Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Siziň egin-eşigiňiz Hudaýy şöhratlandyýarmy?

Siziň egin-eşigiňiz Hudaýy şöhratlandyýarmy?

«Hemme zady Hudaýy şöhratlandyrmak üçin ediň». 1 KOR. 10:31

AÝDYMLAR: 34, 29

1, 2. Ýehowanyň Şaýatlary egin-eşik babatda näme üçin ýokary kadalara eýermeli? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

BUTHANA ýolbaşçylarynyň duşuşygy barada Daniýa gazetinde şeýle habar berlipdi: «Aýratynam yssy günleri köpleri geýnişine ähmiýet bermeýärler. Emma Ýehowanyň Şaýatlarynyň kongresi babatda şeýle diýip bolmaýar... Oglanlar we erkek adamlar penjekli, galstukly; gelin-gyzlar bolsa uzyn ýubkaly... olar gelşikli we şol sanda döwrebap geýinýärler». Dogrudan-da, Ýehowanyň Şaýatlaryny köplenç «ýaraşykly, salykatly egin-eşigi» we özlerini «sagdyn düşünje bilen bezeýändikleri... Hudaýa wepalylygy» üçin öwýärler (1 Tim. 2:9, 10). Pawlus resul bu sözleri uýalar hakda aýtsa-da, olar doganlara-da degişlidir.

2 Biz, Ýehowanyň halky egin-eşik babatda belli bir kada eýermeli, ol biziň sežde edýän Hudaýymyz üçin hem wajypdyr (Gel. çyk. 3:21). Mukaddes Ýazgylarda egin-eşik we daş keşp barada aýdylmagy älemiň Hökümdarynyň öz gullukçylary üçin paýhasly kadalary berendigini görkezýär. Şonuň üçin biz egin-eşik we daş keşp babatda karara gelenimizde, diňe öz islegimizi göz öňünde tutman, eýsem, älemiň Hökümdary Ýehowanyň hem göwnünden turmaly.

3. Biz Hudaýyň ysraýyllylara beren Kanunyndan näme öwrenýäris?

3 Meselem, Hudaýyň ysraýyllylara beren Kanunynda daş-töwerekdäki azgyn halklardan goraýan düzgünler bardy. Kanuna görä, Ýehowa erkek adam bilen aýal maşgalanyň geýnişiniň biri-biriniňkiden tapawutlanmagyny talap edýärdi. Biziň günlerimizde bolsa käte olary tapawutlandyryp bolmaýar (Kanun taglymaty 22:5-i okaň) *. Görşümiz ýaly, erkek adamyň geýnişi aýal maşgalanyňka, aýal maşgalanyň geýnişi bolsa erkek adamyňka meňzeş bolsa ýa-da olary bir-birinden saýgaryp bolmasa, Hudaý muny halamaýar.

4. Mesihçilere egin-eşik babatda dogry karara gelmäge näme kömek edip biler?

4 Hudaýyň Sözünde egin-eşik babatda dogry karara gelmäge kömek edýän prinsipler bar. Olar adamyň ýaşaýan ýerine, medeniýetine we howa şertlerine bagly däldir. Şonuň üçin bize ýerlikli we ýaraşykly egin-eşik barada jikme-jik görkezme gerek däl. Gaýtam, Mukaddes Ýazgylardaky prinsipler her kimiň islegini göz öňünde tutmaga mümkinçilik berýär. Geliň, häzir egin-eşik babatda «Hudaýyň ýagşy, halaýan we kämil isleginiň nämedigine düşünmäge» kömek edýän käbir prinsipleri ara alyp maslahatlaşalyň (Rim. 12:1, 2).

«ÖZÜMIZI HUDAÝYŇ GULLUKÇYLARY HÖKMÜNDE ALYP BARÝARYS»

5, 6. Biziň egin-eşigimiz adamlara nähili täsir etmeli?

