünişmezligiň açary

«Birek-birek bilen parahatlygy saklaň». MAR. 9:50

AÝDYMLAR: 39, 35

1, 2. Gelip çykyş kitabynda nähili düşünişmezlikler barada aýdylýar we olary bilmek näme üçin wajyp?

MUKADDES ÝAZGYLARDA käbir adamlaryň arasynda düşünişmezligiň bolandygy aýdylýar. Siz bu barada oýlanyp görüpmidiňiz? Geliň, Gelip çykyş kitabynda agzalýan käbir wakalara seredeliň. Meselem, Kabyl inisi Habyly öldürýär (Gel. çyk. 4:3—8); bir ýaş ýigit Lemegi ýaralaýar, Lemek hem ony öldürýär (Gel. çyk. 4:23); Ybraýym bilen Lutuň çopanlary dawalaşýarlar (Gel. çyk. 13:5—7); Hajar bikesi Sarany ýigrenýär, Sara bolsa Ybraýymdan öýke-kine edýär (Gel. çyk. 16:3—6). Ysmaýyl barada bolsa «ol her kese, her kes hem oňa garşy bolar» diýilýär (Gel. çyk. 16:12).

2 Bu wakalar näme üçin Mukaddes Ýazgylarda ýazyldyka? Olar bikämil adamlara näme üçin we nädip parahatlygy saklap bolýandygyna düşünmäge kömek edýär. Aralarynda düşünişmezlik bolan adamlaryň mysallary bize agzybir bolmaga ýardam edýär. Biz bu wakalardan durmuşymyzda ýüze çykýan kynçylyklary çözmegi öwrenýäris. Geliň, şeýle ýagdaýlarda näme etmelidigine we nämeden gaça durmalydygyna seredeliň (Rim. 15:4).

3. Biz şu makalada nämä barada gürrüň ederis?

3 Biz şu makalada Ýehowanyň gullukçylarynyň düşünişmezligi näme üçin we nädip çözmelidigi hakynda gürrüň ederis. Şeýle-de Mukaddes Ýazgylardaky haýsy prinsipleriň düşünişmezligi çözmäge kömek edýändigini bileris. Bu bize Ýehowa we adamlar bilen gowy gatnaşykda bolmaga ýardam eder.

DÜŞÜNIŞMEZLIGI NÄME ÜÇIN ÇÖZMELI?

4. Dünýäde nähili garaýyş höküm sürýär we ol adamlara nähili täsir edýär?

4 Adamlaryň arasynda bolýan düşünişmezlikleriň we dawalaryň esasy sebäpkäri Şeýtan. Ol Erem bagynda her bir adamyň ýagşyny we ýamany Hudaýdan garaşsyz çözüp biljekdigini aýdyp, jedelli meseläni orta atdy (Gel. çyk. 3:1—5). Şeýle garaýşyň giňden ýaýrandygyny görse bolýar. Şu günler dünýäde özbaşdaklyk ruhy höküm sürýär. Şol sebäpli adamlar tekepbir, diňe özüni söýýär we biri-biri bilen bäsdeşlik edýärler. Şeýtanyň garaýşyna eýerýän adamlar diňe öz bähbidine çapýarlar we munuň başgalara nähili täsir edýändigi hakda asla pikirem etmeýärler. Bu bolsa dawa-jenjel döredýär. Geliň, Süleýmanyň tymsallary 29:22-däki: «Gaharjaň adam jenjel turuzýandyr; gyzma adamyň jenaýaty köpdür» diýen sözleri unutmalyň.

5. Isa dawalary çözmek babatda nähili maslahat berdi?

5 Isa adamlar bilen parahatlygy saklamak üçin hatda öz islegiňdenem geçmäge taýyn bolmalydygyny öwretdi. Ol Dagdaky wagzynda dawalary ýa-da düşünişmezligi çözmek babatda örän gowy maslahat berdi. Meselem, ol şägirtlerine pesgöwünli bolmagy, parahatlygy döretmegi, gaharjaň bolmazlygy, dawalary tiz çözmegi we duşmanlaryny söýmegi ündedi (Mat. 5:5, 9, 22, 25, 44).

6, 7. a) Dawalary derrew çözmek näme üçin wajyp? b) Biz özümize nähili soraglary bermeli?

