Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Hudaýyň Sözi häzirem durmuşyňyza täsir edýärmi?

Hudaýyň Sözi häzirem durmuşyňyza täsir edýärmi?

«Pikiriňizi özgerdiň». RIM. 12:2

AÝDYMLAR: 29, 52

1—3. a) Suwa çümdürilenimizden soň haýsy endikler bilen göreşmek kyn bolup biler? b) Erbet endikleri ýeňmek garaşanymyzdan has kyn bolsa özümize nähili soraglary bermeli? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

KEWIN 1 Ýehowa barada hakykaty bilende, onuň bilen ýakyndan dostlaşmak isleýär. Emma ol köp ýyllaryň dowamynda humarly oýunlary oýnaýardy, çilim çekýärdi, spirtli içgileri köp içýärdi we neşe serişdelerini ulanýardy. Kewin Hudaýyň razylygyny gazanmak üçin erbet endiklerini taşlamalydy. Ýöne ol muny diňe Ýehowanyň we onuň Sözüniň kömegi bilen başardy (Ýew. 4:12).

2 Kewin suwa çümdürilenden soň durmuşyny özgertmegini bes etdimi? Ýok, ol häzirem öz üstünde işleýär we Hudaýa ýaramly häsiýetleri ösdürmek üçin tagalla edýär (Efes. 4:31, 32). Meselem, oňa gaharyny saklamak juda kyn bolýardy. Ol şeýle ýatlaýar: «Maňa gaharymy saklap, özüme erk etmegi öwrenmek öňki erbet endiklerimi taşlamakdanam kyn boldy». Hawa, Kewin Hudaýa ýürekden doga edip we Mukaddes Ýazgylary çuňňur özleşdirip, durmuşyny özgertdi.

3 Bizem Kewin ýaly suwa çümdürilmänkäk durmuşymyzy Mukaddes Ýazgylaryň talaplaryna laýyk getirmek üçin köp özgerişlikler etdik. Emma biz suwa çümdürilenimizden soňam Hudaýdan görelde almagy we Mesihiň yzyna doly eýermek üçin durmuşymyzy özgertmegi dowam etmelidigine düşünýäris (Efes. 5:1, 2; 1 Pet. 2:21). Belki-de, biz özümizde nägile bolmagyň, adamdan gorkynyň, gybat etmegiň ýa-da başga bir gowşak tarapymyzyň bardygyny görýändiris. Şeýle endikleri ýeňmek garaşanymyzdan has kyn bolsa näme? Belki-de, biz şeýle soraglar barada oýlanýandyrys: «Men eýýäm köp özgerişlikler etdim. Onda näme üçin şu kiçijik özgerişligi etmek kyn bolýarka? Mukaddes Ýazgylar mundan beýläk-de durmuşyma täsir eder ýaly näme edip bilerin?»

ÖZÜŇIZDEN KÖP ZADA GARAŞMAŇ

4. Biz näme üçin käte Ýehowa ýaramaýan zatlary edýäris?

4 Ýehowa barada bilim alyp, oňa bolan söýgimiz artdy. Şol sebäpli oňa ýaraýan zatlary etmäge jan edýäris. Emma biz näçe jan etsek-de, bikämillik sebäpli käte Hudaýa ýaramaýan zatlary edýäris. Bizem Pawlus resulyňky ýaly duýgulary başdan geçirýändiris. Ol: «Gowy zat edesim gelýär, ýöne ony edip bilmeýärin» diýdi (Rim. 7:18; Ýak. 3:2).

5. Biz suwa çümdürilmänkäk nähili özgerişlikleri etdik, emma haýsy endikler bilen göreşmeli bolmagymyz mümkin?

5 Biz mesihçiler ýygnagynyň agzasy bolmak üçin günäli endikleri taşladyk (1 Kor. 6:9, 10). Muňa garamazdan, biz henizem bikämil (Kol. 3:9, 10). Şol sebäpli suwa çümdürilenimizden soň ýa-da ençeme ýyl hakykatda bolanymyz üçin hiç haçan ýalňyşmaryn, ýykylmaryn, erbet höwesleriň we endikleriň täsirine düşmerin diýip pikir etsek nädogry bolardy. Sebäbi käbir endikler bilen ençeme ýyl göreşmeli bolýar.

