Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ýehowanyň berýän ruhy iýmitinden doly peýdalanyň

Ýehowanyň berýän ruhy iýmitinden doly peýdalanyň

«Peýdaly zady öwredýän... Hudaýyňyz Reb Mendirin». IŞ. 48:17

AÝDYMLAR: 20, 37

1, 2. a) Ýehowanyň Şaýatlary Mukaddes Ýazgylara nähili garaýarlar? b) Siz Mukaddes Ýazgylaryň haýsy kitabyny okamagy gowy görýärsiňiz?

ÝEHOWANYŇ ŞAÝATLARY Mukaddes Ýazgylary okamagy gowy görýärler. Sebäbi ondaky sözler adama teselli we umyt berýär (Rim. 15:4). Biz Mukaddes Ýazgylara «ynsan sözi däl-de, Hudaýyň sözi hökmünde» garaýarys (1 Sel. 2:13).

2 Hawa, her birimiziň halaýan aýatlarymyz bardyr. Meselem, käbir dogan-uýalar Ýehowanyň ajaýyp häsiýetlerini görkezen Isa pygamber barada okamagy gowy görýärler (Ýah. 14:9). Käbirleri bolsa, «tizden nämäniň boljakdygyny aýan edýän» Ylham kitabyndaky pygamberlikleri okamagy halaýarlar (Ylh. 1:1). Biz Zebur kitabyndan teselli berýän sözleri ýa-da Süleýmanyň tymsallaryndan peýdaly maslahatlary tapan bolsak gerek! Dogrudan-da, Mukaddes Ýazgylar her bir adam üçin ýazylan kitap.

3, 4. a) Biz edebiýatlarymyza nähili garaýarys? b) Edebiýatlarymyz ýene kimler üçin taýýarlanylýar?

3 Biz Mukaddes Ýazgylary okamakdan lezzet alýarys. Şol sebäpli oňa esaslanan edebiýatlary hem höwes bilen okaýarys. Biz kitaplar, broşýuralar, žurnallar we başga edebiýatlarymyz arkaly berilýän ruhy iýmiti gymmat saýýarys. Ýehowanyň berýän zatlary bize ruhy taýdan oýa bolup, imanymyzy berkitmäge kömek edýär (Tit. 2:2).

4 Biz Ýehowanyň Şaýatlary üçin çap edilen edebiýatlardan başga-da, belli bir adamlar üçin niýetlenen edebiýatlary hem alýarys. Meselem, käbir edebiýatlar ýaşlara, käbirleri bolsa ata-enelere niýetlenip çykarylýar. Emma çap edilýän edebiýatlarymyzyň we web-saýtymyzdaky makalalaryň köpüsi, esasan, Ýehowanyň Şaýady bolmadyk adamlar üçin taýýarlanylýar. Ruhy iýmitiň bolluk bilen berilmegi Ýehowanyň «ähli halklary... bol iýmit» bilen üpjün edip, «meýlis gurnamak» babatda beren wadasynda durýandygyny görkezýär (Iş. 25:6).

5. «Wagtymyzy peýdaly ulanmak» üçin edýän tagallamyza Ýehowa nähili garaýar?

5 Biz Mukaddes Ýazgylary we oňa esaslanan edebiýatlary okamak üçin wagt tapmaga jan edýäris. Biz «wagtymyzy peýdaly ulanmak» üçin edýän tagallamyzy Ýehowanyň gymmat saýýandygyna ynanyp bileris (Efes. 5:15, 16). Aslynda, biz ruhy iýmitiň ählisinden doly peýdalanyp bilmeýäris. Biz oýa bolmaga päsgel berýän howpdan seresap bolmaly. Ol nähili howp?

6. Ýehowanyň ruhy bereketleriniň käbirine näme sebäpden üns bermän bileris?

6 Käbir edebiýatlar bize degişli däl diýip, olary okamazlygymyz mümkin. Meselem, Mukaddes Ýazgylaryň käbir kitaplary biziň ýagdaýymyza gabat gelenok diýýändiris. Ýa-da käbir edebiýatymyzda aýdylýan zatlar bize degişli däldir öýdýändiris. Şeýle ýagdaýda olara ýüzleý garap, okaman geçerismi? Eger şeýle bolsa, onda edebiýatlarymyzda aýdylýan peýdaly zatlardan özümizi mahrum edýäris. Şeýle duzakdan nädip gaça durup bileris? Biz ähli ruhy iýmitiň Gözbaşynyň Hudaýdygyny unutmaly däl. Ýehowa Işaýa pygamber arkaly: «Peýdaly zady öwredýän... Hudaýyňyz Reb Mendirin» diýdi (Iş. 48:17). Geliň, Mukaddes Ýazgylardaky aýatlaryň her birini we oňa esaslanan edebiýatlaryň ählisini okamagyň peýdalydygyny görkezýän üç maslahata seredeliň.

