Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

«Gorkmaň, ýardam ederin»

«Gorkmaň, ýardam ederin»

AÝDALY, sen garaňkyda köçeden ýöräp barýarsyň. Birdenkä, yzyňdan biriniň gelýändigini duýup, aýak çekýärsiň. Şonda ýaňky adam hem saklanýar. Sen çalt-çalt ýöräp başlaýarsyň, ýöne ol hem seniň yzyňdan galmaýar. Birdenem, golaýda ýaşaýan dostuň öýüne gözüň düşýär-de, şol tarapa ylgaýarsyň. Dostuň gapyny açyp, seni öýüne salýar. Şonda sen bela-beterden sypandygyňa begenip, uludan demiňi alýarsyň.

Belki-de, sen şeýle ýagdaýy başdan geçiren dälsiň. Emma durmuşda bolýan käbir kynçylyklar sebäpli gaýgy-aladalar seni halys tapdan düşürýändir. Meselem, sen gowşak taraplaryň bilen näçe göreşseň-de, ýene-de şol bir ýalňyşlygy goýberýänsiň. Iş tapmak üçin näçe jan etseň-de, hiç hili iş tapyp bilýän dälsiň. Belki-de, garrylyk we saglyk bilen bagly aladalar biynjalyk edýändir. Ýa-da durmuşyň başga aladalary sebäpli göwnüçökgünlige düşýänsiň.

Sen derdiňi paýlaşjak we dadyňa ýetişjek dostuň bolmagyny isleýänsiň. Eýsem, şeýle dosty tapyp bolarmy? Elbetde! Ýehowa Ybraýym pygamberiň dosty bolşy ýaly, seniňem dostuň bolup biler (Iş. 41:8—13). Işaýa 41:10, 13-nji aýatlarda Ýehowa gullukçylaryna şeýle diýýär: «Gorkmaň, siziň bilendirin Men, heder etmäň, Hudaýyňyzdyryn Men, size güýç bererin, ýardam ederin, sadyk sag golum bilen söýget bererin size. Hudaýyňyz Men-Reb sag eliňizden tutaryn, size: „Gorkmaň, ýardam ederin“ diýýän Mendirin».

«SAG ELIŇDEN TUTARYN»

Bu sözler seni ruhlandyrýan bolsa gerek! Gel, Ýehowanyň aýdan sözleri barada oýlanyp göreli. Elbetde, biz göni manyda Ýehowa bilen ýöräp bilmeýäris. Sebäbi Ýehowanyň sag elinden tutup ýöremek üçin, oňa çep elimizi bermeli bolýarys. Aslynda, iki adam bir-biriniň sag elinden tutup, bir tarapa ýöräp bilmeýär. «Sag eliňden tutaryn» diýen sözler Ýehowanyň bizi betbagtçylykdan halas etmek üçin «sadyk sag goluny» uzadýandygyny görkezýär. Sebäbi ol: «Gorkmaň, ýardam ederin» diýip wada berýär.

Sen Ýehowany söýýän we aladaly günde dadyňa ýetişýän dostuň hasaplaýarmyň? Ol seniň biynjalyk edýän zatlaryňy bilýär we saňa kömek etmek isleýär. Zebur 46:1-de: «(Hudaý) muşakgatlarda tiz tapylýan kömekdir» diýilýär. Hawa, kynçylyga uçranyňda, sen Ýehowany edil ýanyňda ýaly duýup bilersiň.

ÖZÜŇI GÜNÄKÄRLEMEK

Käbir adamlar öňki eden işleri üçin özüni günäkärläp, Hudaý bagyşlamaz öýdýärler. Eger senem şeýle pikir edýän bolsaň, ýaşlykda köp günäleri edendigine garamazdan, Hudaýa wepaly galan Eýýup pygamber hakda oýlan (Eýp. 13:26). Dawut pygamber hem şeýle duýgulary başdan geçiripdi. Ol Ýehowa: «Ýaşlyk günälerimi, jenaýatlarymy ýada salma» diýip ýalbardy (Zeb. 25:7). Rimliler 3:23-de bolsa: «Hemmeler günä edip, Hudaýyň şöhratyndan mahrum boldular» diýilýär. Hawa, biziň ählimiz günäni miras alandygymyz üçin bikämil bolup dogulýarys.