6, 7. a) Bikämillige garamazdan Ýehowa bilen nädip dostlaşyp bileris? b) Ýehowadan geçirimlilik soramaga näme üçin ýaýdanmaly däl?

6 Biz bikämilligimiziň Ýehowa bilen dostlugymyza zyýan ýetirmegine we bizi oňa gulluk etmekden mahrum etmegine ýol bermeli däl. Ýehowa käte ýalňyşjakdygymyzy bilse-de, bizi özüne ýakynlaşdyrdy (Ýah. 6:44). Hudaý biziň häsiýetlerimizi, niýetimizi, esasan-da, haýsy endikler bilen göreşmegiň kyn bolýandygyny we käte tabşyryklaryny bozýandygymyzy bilýär. Emma bu zatlar Ýehowanyň biziň bilen dostlaşmak islemeýändigini aňlatmaýar.

7 Hudaý bizi söýýändigi üçin özüniň ýeke-täk Ogluny töleg hökmünde gurban berdi (Ýah. 3:16). Bu örän gymmatly sowgat! Biz ýalňyşanymyzda Ýehowadan kömek sorasak, onuň bilen dostlugymyzyň henizem berkdigine ynamly bolup bileris (Rim. 7:24, 25; 1 Ýah. 2:1, 2). Biz günälidigimiz sebäpli töleg gurbanynyň peýdasy ýok diýip pikir etmelimi? Eger şeýle pikir etsek, onda hapa eliňi suw bilen ýuwmakdan ýüz öwren ýaly bolar. Aslynda, töleg gurbany toba edýän adamlara peýda getirýär. Biz bikämil bolsak-da, Ýehowa bilen dostlukly gatnaşykdan lezzet alyp bilýäris. Şonuň üçin, geliň, töleg gurbanyna hemişe minnetdar bolalyň (1 Timoteos 1:15-i okaň).

8. Biz gowşak taraplarymyza näme üçin biperwaý garamaly däl?

8 Elbetde, biz gowşak taraplarymyza biperwaý garamaly däl. Ýehowa bilen dostlugymyzy berkitmek üçin, Onuň we Mesihiň göreldesine eýermäge hem-de olara ýaraýan zatlary etmäge jan etmeli (Zeb. 15:1—5). Şeýle-de gowşak taraplarymyzyň üstünde işläp, olary aýyrmak üçin tagalla etmeli. Biz ýaňy-ýakynda suwa çümdürilsek-de ýa-da Ýehowa ençeme ýyl bäri gulluk etsek-de, özgerişlik etmegi dowam etmeli (2 Kor. 13:11).

9. Biz näme üçin täze häsiýetlere geýnendigimizi hemişe barlap durmaly?

9 Biz durmuşymyzy özgertmek we «täze häsiýetlere geýinmek» üçin elimizde baryny etmeli. Pawlus resul imandaşlaryna şeýle diýdi: «Öňki häsiýetleriňizi egniňizden çykaryň. Sebäbi olar sizi aldawçy höwesleriňiz arkaly erbetlige iterýär. Pikiriňizi we garaýşyňyzy elmydama täzeläp duruň. Şeýle-de Hudaýyň islegine laýyk gelýän hakyky dogrulyga we wepalylyga esaslanan täze häsiýetlere geýniň» (Efes. 4:22—24). «Elmydama täzeläp duruň» diýen jümle täze häsiýetlere geýinmek üçin tagalla etmegi aňladýar. Biz Ýehowa köp ýyldan bäri gulluk etsek-de, bu maslahata eýerip, özgerişlik etmegi we Hudaýa ýaramly häsiýetleri ösdürmegi dowam etmeli. Hawa, Hudaýyň Sözi durmuşymyzy özgerdip bilýär.

DURMUŞYŇY ÖZGERTMEK NÄME ÜÇIN KYN?

