Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

«Gidiň-de, ähli halklardan şägirt taýýarlaň»

«Gidiň-de, ähli halklardan şägirt taýýarlaň»

«Gidiň-de, ähli halklardan şägirt taýýarlaň. Olary... suwa çümdüriň. Olara meniň ähli tabşyran zatlarymy berjaý etmegi öwrediň». MAT. 28:19, 20

AÝDYMLAR: 141, 51

1, 2. Isanyň Matta 24:14-däki sözlerini okanymyzda nähili soraglar döreýär?

ŞU GÜNLER biziň aýdýan habarymyza käbir adamlar seslense, käbirleri güýçli garşylyk görkezýärler. Muňa garamazdan, köp adamlar Ýehowanyň Şaýatlarynyň hoş habary wagyz edýändigi bilen ylalaşýarlar. Hatda käbir adamlar dini ynançlarymyz bilen razylaşmasalar-da, wagyz işimize hormat goýýarlar. Isa Patyşalyk baradaky hoş habaryň «bütin ýer ýüzünde» wagyz ediljekdigini pygamberlik etdi (Mat. 24:14). Biz bu pygamberligi ýerine ýetirýändigimizi nireden bilýäris? Ýa-da bu işi diňe biz ýerine ýetirýäris diýmekçi bolýarysmy?

2 Dini guramalaryň köpüsi hoş habary wagyz edýändiris öýdýärler. Emma olar buthanada gulluk etmek, telewizorda ýa-da Internetde çykyş etmek bilen çäklenýärler. Şeýle-de olar bilim, lukmançylyk kömegini bermek we haýyr-sogap etmek ýaly işleri edýärler. Bular Isanyň şägirtlerine beren tabşyrygyna gabat gelýärmi?

3. Matta 28:19, 20-nji aýatlara görä, Isanyň şägirtleri haýsy dört zady etmeli?

3 Isanyň şägirtleri adamlar ýanlaryna gelýänçä garaşyp oturmalydymy? Elbetde, ýok! Isa direlensoň ýüzlerçe şägirdine ýüzlenip, şeýle diýdi: «Şonuň üçin gidiň-de, ähli halklardan şägirt taýýarlaň. Olary... suwa çümdüriň. Olara meniň ähli tabşyran zatlarymy berjaý etmegi öwrediň» (Mat. 28:19, 20). Bu tabşyrykda dört zat agzalýar. Biz şägirt taýýarlamaly, suwa çümdürmeli we öwretmeli. Emma ilki bilen näme etmeli? Isa: «Gidiň!» diýdi. Mukaddes Ýazgylary öwrenýän bir alym muny şeýle düşündirýär: «Iman edýän her bir adam ýaşaýan ýerinde ýa-da başga ýurda gitmeli bolsun, tapawudy ýok, „gidiň“ diýen tabşyryga eýermeli» (Mat. 10:7; Luka 10:3).

4. «Adam tutýan balykçy» diýmek nämäni aňladýar?

4 Isa şägirtleriniň aýratynlykda wagyz etmelidigini göz öňünde tutdumy ýa-da guramaçylykly? Elbetde, bir adam «ähli halklara» wagyz edip bilmese gerek! Bu işi köpçülikleýin we guramaçylykly ýerine ýetirmeli. Isa şägirtlerine «adam tutýan balykçy etjekdigini» aýtdy (Matta 4:18—22-nji aýatlary okaň). Ol adamyň ýekelikde çeňňek bilen balyk tutuşyny däl-de, köpçülikleýin tor bilen balyk tutuşyny göz öňüne tutdy (Luka 5:1—11).

5. Biz haýsy dört soragyň jogabyny bilmeli we näme üçin?

5 Geliň, Isanyň aýdan pygamberligine görä, hoş habary kimleriň wagyz edýändigini bilmek üçin şu dört soragyň jogabyny bileliň:

  • Nähili habar wagyz edilmeli?

  • Näme maksat bilen wagyz etmeli?

  • Haýsy usullary ulanmaly?

  • Nähili möçberde we haçana çenli wagyz edilmeli?

Bu soraglaryň jogaby adamlary halas ediş işini kimleriň ýerine ýetirýändigini bilmäge kömek etmän, eýsem, bu işe has-da yhlasly gatnaşmaga islegimizi artdyrar (1 Tim. 4:16).

NÄHILI HABAR WAGYZ EDILMELI?

6. Ýehowanyň Şaýatlarynyň aýdýan habarynyň dogrudygyna näme üçin ynamly bolup bileris?

