Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

«Ýehowa bil baglap, ýagşylyk et»

«Ýehowa bil baglap, ýagşylyk et»

«Ýehowa bil baglap, ýagşylyk et... wepaly bol». ZEB. 37:3, TD

AÝDYMLAR: 133, 63

1. Ýehowa ynsany nähili ukyp bilen ýaratdy?

ÝEHOWA ynsany ýaradanda, oňa ajaýyp ukyplary berdi. Meselem, oýlanmak ukyby bize kynçylyklary çözmäge, gelejegi planlaşdyrmaga kömek edýär (Sül. tym. 2:11). Biz öňümizde goýan maksatlarymyza ýetmek üçin, Hudaýyň beren güýji arkaly zähmet çekip bilýäris (Flp. 2:13). Şeýle-de Hudaý bize ynsap, ýagny ýagşyny we ýamany saýgarma ukybyny berdi. Bu ukyp bize erbetlikden gaça durmaga we ýalňyşlarymyzy düzetmäge kömek edýär (Rim. 2:15).

2. Ýehowa ukyplarymyzy nädip ulanmagymyzy isleýär?

2 Ýehowa ukyplarymyzy dogry ulanmagymyzy isleýär. Näme üçin? Sebäbi ol bizi söýýär, ukyplarymyzy dogry ulansak, edýän işimizden lezzet aljakdygymyzy bilýär. Ýehowa öz Sözi arkaly ukyplarymyzy ýagşy işler üçin ulanmalydygymyzy öwran-öwran ýatladýar. Mukaddes Ýazgylarda: «Işeňňir adamyň pikirleri diňe bolçulyga getirýändir», «Eliň etmäge näme tapsa, ony bar güýjüň bilen et» diýilýär (Sül. tym. 21:5; Wag. 9:10). Şeýle-de: «Geliň, heniz mümkinçiligimiz barka, hemme adamlara... ýagşylyk edeliň», «Her kim alan ukybyna görä birek-birege hyzmat etsin» diýilýär (Gal. 6:10; 1 Pet. 4:10). Görşümiz ýaly, Ýehowa biziň özümize we başgalara peýdaly boljak zatlary etmegimizi isleýär.

3. Haýsy ýagdaýlar adamyň mümkinçiliginiň çäklidigini görkezýär?

3 Ýehowa adamyň mümkinçiliginiň çäklidigini bilýär. Meselem, biz bikämilligi, günäni we ölümi aýryp bilmeýäris; ynsanyň erkin ýaradylandygy üçin, adamlaryň gelýän kararyna-da täsir edip bilmeýäris (1 Pat. 8:46). Bilimimiz we tejribämiz näçe köp bolsa-da, ukybymyz Ýehowanyňky bilen deňeşdireniňde hemişe çaganyňky ýaly bolar (Iş. 55:9).

Kynçylyklara uçranymyzda, «Ýehowa bil baglap, ýagşylyk edeliň»

4. Şu makalada nämä serederis?

4 Biz Ýehowanyň görkezmesine, goldawyna we kömegine mätäç, şonuň üçin elmydama oňa bil baglamaly. Şol bir wagtyň özünde kynçylyklary çözmek we başgalara kömek etmek üçin elimizde baryny etmeli (Zebur 37:3-i okaň). Başgaça aýdanyňda, biz «Ýehowa bil baglap, ýagşylyk etmeli». Geliň, Ýehowa bil baglap, elinde baryny eden Nuh pygamberiň, Dawut patyşanyň we beýleki wepaly gullukçylaryň göreldesinden näme öwrenip biljekdigimize seredeliň. Olaryň mysaly bize ünsüňi başarmaýan däl-de, başarýan zatlaryňa gönükdirip, şoňa görä hereket etmäge kömek eder.

DAŞ-TÖWEREGIMIZI ERBETLIK GURŞAP ALANDA

5. Nuh pygamberiň ýagdaýy nähilidi?

5 Nuh pygamber zalymlykdan we ahlaksyzlykdan doly dünýäde ýaşaýardy (Gel. çyk. 6:4, 9—13). Ol Ýehowanyň iru-giç zalym dünýäni ýok etjekdigini bilse-de, hudaýsyz adamlaryň edýän işlerini görüp, gynanýardy. Nuh pygamber käbir zatlary düzedip bilmejekdigine düşünýärdi, şonuň üçin ünsüni edip biljek zatlaryna gönükdirdi.

