Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Daşary ýurt dilindäki ýygnakda gulluk edeniňizde ruhy taýdan berk boluň

Daşary ýurt dilindäki ýygnakda gulluk edeniňizde ruhy taýdan berk boluň

«Sözüňi ýüregimde ýygşyrdym». ZEB. 119:11

AÝDYMLAR: 142, 47

1—3. a) Biz nämäniň aladasyny etmeli? b) Daşary ýurt dilini öwrenýänler nähili kynçylyga uçraýarlar we nähili soraglar döreýär? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

ŞU GÜNLER müňlerçe Ýehowanyň Şaýady hoş habary «her millete, her taýpa, her dile we her halka» wagyz etmek üçin elinde baryny edýär (Ylh. 14:6). Käbir dogan-uýalar ýaly sizem daşary ýurt dilini öwrenýänsiňiz. Megerem, siz missioner bolup ýa-da wagyzçylaryň az ýerinde gulluk edýänsiňiz. Ýa-da ýaşaýan ýeriňizdäki daşary ýurt dilinde geçirilýän ýygnaga barýansyňyz.

2 Biz, esasan, özümiziň we maşgalamyzyň ruhy taýdan berk bolmagynyň aladasyny etmeli (Mat. 5:3). Käte gündelik aladalar sebäpli şahsy okuwyny geçirmäge wagt tapmak kyn bolýar. Emma daşary ýurt dilinde geçirilýän ýygnakda gulluk edýän dogan-uýalar başga kynçylyklara hem duş gelýärler.

3 Meselem, olar täze dil öwrenmeli bolýarlar. Emma olar ýüregini ruhy iýmit bilen iýmitlendirýändigini hemişe barlap durmaly (1 Kor. 2:10). Eger olara ýygnakda aýdylýan zatlara düşünmek kyn bolsa, muny nädip edip biler? Ata-eneler näme üçin Hudaýyň Sözüniň çagalarynyň ýüregine täsir edýändigine göz ýetirmeli?

RUHY TAÝDAN ABANÝAN HOWPLAR

4. Ruhy taýdan gowşamagymyza näme sebäp bolup biler? Mysal getiriň.

4 Eger-de biz daşary ýurt dilinde ýazylan Hudaýyň Sözüni okanymyzda düşünmesek, wagtyň geçmegi bilen, ruhy taýdan gowşarys. B. e. öň V asyrda Nehemýa Wawilondan dolanan ýehudylaryň çagalarynyň käbiriniň ýewreý dilini bilmeýändigini görüp, olara kömek edýär (Nehemýa 13:23, 24-nji aýatlary okaň) *. Olar Hudaýyň Sözüne doly düşünmeýärdiler. Şol sebäpli olar hak Hudaýyň saýlan halkydygyny unutdylar (Neh. 8:2, 8).

5, 6. Daşary ýurtda gulluk edýän ene-atalar nämä göz ýetirdiler we näme üçin?

5 Daşary ýurt dilinde geçirilýän ýygnakda gulluk edýän mesihçileriň käbiri çagalarynyň ruhy zatlara bolan höwesiniň gaçandygyna göz ýetirdiler. Ýygnakda aýdylýan zatlara doly düşünmeýändigi üçin, Hudaýyň Sözi olaryň ýüregine täsir etmeýärdi. Günorta Amerikada ýaşaýan Pedro 1 bütin maşgalasy bilen Awstraliýa göçýär. Ol şeýle ýatlaýar: «Ruhy zatlar barada gürrüň edenimizde, ýüregime we duýgularyma täsir etmeýärdi» (Luka 24:32).

6 Biz edebiýatlarymyzy daşary ýurt dilinde okanymyzda, olar edil ene dilimizdäki ýaly ýüregimize täsir etmeýär. Şeýle-de biz daşary ýurt dilinde gowy gepläp bilmesek, pikirlenmek ukybymyz peseler we ruhy taýdan gowşarys. Şol sebäpli daşary ýurt dilinde geçirilýän ýygnakda gulluk etmek islesek, ruhy taýdan gowşamajakdygymyza göz ýetirmeli (Mat. 4:4).