6 Luka 4:43-i okaň. Isa «Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary» wagyz edýärdi we şägirtleriniň hem wagyz etmeklerini isleýärdi. Şu günler kimler bu habary «ähli halklara» wagyz edýär? Elbetde, Ýehowanyň Şaýatlary! Hatda hakykata garşy çykýan adamlaram muny inkär edip bilmeýärler. Meselem, bir ruhany Ýehowanyň Şaýadyna duşýar. Ol özüniň dürli ýurtlarda ýaşandygyny we şol ýerdäki dogan-uýalardan nähili habary wagyz edýändiklerini sorandygyny gürrüň berýär. Ruhany dogan-uýalaryň beren jogaby barada şeýle diýýär: «Olaryň bary akmak ýaly, „Patyşalyk baradaky hoş habary“ diýip, birmeňzeş jogap berýärdiler». Emma bu olaryň «akmak» däl-de, Hudaýyň hakyky gullukçylarynyň agzybirdigini görkezýär (1 Kor. 1:10). Olaryň aýdýan habary «Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýän Garawul diňi» žurnalyna esaslanýar. Şu günler bu žurnal 254 dilde çykarylyp, 59 milliona golaý nusgasy çap edilýär. Ol dünýäde iň köp ýaýradylýan žurnal hasaplanylýar.

7. Hristian dininiň agzalarynyň Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz etmeýändigi nämeden görünýär?

7 Hristian dininiň agzalary Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz etmeýärler. Olar Patyşalyk barada gürrüň etseler-de, ony ýöne bir duýgy ýa-da adamyň ýüregindäki zat hasaplaýarlar (Luka 17:21). Olar adamlara Hudaýyň Patyşalygynyň gökdäki hökümetdigini, patyşasynyň bolsa Isadygyny we onuň tizden adamzadyň kynçylyklaryny çözüp, ýer ýüzündäki zalymlygy köki bilen sogrup aýyrjakdygyny bilmäge kömek etmeýärler (Ylh. 19:11—21). Gaýtam, olar Isanyň doglan gününi we Pasha baýramyny belleýärler. Olar Isanyň ýer ýüzüniň täze patyşasy hökmünde nähili özgerişikleri etjekdigi hakda hiç zat bilmeýärler. Üstesine-de, olar nähili habary we ony näme maksat bilen wagyz etmelidigine düşünmeýärler.

NÄME MAKSAT BILEN WAGYZ ETMELI?

8. Hoş habary näme maksat bilen wagyz etmeli däl?

8 Hoş habary näme maksat bilen wagyz etmeli? Bu işi pul ýygnamak ýa-da owadan binalary gurmak niýeti bilen etmeli däl. Isa şägirtlerine: «Mugt aldyňyz, mugt hem beriň» diýdi (Mat. 10:8). Hawa, Hudaýyň Sözi satylmaýar (2 Kor. 2:17). Hoş habary wagyz edýän adamlar ony öz bähbidi üçin etmeli däl (Resullaryň işleri 20:33—35-nji aýatlary okaň). Muňa garamazdan, köp buthanalarda dini ýolbaşçylara we buthananyň beýleki agzalaryna hak tölemek üçin pul ýygnanylýar. Şeýlelikde, hristian dini ýolbaşçylary köp baýlyk ýygnadylar (Ylh. 17:4, 5).

9. Ýehowanyň Şaýatlarynyň hoş habary dogry niýet bilen wagyz edýändigi nämeden görünýär?

9 Ýehowanyň Şaýatlary barada näme diýse bolar? Olaryň işi meýletin sowgatlar arkaly amala aşyrylýar (2 Kor. 9:7). Olar Patyşalyk zallarynda ýa-da kongreslerde adamlardan hiç hili pul sadakalaryny ýygnamaýarlar. Meselem, geçen ýyl Ýehowanyň Şaýatlary takmynan 2 milliard sagat wagyz edip, her aý 9 milliondan gowrak Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirdiler. Olar bu iş üçin pul almaýarlar, gaýtam, özleri çykdajy edýärler. Bu diýseň haýran galdyrýar! Bir alym Ýehowanyň Şaýatlarynyň edýän işi barada şeýle diýdi: «Olaryň esasy maksady wagyz etmek we öwretmek... Olar çykdajy etmek islemeýän dini ýolbaşçylardan düýpgöter tapawutlanýar». Diýmek, biz näme maksat bilen wagyz edýäris? Biz bu işi Ýehowany we adamlary söýýändigimiz üçin meýletinlik bilen ýerine ýetirýäris. Şeýdip, biz Zebur 110:3-däki (okaň) pygamberligiň ýerine ýetmegine gatnaşýarys.