MUKADDES ÝAZGYLARY NÄDIP OKAMALY?

7. Mukaddes Ýazgylary okanymyzda näme üçin özümize sapak edinjek bolmaly?

7 Özüňize sapak ediniň. Mukaddes Ýazgylarda «Ýazgylaryň hemmesi Hudaýyň ylhamy bilen ýazylyp... peýdalydygy» aýdylýar (2 Tim. 3:16). Elbetde, Mukaddes Ýazgylaryň käbir kitaplary belli bir adama ýa-da topara degişli. Şol sebäpli biz okaýan zatlarymyz barada oýlanyp, özümize sapak edinjek bolmaly. Bir dogan şeýle diýýär: «Men Mukaddes Ýazgylary okanymda, özüme sapak edinmäge çalyşýaryn. Bu maňa okan zatlaryma has-da gowy düşünmäge ýardam edýär». Biz Hudaýyň Sözüni okamazdan öň, Ýehowadan düşgürlik we akyldarlyk sorap doga etmeli. Sebäbi ol biziň okan zatlarymyzdan sapak edinmegimizi isleýär (Ezra 7:10; Ýakup 1:5-i okaň).

Siz Mukaddes Ýazgylardan doly peýdalanýarsyňyzmy? (7-nji abzasa serediň)

8, 9. a) Mukaddes Ýazgylary okanymyzda özümize nähili soraglary bermeli? b) Ýaşuly doganlar üçin berilýän talaplar Ýehowa barada nämäni aýan edýär?

8 Özüňize sorag beriň. Mukaddes Ýazgylary okanyňyzda säginip, özüňize şeýle soraglary beriň: «Bu ýerde Ýehowa barada näme diýilýär? Men muňa nädip eýerip bilerin? Adamlara kömek etmek üçin nädip ulanyp bilerin?» Şeýle soraglaryň üstünde oýlansak, Mukaddes Ýazgylardan okan zatlarymyz köp peýda getirer. Geliň, ýygnak ýaşulusy bolmak isleýän doganlar üçin berilýän talaplar hakda oýlanyp göreliň (1 Timoteos 3:2—7-nji aýatlary okaň). Biziň köpümiz ýaşuly bolup gulluk etmeýäris. Şol sebäpli bu talaplar bize degişli däl diýip pikir etmegimiz mümkin. Emma aşakda getirilen soraglaryň jogaplaryna seredenimizde, şol talaplaryň biziň her birimize peýdalydygyna göz ýetireris.

9 Bu ýerde Ýehowa barada näme diýilýär? Ýehowa şeýle talaplary bermek bilen gözegçi bolup gulluk etmek isleýänleriň ýokary kadalara laýyk gelmelidigini görkezýär. Ol gözegçi doganlaryň başgalara gowy görelde bolmaklaryny we «Oglunyň gany bilen satyn alan» ýygnagyna meýletin gözegçilik etmeklerini isleýär (Res. iş. 20:28). Ýehowa bellenen çopanlaryň gözegçiligi astynda özümizi rahat duýmagymyzy isleýär (Iş. 32:1, 2). Şeýlelikde, ýaşuly doganlar üçin berilýän talaplar barada oýlanyp, Ýehowanyň biz barada çuňňur alada edýändigine göz ýetirdik.

10, 11. a) Ýaşululara berilýän talaplar barada oýlanmagyň nähili peýdasy bar? b) Şol talaplary başgalara kömek etmek üçin nädip ulanyp bileris?

10 Men muňa nädip eýerip bilerin? Jogapkär doganlar Mukaddes Ýazgylardaky talaplara laýyk gelýändigini wagtal-wagtal barlap durmaly we haýsy tarapyny gowulandyrmalydygyna göz ýetirmeli. «Gözegçi bolmak isleýän» dogan bu talaplar barada çuňňur oýlanmaly we olara laýyk gelmek üçin tagalla etmeli (1 Tim. 3:1). Aslynda, her bir mesihçi bu talaplar barada oýlanyp biler. Sebäbi olaryň köpüsinde Ýehowanyň ähli mesihçilerden garaşýan zatlary agzalýar. Meselem, biziň ählimiz «paýhasly» we «sagdyn düşünjeli» bolmaly (Flp. 4:5; 1 Pet. 4:7). Biz «sürä görelde bolýan» ýaşulularyň «imanlaryndan görelde alyp», köp zady öwrenip bileris (1 Pet. 5:3; Ýew. 13:7).

