Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Olar ýalan dinden çykdylar

Olar ýalan dinden çykdylar

«Eý halkym... ol ýerden çykyň». YLH. 18:4

AÝDYMLAR: 3, 21

1. Beýik Wawilondan çykmaga Hudaýyň halkynda nähili esas bardy we biz haýsy soraglara serederis?

BIZ geçen makalada wepaly mesihçileriň nädip Wawilon ýesirligine düşendigine seretdik. Emma olar Wawilonyň penjesinde hemişelik galmaz. Eger bu mümkin bolmadyk bolsa, onda Hudaýyň: «Eý halkym... ol ýerden çykyň» diýen tabşyrygynyň peýdasy bolmazdy (Ylham 18:4-i okaň). Biz Hudaýyň halkynyň Wawilonyň penjesinden haçan azatlyga doly çykandygyny bilmek isleýäris. Emma öňürti, geliň, şu soraglara seredeliň: Mukaddes Ýazgylary öwrenýän topar 1914-nji ýyla çenli Beýik Wawilon bilen baglanyşykly nämeleri etdi? I Jahan urşy döwründe mesihçiler wagyz işine yhlasly gatnaşdylarmy? Eýsem, Hudaýyň halkyna näme üçin düzediş gerek boldy? Wawilon ýesirliginde bolandygy üçinmi?

«WAWILON WEÝRAN BOLDY»

2. Mukaddes Ýazgylary öwrenýän topar ýalan diniň hakykaty öwretmeýändigine düşünende näme etmegi ýüregine düwdi?

2 Çarlz Teýz Rassel we onuň egindeşleri I Jahan urşy başlamazyndan birnäçe ýyl öň hristian dininiň Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty öwretmeýändigine düşündiler. Şol sebäpli olar ýalan din bilen hiç hili gatnaşyk etmezligi ýüregine düwdüler. «Sion garawul diňi» žurnalynyň 1879-njy ýylyň noýabr aýynda çykan sanynda olaryň garaýşy babatda şeýle diýilýär: «Özüni Mesih bilen adaglanan päk gyz hasaplaýan we şol bir sanda dünýäniň işlerini goldaýan islendik buthanany Mukaddes Ýazgylarda aýdylyşy ýaly, bozuk aýal (Beýik Wawilon göz öňünde tutulýar) diýip yglan etmeli» (Ylham 17:1, 2-nji aýatlary okaň).

3. Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adamlar ýalan dinden gaça durmalydygyny bilenlerinde näme edip başladylar? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

3 Indi hudaýhon adamlar näme etmelidigini bilýärdiler. Hudaýyň berekedini almak üçin, olar ýalan dinleri goldamaly däldi. Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adamlaryň köpüsi buthanadan çykmak üçin hat ýazýardy. Käte olar hatyny buthana gelen märekäniň öňünde okaýardylar. Okamak gadagan edilen ýerlerde bolsa, olar birnäçe hat ýazyp, buthana agzalaryna paýlaýardylar. Hawa, olar ýalan din bilen asla gatnaşyk etmek islemeýärdiler! Munuň üçin olar köp zatlardan geçmelidiler. XIX asyryň ahyrlarynda köp ýurtlarda buthanalar öňki ýaly hökümete täsir edip bilmeýärdi. Şeýle ýurtlarda ýaşan adamlar jeza beriljekdigini bilseler-de, dini garaýyşlaryny we buthananyň ýola goýan zatlary bilen ylalaşmaýandyklaryny açyk aýdýardylar.

4. I Jahan urşy döwründe Hudaýyň halky bilen Beýik Wawilonyň gatnaşygy nähilidi?

4 Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adamlar dogan-garyndaşlaryna, dost-ýarlaryna we buthana ýolbaşçylaryna ýalan dinden çykandygyny aýtmagyň ýeterlikli däldigine düşündiler. Beýik Wawilonyň ruhy taýdan ahlaksyzlyk edýändigini bütin dünýä bilmelidi! Şol sebäpli Ýazgylary öwrenýän adamlaryň müňlerçesi hristian dünýäsini paş etmek üçin, 1917-nji ýylyň dekabr aýyndan 1918-nji ýylyň başyna çenli «Wawilon ýykyldy» atly kiçi kitapçanyň 10 million nusgasyny paýladylar. Ruhanylaryň gahar-gazaba münendigini göz öňüne getirmek kyn bolmasa gerek! Emma Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adamlar yzarlamalara garamazdan, bu möhüm işi dowam etmekçidiler. Olar «adama däl-de, Hökümdarymyz Hudaýa gulak asmagy» ýüregine düwdüler (Res. iş. 5:29). Diýmek, mesihçiler uruş döwründe Beýik Wawilonyň ýesirliginde bolsalar-da, onuň täsirine düşmändirler we başgalara-da kömek edipdirler.