HAÝSY USULLARY ULANMALY?

Biz adamlaryň bar ýerlerinde wagyz edýäris (10-njy abzasa serediň)

10. Isa we onuň şägirtleri hoş habary wagyz etmek üçin haýsy usullary ulanýardy?

10 Isa we onuň şägirtleri hoş habary wagyz etmek üçin haýsy usullary ulanýardylar? Olar «mynasyp adamlary gözlemek» üçin köpçülik ýerlerinde we öýden-öýe wagyz edýärdiler (Mat. 10:11; Luka 8:1; Res. iş. 5:42; 20:20). Bu wagyz işiniň esasy usullarynyň biri hasaplanylýar.

11, 12. Hristian dininiň tarapdarlaryndan tapawutlykda Ýehowanyň Şaýatlary hoş habary nädip wagyz edýärler?

11 Hristian dininiň agzalary bu babatda näme edýärler? Buthana agzalary wagyz işiniň ähli görnüşini hakyna tutulan gullukçylaryna etdirýärler. Olar «adam tutýan balykçy» bolmagyň deregine, gaýtam, barja «balygyny» elden gidirmejek bolup jan edýärler. Elbetde, ruhanylar adamlary wagyz işiniň käbir görnüşlerine gatnaşmaga höweslendirýärler. Meselem, 2001-nji ýylyň başlarynda Rim papasy Ioann Pawel II hatynda şeýle diýdi: «Men bir ýyl bäri adamlary hristian dinine uýmaga höweslendirýärin we häzirem şeýle etmegi dowam edýärin... Bizem: „Eger hoş habary wagyz etmesem, waý günüme!“ diýen Pawlusyňky ýaly garaýyşda bolmaly. Bu işe ýörite „hünärmenler“ däl-de, Hudaýyň her bir gullukçysy gatnaşmaga borçludyr». Onuň çakylygyna köp adam seslendimi?

12 Ýehowanyň Şaýatlarynyň aýdýan habary barada näme diýse bolar? Olar Isanyň 1914-nji ýylda patyşa bolandygy hakda wagyz edýärler. Isanyň tabşyryşy ýaly, olar wagyz işini birinji orunda goýýarlar (Mar. 13:10). Bir kitapda şeýle diýilýär: «Ýehowanyň Şaýatlary hoş habary wagyz etmegi ähli zatdan wajyp hasaplaýar». Ýehowanyň Şaýadynyň aýdan sözlerine salgylanyp, kitabyň awtory sözüni şeýle dowam edýär: «Olar açlyk, ýekelik duýgusy we agyr keselçilik ýaly zatlara duş gelseler-de, adamlara kömek etmäge çalyşýarlar... Olar şu dünýäniň soňunyň geljekdigi baradaky we gutulyş üçin wajyp bolan hoş habary wagyz etmegi hiç haçan bes etmezler». Hawa, Ýehowanyň Şaýatlary Isanyň we şägirtleriniň usullaryny ulanyp, hoş habary ähli milletlere wagyz etmäge jan edýärler.

NÄHILI MÖÇBERDE WE HAÇANA ÇENLI WAGYZ EDILMELI?

13. Hoş habar nähili möçberde wagyz edilmeli?

13 Isa hoş habaryň «bütin ýer ýüzünde» wagyz edilmelidigini aýdanda, onuň nähili möçberde wagyz ediljekdigini düşündirdi (Mat. 24:14). Diýmek, «ähli halklardan» şägirt taýýarlamalydy (Mat. 28:19, 20). Bu hoş habaryň örän uly möçberde wagyz edilmelidigini görkezýär.

14, 15. Ýehowanyň Şaýatlarynyň Isanyň aýdan pygamberligini ýerine ýetirýändigini näme subut edýär? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

14 Ýehowanyň Şaýatlary Isanyň aýdan pygamberliginiň berjaý bolmagyna nädip gatnaşýarlar? Geliň, muňa düşünmek üçin wagyz işiniň möçberi bilen bagly käbir zatlara seredeliň. Meselem, ABŞ-da 600 müňe golaý ruhany bar, emma şol ýerde takmynan 1 million 200 müň Ýehowanyň Şaýady bar. Bütin dünýäde katolik buthanalarynda 400 müňden gowrak ruhanylar gulluk edýär. Geliň, indi olary Mukaddes Ýazgylara esaslanan Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz edýän Şaýatlaryň sany bilen deňeşdirip göreliň. Bütin dünýäde 8 million töweregi Ýehowanyň Şaýady bar. Olar 240 ýurtda hoş habary adamlara wagyz edýärler. Hawa, Ýehowany beýgeltmek we şöhratlandyrmak üçin edilýän işler diýseň haýran galdyrýar! (Zeb. 34:1; 51:15).