5 Pawlus resul Hudaýyň ylhamy bilen 2 Korinfliler 6:4-de (okaň) wajyp prinsipi belläp geçdi. Adamyň daş keşbi onuň içki dünýäsi babatda köp zatlary aýan edýär. Köpler «adamyň daş keşbine seredip», oňa baha berýärler (1 Şam. 16:7). Şoňa görä-de biz egin-eşik saýlanymyzda, diňe özümize amatly zady göz öňünde tutmaly däldigine düşünýäris. Hudaýyň Sözündäki prinsipler dar, açyk ýa-da özüne çekiji egin-eşik geýmezligi maslahat berýär. Emma bu dünýä bedeniňi görkezer ýaly açyk, dar eşikleri geýmäge höweslendirýär. Biziň egin-eşigimiz adamy oňaýsyz ýagdaýa salmaly ýa-da biz barada nädogry pikir döretmeli däl.

6 Arassa, tämiz, salykatly we ýaraşykly geýinsek, adamlar biziň älemiň Hökümdary Ýehowanyň gullukçylarydygymyzy bilerler. Şeýdip, biz olary sežde edýän Hudaýymyza çekip bileris we guramamyz hakda gowy seslenmäge mümkinçilik bereris. Adamlar hem biziň aýdýan halas ediji habarymyzy diňlärler.

7, 8. Biz, esasanam, haýsy ýagdaýlarda ýerlikli geýinmeli?

7 Biziň geýnişimiz mukaddes Hudaýymyza, dogan-uýalara we ýaşaýan ýerimizdäki adamlara täsir edýär. Şol sebäpli biz Ýehowa we aýdýan habarymyza mynasyp tärde geýinmeli (Rim. 13:8—10). Esasanam, ruhy işler bilen meşgullananymyzda bu has-da wajypdyr. Biz «Hudaýa wepaly (adamlara) ýaraşýan» tärde geýinmeli (1 Tim. 2:10). Elbetde, bir ýerde ýerlikli bolan egin-eşik başga ýerde ýerliksiz bolmagy mümkin. Şeýle ýagdaýda Ýehowanyň halky ýerli ýagdaýy göz öňünde tutup, başgalara hormat goýýandygyny görkezýärler.

Biziň egin-eşigimiz sežde edýän Hudaýymyza şöhrat getirýärmi? (7, 8-nji abzaslara serediň)

8 1 Korinfliler 10:31-i okaň. Biz kongreslere baranymyzda dünýä mahsus bolan egin-eşigi däl-de, ýerlikli we salykatly geýinmeli. Myhmanhanada ýa-da başga ýerde ýaşasak-da, hatda kongresden öň, ýa-da soň dynç alanymyzda-da, ýerliksiz we sölpi geýinmekden gaça durmak isleýäris. Şonda biz Ýehowanyň Şaýadydygymyza buýsanyp, mümkinçilik dörände, arkaýyn wagyz edip bileris.

9, 10. Egin-eşik babatda Filipililer 2:4-däki sözler nähili kömek edýär?

9 Filipililer 2:4-i okaň. Mesihçiler näme üçin egin-eşiginiň imandaşlaryna täsir edişi barada oýlanmaly? Hudaýyň halky Mukaddes Ýazgylardaky: «Şol sebäpli beden agzalaryňyzdaky ahlaksyzlygy, hapalygy, erk edip bolmaýan ahlaksyz islegleri... öldüriň» diýen maslahata eýermek isleýärler (Kol. 3:2, 5). Ýogsam, ahlaksyz durmuşy taşlan imandaşlarymyza şu maslahata eýermek kyn bolar. Olaryň käbiri günäli höwesleri bilen henizem göreşýärler (1 Kor. 6:9, 10). Eýsem, biz bu göreşde olara kömek etmek islemeýärismi näme?!

10 Biz egin-eşigimiz bilen ýygnagymyzyň ahlak taýdan arassa bolmagyna ýardam etmeli. Emma diňe ýygnak duşuşygynda däl-de, dynç alanymyzda-da şeýle etmeli. Elbetde, biz öz islegimize görä geýnip bileris, ýöne imandaşlarymyza ahlak taýdan arassa galmaga we pikirinde, sözünde hem-de özüni alyp barşynda Hudaýyň mukaddes kadalaryna eýermäge kömek etmelidiris (1 Pet. 1:15, 16). Hawa, hakyky söýgi «özüni gelşiksiz alyp barýan däldir, öz peýdasyny gözleýän däldir» (1 Kor. 13:4, 5).

ÄHLI ÝAGDAÝDA EGIN-EŞIGIŇIZ ÝERLIKLI BOLSUN

11, 12. Egin-eşik babatda nämeleri göz öňünde tutmaly?