I JAHAN URŞY DÖWRI MESIHÇILERIŇ YHLASY

5. I Jahan urşy döwründe mesihçileriň yhlasly wagyz edendigini görkezýän nähili subutnamalar bar?

5 Biziň öňki düşünjämize görä, I Jahan urşunda mesihçiler wagyz işine yhlasly gatnaşmandyrlar. Şol sebäpli Ýehowa olardan närazy bolup, az wagtlaýyn Beýik Wawilonyň ýesirliginde bolmaga ýol berendir öýdýärdik. Emma Hudaýyň wepaly gullukçylary 1914—1918-nji ýyllarda hoş habary wagyz etmek üçin elinde baryny edipdirler. Muny subut edýän köp deliller bar. Biz Ýehowanyň Şaýatlarynyň taryhyny gowy bilsek, olaryň Beýik Wawilonyň ýesirligine haçan düşendigine we haçan onuň täsirinden azat bolandygyna aýdyň düşüneris.

6, 7. a) Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adamlar I Jahan urşy döwründe nähili kynçylyklara hötde geldiler? b) Olaryň yhlasly bolandygyny görkezýän mysallary getiriň.

6 Dogrudan-da, Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adamlar I Jahan urşy döwründe (1914—1918-nji ýyllar) ajaýyp güwälik berdiler. Munuň aňsat bolmandygyny görkezýän birnäçe sebäpler bar. Geliň, olaryň ikisine seredeliň. Şol döwürde, adatça, Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlary paýlap wagyz edilýärdi. 1918-nji ýylyň başlarynda biziň «Gutarnykly syr» atly kitabymyzyň gadagan edilmegi wagyz işini kynlaşdyrdy. Sebäbi dogan-uýalar diňe şol kitap arkaly wagyz edýärdiler; olar Mukaddes Ýazgylary ulanyp wagyz etmelidigini heniz bilmeýärdiler. 1918-nji ýylda «Ispan dümewiniň» ýaýramagy hem wagyz işini kynlaşdyrdy. Bu gyrgynçylyk sebäpli mesihçiler arkaýyn aýlanyp wagyz edip bilmeýärdi. Emma şonda-da Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adamlar wagyz etmek üçin elinde baryny edýärdiler.

Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adamlar örän yhlaslydy! (6, 7-nji abzaslara serediň)

7 Diňe 1914-nji ýylda «Ýaradylyş fotodramasy» 9 milliondan gowrak adama görkezildi. Bu dramada ýaradylyşdan başlap tä Müňýyllyk Patyşalyga çenli boljak wakalary reňkli slaýdlar we ses ýazgylary bilen baglanyşdyrylyp görkezilýärdi. Şol döwür üçin bu uly üstünlikdi. Oýlanyp görüň, 1914-nji ýylda ony görenleriň sany şu günler bütin dünýäde ýaşaýan wagyzçylaryň sanyndan hem köp! Maglumatlara görä, 1916-njy ýylda ABŞ-da ýygnak duşuşyklaryna, umuman, 809 müň 393 adam gatnaşýardy, 1918-nji ýylda bolsa olaryň sany 949 müň 444-e ýetdi. Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adamlar, gör, nähili yhlasly bolupdyrlar!

8. I Jahan urşy döwründe dogan-uýalaryň ruhy zerurlyklary nädip kanagatlandyryldy?

8 I Jahan urşy döwründe dürli ýerlere dagan Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adamlary ruhy iýmit bilen üpjün etmek we ruhlandyrmak üçin köp tagalla edildi. Bu zatlar dogan-uýalara wagyz işini dowam etmäge güýç berýärdi. Şol döwürde yhlasly wagyz eden Riçard Barber atly doganymyz şeýle ýatlaýar: «Biz aýlanýan gözegçileriň birnäçesine gullugyny dowam etmäge kömek edýärdik. Şeýle-de „Garawul diňi“ žurnalyny çap edip ýaýradýardyk, bu žurnal Kanadada gadagan edilenem bolsa, ony şol ýere iberýärdik. Men poçta arkaly „Gutarnykly syr“ kitabynyň kiçijik nusgasynyň birnäçesini dostlaryma ugratdym, sebäbi olar kitaplaryny elinden aldyrypdylar. Ruterford dogan bizden ABŞ-nyň günbatarynda ýerleşýän birnäçe şäherlerde kongresleri gurnamagy we dostlarymyzy ruhlandyrmak üçin nutukçy doganlary ibermegi tabşyrdy».