Wagyzda bolýan garşylyklar (6—9-njy abzaslara serediň)

6, 7. a) Nuh pygamber nämeleri edip bilmeýärdi? b) Biziň ýagdaýymyzyň Nuh pygamberiňki bilen näme meňzeşligi bar?

6 Nuh pygamberiň edip bilmeýän zatlary. Nuh pygamber Ýehowanyň habaryny ýürekden wagyz edýärdi. Emma bu habary zalym adamlara mejburlyk bilen kabul etdirip bilmejekdigine düşünýärdi, Tupanyň çaltrak gelmegine-de täsir edip bilmeýärdi. Ol Ýehowanyň zalym dünýäni ýok etjekdigi baradaky wadasyny öz wagtynda amala aşyrjakdygyna ynanýardy (Gel. çyk. 6:17).

7 Bizem zalymlykdan doly dünýäde ýaşaýarys we Ýehowanyň ony ýok etjekdigini bilýäris (1 Ýah. 2:17). Emma adamlary «Patyşalyk baradaky hoş habary» kabul etmäge mejbur edip bilmeýäris. «Agyr muşakgatyň» çaltrak başlanmagyna-da täsir edip bilmeýäris (Mat. 24:14, 21). Bizem Nuh pygamber ýaly Hudaýyň erbetligi öz wagtynda ýok etjekdigine bolan ynamymyzy berkitmeli (Zeb. 37:10, 11). Ýehowa zalym dünýäni ýok etmek üçin öz bellän wagtyndan bir günem gijä galmaz! (Hab. 2:3).

8. Nuh pygamber ünsüni nädip edip bilýän zatlaryna gönükdirdi? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

8 Nuh pygamberiň edip bilýän zatlary. Nuh pygamber ünsüni edip bilmeýän däl-de, edip bilýän zatlaryna gönükdirdi. «Dogrulyk wagyzçysy» hökmünde, ol duýduryş habaryny ýürekden wagyz etdi (2 Pet. 2:5). Bu iş oňa imanyny berkitmäge kömek etdi. Şeýle-de ol Hudaýyň beren güýjüni we aň-düşünjesini gämi gurmak üçin ulandy (Ýewreýler 11:7-ni okaň).

9. Biz Nuh pygamberiň göreldesine nädip eýerip bileris?

9 Nuh pygamber ýaly bizem «Halypamyzyň işinde elmydama köp zähmet çekmäge» çalyşýarys (1 Kor. 15:58). Olara sežde edilýän ýerleri gurmak we bejeriş işlerini geçirmek, kongreslerde, ýygnaklarda kömek etmek, Beýtelde ýa-da terjimeçiler toparynda gulluk etmek ýaly işler degişli. Biz, esasan-da, gelejege bolan umydyňy berkitmäge kömek edýän wagyz işi bilen meşgullanýarys. Bu babatda bir uýa şeýle diýýär: «Hudaýyň Patyşalygynyň bereketleri barada adamlara gürrüň bereniňde, olaryň gelejege bolan umydynyň ýokdugyny we kynçylyklaryň soňuna çykyp bolýandygyna düşünmeýändigini görýärsiň». Dogrudan-da, wagyz işi bize gelejege bolan garaýşymyzy dogry saklamaga we ýaşaýşa eltýän ýoldan sowulmazlyga kömek edýär (1 Kor. 9:24).

GÜNÄ EDENIMIZDE

10. Dawut patyşanyň ýagdaýy nähilidi?

10 Ýehowa Dawut patyşa hakda «meniň göwnüme ýaraýan adam» diýipdi (Res. iş. 13:22). Dogrudan-da, Dawut bütin ömrüni Hudaýa wepaly ýaşap geçirdi. Emma ol agyr günä hem edipdi, ýagny Batşeba bilen zyna etdi. Iň erbedi bolsa, onuň ýanýoldaşy Uryýanyň söweşde wepat bolmagyny gurnady. Hatda onuň öldürilmelidigi baradaky haty hem özünden ugratdy! (2 Şam. 11:1—21). Dawudyň eden günäleri gizlin galmady (Mar. 4:22). Şonda Dawut näme etdi?