15 Dünýäniň soňunyň golaýlap gelýändigi sebäpli, Ýehowanyň Şaýatlary mümkin boldugyndan has köp adama hoş habary wagyz etmäge jan edýärler. Şol sebäpli biz Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlary terjime edip, çap edýäris; millionlarça kitaplary, žurnallary, kitapçalary, kongresleriň we Ýatlama agşamynyň çakylyk hatlaryny mugtuna paýlaýarys. Bu edebiýatlar 700-den gowrak dilde çykarylýar. Mundan başga-da 130-dan gowrak dilde «Mukaddes Ýazgylaryň Täze dünýä terjimesiniň» 200 milliondan gowrak nusgasy çykaryldy. Geçen ýyl Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlaryň takmynan 4,5 milliard nusgasy çap edildi. Internet sahypamyzdan bolsa 750-den gowrak dilde gerekli maglumatlary tapyp bilersiňiz. Eýsem, haýsy dini gurama şeýle işleri amala aşyrýar?

16. Ýehowanyň Şaýatlarynda Hudaýyň mukaddes ruhunyň bardygy nämeden görünýär?

16 Wagyz işi haçana çenli dowam etmeli? Isa bu işiň soňky günlerde uly möçberde alnyp baryljakdygyny we şondan soň «dünýäniň ahyrynyň geljekdigini» aýtdy (Mat. 24:14). Şu günler haýsy dini gurama hoş habary wagyz edýär? Wagyzda duşýan käbir hudaýhon adamlar: «Bizde mukaddes ruh bar, ýöne hoş habary siz wagyz edýärsiňiz» diýýärler. Emma çydamlylyk bilen wagyz edýändigimiz Hudaýyň ruhunyň bizde bardygyny subut etmeýärmi näme?! (Res. iş. 1:8; 1 Pet. 4:14). Käbir dini guramalar Ýehowanyň Şaýatlarynyň edýän işlerini etmäge çalyşýarlar, emma olaryň edýän tagallalary känbir netije bermeýär. Meselem, dini guramalaryň käbir agzalary başga ýerlere gidip, wagyz edýärler. Emma az wagtdan yzyna dolanýarlar. Hatda olaryň käbiri öýden-öýe wagyz etmäge çalyşýar. Ýöne olar näme barada wagyz edýärler? Ýokarda agzalan zatlardan olaryň Mesihiň başlan işini dowam etmeýändigi aýdyň görünýär.

ŞU GÜNLER HOŞ HABARY KIMLER WAGYZ EDÝÄR?

17, 18. a) Patyşalyk baradaky hoş habary diňe Ýehowanyň Şaýatlarynyň wagyz edýändigine näme üçin ynanyp bileris? b) Biz bu işi kimiň kömegi bilen ýerine ýetirýäris?

17 Şu günler Patyşalyk baradaky hoş habary kimler wagyz edýär? Biz doly ynam bilen: «Ýehowanyň Şaýatlary!» diýip bileris. Näme üçin? Sebäbi biz dogry habary, ýagny Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz edýäris. Adamlara wagyz edenimizde dogry usullary ulanýarys. Şeýle-de ony ýagşy niýet, ýagny pul ýygnamak üçin däl-de, söýgi bilen amala aşyrýarys. Biziň işimiz uly möçberde alnyp barylýar, şol sebäpli ähli halklara çenli baryp ýetýär. Elbetde, biz dünýäniň ahyry gelýänçä, badymyzy gowşatman hoş habary wagyz ederis!

18 Hawa, Hudaýyň halkynyň şu soňky günlerde amala aşyrýan işleri diýseň haýran galdyrýar! Emma bu işler kimiň kömegi bilen ýerine ýetirilýär? Pawlus resul filipililere ýazan hatynda: «Hudaý öz islegine görä sizi höweslendirip, hereket etmegiňiz üçin hem isleg, hem güýç berýär» diýdi (Flp. 2:13). Goý, mähriban Atamyz biziň ählimize gullugymyzy birkemsiz we soňuna çenli ýerine ýetirer ýaly güýç bersin! (2 Tim. 4:5).