10. Hudaýyň Sözi durmuşymyza täsir eder ýaly näme etmeli we nähili soraglar ýüze çykýar?

10 Hudaýyň Sözi mundan beýläk hem durmuşymyza täsir eder ýaly jan etmeli. Bu näme üçin wajyp? Ýehowa edýän tagallamyzy patalasa, onda ruhy taýdan ösüş etmek aňsat bolmazmydy näme? Ýehowa özüne ýaramly häsiýetleri ösdürer ýaly erbet endiklerimizi derrew aýryp bilmeýärmi?

11—13. Ýehowa näme üçin günäli endiklerimiz bilen göreşmegimizi isleýär?

11 Biz Älem giňişligi barada oýlananymyzda, Ýehowanyň güýjüniň çäksizdigine düşünýäris. Meselem, Gün bir sekuntda 5 million tonna energiýa çykarýar. Biziň Planetamyza onuň kiçijik bölegi düşse-de, ol bütin ýer ýüzünde ýaşaýyş üçin zerur bolan ýylylygyň we ýagtylygyň bolmagyna ýardam edýär (Zeb. 74:16; Iş. 40:26). Ýehowa gullukçylaryna ýeterlik derejede güýç berýär (Iş. 40:29). Biz Hudaýyň kömegi bilen islendik gowşak taraplarymyzy ýeňip bileris we goýberýän ýalňyşlyklarymyzdan köp zady öwreneris. Onda ol bize näme üçin kömek etmeýärkä?

12 Ýehowa bize saýlamak erkinligini sowgat berdi. Biz Hudaýyň islegini berjaý etmegi saýlasak we tagalla etsek, Ýehowany ýürekden söýýändigimizi, oňa ýaranmak isleýändigimizi hem-de hökümdarlygyny goldaýandygymyzy görkezeris. Şeýtan Ýehowanyň hökümdarlyk etmäge haklydygyny şübhä goýdy. Şol sebäpli gökdäki Atamyz hökümdarlygyny goldamak üçin meýletin we yhlas bilen edýän tagallamyzy örän gymmat saýýar (Eýp. 2:3—5; Sül. tym. 27:11). Eger Ýehowa bizi bikämillik sebäpli döreýän kynçylyklardan doly azat eden bolsa, onda Hudaýa wepalylygymyzy we onuň hökümdarlygyny goldaýandygymyzy subut edip bilmezdik.

13 Ine şonuň üçin hem Ýehowa bize mesihçilere mahsus häsiýetleri ösdürip biler ýaly, «bar güýjümizi jemlemegi» maslahat berýär (2 Petrus 1:5—7-nji aýatlary okaň; Kol. 3:12). Ol biziň pikirlerimize we duýgularymyza erk etmek üçin köp tagalla etmegimizi isleýär (Rim. 8:5; 12:9). Eger şeýle etsek, Hudaýyň Sözüniň häzirem durmuşymyza täsir edýändigine göz ýetireris we özümizi has-da bagtly duýarys.

HUDAÝYŇ SÖZI DURMUŞYŇYZY ÖZGERTSIN

14, 15. Ýehowa ýaramly häsiýetleri ösdürmek üçin näme etmeli? (« Hudaýyň Sözüniň we doga etmegiň peýdasy» atly çarçuwa serediň).

14 Ýehowa ýaramly häsiýetleri ösdürmek we onuň göwnünden turmak üçin näme etmeli? Munuň üçin ýöne bir öz üstüňde işlemek ýeterlikli däl. Biz Hudaýyň görkezmelerine eýermek üçin tagalla etmeli. Rimliler 12:2-de şeýle diýilýär: «Dünýäniň işlerine eýermegiňizi bes ediň. Özüňizi alyp barşyňyzy we pikiriňizi özgerdiň. Şonda Hudaýyň ýagşy, halaýan we kämil isleginiň nämedigine düşünersiňiz». Ýehowa Sözi we mukaddes ruhy arkaly bize islegine düşünmäge hem-de talaplaryna laýyk gelip biler ýaly gerekli özgerişlikleri etmäge ýardam edýär. Biz her gün Mukaddes Ýazgylary okamaly, oýlanmaly we Hudaýdan mukaddes ruhuny dilemeli (Luka 11:13; Gal. 5:22, 23). Biz Ýehowanyň mukaddes ruhunyň görkezmesine eýersek we Onuň garaýşyna düşünsek, pikirlerimiz, sözlerimiz hem-de özümizi alyp barşymyz ýakymly bolar. Biz, esasan-da, erbet endikler bilen göreşmäge jan etmeli (Sül. tym. 4:23).