Işaýa 41-nji bapdaky sözler Hudaýyň gadymy döwürdäki halkyna degişlidi. Ýehowa olaryň agyr günä edendigi üçin Wawilona sürgün edilmegine ýol berdi (Iş. 39:6, 7). Emma Ýehowa olaryň käbirleriniň toba edip, yzyna dolanjakdygyny bilýärdi (Iş. 41:8, 9; 49:8). Ýehowa şu günlerem Özüne akýürekden gulluk etmek isleýän adamlara kömek edesi gelýär (Zeb. 51:1).

Geliň, Takuýa * dogan bilen bolan waka seredeliň. Ol ahlaksyz zatlary görmek we masturbasiýa etmek (jynsy höwesiňi kanagatlandyrmak üçin jynsy organlaryňy sypalamak ýa-da oýnamak) ýaly erbet endikler bilen göreşýärdi. Emma ol näçe jan etse-de, özüne erk edip bilmeýärdi. Bu ýagdaý oňa nähili täsir edýärdi? Ol şeýle gürrüň berýär: «Men özümi hiç zada mynasyp görmeýärdim. Ýöne Ýehowa ýalbaryp ötünç soranymda, ol güýçli gollary bilen meni batgalykdan çykaran ýaly boldy». Ýehowa oňa nädip kömek etdi? Ýygnak ýaşululary Takuýany ideg edýärler we oňa şeýle ýagdaý gaýtalananda, olara jaň etmegi maslahat berýärler. Takuýa sözüni şeýle dowam edýär: «Maňa muny aýtmak aňsat däldi, ýöne her sapar ýaşulular bilen gepleşenimde arkamdan ýük aýrylan ýaly bolýardy». Soňra ýaşulular etrap gözegçisi bilen Takuýany çopançylyk idegini edýärler. Etrap gözegçisi oňa: «Biz seniň ýanyňa tötänden däl-de, ýaşulularyň haýyşy boýunça geldik» diýýär. Takuýa şeýle ýatlaýar: «Men günäli bolsam-da, Ýehowa ýaşulular arkaly maňa goluny uzadyp, ýardam etdi». Takuýa ruhy taýdan ösüş edip, pioner gullugyna başlaýar we häzir ol Beýtelde gulluk edýär. Ýehowa Takuýa kömek edişi ýaly, ýykylanyňda saňa-da ýardam eder.

ERTIRIŇ GAÝGYSYNY ETMEK

Işsizlik sebäpli biz käte tapdan düşmegimiz mümkin. Käbir adamlar işini ýitirende lapykeç bolýarlar. Olar iş tapmak üçin näçe jan etselerem tapyp bilmeýärler. Şeýle ýagdaýda käbir adamlaryň özünden göwni geçýär. Belki, senem şeýle duýgulary başdan geçirýänsiň. Mümkin, baran ýeriňde saňa işiň ýokdugyny aýdýandyrlar. Emma sen Ýehowanyň kömek etjekdigine ynanyp bilersiň. Elbetde, ol saňa şol bada gowy iş tapyp bermez. Onda ol nädip kömek edýär? Dawut pygamberiň şu sözleri saňa teselli berip biler: «Men ýaş ýigitdim, indi garradym we dogry adamyň terk edilenligini ýa onuň zürýadynyň çörek diländigini görmedim» (Zeb. 37:25). Hawa, Ýehowa seni söýýär we oňa gulluk etmek üçin edýän tagallaňy görýär. Sen onuň «sadyk sag goly bilen» goldajakdygyna we ähli gerekli zatlar bilen üpjün etjekdigine şübhelenmän bilersiň.

