Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

«Bir-biriňizi her gün ruhlandyryň»

«Bir-biriňizi her gün ruhlandyryň»

«Eger siziň halky ruhlandyrmak üçin aýtjak zatlaryňyz bar bolsa, bize gürrüň beriň». RES. IŞ. 13:15

AÝDYMLAR: 53, 45

1, 2. Ruhlandyryjy sözleri aýtmagyň wajypdygyny düşündiriň.

«EJEM-KAKAM maňa öwgüli sözleri kän aýtmaýardylar, olar meni köplenç tankytlaýardylar» diýip, 18 ýaşly Kristina aýdýar. 1 Ol sözüni şeýle dowam edýär: «Olaryň sözleri maňa gaty agyr degýärdi. Häli-şindi „ulalman geçdiň“ ýaly sözleri eşidýärdim. Şonuň üçin köp aglaýardym, olar bilen gepleşesim gelmeýärdi, özümi dereksiz duýýardym». Görşümiz ýaly, adam öwgüli sözlere mätäç bolýar eken.

2 Emma ruhlandyryjy sözler göwnüňi göterýär. Ruben şeýle gürrüň berýär: «Men köp ýyllap özüňi dereksiz duýmak ýaly pikirler bilen göreşdim. Bir gezek ýygnak ýaşulusy bilen wagyz edip ýörkäm, ol meniň keýpimiň ýokdugyny duýdy. Şonda ol meni üns bilen diňledi. Soňra ýagşy iş edýändigimi aýdyp, Isanyň „siz köp serçelerden-de has gymmatlysyňyz“ diýen sözlerini ýatlatdy. Men bu sözleri özüme ýygy-ýygydan ýatladyp durýaryn. Ýaşulynyň aýdan zatlary maňa güýçli täsir etdi» (Mat. 10:31).

3. a) Ruhlandyrmak babatda Pawlus resul nähili maslahat berdi? b) Biz haýsy soraglara serederis?

3 Mukaddes Ýazgylarda ruhlandyryjy sözleri aýtmagyň wajypdygy nygtalýar. Pawlus resul: «Doganlar, ýüregiňiz zalym we imansyz bolup, diri Hudaýdan daşlaşmakdan seresap boluň. Günäniň aldawyna düşüp, kesir bolmaz ýaly... bir-biriňizi her gün ruhlandyryň» diýip ýazdy (Ýew. 3:12, 13). Eger siz ruhlandyryjy sözleriň göwnüňizi göteren wagtyny ýatlasaňyz, bu maslahatyň wajypdygyna düşünersiňiz. Geliň, şu soraglara seredeliň: Ruhlandyryjy sözler näme üçin wajyp? Bu babatda Ýehowadan, Isadan we Pawlusdan näme öwrenip bileris? Biz nädip başgalary ruhlandyryp bileris?

BIZIŇ ÄHLIMIZ RUHLANDYRYJY SÖZLERE MÄTÄÇ

4. Ruhlandyryjy sözlere kimler mätäç, ýöne näme üçin ony seýrek aýdýarlar?

4 Biziň ählimiz, esasan-da, çagalar ruhlandyryjy sözlere mätäç. Timoti Ewans atly mugallym şeýle diýýär: «Ösümlige suwuň gerek bolşy ýaly, çagalara-da... öwgüli sözler gerek. Çaga öwgüli sözleri eşidende, özüni gerekli duýýar». Emma häzir adamlaryň köpüsi diňe özüni bilýär we dogan-garyndaşlaryny söýmeýär. Şol sebäpli ruhlandyryjy sözleri gaty seýrek eşidýäris (2 Tim. 3:1—5). Ene-atalaryň käbiri öwgüli sözleri hiç haçan eşitmänsoň, özleri-de çagalaryny öwmeýärler. Köp adamlar işde-de öwgüli sözleri eşitmeýändikleri üçin nägile bolýarlar.

5. «Ruhlandyrmak» nämäni aňladýar?

5 Adatça, adamlary ruhlandyrmak üçin, olaryň eden ýagşy işlerini we gowy häsiýetlerini aýtmaly. Şeýle-de «göwnüçökgünlere teselli bersek», olary ruhlandyryp bileris (1 Sel. 5:14). «Ruhlandyrmak» diýip terjime edilen grek sözi göni manyda «ýanymda bol» diýmegi aňladýar. Wagyzda dogan-uýalary ruhlandyrmaga mümkinçilik bolýar (Wagyz kitaby 4:9, 10-njy aýatlary okaň) *. Biz olary söýýändigimizi we minnetdardygymyzy aýdarysmy? Ýöne öňürti: «Ýerlikli söz nähili gowy!» diýen sözler hakda oýlansak peýdaly bolar (Sül. tym. 15:23).

