Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

«Paýhasy» gorap saklaň

«Paýhasy» gorap saklaň

ÇET obada ýaşaýan garyp oglanjyk bilen bolan waka seredeliň. Obadaşlary oglanjygyň akyly kem diýip üstünden gülýärdiler. Goňşulary bolsa myhmanlaryň we dostlarynyň öňünde ony kemsidýärdiler. Bir sapar olar oglanjyga ulurak kümüş we kiçiräk altyn teňňäni görkezip: «Bularyň birini saýla» diýýärler. Şonda oglanjyk kümüş teňňäni alýar-da, ylgap gidýär. Emma kümüş altyndan iki esse arzandy.

Myhmanlaryň biri oglanjykdan: «Altyn teňňäniň kümüş teňňeden iki esse gymmatlydygyny bilmeýärdiňmi?» diýip soraýar. Ol ýylgyryp: «Bilýärdim» diýýär. Şonda ol: «Onda sen näme üçin hemişe kümüş teňňäni alýarsyň? Eger altyn teňňäni alsaň, puluň iki esse köp bolmazmy?» diýýär. Oglanjyk oňa: «Eger altyn teňňäni alan bolsam, adamlar meniň bilen oýnamazdylar. Mende näçe kümüş puluň bardygyny bilýärsiňizmi?» diýýär. Oglanjyk bilen bolan waka paýhasly bolmagyň köp peýda getirýändigini görkezýär.

Mukaddes Ýazgylarda: «Sagdyn öwüdi, paýhasy... sakla. Onsoň, ýoluňda aman gezersiň, aýagyň taýmaz» diýilýär (Sül. tym. 3:21, 23). «Paýhaslylygyň» näme aňladýandygyny we nädip paýhasly bolmalydygyny bilsek, «aýagymyz taýman», gaýtam, ruhy taýdan gowşadýan zatlardan özümizi gorarys.

PAÝHASLYLYK NÄMÄNI AŇLADÝAR?

Paýhaslylyk bilimli we düşünjeli bolmakdan tapawutlanýar. Bilimli bolmak haýsydyr bir maglumaty ýa-da zady bilmegi aňladýar. Düşünje bolsa, bir maglumaty başga bir maglumat bilen baglanyşdyrmagy aňladýar. Emma paýhasly adam bilimini we düşünjesini durmuşda ulanýar.

Aýdaly, siziň bilen okuw geçýän adam «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» kitabyny gysga wagtyň içinde okap, ondaky zatlara düşünýär. Okuwyň dowamynda-da ol ähli soraglara dogry jogap berýär. Şeýle-de ol ýygnak duşyşyklaryna gatnaşyp, gowy jogaplary berýär. Bularyň ählisi onuň ruhy taýdan ösýändigini görkezýär. Emma bu onuň paýhaslydygyny aňladýarmy? Elbetde, ýok. Bu onuň ýöne bir zehinlidigini görkezýär. Ýöne ol hakykata görä ýaşap, bilimini we düşünjesini iş ýüzünde dogry ulananda, paýhasly diýse bolar. Eger ol dogry we oýlanyşykly karara gelse, onda oňa paýhasly hereket edýär diýip ynamly aýtsa bolýar.

Matta 7:24—27-nji aýatlarda Isa jaý gurýan iki adam barada gürrüň berýär. Olaryň biriniň «paýhasly» hereket edendigi aýdylýar. Ol bolup biläýjek ýagdaýlar hakda öňünden oýlanyp, jaýyny gaýanyň üstünde gurýar. Bu onuň öňdengörüji we tejribeli adamdygyny görkezýär. Ol aňsadyna bakyp ýa-da gurluşygy tiz tamamlajak bolup, jaýyny çägäniň üstünde gurmaýar. Ol paýhasly bolup, edýän işleriniň gelejekde nähili netije berjekdigi hakda oýlanýar. Şeýlelikde, sil gelende-de, onuň jaýy ýumrulmaýar. Şu mysaldan görnüşi ýaly, biz nädip paýhasly bolmaly we ony nädip gorap saklamaly?