RUHY TAÝDAN ARASSALANAN HALK

9. a) 1914—1919-njy ýyllar aralygynda Hudaýyň halkyna näme üçin düzediş gerekdi? b) Olaryň ýalňyşmagy nämäni görkezmeýär?

9 Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adamlar 1914—1919-njy ýyllar aralygynda Hudaýyň Sözündäki prinsiplere gowy düşünmeýändikleri üçin, oňa doly eýermeýärdiler. Olar Ýehowa ak ýürekden gulluk etseler-de, dünýewi häkimiýetlere tabyn bolmak meselesinde dogry hereket edip bilmeýärdiler (Rim. 13:1). Şol sebäpli olar uruşda bitaraplygy saklap bilmediler. Meselem, ABŞ-nyň prezidenti 1918-nji ýylyň 30-njy maýyny «parahatlyk barada doga etmeli gün» diýip yglan edende, «Garawul diňi» žurnalynda şol permana tabyn bolmalydygy aýdyldy. Käbir doganlar urşy maddy taýdan goldamagy özlerini borçly hasaplaýardylar, hatda käbirleri eline ýarag alyp söweşe gitdiler. Emma Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adamlaryň nädogry garaýyşda bolandygy üçin, Beýik Wawilonyň ýesirligine düşdi diýmek nädogry bolardy. Her näme-de bolsa, olar I Jahan urşy döwründe ýalan dinden gaça durmalydygyna düşünýärdiler we ony asla goldamadylar (Luka 12:47, 48-nji aýatlary okaň).

10. Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adamlar ýaşaýşy mukaddes hasaplaýandyklaryny nädip görkezdiler?

10 Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adamlar bitaraplyk meselesi babatda şu günki mesihçiler ýaly köp zatlara düşünmeseler-de, Ýazgylardaky «adam öldürme» diýen tabşyrygyň näme aňladýandygyny gowy bilýärdiler. Käbir doganlar I Jahan urşunda eline ýarag alyp söweşe gitseler-de, hiç kimi öldürmediler. Adam öldürmekden boýun gaçyran doganlary «söweşde ölerler» diýen umyt bilen urşa iberdiler.

11. Doganlarymyzyň harby mesele babatda gelen karary hökümet ýolbaşçylaryna nähili täsir etdi?

11 Bikämildigine garamazdan, doganlarymyzyň şeýle berk durmagy Iblisiň gaharyny getirdi. Şol sebäpli ol «kanunyň adyndan ýamanlyk etmegi» makul bildi (Zeb. 94:20). ABŞ-nyň harby goşunynyň general-maýory Jeýms Franklin Bell doganlarymyz J. Ruterford we U. Wan Amburg bilen gürrüňdeş bolanda, eline ýarag alyp, urşa gitmekden boýun gaçyran adamlary ölüme höküm etmek babatda ABŞ-nyň Adalat ministrliginiň karar çykarjak bolandygyny aýdýar. Ol, esasan-da, Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adamlary göz öňünde tutupdy. Ol gahar bilen Ruterford doganymyza: «Wilson (ABŞ-nyň prezidenti) karary kabul etmese-de, biz sizi näme etmeldigini bilýäris, şony-da ederis!» diýdi.

12, 13. a) Sekiz doganymyzy näme üçin uzak möhlet bilen türmä basdylar? b) Doganlary türmä basanlarynda, olar Hudaýa beren sözünden dändilermi? Düşündiriň.

12 Hökümet ýolbaşçylary aýdyşy ýaly-da etdiler. «Garawul diňi jemgyýetiniň» wekillerini, ýagny Ruterford, Wan Amburg we başga-da alty dogany tussag etdiler. Kazyýet şeýle karar çykardy: «Bu adamlaryň dini garaýşy german diwiziýasyndan hem howply... Olar diňe bir hökümet ýolbaşçylarynyň we harby goşunynyň at-abraýyny gaçyrman, eýsem, ähli buthanalaryň adyna dil ýetirýärler. Olara iň agyr jeza berilmeli» («Faith on the March», A. H. Makmillan, sah. 99). Şol sebäpli Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adamlaryň sekiz agzasyny uzak möhlet bilen Atlanta şäherindäki (ABŞ, Jorjiýa ştaty) döwlet türmesine basdylar. Uruş gutaranda bolsa, olary boşadyp, akladylar.