6 Biz Hudaýa her gün doga edip, duşuşyklara yzygider gatnaşsak-da, yhlasly wagyz etsek-de, ýöne parahatlygy saklamasak, bularyň bary biderek bolar (Mar. 11:25). Eger biz adamlaryň ýalňyşlyklaryny bagyşlamasak, Hudaýyň dosty bolup bilmeris (Luka 11:4; Efesliler 4:32-nji aýatlary okaň).

7 Biziň her birimiz dogan-uýalar bilen parahat ýaşaýandygymyza we hiç kimden öýke-kine etmeýändigimize göz ýetirmeli. Özümize şeýle soraglary bermeli: «Men imandaşlarymy ýürekden bagyşlaýarynmy? Olar bilen hyzmatdaşlyk edýändigime begenýärinmi?» Ýehowa biziň biri-birimizi bagyşlamagymyzy isleýär. Eger ynsabyňyz bu babatda özgerişlik etmelidigiňizi duýdurýan bolsa, onda Ýehowadan kömek sorap doga ediň. Gökdäki Atamyz pesgöwünlilik bilen edilýän dogalary diňleýär we jogap berýär (1 Ýah. 5:14, 15).

ÖÝKE-KINE ETMÄŇ!

8, 9. Kimdir biri göwnümize degende näme etmeli?

8 Ähli adamlar bikämil, şol sebäpli kimdir biri iru-giç sözi ýa-da hereketi bilen göwnüňize degip biler. Siz munuň bilen razylaşsaňyz gerek (Wag. 7:20; Mat. 18:7). Siz şeýle ýagdaýda özüňizi nähili alyp bararsyňyz? Geliň, bir waka seredeliň. Dogan-uýalar dynç almak üçin ýygnanyşýar. Şonda bir uýa iki sany dogan bilen saglyk-amanlyk soraşanda, doganlaryň biri uýadan öýke-kine edýär. Doganlar ikiçäk galanda, ol uýany tankytlap başlaýar. Emma beýleki dogan oňa uýanyň kynçylyklara garamazdan, 40 ýyl bäri Ýehowa wepaly gulluk edýändigini ýatladýar we doganyň göwnüne degmek islemändigini aýdýar. Dogan biraz oýlanyp: «Sen dogry aýdýarsyň» diýýär. Şeýlelikde, dogan öýke-kinäniň döremegine ýol bermeýär.

9 Biz bu wakadan näme öwrenýäris? Şeýle ýagdaýlarda nähili hereket etmelidigini her kimiň özi çözýär. Ýöne söýýän adam ýazyklary bagyşlaýandyr (Süleýmanyň tymsallary 10:12; 1 Petrus 4:8-nji aýatlary okaň). Ýehowa «ýazygy geçýän» adamy şöhrat gazanan hasaplaýar (Sül. tym. 19:11; Wag. 7:9). Şol sebäpli kimdir biri göwnümize degip, gödek ýa-da sylaşyksyz alyp barsa, özümize şeýle soraglary bermeli: «Men muňa üns bermän bilerinmi? Ýa-da onuň bilen ikiçäk gepleşsem gowy bolar?»

10. a) Uýa özi barada aýdylýan zatlara başda nähili garady? b) Uýa dogry garaýyşda bolmaga näme kömek etdi?

10 Elbetde, özüň barada aýdylýan tankytlaýjy sözleri eşitmek gaty agyr degýär. Geliň, pioner bolup gulluk edýän Lusi uýa bilen bolan waka seredeliň. Ol wagyz edişi we wagtyny ulanyşy barada erbet zatlary eşidýär. Lusi gaty ünjä düşüp, doganlardan maslahat soraýar. Ol şeýle ýatlaýar: «Doganlaryň Mukaddes Ýazgylaryň esasynda beren maslahaty maňa başgalaryň pikirine dogry garaýyşda bolmaga we ünsümi Ýehowa gönükdirmäge kömek etdi». Hawa, Matta 6:1—4-nji aýatlar (okaň) Lusini örän ruhlandyrdy we oňa esasy zadyň Ýehowany begendirmekdigini ýatlatdy. Ol şeýle diýýär: «Indi men özüm barada edilýän gep-gybaty eşitsem-de, şatlygymy ýitirmeýärin. Sebäbi men Ýehowanyň merhemetini gazanmak üçin elimde baryny edýändigimi bilýärin». Lusi uýa gep-gürrüňe üns bermän, paýhasly hereket etdi.