NÄDIP PAÝHASLY BOLMALY?

Birinjiden, Hudaýa ýaramly gorkyny ösdürmeli. Mika 6:9-da: «Paýhasly adam (Hudaýyň) adyndan gorkar (TD)» diýilýär. Bu Ýehowanyň adyna we kada-kanunlaryna hormat goýmagy aňladýar. Meselem, birine hormat goýmak üçin onuň garaýşyny bilmeli. Şonda oňa bil baglaýarys we onuň göreldesine eýerip, paýhasly karara gelmegi öwrenýäris. Şonuň ýaly-da biz gelýän kararlarymyzyň Ýehowa bilen dostlugymyza täsir edýändigi hakda oýlansak we onuň kada-kanunlaryna eýersek, paýhasly bolarys.

Ikinjiden, özümizi Hudaýdan we onuň halkyndan çetde tutmaly däl. Süleýmanyň tymsallary 18:1-de: «Özüni çetde tutýan nebsine çapýandyr; ol ähli sagdyn öwüde garşy gidýändir» diýilýär. Şol sebäpli biz ünsli bolmaly. Munuň üçin Hudaýyň adyndan gorkýan we onuň kada-kanunlaryna hormat goýýan adamlar bilen yzygider gatnaşmaly. Biz, mümkin boldugyndan, ýygnak duşuşyklaryna hemişe gelmeli we dogan-uýalar bilen gürrüňdeş bolmaly. Şeýle-de duşuşyklarda aýdylýan zatlaryň aňymyza we ýüregimize täsir etmegine ýol bermeli.

Ondan başga-da biz Ýehowa doga edip, ýüregimizi döksek, oňa has-da ýakynlaşarys (Sül. tym. 3:5, 6). Biz Ýehowanyň guramasy arkaly berýän edebiýatlaryny we Mukaddes Ýazgylary okanymyzda çuňňur oýlansak, edýän işlerimiziň nähili netije berjekdigini öňünden görüp bileris we dogry hereket ederis. Şeýle-de biz ruhy taýdan berk doganlaryň berýän maslahatlaryny ýürekden kabul etmeli (Sül. tym. 19:20). Şonda «paýhasly bolmagy inkär etmän», gaýtam, ony ösdüreris.

BU HÄSIÝETIŇ MAŞGALADA NÄHILI ÄHMIÝETI BAR?

Paýhasly bolmak maşgalany goraýar. Meselem, Mukaddes Ýazgylarda aýalyň ärine «çuňňur hormat goýmalydygy» aýdylýar (Efes. 5:33). Emma erkek adam nädip aýalynyň hormatyny gazanyp biler? Eger ol özüne hormat goýmagy aýalyndan zalymlyk bilen talap etse, bu az wagtlyk netije berer. Bu ýagdaýyň öňüni almak üçin aýal äriniň ýanynda oňa hormat goýýandygyny görkezer. Emma ol äriniň ýok ýerinde hem oňa hormat goýarmy? Ähtimal, ol beýle etmez. Şol sebäpli erkek adam özüni nähili alyp barmalydygy barada gowuja oýlanmaly. Eger ol mähirli we ýumşak bolup ruhuň miwesini görkezse, aýalynyň çuňňur hormatyny gazanyp biler. Elbetde, mesihçi aýallar äri mynasyp bolmasa-da, oňa hormat goýmaly (Gal. 5:22, 23).