11 Muny adamlara kömek etmek üçin nädip ulanyp bilerin? Biz ýaşuly doganlar üçin berilýän talaplary gyzyklanýan ýa-da okuw geçýän adamlara okap berip bileris. Bu olara ýygnak ýaşulularynyň beýleki dini ýolbaşçylardan nämede tapawutlanýandygyny görmäge kömek eder. Şeýle-de bu talaplar barada okanymyzda, ýygnagymyzdaky ýaşulularyň biziň üçin nähili tagalla edýändiklerini ýadymyza salyp bileris. Bu bize «aramyzda köp zähmet çekýän» doganlara has-da minnetdar bolmaga kömek eder (1 Sel. 5:12). Eger biz agyr zähmet çekýän gözegçi doganlara ýürekden hormat goýsak, olaryň şatlygyna şatlyk goşarys (Ýew. 13:17).

12, 13. a) Biz nädip gözleg geçirip bileris? b) Okaýan zatlarymyz birbada peýdasyz ýaly bolup görünse-de, olardan näme öwrenip bileris? Mysal getiriň.

12 Gözleg geçiriň. Biz edebiýatlarymyz arkaly gözleg geçirsek, şeýle maglumatlary tapyp bileris:

  • Mukaddes Ýazgylaryň şu kitabyny kim ýazdy?

  • Ol nirede we haçan ýazyldy?

  • Onuň ýazylan döwründe nähili wajyp taryhy wakalar boldy?

Şeýle maglumatlar birbada peýdasyz ýaly bolup görünse-de, olardan köp zatlary öwrenip bileris.

13 Geliň, Ezekiýel 14:13, 14-nji aýatlara seredeliň. Onda şeýle diýilýär: «Bir ýurt dönüklik edip, Maňa garşy günä edende, oňa garşy elimi uzadyp... üstüne açlyk iberip, ynsanlary we haýwanlary gyryp taşlaryn. Eger şu üç adam Nuh, Danyýel we Eýýup ol ýerde bolsalar-da, olar dogruçyllyklary bilen diňe öz janlaryny halas edip bilerler. Muny Hökmürowan Reb diýýär». Eger biz bu aýatlar esasynda gözleg geçirsek, Ezekiýel kitabynyň b. e. öň takmynan 612-nji ýylda ýazylandygyna göz ýetireris. Elbetde, onuň ýazylan döwründe Nuh bilen Eýýup pygamber ýokdy. Sebäbi olar ençeme asyr öň aradan çykypdylar, emma olaryň dogry işleri Hudaýyň ýadyndady. Ýehowa Danyýel pygamberiň edil Nuh we Eýýup ýaly dogruçyldygyny aýdanda, ol 20 ýaşlaryndady. Biz mundan näme öwrenýäris? Ýehowa ähli wepaly gullukçylarynyň, şol sanda ýaşlaryň hem dogruçyllygyny görüp, gymmat saýýar (Zeb. 148:12—14).

EDEBIÝATLARYMYZYŇ ÄHLISINDEN PEÝDALANYŇ

14. Ýaşlar üçin niýetlenen edebiýatlaryň bize nähili peýdasy bar? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

14 Biz Mukaddes Ýazgylaryň ähli kitaplaryny okamagyň peýdalydygyna göz ýetirdik. Geliň, oňa esaslanan edebiýatlaryň ählisini okamagyň peýdalydygyny görkezýän käbir mysallara seredeliň. Ýaşlar üçin niýetlenen edebiýatlar. Soňky ýyllarda edebiýatlaryň köpüsi ýaşlara niýetlenip çykarylýar 1 . Bu edebiýatlaryň käbiri mekdepde okaýan ýa-da ýetginjeklik döwri bilen bagly kynçylyga uçraýan ýaşlara kömek etmek üçin çykaryldy. Olaryň bize nähili peýdasy bar? Biz olary okanymyzda Hudaýa wepaly ýaşlaryň nähili kynçylyklary başdan geçirýändigine düşüneris. Şonda biz ýaşlary ruhlandyryp goldap bileris.

15. Näme üçin uly ýaşdaky mesihçiler ýaşlar üçin çykarylýan edebiýatlary okamaly?

15 Ýaşlar üçin niýetlenen edebiýatlarda agzalýan kynçylyklaryň köpüsi diňe ýaş mesihçilere degişli däl. Biziň ählimiz imanymyzy goramaly, duýgularymyza erk etmeli, ýaramaz endiklerden, erbet dost-ýarlardan we biderek dynç almakdan gaça durmaly. Elbetde, şeýle maglumatlar, esasan, ýetginjeklere degişli. Emma uly ýaşdaky mesihçiler bu diňe ýaşlara degişli diýip, olary okamasa dogry bolarmy? Elbetde, ýok! Şol edebiýatlar ýaşlara degişli bolsa-da, ondaky maglumatlar Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine esaslanýar we biziň ählimize-de peýdaly bolup biler.

16. Ýaşlar üçin niýetlenen edebiýatlaryň ýene nähili peýdasy bar?

