Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Iň mähirli söz!

Iň mähirli söz!

ISA MESIH gelin-gyzlara mähirli ýüzlenýärdi. Meselem, ol bili bükülendigi sebäpli 18 ýyl bäri ejir çekýän aýala: «Sen derdiňden açyldyň» diýdi (Luka 13:10—13). Isa hatda öz ejesi bilen gepleşende-de, gadymy döwürde aýdylýan ýumşak sözi ulanypdyr (Ýah. 19:26). Emma ondanam täsirli başga bir söz bardy.

Mukaddes Ýazgylarda käbir aýallar hakda gürrüň edilende, has ýumşak we mähirli sözler ulanylýar. Isa 12 ýyl bäri gan akma keselinden ejir çekýän aýal bilen gepleşende, şol sözi ulanypdyr. Hudaýyň Kanunyna laýyklykda, şeýle adam hapa hasaplanýardy. Şonuň üçin ol aýal Isanyň ýanyna barmaly däldi we özüni başgalardan daşda saklamalydy (Lew. 15:19—27). Emma onuň ýagdaýy juda agyrdy. «Ol lukmanlaryň elinden görgi baryny görüp, ähli puluny sowupdy. Emma hiç hili haýyr tapman, gaýtam, ýagdaýy beterleşipdi» (Mar. 5:25, 26).

Aýal märekäniň arasyndan ýuwaşlyk bilen ýöräp, Isanyň arkasyndan barýar-da, onuň geýmine elini degirýär. Şol bada onuň gan akmasy kesilýär! Ol muny hiç kim bilen däldir öýdýär. Emma Isa: «Maňa kim elini degirdi?» diýip soraýar (Luka 8:45—47). Aýal gorkunjyndan ýaňa titräp, Isanyň öňünde dyza çökýär-de, «ähli zatlary gürrüň berýär» (Mar. 5:33).

Isa aýaly köşeşdirmek üçin, oňa mähirli ýüzlenip: «Gyzym, gorkma!» diýýär (Mat. 9:22). Mukaddes Ýazgylary öwrenýän alymlaryň aýtmagyna görä, «gyzym» diýip terjime edilen ýewreý we grek sözi göçme manyda ulanylyp, «mähirliligi we ýumşaklygy» görkezýär. Soňra Isa ony ruhlandyrmak üçin: «Gyzym, imanyň seni sagaltdy. Bar, arkaýyn gidiber, sen indi agyr derdiňden gutuldyň» diýýär (Mar. 5:34).

«Gyzym» diýen sözi ysraýylly baý adam Bowaz mowaply Ruta aýdypdy. Ol nätanyş adamyň ekin meýdanynda hoşa çöpleýändigi üçin özüni oňaýsyz duýýardy. Bowaz oňa: «Diňle, gyzym» diýip ýüzlenýär-de, hoşany arkaýyn çöplemäge rugsat berýär. Şonda Rut iki bükülip tagzym edip, Bowazdan näme sebäpden gelmişek adama ýagşylyk edýändigini soraýar. Bowaz ony ruhlandyryp: «Seniň... gaýyn eneňe eden ýagşylyklaryň barada hemme zat maňa mälim... Ysraýylyň Hudaýy sylagyňy bersin» diýýär (Rut 2:8—12).

Isa Mesih bilen Bowaz ýygnak ýaşulularyna ajaýyp görelde galdyrdylar. Käte iki ýaşuly uýamyzy Mukaddes Ýazgylar arkaly ruhlandyryp, oňa kömek etmeli bolýar. Olar Ýehowadan görkezme diläp, doga edensoň, uýamyzy ünsli diňläp, Hudaýyň Sözi arkaly ruhlandyryp, teselli bermeli (Rim. 15:4).