Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ýehowa halkyna ýolbaşçylyk edýär

Ýehowa halkyna ýolbaşçylyk edýär

«Reb (Ýehowa) hemişe size ýol görkezer». IŞ. 58:11

AÝDYMLAR: 152, 22

1, 2. a) Ýolbaşçylyk etmekde Ýehowanyň Şaýatlary başga dinlerden nämede tapawutlanýar? b) Biz şu we indiki makalada nämä serederis?

KÖPLENÇ adamlar Ýehowanyň Şaýatlaryndan: «Siziň ýolbaşçyňyz kim?» diýip soraýarlar. Bu geň galdyrmaýar, sebäbi dinleriň köpüsinde adam ýolbaşçylyk edýär. Emma biz Ýolbaşçymyzyň bikämil adam däldigini buýsanç bilen aýdýarys. Biz ölümden direlen Mesihiň yzyna eýerýäris. Ol hem Atasy Ýehowanyň görkezmesine eýerýär (Mat. 23:10).

2 Emma şu günler Hudaýyň halkyna birnäçe adamdan ybarat bolan topar, ýagny «wepaly we paýhasly hyzmatkär» ýolbaşçylyk edýär (Mat. 24:45). Onda biz Ýehowanyň görünmez Ogly arkaly ýolbaşçylyk edýändigini nireden bilýäris? Şu we indiki makalada biz Ýehowanyň müňlerçe ýylyň dowamynda käbir adamlar arkaly halkyna nädip ýolbaşçylyk edendigine hem-de onuň haýsy 3 usuly ulanandygyna serederis (Iş. 58:11).

MUKADDES RUHUŇ KÖMEGI

3. Musa pygambere ysraýyl halkyna ýolbaşçylyk etmäge näme kömek etdi?

3 Hudaýyň wekillerine mukaddes ruh kömek etdi. Geliň, ysraýyl halkyna ýolbaşçylyk eden Musa pygamberiň mysalyna seredeliň. Şeýle kyn ýumşy berjaý etmäge oňa näme kömek etdikä? Mukaddes Ýazgylarda Ýehowanyň oňa mukaddes ruhuny berendigi aýdylýar (Işaýa 63:11—14-nji aýatlary okaň) *. Hawa, Ýehowa Musa pygambere mukaddes ruhuny berip, halkyna ýolbaşçylyk etdi.

4. Ysraýyllylar Musa pygamberde Hudaýyň ruhunyň bardygyny nädip bilýärdiler? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

4 Mukaddes ruh göze görünmeýän güýç bolandygy üçin, Musa pygamberde onuň bardygyny nädip bilse bolýardy? Musa mukaddes ruhuň kömegi bilen gudrat görkezip, Faraona Hudaýyň adyny yglan etdi (Müs. çyk. 7:1—3). Şeýle-de oňa ysraýyl halkyna ýolbaşçylyk etmek üçin söýgi, ýumşaklyk we sabyr ýaly ajaýyp häsiýetleri ösdürmäge kömek etdi. Ol başga halklaryň zalym we diňe özüni bilýän ýolbaşçylaryndan düýbünden tapawutlanýardy (Müs. çyk. 5:2, 6—9). Bu zatlar Ýehowanyň Musany halkyna ýolbaşçy edip saýlandygyny görkezýär.

5. Ýehowa käbir adamlara öz halkyna ýolbaşçylyk eder ýaly nädip kömek etdi?

5 Ýehowa öz halkyna ýolbaşçylyk eder ýaly, başga adamlara-da mukaddes ruhuny berdi. Meselem, «Nunuň ogly Ýeşuwa paýhaslylyk ruhundan dolupdy» (Kan. tag. 34:9); «Gedegona Rebbiň ruhy siňdi» (Ser. 6:34). Şeýle-de Ýazgylarda: «Rebbiň ruhy güýç bilen Dawuda siňip başlady» diýilýär (1 Şam. 16:13). Olar Hudaýyň ruhunyň kömegine bil baglap, öz güýji bilen edip bilmejek işlerini başardylar (Ýeş. 11:16, 17; Ser. 7:7, 22; 1 Şam. 17:37, 50). Netijede, olaryň batyrgaýlyk bilen eden işleri Ýehowa şöhrat getirdi.