RUHY TAÝDAN GOWŞAMADYK ADAMLAR

7. Wawilonlylar Danyýeli öz dinine we däplerine nädip eýertjek bolýar?

7 Danyýel bilen ýoldaşlary Wawilonda ýesirlikdekä olara ýerli halkyň «dilini» öwredip, däp-dessurlaryna eýertmek isleýärler. Şeýle-de baş gözegçi olaryň adyny üýtgedip, wawilonlylara mahsus bolan atlary dakýar (Dan. 1:3—7). Danyýele wawilonlylaryň baş taňrysy Belteşasaryň adyny goýýarlar. Nebukadnesar patyşa Danyýeli wawilonlylaryň taňrysynyň Ýehowadan beýikdigine ynandyrjak bolýar (Dan. 4:5).

8. Danyýel ýat ýurtda ýaşasa-da, nädip ruhy taýdan berk bolup bildi?

8 Danyýele patyşanyň saçagyndan naharlanmaga rugsat berilse-de, «özüni haram etmezligi ýüregine düwýär» (Dan. 1:8). Sebäbi ol ýat ýurtda ýaşasa-da, ene dilindäki «mukaddes kitaplary» okap, ruhy taýdan gowşamaýar (Dan. 9:2). Şeýlelikde, Danyýel Wawilonda 70 ýyla golaý ýaşasa-da, ýewreý ady bilen tanalýar (Dan. 5:13).

9. Zebur 119-a görä, Hudaýyň Sözi mezmurça nähili täsir etdi?

9 Zebur 119-y ýazan mezmurçy Hudaýyň Sözüniň kömegi bilen başgalaryň ýaramaz täsirine garşy durandygyny aýdýar. Ol käbir köşk emeldarlarynyň ýaňsylaýjy sözlerine çydamaly bolýar (Zeb. 119:23, 61). Hudaýyň Sözi onuň ýüregine täsir edendigi üçin, ol ruhy taýdan gowşamaýar (Zebur 119:11, 46-njy aýatlary okaň).

HEMIŞE RUHY TAÝDAN BERK BOLUŇ

10, 11. a) Hudaýyň Sözüni näme maksat bilen okamaly? b) Biz maksadymyza nädip ýetip bileris? Mysal getiriň.

10 Biz ýygnakda, maşgalada ýa-da başga jogapkärli işleri ýerine ýetirsek-de, şahsy we maşgala okuwyny geçirmäge wagt tapmaly (Efes. 5:15, 16). Emma biz muny sahypa sanyna kowalaşyp ýa-da ýygnakda diňe jogap bermek maksady bilen geçirmeli däl. Biz Hudaýyň Sözüniň ýüregimize täsir edýändigine we imanymyzy berkidýändigine göz ýetirmeli.

11 Biz bu maksadymyza ýetmek üçin diňe adamlaryň däl-de, öz ruhy zerurlyklarymyz hakda hem oýlanmaly (Flp. 1:9, 10). Wagza, ýygnaga ýa-da nutuga taýýarlananymyzda, biziň okaýan zatlarymyz özümize degişli bolmanam biler. Meselem, aşpez bişiren naharynyň tagamyny dadany bilen gerk-gäbe doýmaýar. Ol sagdyn bolmak islese özüne peýdaly nahar bişirmeli. Şonuň ýaly biz hem öz ruhy zerurlyklarymyzy kanagatlandyrmak üçin ýüregimizi iýmitlendirip durmaly.

12, 13. Daşary ýurt dilinde geçirilýän ýygnakda gulluk edýänleriň köpüsi näme üçin Mukaddes Ýazgylary öz «ene dilinde» öwrenýär?

12 Daşary ýurt dilinde geçirilýän ýygnakda gulluk edýän dogan-uýalaryň köpüsi Mukaddes Ýazgylary öz «ene dilinde» yzygider öwrenýärler (Res. iş. 2:8). Hatda missionerlerem ruhy taýdan berk bolmak üçin ýygnakda aýdylýan zatlara ýüzleý düşünmegiň ýeterlikli däldigini bilýärler.