DÜŞÜNIŞMEZLIGI ÇÖZJEK BOLUŇ

11, 12. a) Mesihçi imandaşynyň göwnüne degendigini bilende näme etmeli? b) Biz Ybraýymyň düşünişmezligi çözüşinden näme öwrenýäris? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

11 Ýakup 3:2-de: «Biziň ählimiz köp ýalňyşýarys» diýilýär. Aýdaly, siz sözüňiz ýa-da hereketiňiz bilen dogan-uýalaryň biriniň göwnüne degendigiňizi bilýärsiňiz. Şeýle ýagdaýda näme etmeli? Isa: «Eger sen gurbanyňy gurbanlyk sypasyna alyp barýarkaň, doganyňyň öýke-kinesiniň bardygy ýadyňa düşse, onda gurbanyňy gurbanlyk sypasynyň öňünde goý-da, ilki gidip, doganyň bilen ýaraş. Soňra gel-de, gurbanyňy hödür et» diýdi (Mat. 5:23, 24). Isanyň maslahatyna eýerip, ilki doganymyz bilen gepleşmeli. Emma maksadymyz dogany günäkärlemek däl-de, ýalňyşyňy boýun alyp, onuň bilen ýaraşmak bolmaly. Hawa, imandaşlarymyz bilen ýaraşmak örän wajyp.

12 Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň käbir gullukçylarynyň aralarynda dörän düşünişmezligi parahat ýagdaýda çözendikleri gürrüň berilýär. Makalanyň başynda agzalan Ybraýym we onuň doganoglany Lutuň uly sürüsi bardy. Bir gezek olaryň çopanlarynyň arasynda dawa turýar. Ybraýym düşünişmezligiň öňüni almak üçin, doganoglany Luta ilkinji bolup ýer saýlamagy teklip edýär (Gel. çyk. 13:1, 2, 5—9). Ybraýym pygamber öz bähbidini gözlemän, parahatlygy saklap, gör, nähili ajaýyp görelde galdyrdy! Ybraýym jomartlygy üçin sylagsyz galmady. Lut bilen bolan wakadan soň, Ýehowa Ybraýymy patalajakdygyny wada berdi (Gel. çyk. 13:14—17). Hawa, Hudaý prinsiplerine eýermäge we düşünişmezligi söýgi bilen çözmäge jan edýän gullukçylarynyň zyýan çekmegine hiç haçan ýol bermeýär 1.

13. Etrap gözegçisi doganyň aýdanlaryna nähili garady we biz ondan nädip görelde alyp bileris?

13 Geliň, indi biziň günlerimizde bolan bir waka seredeliň. Ýakynda etrap gözegçisi bolan bir dogany kongrese jogapkär edip belleýärler. Bir gezek ol bir dogandan kömek sorap jaň edýär. Emma ol dogan etrap gözegçisine işini oňarmaýandygyny aýdýar we telefonyny öçürýär. Sebäbi öňki etrap gözegçisiniň aýdanlary dogana juda agyr degipdi. Emma täze bellenen etrap gözegçisi ondan öýke-kine etmän, gaýtam, düşünişmezligi çözmäge çalyşýar. Şondan bir sagat geçensoň ol ýaňky dogana jaň edip, görüşmegi teklip edýär. Bu wakadan bir hepde geçende, olar Patyşalyk zalynda duşuşýarlar. Olar bile doga edip, bir sagat töweregi gürrüňdeş bolýarlar. Şonda dogan özi bilen bolan wakany gürrüň berýär. Etrap gözegçisi ony ünsli diňläp, Mukaddes Ýazgylar esasynda pikir alyşýar. Bu gürrüňdeşlik olaryň ikisine-de peýda getirýär. Şeýlelikde, dogan kongresiň işlerine kömek edýär. Ol etrap gözegçisiniň özi bilen ýumşak we mähirli bolandygy üçin minnetdarlyk bildirýär.

ÝAŞULULARDAN HAÇAN KÖMEK SORAMALY?

14, 15. a) Matta 18:15—17-nji aýatlardaky maslahata haýsy ýagdaýlarda eýerip bileris? b) Isa haýsy üç ädim barada aýtdy we olara näme maksat bilen eýermeli?