Öňki eden günälerimiz (11—14-nji abzaslara serediň)

11, 12. a) Dawut günä edensoň näme etmeli boldy? b) Agyr günä edendigimize garamazdan, toba etsek nämä ynamly bolup bileris?

11 Dawudyň edip bilmeýän zatlary. Dawut geçmişi yzyna dolap bilmejekdigine düşünýärdi. Ol eden işini egni bilen çekmeli boldy. Hatda ömrüniň ahyrynda-da onuň netijesini gördi (2 Şam. 12:10—12, 14). Muňa garamazdan, ol imanynyň gowşamagyna ýol bermedi. Dawut ýürekden toba etse, Ýehowanyň bagyşlajakdygyna we eden işiniň netijesini çekip-çydamaga güýç berjekdigine ynanýardy.

12 Bikämildigimiz üçin biziň ählimiz günäli, şol sebäpli hatda agyr günä-de etmegimiz mümkin. Eden ýalňyşlarymyzyň ajy miwesini, belki-de, ömrümiziň ahyryna çenli datmaly bolarys (Gal. 6:7). Emma Hudaýyň Sözünde aýdylmagyna görä, toba etsek, hatda özümiz günäkär bolsak-da, Ýehowa bizi kyn günümizde goldar (Işaýa 1:18, 19 *; Resullaryň işleri 3:19-njy aýatlary okaň).

13. Dawut ruhy taýdan nädip dikeldi?

13 Dawudyň edip bilýän zatlary. Dawut ruhy taýdan dikelmek üçin Ýehowa bil baglady. Ol Natan pygamberiň düzedişini kabul etdi (2 Şam. 12:13). Günäleriniň ötülmegi we Ýehowanyň merhemetini gazanmak üçin ak ýürekden doga etdi (Zeb. 51:1—17). Günä edendigi üçin ruhdan düşmedi, gaýtam, eden ýalňyşyndan sapak edindi. Şondan soň ol agyr günä etmedi. Ol ömrüniň ahyryna çenli wepalylygyny saklady. Şonuň üçin Ýehowa ony hemişe aýypsyz adam hökmünde ýatlaýar (Ýew. 11:32—34).

14. Dawut bilen bolan wakadan näme öwrenip bileris?

14 Biz Dawut bilen bolan wakadan näme öwrenip bileris? Eger agyr günä eden bolsak, onda ýürekden toba edip, Ýehowanyň merhemetini gazanmaga jan etmeli. Eden günämizi boýun almaly (1 Ýah. 1:9). Şeýle-de ruhy taýdan dikelmek üçin ýaşululardan gerekli kömegi soramaly (Ýakup 5:14—16-njy aýatlary okaň). Şonda ruhy taýdan sagalyp, Ýehowanyň razylygyny gazanmak üçin gerekli ädimleri ätmegiň wajypdygyna düşünýändigimizi görkezeris. Mundan başga-da ýalňyşymyzdan sapak edinip, gullugymyzy dowam edeliň we gelejege bolan umydymyzy ýitirmäliň (Ýew. 12:12, 13).

BAŞGA ÝAGDAÝLARDA

Ýarawsyzlyk (15-nji abzasa serediň)

15. Hanna bilen bolan wakadan näme öwrenip bileris?

15 Siz Ýehowa bil baglan başga-da wepaly gullukçylar barada oýlanyp bilersiňiz. Geliň, Hanna bilen bolan waka seredeliň. Onuň çagasy bolmaýardy we bu kynçylygy çözmek elinde däldi. Hanna teselliler Hudaýy Ýehowa bil baglady. Şonuň üçin çadyra baryp, sežde etmegini bes etmedi we Ýehowa ýüregini dökdi (1 Şam. 1:9—11). Hanna biziň üçin, gör, nähili gowy görelde galdyrdy! Biz ýarawsyzlyk ýaly çözüp bolmaýan kynçylyklara uçranymyzda, ýükümizi Ýehowanyň üstüne atyp, aladamyzy etjekdigine ynanmaly (1 Pet. 5:6, 7). Şeýle-de ýygnak duşuşyklaryna we başga-da geçirilýän ruhy çärelere gatnaşmagymyzy dowam etmeli (Ýew. 10:24, 25).