Mukaddes Ýazgylarda erkek adamyň aýalyny söýmelidigi barada aýdylýar (Efes. 5:28, 33). Aýal ýanýoldaşynyň söýgüsini gazanjak bolup, ärine ýaramaýan zatlary bilmeli bolsa-da, gizlemegi mümkin. Aslynda, şeýle etmek paýhaslymy? Eger-de äri aýalynyň käbir zatlary gizländigi barada bilse näme bolar? Ol aýalyny söýermi? Elbetde, muny etmek kyn bolar. Emma ol amatly wagty ýanýoldaşyna ähli zady sypaýyçylyk bilen düşündirse, dogruçyllygy üçin ýanýoldaşy ony gymmat saýar. Şonda ol aýalyny has-da söýer.

Çagalar ene-atasyna gulak asmaly we Ýehowanyň ýolundan ýöremeli (Efes. 6:1, 4). Bu ene-atalaryň çagalaryna bir topar düzgünleri goýmalydygyny aňladýarmy? Çaganyň diňe bir ene-atasynyň özünden nämä garaşýandygyny ýa-da gulak asmadyk ýagdaýynda temmi beriljekdigini bilmegi ýeterlikli däl. Paýhasly ene-ata çagasyna näme üçin gulak asmalydygyny düşündirýär.

Aýdaly, çaga ene-atasynyň biri bilen gödek gürleşýär. Şeýle ýagdaýda çaga gygyrsaň ýa-da gaharyňa temmi berseň, ol özüni çetde tutar we kemsidilen ýaly duýar. Şeýlelikde, çaga ýüreginde öýke-kine saklap, ene-atasyndan daşlaşyp başlar.

Paýhasly ene-atalar çagasyna nähili temmi bermelidigi we onuň gelejegine nähili täsir etjekdigi barada oýlanýar. Emma olar gahary gelip durka temmi bermeli däl. Gaýtam, olar çagasy bilen ýekelikde sypaýyçylyk bilen gepleşip, ene-ata gulak asmagyny Ýehowanyň isleýändigini we munuň olara ebedi peýda getirjekdigini düşündirip biler. Şonda çaga ene-atasyna gulak asmak bilen Ýehowa hormat goýýandygyna düşüner (Efes. 6:2, 3). Bu bolsa çaganyň ýüregine täsir edip biler. Şeýdip, ol ene-atasynyň ýürekden aladasyny edýändigine göz ýetirer we olara bolan hormaty artar. Galyberse-de, ol biynjalyk edýän zatlaryny hem aýtmaga çekinmez.

Çagany häzirden dogry ýola gönükdirmeklik, ulalanda hem ene-atasy bilen gatnaşygyna täsir edýär

Käbir ene-atalar çagasynyň göwnüne degmejek bolup, olara temmi bermeýärler. Emma şeýle çaga gelejekde nähili bolar? Ol Ýehowadan gorkmalydygyna we Hudaýyň kada-kanunlary boýunça ýaşamagyň peýdalydygyna düşünermi? Ol Ýehowanyň görkezmesini ýürekden kabul edermi ýa-da ruhy zatlary äsgermezçilik edip, özbaşdak hereket edermi? (Sül. tym. 13:1; 29:21).

Ökde heýkeltaraş nähili heýkel ýasajakdygyny öňünden çözýär. Ol daşy ýonmak bilen owadan şekil emele geler diýip pikir etmeýär. Paýhasly ene-atalar hem Ýehowanyň kada-kanunlaryny öwrenip, ony ýerine ýetirmek üçin wagt tapýarlar. Şeýdip, olar Hudaýyň adyna hormat goýýandygyny görkezýärler. Olar Ýehowadan we onuň guramasyndan özüni çetde tutman, paýhasly bolup, maşgala gatnaşyklaryny berkidýärler.

Biz her gün wajyp kararlara gelmeli bolýarys. Olaryň käbirleri gelejegimize güýçli täsir edip bilýär. Şol sebäpli howlukmaç karara gelmän, biraz säginip, onuň netijesi barada oýlanmaly. Geliň, Ýehowanyň görkezmesine gulak asyp, onuň akyldarlygyna eýereliň. Şonda biz paýhasly bolup, ebedi ýaşaýşa gowşarys (Sül. tym. 3:21, 22).