11 Hudaýyň gullukçylary egin-eşik babatda karara gelende, «her iş üçin wagt bellenendigini» göz öňünde tutýarlar (Wag. 3:1, 17). Elbetde, howa şertleri üýtgände ýa-da pasyl çalşanda, biz şoňa görä geýinýäris; dürli ýagdaýlary, ýaşaýyş şertlerini hem göz öňünde tutýarys. Emma Ýehowanyň kadalary howa ýaly üýtgäp durmaýar (Mal. 3:6).

12 Yssy howada başgaça geýinsek-de, biz egin-eşigimiz bilen özümiziň paýhasly we sagdyn düşünjeli adamdygymyzy görkezmek isleýäris. Şeýle ýagdaýda dar we açyk geýinmekden saklansak, dogan-uýalar minnetdar bolarlar (Eýp. 31:1). Deňizde ýa-da suw howdanynda dynç alanymyzda, biziň suwa düşülýän geýmimiz salykatly bolmaly (Sül. tym. 11:2, 20). Şeýle ýagdaýda dünýäniň adamlary ýaraşyksyz geýinseler-de, Ýehowanyň gullukçylary hökmünde biz söýgüden doly mukaddes Hudaýymyza mynasyp tärde geýinmek isleýäris.

13. Egin-eşik saýlanda näme üçin 1 Korinfliler 10:32, 33-nji aýatlardaky maslahata eýermeli?

13 Ýerlikli egin-eşigi saýlamaga kömek edýän ýene bir prinsipi, ýagny imandaşlarymyzyň we başga adamlaryň ynsabyny göz öňünde tutmaly (1 Korinfliler 10:32, 33-nji aýatlary okaň). Biziň egin-eşigimiz başgalaryň göwnüne degmeli däl. Pawlus resul: «Geliň, her birimiz ýakynymyza peýdaly boljak zatlary edeliň we ýagşy işlerimiz bilen olary abatlalyň» diýip ýazdy. Soňra munuň sebäbini düşündirip: «Mesih hem öz aladasyny etmedi» diýdi (Rim. 15:2, 3). Hawa, Isa adamlara kömek etmek üçin, olaryň islegini özüniňkiden ileri tutýardy, şeýdip, ol Hudaýyň islegini berjaý edýärdi. Biziň hem egin-eşigimiz wagyz etjek adamlarymyzda nädogry pikir döretjek bolsa, özümize ýarasa-da, olary geýmeris.

14. Ene-atalar çagalaryna egin-eşik we daş keşp babatda Hudaýy şöhratlandyrmagy nädip öwredip biler?

14 Mesihçi ene-atalar çagalaryna Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine eýermäge kömek etmäge borçludyr. Munuň üçin olaryň özleri-de, çagalary-da salykatly egin-eşigi we daş keşbi bilen Hudaýy begendirmäge jan etmeli (Sül. tym. 22:6; 27:11). Ene-atalar gowy göreldesi, söýgüsi we peýdaly görkezmeleri bilen, mukaddes Hudaýa hormat goýmagy öwredip bilerler. Olar çagalaryna ýaraşykly egin-eşigi nireden we nädip tapyp bolýandygyny öwretseler nähili gowy bolardy! Şonda ene-atalar diňe çagalaryna ýaraýan zatlary alman, eýsem, Ýehowa Hudaýyň öňündäki hormatly borjuny ýerine ýetirip bilerler.

ERKINLIGIŇIZI PAÝHASLY ULANYŇ

15. Egin-eşik saýlanymyzda, biz haýsy görkezmä eýermeli?

15 Mukaddes Ýazgylardaky peýdaly maslahatlar bize Hudaýy şöhratlandyrýan karara gelmäge kömek edýär. Muňa garamazdan, egin-eşik babatda biziň hem biraz ygtyýarymyz bar. Her kimiň öz islegi bolýar we mümkinçilikleri bir-biriniňkiden tapawutlanýar. Emma egin-eşigimiz elmydama arassa, tämiz, salykatly, ýaşaýan ýeriňe we ýagdaýa görä bolmaly.

16. Ýerlikli egin-eşik tapmak näme üçin eden tagallaňa degýär?