6. Iblisiň niýeti näme? Mysal getiriň.

6 Şeýtan Iblis ruhlandyryjy sözleri eşitmeýän adamyň ruhy taýdan gowşap, göwnüçökgünlige düşjekdigini bilýär. Süleýmanyň tymsallary 24:10-da: «Aladaly günde tapdan düşseň, kuwwatyň azdyr» diýilýär. Şeýtan Eýýup pygamberi ençeme betbagtçylyklara sezewar edip, tankytlaýjy sözler bilen ruhdan düşürjek bolsa-da, onuň niýeti başa barmady (Eýp. 2:3; 22:3; 27:5). Eger bizem maşgala agzalarymyzy we dogan-uýalary ruhlandyrsak, Iblisiň niýetini puja çykaryp bileris. Şonda biz öýde, ýygnak duşuşyklarynda özümizi bagtly we howpsuz duýarys.

RUHLANDYRMAGYŇ WAJYPDYGYNY GÖRKEZÝÄN MYSALLAR

7, 8. a) Haýsy mysallar Ýehowanyň ruhlandyrmagy wajyp saýýandygyny görkezýär? b) Ene-atalar Ýehowanyň göreldesine nädip eýerip biler? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

7 Ýehowa. Mezmurçy: «Reb göwni synyklara ýakyndyr we ruhy ökünçlileri gutarýandyr» diýdi (Zeb. 34:18). Ýeremiýa pygamber gorkup, aljyraňňylyga düşende, Ýehowa ony berkitdi (Ýer. 1:6—10). Göz öňüne getiriň, Hudaý gartaşan Danyýel pygamberi berkitmek üçin perişdesini iberende we ol oňa «jandan eziz söýülýän ynsan» diýende, Danyýel nähili ruhlanandyr! (Dan. 10:8, 11, 18, 19). Eýsem, siz hem ruhdan düşen wagyzçylary, pionerleri we gartaşan dogan-uýalary ruhlandyryp bilermisiňiz?

8 Hudaý söýgüli Ogly bilen ençeme ýyl bile zähmet çekse-de, Isa ýer ýüzüne gelende, oňa ruhlandyryjy we öwgüli sözleri aýtmagyň geregi ýokdur öýtmedi. Gaýtam, Atasy gökden iki sapar oňa: «Bu meniň söýgüli Oglum, men ondan razydyryn» diýdi (Mat. 3:17; 17:5). Hudaý Isany eden ýagşy işleri üçin öwýärdi. Ol iki sapar, ýagny gullugynyň başynda we ahyrynda şeýle öwgüli sözleri eşidende, gör, nähili ruhlanandyr! Şeýle-de ölüminiň öň ýanyndaky gijesi hasrat çekende, Ýehowa perişdesini iberip, ony berkitdi (Luka 22:43). Geliň, bizem Ýehowanyň göreldesine eýerip, çagalarymyzy ýygy-ýygydan ruhlandyryp, edýän ýagşy işleri üçin öweliň! Mekdepde imany bilen bagly synaga uçranda bolsa, olary köpräk goldalyň.

9. Biz Isanyň resullaryna bolan garaýşyndan näme öwrenip bileris?

9 Isa Mesih. Isa Ýatlama agşamyny girizen gijesi resullarynda tekepbirligi görýär. Ol kiçigöwünlilik bilen şägirtleriniň aýaklaryny ýuwansoňam, olar kimiň uludygy hakda jedelleşýärler. Petrus özüni has-da tekepbir alyp barýar (Luka 22:24, 33, 34). Emma Isa şonda-da synaglarda ýanynda bolandygy üçin wepaly resullaryny öwdi. Şeýle-de olaryň özünden hem uly işleri etjekdigini we Hudaýyň olary söýýändigini aýtdy (Luka 22:28; Ýah. 14:12; 16:27). Biz özümizden: «Menem Isanyň göreldesine eýerip, çagalarymyň we başga adamlaryň kemçiliklerine üns bermän, olary edýän gowy işleri üçin öwüp bilerinmi?» diýip soramaly.

10, 11. Pawlus resul ruhlandyrmagyň wajypdygyna düşünýändigini nädip görkezdi?

10 Pawlus resul. Pawlus ýazan hatlarynda imandaşlaryna köp öwgüli sözleri aýdýar. Ol käbirisi bilen birnäçe ýyl ýakyndan işleşendigi üçin, olaryň kemçiligini hem bilýärdi. Emma şonda-da olar hakda gowy zatlary aýdýar. Meselem, mesihçileriň ýürekden aladasyny edýändigi üçin Timoteos hakda «Halypamyzyň ýolunda söýgüli hem-de wepaly oglum» diýdi (1 Kor. 4:17; Flp. 2:19, 20). Korinfdäki ýygnaga ýazan hatynda bolsa Titusy öwüp: «Meniň ýoldaşym we size kömek etmekde meniň ýaly işdeş» diýdi (2 Kor. 8:23). Pawlusyň bu sözlerini eşidende, Timoteos bilen Titus, gör, nähili ruhlanandyr!