13 Sekiz ýyldan bäri pars dilini öwrenýän Alan dogan şeýle diýýär: «Men ýygnaga pars dilinde taýýarlananymda, dile has köp üns bermeli bolýaryn. Şol dilde okanymda, sözlere köp üns berýändigim üçin Hudaýyň Sözi ýüregime täsir etmeýärdi. Şol sebäpli Mukaddes Ýazgylary we oňa esaslanan edebiýatlary öz ene dilimde okamaga çalyşýaryn».

HUDAÝYŇ SÖZI ÇAGALARYŇYZYŇ ÝÜREGINE TÄSIR ETSIN!

14. Ata-eneler näme etmeli we näme üçin?

14 Ata-eneler Hudaýyň Sözüniň çagalarynyň aňyna we ýüregine ýeter ýaly elinde baryny etmeli. Serj bilen Muriýel daşary ýurt dilinde geçirilýän ýygnakda 3 ýyldan gowrak gulluk edýärler. Olar 17 ýaşly oglunyň ruhy işleri etmäge höwesiniň gaçandygyny aýdýarlar. Muriýel şeýle diýýär: «Ol fransuz dilinde wagyz etmegi gowy görýärdi, indi bolsa hytaý dilinde wagyz etmegi halamaýar». Serj dogan bolsa: «Biz bu ýagdaýyň oglumyza ruhy taýdan ösmäge päsgel berýändigine düşünenimizde, ýene-de öňki ýygnaga dolanmaly diýen karara geldik» diýýär.

Hudaýyň Sözüniň çagaňyzyň ýüregine täsir edýändigine göz ýetiriň (14, 15-nji abzaslara serediň)

15. a) Ata-eneler çagalarynyň has gowy düşünýän dilindäki ýygnaga geçmelidigini nädip bilip biler? b) Kanun taglymaty 6:5—7-nji aýatlarda ata-enelere nähili maslahat berilýär?

15 Ata-eneler çagalarynyň has gowy düşünýän dilindäki ýygnaga geçmelidigini nädip bilip biler? Birinjiden, olar çagalaryna daşary ýurt dilini öwredenlerinde, olaryň Ýehowa bolan söýgüsini ösdürmäge ýeterlik wagtynyň we serişdesiniň barlygyna doly göz ýetirmeli. Ikinjiden, olar çagalarynyň ruhy zatlara ýa-da daşary ýurtda gulluk etmäge bolan höwesine üns bermeli. Şeýle ýagdaýlarda ata-eneler çagalary ruhy taýdan berkeýänçä, olaryň has gowy düşünýän dilindäki ýygnaga geçip bilerler (Kanun taglymaty 6:5—7-nji aýatlary okaň) *.

16, 17. Daşary ýurt dilinde geçirilýän ýygnaga gatnaýan käbir ata-eneler çagalaryna ruhy taýdan ösmäge nädip kömek edýärler?

16 Käbir ata-eneler daşary ýurt dilindäki ýygnaga ýa-da topara gatnasalar-da, çagalaryna öz ene dilinde terbiýe bermäge çalyşýarlar. Çarlz dogan 9—13 ýaşlaryndaky üç gyzy bilen lingala dilindäki topara gatnaýar. Ol şeýle diýýär: «Biz çagalarymyz bilen öz ene dilimizde ýygnaga taýýarlanmaly we maşgala okuwyny geçirmeli diýen karara geldik. Emma çagalarymyz lingala dilini öwrenip biler ýaly biz sahnalary we oýunlary şol dilde taýýarlaýarys. Şonda maşgala okuwy has-da gyzykly bolýar».