Hudaýyň Sözünde we edebiýatlarymyzda erbet endikler bilen göreşmek babatda berilýän maslahatlary wagtal-wagtal okamak peýdaly (15-nji abzasa serediň)

15 Mukaddes Ýazgylary her gün okamakdan başga-da, oňa esaslanan edebiýatlar arkaly Ýehowanyň ajaýyp häsiýetlerine düşünjek bolmaly. Käbir dogan-uýalar «Garawul diňi» we «Oýanyň!» žurnallaryndaky makalalaryň Hudaýa ýaramly häsiýetleri ösdürmäge, erbet endiklerini ýeňmäge kömek edýändigine göz ýetirdiler.

16. Ruhy taýdan çalt ösüş etmek kyn bolsa näme üçin ruhdan düşmeli däl?

16 Eger ruhy taýdan çalt ösüş etmek kyn bolýan bolsa, ruhdan düşmäň. Sebäbi Hudaýa ýaramly ýaşamagy öwrenmek üçin wagt gerek. Biz Hudaýyň Sözüniň durmuşymyza täsir etmegi üçin sabyrly bolmaly. Ilki bilen, Ýazgylardaky kada-kanunlara eýermegi öwrenmeli. Şonda pikirimiz arassa bolup, Hudaýyň islegine görä ýaşamak aňsat bolar. Wagtyň geçmegi bilen, pikirimiz we edýän işlerimiz Ýehowa Hudaýyň göwnünden turar (Zeb. 37:31; Sül. tym. 23:12; Gal. 5:16, 17).

GELEJEKDE ALJAK BEREKETLERIŇIZ HAKDA OÝLANYŇ

17. Ýehowa wepaly galsak nähili bereket alarys?

17 Eger biz Ýehowa wepaly galsak, Oňa ebedi gulluk etmek hormatyna eýe bolarys. Gelejekde bize Hudaýa ýaramly häsiýetleri ösdürmek üçin göreşmek gerek bolmaz. Sebäbi biz olary höwes bilen bildireris. Emma biz töleg gurbany arkaly söýgüden doly Hudaýymyza häzirden gulluk edip bilýäris. Biz bikämil bolsak-da, Hudaýyň Sözüniň özümize täsir etmegine ýol bermek bilen Oňa gulluk edip bilýäris.

18, 19. Hudaýyň Sözüniň durmuşymyza güýçli täsir edýändigi nämeden görünýär?

18 Makalanyň başynda agzalan Kewin gaharyny saklamagy öwrenmek üçin köp tagalla etmeli boldy. Ol Mukaddes Ýazgylardaky prinsipleri hakda oýlanyp, olara eýerýärdi we imandaşlarynyň berýän kömegini höwes bilen kabul edýärdi. Kewin birnäçe ýylyň içinde köp özgerişlikleri etdi. Ol ýygnakda gulluk hyzmatçysy edip bellenildi. Häzir bolsa ol 20 ýyl bäri ýygnak ýaşulusy bolup gulluk edýär. Emma ol häzirem öňki endikleri bilen göreşmek üçin jan etmelidigine düşünýär.

19 Kewin bilen bolan waka Mukaddes Ýazgylaryň durmuşymyza güýçli täsir edýändigini görkezýär. Geliň, Ýehowa bilen dostlugymyzy has-da berkidip biler ýaly, Onuň Sözüniň mundan beýläk hem özümize täsir etmegine ýol bereliň (Zeb. 25:14). Biz edýän tagallamyza Ýehowanyň pata berýändigine düşünsek, Onuň Sözüniň durmuşymyza güýçli täsir edýändigine göz ýetireris (Zeb. 34:8).

^ 1) (1-nji abzas). Ady üýtgedildi.