Özdiýenli çagamyz bolsa (16-njy abzasa serediň)

16. Ata-eneler gartaşan Şamuwelden näme öwrenip bilerler?

16 Ýygnak gatnaşygyndan kesilen çagalary üçin alada edýän ata-eneler barada näme diýse bolar? Gartaşan Şamuwel pygamberiň ogullary Hudaýyň adyl kadalaryny terk edende, onuň elinden gelýän zat ýokdy (1 Şam. 8:1—3). Ol ähli zady Ýehowa tabşyrdy. Gökdäki Atasy Ýehowanyň göwnünden turup, aýypsyz galmaga jan etdi (Sül. tym. 27:11). Şu günlerem şeýle ata-eneler bar. Olar ýiten ogul mysalyndaky atany suratlandyrýan Ýehowa bil baglaýarlar. Ol toba eden günäkärleri höwes bilen kabul edýär (Luka 15:20). Şeýle ata-eneler Ýehowa wepaly galmak üçin elinde baryny edýärler, sebäbi muny görüp, çagalarynyň hakykata dolanjakdygyna umyt edýärler.

Pul ýetmezçiligi (17-nji abzasa serediň)

17. Mätäç dul aýal bilen bolan waka näme etmäge höweslendirýär?

17 Geliň, Isanyň döwründe ýaşan mätäç dul aýaly ýadymyza salalyň (Luka 21:1—4-nji aýatlary okaň). Ol ybadathanada edilýän erbet işleri görüp gynanan bolmaly (Matta 21:12, 13). Şeýle-de ol gaty hor ýaşaýardy. Muňa garamazdan, ruhy işleri goldamak üçin, ol guta «ikije teňňe», ýagny «barja zadyny» atdy. Bu wepaly aýal Ýehowa ýürekden bil baglaýandygyny görkezdi, sebäbi ruhy zatlary birinji orunda goýsa, Ýehowanyň aladasyny etjekdigine ynanýardy. Şeýle iman ony hakyky seždäni goldamaga höweslendirdi. Eger bizem Patyşalygy birinji orunda goýsak, Ýehowanyň gerekli zatlar bilen üpjün etjekdigine ynamly bolup bileris (Mat. 6:33).

18. Dogry garaýşy saklan doganymyzyň mysalyny gürrüň beriň.

18 Şu günlerem imandaşlarymyzyň köpüsi Ýehowa bil baglap, şoňa görä hereket edýärler. Geliň, 2015-nji ýylda aradan çykan Malkolm atly wepaly doganymyzyň mysalyna seredeliň. Ol aýaly bilen Ýehowa gulluk eden döwürleri gowy we erbet günleri başdan geçirdi. Ol şeýle gürrüň berýär: «Ertir näme boljagyny bilmeýärsiň. Hatda agyr kynçylyklara-da uçramagyň mümkin. Emma Ýehowa özüne bil baglaýan adamlary patalaýar». Malkolm doganymyz şeýle maslahat berdi: «Doga bize Ýehowanyň isleýşi ýaly ýaşamaga we yhlasly gulluk etmäge gerekli güýji berer. Şol sebäpli ünsüňizi edip bilmeýän däl-de, edip bilýän zadyňyza gönükdiriň» *.

19. a) 2017-nji ýyl üçin saýlanan aýat näme üçin ýerlikli? b) Zebur 37:3-däki sözlere nädip eýerip bileris?

19 Dünýäniň ýagdaýy erbetleşdigi saýyn, kynçylyklar hem köpelýär (2 Tim. 3:1, 13). Şonuň üçin, geliň, kynçylyklarda ruhdan düşmäliň. Gaýtam, Ýehowa berk bil baglap, elimizde baryny edeliň. 2017-nji ýyl üçin saýlanan aýat, gör, nähili ýerlikli, onda: «Ýehowa bil baglap, ýagşylyk et» diýilýär! (Zeb. 37:3).

2017-nji ýylyň aýady: «Ýehowa bil baglap, ýagşylyk et» Zebur 37:3

^ abzas 12 Işaýa 1:18 Reb şeýle diýýär: «Geliň, indi düşünişeliň, günäleriňiz gyrmyzy dek bolsa-da, olar gar kimin ak bolarlar, gyrmyzy dek gyzyl bolsalar-da, ak ýüň dek bolarlar. 19 Eger sözlerimi göwünjeňlik bilen diňleseňiz, ýurduň näzi-nygmatyny iýersiňiz».

^ abzas 18 «Garawul diňi», 2013-nji ýylyň 15-nji oktýabry, sah. 17—20.