Täze dili öwrenmek we ýygnakda jogap bermek üçin tagalla ediň (16, 17-nji abzaslara serediň)

17 Daşary ýurt dilinde geçirilýän ýygnaga gatnaýan Kewin hem gyzlarynyň ýygnakda aýdylýan zatlara düşünmegi üçin köp tagalla etmeli bolýar. Onuň bir gyzy bäş, beýlekisi bolsa dokuz ýaşynda. Kewin şeýle diýýär: «Aýalym ikimiz gyzlarymyzyň hersi bilen öz ene dilimiz bolan fransuz dilinde okuw geçýäris. Şeýle-de biz fransuz dilinde geçirilýän ýygnaga aýda bir gezek barmagy maksat edinýäris. Işden rugsat alan günlerimizde bolsa, öz ene dilimizde geçirilýän kongreslere gatnaşýarys».

18. a) Rimliler 15:1, 2-nji aýatlardaky haýsy prinsip çagalaryň aladasyny etmäge kömek edýär? b) Käbir ata-eneler çagalary terbiýelemk babatda näme diýýär? (Çykgyda serediň).

18 Dogrudan-da, her bir ata-ene çagalarynyň ruhy taýdan berk bolmagynyň aladasyny etmeli (Gal. 6:5) 2 . Ýokarda agzalan Muriýel uýa oglunyň ruhy taýdan ösmegi üçin ýanýoldaşy bilen öz isleglerinden geçmeli bolandyklaryny aýdýar (Rimliler 15:1, 2-nji aýatlary okaň). Serj dogan bolsa yzyna ser salanda, dogry karara gelendiklerine düşünýär. Ol şeýle diýýär: «Biz fransuz dilinde geçirilýän ýygnaga geçenimizden soň, oglumyz ruhy taýdan ösüp, suwa çümdürildi. Häzir ol pioner bolup gulluk edýär. Ol ýene-de daşary ýurt dilinde geçirilýän ýygnaga gatnamak barada oýlanýar».

HUDAÝYŇ SÖZI ÝÜREGIŇIZE TÄSIR ETSIN!

19, 20. Biz Hudaýyň Sözüniň gadyryny bilýändigimizi nädip görkezip bileris?

19 Ýehowa adamlary söýýändigi üçin, öz Sözüniň, ýagny Mukaddes Ýazgylaryň müňlerçe dile terjime edilmeginiň aladasyny edýär. Sebäbi ol «ähli adamlaryň... hakykat barada dogry bilim almagyny isleýär» (1 Tim. 2:4). Ol adamlaryň Mukaddes Ýazgylary ýüregine täsir edýän dilde okanlarynda, ruhy zerurlyklaryny has gowy kanagatlandyrýandyklaryny bilýär.

20 Nähili bolaýanda-da, geliň, ýüregimizi ruhy iýmitden dolduralyň. Biz Mukaddes Ýazgylary ýüregimize täsir edýän dilde öwrenmegi dowam edip, özümizi we maşgalamyzy ruhy taýdan berkideris. Şeýdip, biz Hudaýyň Sözüni «ýüregimizde ýygşyrýandygymyzy» görkezeris (Zeb. 119:11).

^ 1) 5-nji abzas. Atlary üýtgedilen.

^ 2) 18-nji abzas. «Daşary ýurtda ýaşap, çagalary terbiýelemek. Tagallalaryň patalanýar» atly makalada maşgalaňyza kömek edýän prinsipleri tapyp bilersiňiz (w02-U 15/10).

^ abzas 4 Nehemýa 13:23 Şol günler men aşdotly, ammonly we mowaply aýallara öýlenen ýahudalary-da gördüm. 24 Olaryň çagalarynyň ýary aşdot dilinde gepläp, ýahuda dilinde gepläp bilmeýärdiler, olar dürli halklaryň dillerinde gepleýärdiler.

^ abzas 15 Kanun taglymaty 6:5 Hudaýyňyz Rebbi tutuş ýüregiňiz we janyňyz-teniňiz bilen, ähli güýjüňiz bilen söýüň. 6 Meniň bu günki buýurýan şu sözlerimi ýüregiňizde saklaň. 7 Bulary çagalaryňa hem öwret, öýde-de, ýolda-da, ýatanyňda-turanyňda-da şular hakda söz sözlegin.