6. Hudaý näme üçin ysraýyllylaryň ýolbaşçylara hormat goýmagyny isleýärdi?

6 Ysraýyllar mukaddes ruh arkaly ýolbaşçylyk edýän adamlara nähili garamalydylar? Olar Musanyň ýolbaşçylyk edişinden nägile bolanlarynda, Ýehowa şeýle diýdi: «Haçana çenli bu halk Meni äsgermezlik etjekkä?» (San. 14:2, 11). Görşümiz ýaly, Musany, Ýeşuwany, Gedegony we Dawudy ýolbaşçy edip Ýehowa belledi. Aslynda, halk olara gulak asmak bilen, Ýehowany Ýolbaşçysy hökmünde kabul edýärdi.

PERIŞDELERIŇ KÖMEGI

7. Perişdeler Musa pygambere nädip kömek etdi?

7 Perişdeler Hudaýyň wekillerine kömek edýärdi (Ýewreýler 1:7, 14-nji aýatlary okaň). Ýehowa perişdeleri arkaly Musa pygambere tabşyryk, görkezme we gerekli kömegi berdi. Ol Musa bilen «gyrymsy agaçda perişdesi arkaly gepleşip, (ony) halkyna ýolbaşçy we halasgär edip iberdi» (Res. iş. 7:35). Musa pygamber ysraýyl halkyna bermeli «Kanuny perişdeler arkaly» alypdy (Gal. 3:19). Ýehowa oňa: «Halky saňa aýdan ýerime äkit. Meniň perişdäm seniň öňüňden gitjekdir» diýdi (Müs. çyk. 32:34). Mukaddes Ýazgylarda ysraýyllylaryň şeýle işleri eden perişdäni görendigi aýdylmaýar. Emma Musa pygamberiň adatdan daşary güýjüň kömegi bilen halka ýol görkezip, ýolbaşçylyk edendigi aýdyň görünýärdi.

8. Perişdeler Ýeşuwa we Hizkiýa patyşa nädip kömek etdi?

8 Musa pygamberden soň ysraýyl halkyna ýolbaşçy bolan Ýeşuwanyň ýanyna-da «Rebbiň gökdäki goşunynyň serkerdesi» gelipdi. Ol Hudaýyň halky kenganlylara garşy söweşde ýeňiş gazanar ýaly, olara güýç berdi (Ýeş. 5:13—15; 6:2, 21). Şeýle-de Hizkiýa patyşanyň döwründe Iýerusalime howp salýan aşurlylaryň goşunyndan gorady. Bir «gijede Rebbiň perişdesi gidip, aşurlylaryň düşelgesinde ýüz segsen bäş müň adamy öldürdi» (2 Pat. 19:35).

9. Ysraýyllylar näme üçin Hudaýyň bikämil wekillerine gulak asmalydylar?

9 Elbetde, perişdelerden tapawutlylykda adamlar bikämil. Bir gezek Musa pygamber Ýehowa derek özüni şöhratlandyrdy (San. 20:12). Ýeşuwa bolsa Hudaýdan maslahat soraman, Gibgonyň ilaty bilen äht baglaşdy (Ýeş. 9:14, 15). Hizkiýa patyşa-da «gopbamsylyk edipdi» (2 Ýyl. 32:25, 26). Ysraýyllylaryň ýolbaşçylary bikämil bolsa-da, halk olaryň görkezmesine eýermelidi. Ýehowa olary perişdeleriň kömegi bilen goldap, halkyna ýolbaşçylyk edýärdi.

HUDAÝYŇ SÖZÜNIŇ KÖMEGI

10. Musa pygamber Hudaýyň Kanunyna nädip eýerýärdi?

10 Hudaý öz Sözi arkaly görkezme berýärdi. Ysraýyl halkyna berlen Kanuna «Musanyň kanuny» diýilýär (1 Pat. 2:3). Emma Mukaddes Ýazgylarda Ýehowa Kanun beriji diýilýär; Musanyň özi-de şol Kanuna tabyn bolýardy (2 Ýyl. 34:14). Ýehowa çadyry nädip gurmalydygy barada görkezme berende, «Musa ähli zady edil Rebbiň özüne buýruşy ýaly etdi» (Müs. çyk. 40:1—16).

11, 12. a) Halka ýolbaşçylyk eden Ýeşuwadan we patyşalardan näme talap edilýärdi? b) Hudaýyň Sözi halkyň ýolbaşçylaryna nähili täsir etdi?