16 Elbetde, egin-eşik saýlanymyzda, sagdyn düşünje bilen paýhasly karara gelmegiň aňsat däldigine düşünýäris. Dükanlaryň köpüsinde döwrebap eşikler satylýar. Olaryň arasyndan salykatly köýnekdir balak saýlamak üçin köp tagalla etmeli we wagt gerek bolýar. Ýöne imandaşlarymyz biziň ýaraşykly we ýerlikli egin-eşik saýlamak üçin ýürekden eden tagallamyza üns berip, minnetdar bolarlar. Bu eden tagallaňa degýändir, sebäbi gökdäki söýgüli Atamyzy şöhratlandyrandygyňy bilmek diýseň begendirýär!

17. Sakgal ösdürmek babatda nähili ýagdaýlary göz öňünde tutmaly?

17 Eýsem, sakgal goýbermek barada näme diýse bolar? Musanyň kanunyna görä, erkek adamlardan sakgal goýbermeklik talap edilýärdi. Emma mesihçilerden oňa eýermek talap edilmeýär (Lew. 19:27; 21:5; Gal. 3:24, 25). Käbir medeniýetde sakgal ösdürip, oňa timar bermek ýerlikli hasaplanýar we bu Patyşalyk habarynyň gymmatyny gaçyrmaýar. Dogrudan-da, käbir jogapkär doganlaryň sakgaly bolsa-da, käbiri ösdürmeýär (1 Kor. 8:9, 13; 10:32). Käbir medeniýetlerde bolsa sakgal goýbermeklik Ýehowanyň Şaýatlary üçin ýerliksiz hasaplanýar. Şeýle ýagdaýlarda doganyň egin-eşigi we daş keşbi nähili salykatly bolsa-da, sakgal ösdürmeklik oňa Hudaýyň adyna şöhrat getirmäge päsgel berer (Rim. 15:1—3; 1 Tim. 3:2, 7).

18, 19. Egin-eşik babatda Hudaýyň göwnünden turmaga Mika 6:8-däki maslahat nädip kömek edýär?

18 Egin-eşik we daş keşp babatda Ýehowanyň jikme-jik görkezme bermeýändigine biz örän minnetdardyrys. Ol biziň Mukaddes Ýazgylardaky prinsiplere eýerip, erkin bolmaga we özüme paýhasly karara gelmäge mümkinçilik berýär. Hawa, biz hatda egin-eşigimiz we daş keşbimiz bilen hem «Hudaýymyzyň öňünde kiçigöwünli gezmek» isleýändigimizi görkezip bileris (Mika 6:8).

19 Hudaýyň öňünde pesgöwünli bolmak üçin, Ýehowanyň päk we mukaddesligi barada oýlananyp, onuň görkezmesine mätäçdigimize düşünmeli. Şeýle-de başgalaryň duýgusyna we pikirine hormat goýmaly. Şeýlelikde, biz ýokary kadalara eýersek we adamlaryň duýgusyna hormat goýsak, «Hudaýymyzyň öňünde kiçigöwünli gezeris».

20. Biziň egin-eşigimiz we daş keşbimiz başgalara nähili täsir etmeli?

20 Egin-eşigimiz babatda gelen kararymyz Ýehowanyň gullukçylarydygymyzy aýdyň görkezmeli. Dogan-uýalarymyz hem, başga adamlar hem biziň dogruçyl Hudaýymyzyň wekili bolmaga mynasypdygymyzy görmeli. Ýehowanyň kadalary beýikdir we biz olara höwes bilen eýermäge jan edýäris. Ýaraşykly daş keşbi we ýagşy edim-gylymy üçin dogan-uýalarymyzy öwýändiklerini görüp, akýürekli adamlar Mukaddes Ýazgylardaky halas ediji habara seslenýärler. Bu bolsa Ýehowa şöhrat getirýär we ony begendirýär. Egin-eşik babatda dogry karara gelsek, biz mundan beýläk hem «hormat we şöwket geýnen» Hudaýymyza şöhrat getireris (Zeb. 104:1, 2).

^ abzas 3 Kanun taglymaty 22:5 Aýal erkek geýmini, erkek hem aýal geýmini geýmeli däldir. Çünki munuň ýaly işler etmek Hudaýyňyz Rebbiň nazarynda nejislikdir.