11 Pawlus bilen Barnabas ençeme gezek janlaryny howp astyna saldylar. Meselem, olar ýaňy mesihçi bolan şägirtleri kyn ýagdaýlarda hem wepaly galmaga höweslendirmek üçin, hatda horluk çeken ýerine, ýagny Listra dolandylar (Res. iş. 14:19—22). Efesde Pawlus märekäniň ýowuz garşylygyna duş gelýär. Resullaryň işleri 20:1, 2-de şeýle diýilýär: «Goh-galmagal ýatyşanda, Pawlus şägirtleri ýanyna çagyryp, olary ruhlandyrdy. Soňra olar bilen hoşlaşyp, Makedoniýa tarap ýola düşdi. Şol ýerlere aýlanyp, ol doganlara köp ruhlandyryjy sözleri aýtdy, soňra Gresiýa gitdi». Pawlusyň şeýle ruhlandyryjy sözleri diýseň gerekdi.

RUHLANDYRMAK ŞU GÜNLEREM WAJYP

12. Bir-biriňi ruhlandyrmakda ýygnak duşuşyklarynyň nähili ähmiýeti bar?

12 Gökdäki Atamyzyň «ýygnaklara sowuk-sala garamaň» diýen maslahaty örän ýerlikli (Ýewreýler 10:24, 25-nji aýatlary okaň). Isanyň irki şägirtleri ýaly bizem ýygnaklarda bile tälim alyp ruhlanýarys we başgalary-da ruhlandyrýarys (1 Kor. 14:31). Makalanyň başynda agzalan Kristina şeýle gürrüň berýär: «Men ýygnakda söýgüli dogan-uýalarymy görüp, örän ruhlanýaryn. Käte ýygnaga göwnüçökgün ýagdaýda gelýärin. Şonda uýalar ýanyma gelip, gujaklaýarlar we ýakymly sözleri aýdýarlar. Olaryň söýgüsi we ruhy taýdan ösýändigimi görüp, begenýändikleri hem-de ruhlandyryjy sözleri göwnümi göterýär!» Hawa, biri-biriňi ruhlandyrmak nähili ýakymly! (Rim. 1:11, 12).

13. Näme üçin Hudaýyň tejribeli gullukçylary-da ruhlandyryjy sözlere mätäç bolýar?

13 Hudaýyň tejribeli gullukçylary-da ruhlandyryjy sözlere mätäç bolýar. Geliň, Ýeşuwanyň mysalyna seredeliň. Ol ençeme ýyl bäri Hudaýa wepaly gulluk etse-de, Ýehowa Musa pygambere şeýle sözleri aýtdy: «Ýeşuwa tabşyr, ony ruhlandyr we güýçlendir, sebäbi halka baş bolup, Iordandan geçjek we seniň görjek şol ýurduňy olara mülk edip paýlap berjek Ýeşuwadyr» (Kan. tag. 3:27, 28). Ýeşuwa uly jogapkärli iş tabşyrylypdy, ol ysraýyllylary Wada edilen diýara alyp barmalydy. Söweşde yza çekilip, ýeňilmez ýaly, ony ruhlandyryp berkitmelidi (Ýeş. 7:1—9). Geliň, bizem Hudaýyň sürüsini bakmak üçin agyr zähmet çekýän ýaşululary, şol sanda etrap gözegçilerini ruhlandyralyň (1 Selanikliler 5:12, 13-nji aýatlary okaň). Bir etrap gözegçisi şeýle diýýär: «Käte dogan-uýalar ideg edýändigimiz üçin sagbolsun aýdyp, hat ýazýarlar. Biz ýadap halys bolanymyzda, şol hatlary okap, örän ruhlanýarys».

Çagalarymyza öwgüli sözleri aýtsak, olar ruhlanar (14-nji abzasa serediň)

14. Maslahat berlende, öwgüli we ruhlandyryjy sözler nähili täsir edýär?

14 Ýygnak ýaşululary we ene-atalar Mukaddes Ýazgylardaky ruhlandyrmak babatda berlen maslahata eýermegiň wajypdygyna düşünýärler. Pawlus resul Korinfdäki mesihçileri öwende, olar dogry işleri etmäge has köp tagalla edendirler (2 Kor. 7:8—11). Andreas atly iki çaganyň atasy şeýle gürrüň berýär: «Öwgüli sözler çagalaryň ruhy we duýgy taýdan ösmegine kömek edýär. Ruhlandyryjy sözleri aýdanyňda, beren maslahatyň ýerine düşýär. Çagalar nämäniň dogrudygyny bilseler-de, olary ruhlandyryp dursak, dogry ýoldan sowulmazlygy ýüregine düwerler».