Işsiz galanyňda Ýehowanyň kömek etjekdigine ynanyp bilersiň

Kolumbiýada ýaşaýan Sara uýa durmuşynda Ýehowanyň kömek edişini görýär. Ol ady belli kärhanada işleýärdi we köp aýlyk alýardy. Emma ol uzakly gün işlemeli bolýardy. Sara Ýehowa köpräk gulluk etmek isleýändigi üçin işinden çykyp, pioner gullugyna başlaýar. Ýarym günlük iş tapmak aňsat bolmansoň, ol doňdurma taýýarlanýan kiçiräk dükan açýar. Ýöne wagtyň geçmegi bilen, ol çykdajysyny ödäp bilmänsoň, dükanyny ýapmaly bolýar. Sara: «Şondan bäri üç ýyl geçdi, ýöne Ýehowa meni har-hor etmedi» diýýär. Ol nämäniň has zerurdygyna düşünip, ertiriň gaýgysyny etmezligi öwrendi (Mat. 6:33, 34). Bir gezek oňa öňki başlygy jaň edip, ýene-de iş teklip edýär. Ol başlygyna ýarym gün işläp biljekdigini we galan wagtyny ruhy işlere sarp etjekdigini aýdýar. Elbetde, Sara öňküsi ýaly köp gazanç edip bilmeýär, emma ol pioner bolup gulluk edýär. Sara: «Men Ýehowanyň mähirli gollary bilen kömek edýändigini duýýaryn» diýýär.

GARRYLYK ÇAGYNYŇ ALADALARY

Garrylyk bilen bagly aladalar hem adama ýük bolup biler. Meselem, köp adamlar pensiýa ýaşyna ýetenlerinde, kösenmän ýaşarmykak diýip aladalanýarlar. Şeýle-de olar ýaşy gitdigi saýyn saglyk ýagdaýy babatda biynjalyk bolýarlar. Ähtimal, olar hem Ýehowa: «Indi garrylyk çagymda meni Özüňden taşlama, güýjüm gaçan çagy meni terk etme» diýip ýalbaran Dawut pygamberiňki ýaly duýgulary başdan geçirýändir (Zeb. 71:9, 18).

Ýehowanyň gullukçylary gartaşan çagynda nädip hiç zadyň aladasyny etmän ýaşap bilerler? Olar Hudaýa doly bil baglap, gerekli zatlary bilen üpjün etjekdigine ynamly bolmaly. Eger-de olar bolelin ýaşaýşa öwrenişen bolsalar, indi sada ýaşamagy we baryna kaýyl bolmagy öwrenmeli. Şonda olar «gök ösümlikli naharyň» «bagöküzden gowudygyna», hatda saglygy üçin peýdalydygyna göz ýetirerler (Sül. tym. 15:17). Eger siz Ýehowanyň islegini berjaý etseňiz, Ol siziň garran çagyňyzda-da hökman aladaňyzy eder.

Hose bilen Roza we Toni bilen Wendi

Hose bilen Roza 65 ýyl bäri Ýehowa doly wagt gulluk edýärler. Olar birnäçe wagtlap gije-gündiz Rozanyň kakasyna seretmeli boldular. Üstesine-de, Hose rak keseli bilen keselläp, agyr operasiýany başdan geçirdi we himiki bejergi aldy. Muňa garamazdan, olaryň ikisem pioner bolup gulluk edýär. Ýehowa bu wepaly är-aýala «sag goly bilen söýget berdi». Nädip? Olara ýygnagyndaky Toni bilen Wendi kömek edýär. Bu är-aýal olara öýlerinde mugtuna ýaşamagy teklip edýär. Sebäbi olar doly wagt gulluk edýän dogan-uýalara kömek edesi gelýärdi. Toni mekdepde okaýarka, Hose bilen Rozanyň wagyz edip ýörendigini aýnadan görýärdi. Olaryň yhlasy Tonä güýçli täsir etdi. Toni bilen Wendi bu gartaşan är-aýalyň bütin ömrüni Ýehowa bagyş edendigini görüp, olary öýünde ýaşadýarlar. Olar ýaşy 80-den geçen Hose bilen Roza 15 ýyl bäri kömek edýärler. Bu gartaşan är-aýal Toni bilen Wendiniň kömegine Ýehowanyň sowgady hökmünde garaýarlar.

Hudaý saňa-da «sadyk sag goluny» uzadýar. Eýsem, sen «gorkmaň, ýardam ederin» diýip, wada berýän Hudaýa eliňi uzatmazmyň?

^ abzas 11 Käbir atlar üýtgedildi.