14 Mesihçiler öz arasynda bolýan düşünişmezligi ikiçäk çözmeli. Emma Isa käbir ýagdaýlarda «ýygnakdan» kömek soramagyň gerekdigini aýtdy (Matta 18:15—17-nji aýatlary okaň). Eger göwnüňize degen adam sizi, şaýatlary, hatda ýygnagy-da diňlemek islemese näme? Isa: «Goý, ol seniň üçin başga halkyň adamy we salgytçy ýaly bolsun» diýdi. Şu günler şeýle adama ýygnak gatnaşygyndan kesilen adam diýilýär. Emma Isa ýönekeý düşünişmezlikler barada aýtmandy. Biz Isanyň aýdan üç ädimine şeýle ýagdaýlarda eýerip bileris: 1) düşünmezligi ikiçäk çözüp bolmasa, 2) mesihçi ýygnak gatnaşygyndan kesilmäge eltýän agyr günä edende. Bulara ýalançylyk ýa-da birini abraýdan gaçyrmak üçin töhmet atmak ýaly günäler degişli. Ýöne ahlaksyzlyk, iki sany erkek adamyň arasyndaky jynsy gatnaşyk, imandan dänmeklik, butparazlyk we şuňa meňzeş başga-da agyr günälere ýygnak ýaşululary seredýär.

Imandaşyňa «dogry ýola düşmäge kömek etmek» üçin, belki-de, onuň ýanyna birnäçe gezek barmaly bolar (15-nji abzasa serediň)

15 Isa bu maslahaty dogan-uýalaryň arasyndaky söýgini berkitmek üçin beripdi (Mat. 18:12—14). Şonuň üçin ilki düşünişmezligi ikiçäk çözmäge çalyşmaly. Munuň üçin, belki-de, imandaşyň ýanyna birnäçe gezek barmaly bolar. Eger şonda-da düşünişmezligi çözüp bolmasa, ýanyňa şol wakanyň şaýady bolan dogany ýa uýany, ýa-da bu meseleden habarly bolan başga bir adamy alyp, göwnüňize degen adam bilen gepleşiň. Eger siz olaryň kömegi bilen düşünişmezligi çözseňiz, imandaşyňyza «dogry ýola düşmäge kömek edersiňiz». Emma göwnüňize degen adam bilen ýaraşmak üçin eden tagallalaryňyz başa barmasa, onda bu meselä ýygnak ýaşululary seretmeli.

16. Isanyň aýdan üç ädimi düşünişmezligi söýgi bilen çözmäge nädip kömek edýär?

16 Matta 18:15—17-nji aýatlarda agzalýan üç ädim gaty seýrek ýagdaýlarda ulanylýar. Sebäbi köplenç günäkär ýalňyşyna düşünip, ony düzetmäge çalyşýar we günäkäri ýygnak gatnaşygyndan kesmeklik hem gerek bolmaýar. Göwnüne degilen adam bolsa öýke-kine saklaman, bagyşlamalydygyna göz ýetirýär. Bu bizi örän ruhlandyrýar. Nähili bolaýanda-da, Isanyň sözlerine görä ýaşulular bu meselä wagtyndan öň goşulmaly däl. Olar diňe aýatda agzalýan iki ädim ädilensoň we kynçylygyň ýüze çykandygyna aýdyň göz ýetirensoň, bu meselä goşulyp biler.

17. Ýaraşmak üçin elimizde baryny etsek nähili bereket alarys?

17 Heniz bu dünýäniň soňy gelmändigi üçin bikämil adamlar häli-şindi bir-biriniň göwnüne degýärler. Ýakup şägirt: «Eger kim sözünde ýalňyşmasa, onda ol kämil we tutuş bedenine erk edip bilýän adamdyr» diýip ýazdy (Ýak. 3:2). Şol sebäpli düşünişmezlik dörände «parahatlygy agtar, onuň yzyna düş» diýen maslahata eýermeli (Zeb. 34:14). Biz parahatlygy döredip, imandaşlarymyz bilen gowy gatnaşykda bolmakdan şatlyk tapýarys we ýygnagyň agzybirligine goşant goşýarys (Zeb. 133:1—3). Iň esasy zat bolsa, biz «parahatlyk berýän» Ýehowa Hudaý bilen dostlugymyzy berkidýäris (Rim. 15:33). Düşünişmezlikleri söýgi bilen çözýän adamlar şeýle bereketleriň eýesi bolýarlar.

^ 1) (12-nji abzas). Şeýle-de Mukaddes Ýazgylarda Ýakubyň dogany Ysaw (Gel. çyk. 27:41—45; 33:1—11); Ýusubyň doganlary (Gel. çyk. 45:1—15); Gedegon efraýymlar bilen dününişmezligi parahat ýagdaýda çözendigi gürrüň berilýär (Ser. 8:1—3). Belki-de, siz Mukaddes Ýazgylardan başga-da wakalary bilýänsiňiz.