RUHLANDYRMAGYŇ USULLARY

15. Biz başgalary nädip ruhlandyryp bileris?

15 Dogan-uýalara edýän tagallalary we gowy häsiýetleri üçin minnetdarlyk bildiriň (2 Ýyl. 16:9; Eýp. 1:8). Patyşalyk işlerini goldamak üçin edýän tagallamyz we pul sadakalarymyz ujypsyz bolsa-da, Ýehowa bilen Isa olary örän gymmat saýýar (Luka 21:1—4; 2 Korinfliler 8:12-nji aýatlary okaň). Meselem, gartaşan dogan-uýalarymyzyň käbiri ýygnaga we wagyz gullugyna yzygider gatnaşmak üçin köp tagalla etmeli bolýarlar. Eýsem, biz olara öwgüli sözleri aýdyp ruhlandyrsak, gowy bolmazmy?

16. Biz näme üçin her mümkinçilikden peýdalanyp, başgalary ruhlandyrmaly?

16 Ruhlandyrmak üçin her mümkinçilikden peýdalanyň. Mümkinçilik dörände, öwgüli sözleri aýtsak gowy bolmazmy? Pawlus bilen Barnabas Pisidiýanyň Antiohiýa şäherine baranda, nähili wakanyň bolandygyna seredeliň. Sinagoga ýolbaşçylary olara ýüzlenip: «Adamlar, doganlar, eger siziň halky ruhlandyrmak üçin aýtjak zatlaryňyz bar bolsa, bize gürrüň beriň» diýdiler. Şonda Pawlus mümkinçilikden peýdalanyp, ruhlandyryjy nutuk bilen çykyş etdi (Res. iş. 13:13—16, 42—44). Mümkinçilik dörände, başgalary ruhlandyrsak gowy bolmazmy? Eger ruhlandyryjy sözleri aýtmagy endik edinsek, bize-de ruhlandyryjy sözleri aýtsalar gerek (Luka 6:38).

17. Öwgüli sözler adama nähili täsir edýär?

17 Anyk bir zat üçin ýürekden öwüň. Ruhlandyryjy we öwgüli sözleri aýtmak peýdaly. Isa Tiýatiradaky mesihçileri öwende, onuň sebäbini hem aýdypdy (Ylham 2:18, 19-njy aýatlary okaň). Meselem, çagalarymyzy ruhy taýdan ösýändigi üçin öwüp bileris. Şeýle-de çagalaryny ýeke özi terbiýeleýän uýamyza kyn ýagdaýyna garamazdan, köp tagalla edýändigini aýdyp bileris. Ruhlandyryjy we öwgüli sözler dag ýaly kynçylyklary ýeňmäge güýç berer.

18, 19. Biz ruhlandyryjy sözlere mätäç adamlara nädip kömek edip bileris?

18 Ýehowa Ýeşuwany ruhlandyrmak üçin Musa pygambere näme diýmelidigini jikme-jik aýdypdy. Emma Ol bize näme diýmelidigimizi aýtmaz. Muňa garamazdan, imandaşlarymyzy we başgalary ruhlandyrmak üçin öwgüli sözleri aýtsak, ol begener (Sül. tym. 19:17; Ýew. 12:12). Meselem, biz jemagat nutugy bilen gerekli maslahaty berendigi ýa-da belli bir aýady gowy düşündirendigi üçin, dogana sagbolsun aýdyp bileris. Bir uýa nutuk bilen çykyş eden dogana şeýle hat ýazdy: «Biz bary-ýogy birnäçe minut gepleşdik, ýöne sen şonda-da gamgyn halymy duýup, teselli berdiň we ruhlandyrdyň. Sen sahnada çykyş edeniňde-de, adamlar bilen gürleşeniňde-de mähirli gepleýärsiň. Men muny Ýehowanyň sowgady hasaplaýaryn».

19 Geliň, Pawlusyň: «Häzir edişiňiz ýaly, mundan beýläk-de bir-biriňizi ruhlandyryň, birek-biregi berkidiň» diýen maslahatyny ýürekden kabul edeliň. Şonda başgalary ruhlandyrmagyň dürli ýollaryny agtararys (1 Sel. 5:11). «Bir-birimizi her gün ruhlandyrsak», Ýehowanyň göwnünden turýandygymyza şübhelenmän bileris.

^ 1) 1-nji abzas. Käbir atlar üýtgedildi.

^ abzas 5 Wagyz kitaby 4:9 Iki adam bir adamdan ýagşydyr, çünki zähmetleri üçin ýagşy muzd alýarlar. 10 Eger biri ýykylsa, beýlekisi ýoldaşyny galdyrar. Emma ýykylanda ýeke bolanyň halyna waý! Ýykylsa ony galdyrjak ýokdur.