16 Mundan başga-da şol edebiýatlar ýaşlara diňe bir kynçylyklary bilen göreşmäge kömek etmän, eýsem, ruhy taýdan ösen mesihçi bolmaga we Ýehowa bilen dostlugyny has-da berkitmäge ýardam edýär (Wagyz kitaby 12:1, 13-nji aýatlary okaň) *. Bu edebiýatlar uly ýaşdaky mesihçilere-de peýdaly. Meselem, 2009-njy ýylyň aprel aýynda çykan «Oýanyň!» žurnalynda «Ýaşlaryň sowallary... Mukaddes Ýazgylary okamakdan nädip şatlyk tapyp bilerin?» (rus.) atly makala çap edildi. Şol makalada Mukaddes Ýazgylary netijeli okamak babatda ençeme maslahatlar we çarçuwa berilýär. Bu makala uly ýaşdaky mesihçilere-de peýdaly bolup bilermi? 24 ýaşlaryndaky çagaly gelin şeýle diýdi: «Maňa Mukaddes Ýazgylary yzygider okamak kyn bolýardy. Emma şol makalada berlen maslahatlar maňa güýçli täsir etdi. Men ondan köp peýdaly zatlary öwrendim. Indi men Mukaddes Ýazgylary yzygiderli okaýaryn. Men Mukaddes Ýazgylardaky kitaplaryň biri-biri bilen baglanyşyklydygyna göz ýetirýärin. Hawa, ol edil sünnälenip dokalan owadan haly ýaly. Men öň Mukaddes Ýazgylary okamakdan şeýle lezzet almandym».

17, 18. Köpçülige niýetlenen edebiýatlaryň bize nähili peýdasy bar? Mysal getiriň.

17 Köpçülige niýetlenen edebiýatlar. 2008-nji ýylda «Garawul diňi» žurnalyna käbir özgerişlikler girizildi. Şol ýyldan başlap žurnalda, esasan, ýygnakda öwrenilýän makalalar çap edilýär. Biz Ýehowanyň Şaýatlary üçin taýýarlanylýan bu žurnaly höwes bilen okaýarys. Emma köpçülige niýetlenip çykarylýan žurnallarymyz babatda näme diýse bolar? Biz olardan peýdalanyp bilerismi? Aýdaly, siz gyzyklanýan adamy ýygnaga çagyrýarsyňyz. Onuň ýygnaga gelendigini görüp, ýürekden begenýärsiňiz. Nutukçy söze başlanda, siz gyzyklanýan adamyň ünsli diňleýşine syn edip, aýdylýan zatlaryň oňa nähili täsir edýändigi hakda oýlanýarsyňyz. Başgaça aýdanyňda, aýdylýan zatlara onuň garaýşy ýaly garap başlaýarsyňyz. Şeýdip, siziň minnetdarlygyňyz has-da artýar.

18 Köpçülige niýetlenen edebiýatlary okamaklygy hem şuňa meňzetse bolýar. Meselem, köpçülik üçin çykarylýan «Garawul diňi» žurnalynda, esasan, Ýehowanyň Şaýady bolmadyk adamlara degişli temalar berilýär.Biziň jw.org saýtymyzdaky «Mukaddes Ýazgylar boýunça soraglaryň jogaby» we «Köp berilýän soraglar» atly makalalar babatda hem şeýle diýse bolar. Biz bu makalalary okanymyzda Hudaýyň Sözüne esaslanan maslahatlary has-da gymmat saýýarys. Mundan başga-da biz dini ynançlarymyzy wagyzda adamlara ökdelik bilen düşündirmegi öwrenýäris. Yzygiderli çykýan «Oýanyň!» žurnaly bolsa Hudaýyň bardygyna bolan ynamymyzy berkidýär we batyrgaýlyk bilen wagyz etmäge kömek edýär (1 Petrus 3:15-i okaň).

19. Ýehowanyň berýän ruhy iýmitine minnetdardygymyzy nädip görkezip bileris?

19 Dogrudan-da, Ýehowa bize bolluk bilen peýdaly öwüt-nesihatlary we görkezmeleri berýär (Mat. 5:3). Geliň, olaryň ählisinden doly peýdalanalyň. Şonda «peýdaly zatlary öwredýän» Ýehowa Hudaýa ýürekden minnetdardygymyzy görkezeris (Iş. 48:17).

^ 1) (14-nji abzas). «Ýaşlaryň sowallary» kitabynyň I we II (rus.) tomlaryny web-saýtymyzdan ýükläp alyp bilersiňiz.

^ abzas 16 Wagyz kitaby 12:1 Juwanlygyňda, agyr günler gelmänkä, «olardan lezzet almaryn» diýjek ýyllaryň golaýlaşmanka, özüňi Ýaradany ýatla. 13 Hemme zat aýdyldy. Netije şudur: Hudaýdan gork we Onuň tabşyryklaryny sakla, çünki bu ynsanyň esasy borjudyr.