11 Ýeşuwa halka ýolbaşçy bolan gününden başlap, Hudaýyň Sözüne eýermelidi. Oňa: «Şondaky ýazylanlaryň hemmesini dykgat bilen ýerine ýetirer ýaly, ony gije-gündiz aňyňda sakla» diýen tabşyryk berildi (Ýeş. 1:8). Hudaýyň halkyna hökümdarlyk eden patyşalar hem şu görkezmä eýermelidiler. Olar her gün Hudaýyň Kanunyny okamalydylar, ony göçürmelidiler hem-de «Kanunyň ähli sözlerini we parzlaryny yhlas bilen ýerine ýetirmelidiler» (Kanun taglymaty 17:18—20-nji aýatlary okaň) *.

12 Hudaýyň Sözi olara nähili täsir etdi? Geliň, Ýoşyýa patyşanyň mysalyna seredeliň. Musanyň kanuny tapylanda, Ýoşyýanyň kätibi ony patyşa okap berýär *. Bu sözler patyşa nähili täsir etdikä? Ýazgylarda: «Patyşa Töwrat kitabynyň sözlerini eşidip, ýakasyny ýyrtdy» diýilýär. Şeýle-de ol Hudaýyň Sözündäki görkezmä eýerip, ýurtdan butlary düýbünden ýok etmegiň ugruna çykdy we Pasha baýramyny belledi. Öň hiç haçan Pasha baýramy şeýle bellenilmändi (2 Pat. 22:11; 23:1—23). Ýoşyýa we beýleki ýolbaşçylar Hudaýyň Sözüne eýerip, berlen görkezmäni höwes bilen kabul etdiler hem-de ony halka düşündirdiler. Şeýle özgerişikler halka Hudaýyň islegine görä ýaşamaga kömek edýärdi.

13. Hudaýyň halkynyň ýolbaşçylary bilen beýleki halklaryň ýolbaşçylarynyň arasynda nähili tapawut bardy?

13 Ysraýyllylaryň wepaly patyşalary beýleki halklaryň ýolbaşçylaryndan düýbünden tapawutlanýardy. Sebäbi ynsan akyldarlygy bilen dolandyrýan ýolbaşçylaryň düşünjeleri çäklidi. Meselem, kenganlylar ýakyn garyndaşlary, haýwanlar bilen we başga-da azgyn jyns gatnaşyklary edýärdiler, çagalary gurban berýärdiler, nejis butparazlyk bilen meşgullanýardylar (Lew. 18:6, 21—25). Wawilon bilen müsür halkynyň ýolbaşçylary bolsa Hudaýyň ysraýyl halkyna beren we ylmy taýdan tassyklanan arassaçylyk baradaky tabşyryklaryna eýermeýärdi (San. 19:13). Emma Hudaýyň halky öz ýolbaşçylarynyň ruhy, ahlak we beden taýdan arassaçylygy goldaýandyklaryny görýärdi. Dogrudan-da, Ýehowanyň olara ýolbaşçylyk edýändigi aýdyň görünýärdi.

14. Ýehowa näme üçin käbir ýolbaşçylara temmi berdi?

14 Gadymy ysraýyl halkyna ýolbaşçylyk eden patyşalaryň hemmesi Ýehowanyň görkezmesine eýermediler. Olar mukaddes ruhuň, perişdeleriň we Hudaýyň Sözüniň görkezmesini kabul etmeýärdiler. Şeýle ýagdaýda Ýehowa olara temmi berýärdi ýa-da ýerine başga birini saýlaýardy (1 Şam. 13:13, 14). Bellenen wagt gelende, Ýehowa has gowy ýolbaşçyny saýlady.

ÝEHOWA KÄMIL ÝOLBAŞÇY SAÝLAÝAR

15. a) Deňsiz-taýsyz ýolbaşçy barada nähili pygamberlik edildi? b) Pygamberlikde aýdylan ýolbaşçy kim?