13 Bu sekiz adam türmede-de Mukaddes Ýazgylara esaslanan garaýşyny berk saklady. Olar ABŞ-nyň prezidentine şeýle hat bilen ýüzlendiler: «Ýazgylara görä, Hudaý „adam öldürme“ diýýär. Şol sebäpli jemgyýetimiziň islendik agzasy (Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleriň halkara jemgyýeti) Hudaýa beren mukaddes wadasyny bozsa, onuň merhemetinden hatda gelejekdäki ýaşaýşyndan hem mahrum bolup biler. Şoňa görä-de adamyň janyna kast etmäge olaryň ynsaby çatmaýar». Nähili güýçli aýdylan sözler! Hawa, doganlarymyz ynsabyna garşy gitmediler!

AZATLYK!

14. Ýazgylar arkaly 1914—1919-njy ýyllar aralygynda bolan wakalary düşündiriň.

14 Malaky 3:1—3-nji aýatlarda (okaň) * 1914-nji ýyldan 1919-njy ýylyň başyna çenli «Lewiniň nesliniň», ýagny mesh edilenleriň arassalanmaly döwri hakda aýdylýar. Şol döwürde Ýehowa Hudaý bilen «äht Wekili» Isa Mesih olaryň gullugyny barlamak üçin ruhy ybadathana geldiler. Ýehowanyň halky barlagdan geçip, arassalanansoň, indiki tabşyryga taýyndy. 1919-njy ýylda «wepaly we paýhasly hyzmatkär» öýdäki wepaly hyzmatkärleri ruhy iýmit bilen üpjün etmäge bellendi (Mat 24:45). Şonda Hudaýyň halky Beýik Wawilonyň täsirinden azat boldy. Şondan bäri Ýehowanyň merhemeti arkaly mesh edilenleriň Hudaýyň islegi baradaky bilimi we gökdäki Atasyna bolan söýgüsi gün-günden artýar. Bu bereketler üçin olar örän minnetdar! 1

15. Beýik Wawilonyň täsirinden azat bolandygymyz üçin, biz näme etmeli?

15 Beýik Wawilonyň ýesirliginden çykmak, gör, nähili ajaýyp! Hakyky mesihçiler dinini ýer ýüzünden ýok etjek bolan Şeýtanyň tagallasy puja çykdy. Ýöne Ýehowanyň bizi näme sebäpden azatlyga çykarandygyny unutmaly däl (2 Kor. 6:1). Ýalan diniň ýesirliginde heniz akýürekli adamlar köp. Biz olara dogry ýoly görkezmeli. Geliň, geçen asyrda ýaşan doganlarymyzyň göreldesine eýerip, akýürekli adamlara Wawilonyň ýesirliginden azat bolmaga kömek edeliň!

^ 1) 14-nji abzas. B. e. öň ýehudylaryň 70 ýyllap Wawilon ýesirliginde bolmagy bilen mesihçileriň imandan dänen döwrüniň köp meňzeşligi bar. Emma ýehudylaryň ýesirligi mesihçiler bilen bolan wakanyň kölegesi däldir. Sebäbi olaryň ýesirliginiň dowamlylygy biri-biriniňkiden tapawutlanýar. Şol sebäpli ýehudylaryň ýesirlikde bolan döwrüni öwrenenimizde, 1919-njy ýyla çenli mesh edilen mesihçiler bilen bolan wakalary deňeşdirjek bolmaly däl.

^ abzas 14 Malaky 3:1 Hökmürowan Reb: «Öňümden ýol taýýarlar ýaly, ine, Men Öz wekilimi iberýärin. Siziň gözleýän Taňryňyz duýdansyz Öz ybadathanasyna geler. Siziň hoşal bolýan äht Wekiliňiz, ine, gelýär» diýýär. 2 Emma äht Wekiliniň geljek gününe kim çydap biler? Ol peýda bolanda, onuň öňünde kim durup biler? Çünki Ol demri eredýän ot kimin, kir ýuwujynyň sabyny kimindir. 3 Ol kümşi eredip saplaýan ýaly oturyp, Lewiniň neslini saplar, olary altyn-kümüş kimin eredip tämizlär. Şonda olar sadakalaryny Rebbe dogrulyk bilen hödür ederler.