15 Ýehowa ençeme asyryň dowamynda halkyna başarjaň we deňi-taýy bolmadyk ýolbaşçy berjekdigini pygamberlik etdi. Musa pygamber ysraýyllylara: «Hudaýyňyz Reb siziň üçin öz halkyňyzyň arasyndan meniň ýaly pygamber çykarar. Siz şol pygambere gulak asyň» diýdi (Kan. tag. 18:15). Işaýa pygamber onuň «baştutan hem baş serkerde» boljakdygyny aýtdy (Iş. 55:4). Danyýel pygamber Hudaýyň ylhamy bilen «seçip saýlanjak hökümdaryň» geljekdigini aýtdy (Dan. 9:25). Isa Mesih özüni Hudaýyň halkynyň «Ýolbaşçysy» hökmünde alyp bardy (Matta 23:10-ny okaň). Şägirtler Isanyň yzyna höwes bilen eýerip, ony Ýehowanyň saýlandygyny tassykladylar (Ýah. 6:68, 69). Ýehowanyň Isa Mesihi ýolbaşçy edip saýlandygyna olary näme ynandyrýardy?

16. Isa özünde mukaddes ruhuň bardygyny nädip subut etdi?

16 Isada Hudaýyň mukaddes ruhy bardy. Ýahýa Isany suwa çümdürende, «gögüň açylandygyny we mukaddes ruhuň kepderi kimin (onuň) üstüne inip gelýänini gördi». Soňra «Hudaýyň ruhy ony (Isany) derrew çöle alyp gitdi» (Mar. 1:10—12). Isa ýer ýüzünde gulluk edende, Hudaýyň mukaddes ruhy arkaly gudratlary görkezdi we Onuň beren ygtyýary bilen gepledi (Res. iş. 10:38). Şeýle-de ol mukaddes ruhuň kömegi bilen söýgi, şatlyk we berk iman ýaly häsiýetleri kämil derejede görkezdi (Ýah. 15:9; Ýew. 12:2). Hiç bir ýolbaşçyda şeýle subutnamalar bolmasa gerek. Hawa, Isany Ýehowanyň saýlandygy mese-mälimdi.

Isa suwa çümdürilenden soň, perişdeler oňa nädip kömek etdi? (17-nji abzasa serediň)

17. Perişdeler Isa nädip kömek etdi?

17 Perişdeler Isa kömek etdi. Suwa çümdürilenden soň, «perişdeler... gelip, Isa hyzmat edip başladylar» (Mat. 4:11). Ölmezinden birnäçe sagat öň «gökden bir perişde gelip, ony berkitdi» (Luka 22:43). Isa Atasynyň islegini berjaý etmek üçin Ýehowanyň gerek wagty perişdesini iberjekdigine ynanýardy (Mat. 26:53).

18, 19. Isa durmuşynda we adamlara öwredende, Hudaýyň Sözüne nädip eýerdi?

18 Isa Hudaýyň Sözüniň görkezmesine eýerýärdi. Ol gulluk edip başlandan Mukaddes Ýazgylaryň görkezmesine eýerdi (Mat. 4:4). Hudaýyň Sözüne tabyn bolup, Isa pürsdäki ölüme-de döz geldi. Ol hatda ölüminiň öň ýanynda-da özi hakdaky pygamberlik sözlerini aýdypdy (Mat. 27:46; Luka 23:46). Emma şol döwrüň dini ýolbaşçylary öz däp-dessurlaryna garşy gelse, Hudaýyň Sözündäki aýdylanlara eýermeýärdiler. Isa Ýehowanyň Işaýa pygamber arkaly olar barada aýdan sözlerini getirip, şeýle diýdi: «Bu adamlar maňa diňe dilinde sarpa goýýarlar, emma ýürekleri menden gaty uzaklaşdy. Olar maňa biderek ýere sežde edýärler, sebäbi ynsan tabşyryklaryny Hudaýyň taglymaty hökmünde öwredýärler» (Mat. 15:7—9). Heý-de, Ýehowa şu adamlardan birini saýlap, halkyna ýolbaşçy bellärmi?

19 Isa diňe edýän işlerinde däl, eýsem, adamlara öwredende-de Hudaýyň Sözüne eýerýärdi. Dini ýolbaşçylar ony synajak bolanlarynda, ol öz akyldarlygyna ýa-da çäksiz tejribesine bil baglamady. Gaýtam, Hudaýyň ygtybarly Sözüne salgylandy (Mat. 22:33—40). Ol adamlara gökdäki ýaşaýşy ýa-da älem-jahanyň ýaradylyşy barada gürrüň bermän, eýsem, olaryň «Ýazgylardaky zatlaryň manysyna doly düşünmekleri üçin... aň-düşünjesini açdy» (Luka 24:32, 45). Isa Hudaýyň Sözüni söýýärdi we ol hakda höwes bilen gürrüň berýärdi.

20. a) Isa Ýehowa tabynlygyny nädip görkezdi? b) Hirodes Agrippa I bilen Isanyň nähili tapawudy bardy we mundan Ýehowanyň ýolbaşçy saýlaýşy babatda nämäni bilýäris?

20 Isa adamlary «ýakymly sözleri» bilen haýran galdyrsa-da, bar şöhraty Mugallymy Ýehowa berýärdi (Luka 4:22). Bir gezek baý adam Isany «ýagşy Mugallym» diýip şöhratlandyrjak bolanda, Isa pespällik bilen: «Sen näme üçin maňa ýagşy diýýärsiň? Hudaýdan başga hiç kim ýagşy däldir» diýip jogap berdi (Mar. 10:17, 18). Takmynan sekiz ýyl geçensoň, Ýahudanyň patyşasy Hirodes Agrippa I özüni düýbünden başgaça alyp bardy. Ol halkyň öňünde çykyş etmek üçin «patyşalyk lybasyny geýipdi». Şonda märeke batly ses bilen: «Bu adamyň däl-de, Hudaýyň sesi!» diýip gygyrdy. Bu sözler Hirodesiň gulagyna ýakan bolmaly. «Hudaýy şöhratlandyrmandygy sebäpli... Ýehowanyň perişdesi ony şol bada kesele uçratdy. Onuň endam-jany gurtlady, şeýdip, ol öldi» (Res. iş. 12:21—23). Bu wakadan Ýehowanyň Hirodesi ýolbaşçy edip saýlamandygy mese-mälim görünýär. Emma Isa Hudaý tarapyn bellenendigini aýdyň görkezdi. Ol iň Beýik Ýolbaşçy hökmünde diňe Ýehowany şöhratlandyrýardy.

21. Indiki makalada nämä serederis?

21 Isa bary-ýogy birnäçe ýyl ýolbaşçy bolmaly däldi. Ol direlenden soň: «Gökde we ýerde ähli ygtyýar maňa berildi... Ine, men dünýäniň soňuna çenli elmydama siziň bilen bolaryn» diýdi (Mat. 28:18—20). Isa ruhy şahsyýet hökmünde nädip Hudaýyň ýer ýüzündäki halkyna ýolbaşçylyk eder? Ýehowa Mesihiň ýolbaşçylygynda kimleriň kömegi bilen halkyna gözegçilik eder? Eýsem, mesihçiler onuň wekillerini nädip tanap bilerler? Indiki makalada şu soraglara serederis.

^ abzas 3 Işaýa 63:11 Hudaýyň halky geçmişi, Rebbiň guly Musany ýatlady. Sürüsiniň çopanlary bilen bile olary deňizden geçiren nirede? Öz mukaddes ruhuny içlerine salan nirede? 12 Gudratly goluny Musanyň sagynda ýöreden, Özüne ebedi at edinmek üçin öňlerindäki suwy bölen nirede? 13 Halkyny deňiz düýbünden geçiren kim? Atyň büdremän çölden geçişi dek olar-da büdremediler. 14 Derä inýän mal sürüsi dek, Rebbiň ruhy olara rahatlyk berdi. Özüňe şöhratly at edinmek üçin halkyňa, ine, şeýle ýol görkezdiň.

^ abzas 11 Kanun taglymaty 17:18 Ol şalyk tagtynda oturanda, lewi ruhanylarynda saklanýan Hudaýyň Kanunynyň täze göçürmesini alsyn. 19 Goý, ol bu Kanunyň göçürmesini ýanynda saklasyn we ony ömrüniň ähli günlerinde okasyn. Şonda ol öz Hudaýy Rebden gorkup, bu Kanunyň ähli sözlerini we parzlaryny yhlas bilen ýerine ýetirer. 20 Ol özüni beýleki ysraýyl doganlaryndan ýokary saýmasyn we bu buýrukdan saga-da, çepe-de sowulmasyn. Şonda onuň özüniň we nesilleriniň şalygy Ysraýylda uzak ýyllar höküm sürer.

^ abzas 12 Bu Musa pygamberiň öz eli bilen ýazan Kanuny bolmaly.