Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Okyjylaryň sowallary

Okyjylaryň sowallary

Pawlus resul: «Ol (Ýehowa) siziň güýjüňizden artyk synalmagyňyza ýol bermez» diýip ýazdy (1 Kor. 10:13). Bu sözler Ýehowanyň biziň nähili kynçylyklara döz gelip biljekdigimizi öňünden bilip, soňra olara ýol berýändigini görkezýärmi?

Geliň, bir ýagdaýa seredeliň. Ogly janyna kast edende, doganymyz şeýle diýdi: «Ýehowa aýalym ikimiz oglumyzyň ölümine döz geleris diýip pikir etdimikä? Eýsem, Hudaý biziň nämä döz geljekdigimizi öňünden bilip, oňa ýol berdimi?» Bu ýagdaý biziň durmuşymyzda bolýan wakalary Ýehowanyň öňünden bilýändigini görkezýärmi?

Pawlusyň 1 Korinfliler 10:13-däki aýdan sözlerine giňişleýin seretsek, «Ýehowa biziň nähili kynçylyklara döz gelip biljekdigimizi öňünden bilip, soňra olara ýol berýär» diýen düşünjäniň Mukaddes Ýazgylara esaslanmaýandygyna göz ýetireris. Geliň, munuň dört sebäbine seredeliň.

Birinjiden, Ýehowa adamlary erkin edip ýaratdy. Ol biziň özümiziň karara gelmegimizi isleýär (Kan. tag. 30:19, 20; Ýeş. 24:15). Eger biz durmuşda dogry ýoly saýlasak, onda görkezme üçin Ýehowa ýüzlenip bileris (Sül. tym. 16:9). Emma nädogry ýoly saýlasak, onuň ajy miwesini dadarys (Gal. 6:7). Eger Ýehowa biziň duş geljek kynçylyklarymyzy öňünden saýlaýan bolsa, ol erkin edip ýaradylandygymyzy göz öňünde tutdugy bolarmy?

Ikinjiden, Ýehowa bizi «wagt we hadysadan» goramaýar (Wag. 9:11). Eger biz oňaýsyz wagty oňaýsyz ýerde bolsak, betbagtçylyga ýa-da pajygaly ýagdaýa uçramagymyz mümkin. 18 adamyň üstüne bina ýykylyp ölende, Isa «Hudaýyň islegi şeýledir» diýmedi (Luka 13:1—5). Eger Hudaý kimiň ýaşap, kimiň ölmelidigini öňünden kesgitleýän bolsa, pajygaly wakalar tötänden bolýandyr diýmek dogry bolarmy?

Üçünjiden, jedelli mesele biziň her birimize degişli. Ýadyňyzda bolsa, Şeýtan Ýehowanyň gullukçylarynyň kynçylyklarda wepaly galyp biljekdiklerini şübhä goýdy. Şeýdip, ol biziň aýypsyzlygymyzy synaýar (Eýp. 1:9—11; 2:4; Ylh. 12:10). Eger Ýehowa biziň döz gelip bilmejek kynçylyklarymyza ýol bermese, onda biz öz peýdamyz üçin Hudaýa gulluk edip, Şeýtanyň aýyplamasyny goldadygymyz bolmazmy?

Dördünjiden, biziň duş gelip biljek her bir ýagdaýymyzy Ýehowa öňünden görmeýär. Eger Hudaý biziň döz gelip biljek kynçylyklarymyzy öňünden saýlaýan bolsa, diýmek, ol gelejegimiz barada hemme zady bilýär. Emma bu düşünje Mukaddes Ýazgylara esaslanmaýar. Elbetde, Hudaý gelejegi öňünden görüp bilýär (Iş. 46:10). Ýöne Ýazgylara görä, ol bu ukybyny hemişe ulanmaýar (Gel. çyk. 18:20, 21; 22:12). Görşümiz ýaly, Ýehowa öňdengörüjilik ukybyny ulananda, biziň erkin ýaradylandygymyzy göz öňünde tutýar. Eýsem, bu Hudaýyň erkinligimizi gymmat saýýandygyny we ukyplaryny paýhasly ulanýandygyny görkezmeýärmi näme? (Kan. tag. 32:4; 2 Kor. 3:17).

Onda Pawlus: «Ol (Hudaý) siziň güýjüňizden artyk synalmagyňyza ýol bermez» diýende, nämäni göz öňünde tutdy? Ol bu sözleri ýazanda, Ýehowanyň synaglary öňünden saýlaýandygyny däl-de, olara uçranymyzda kömek etjekdigini göz öňünde tutdy *. Diýmek, biz durmuşda dürli kynçylyklara uçrarys, ýöne Ýehowa bil baglasak, ol bizi goldar (Zeb. 55:22). Pawlus teselli beriji sözlerini iki wajyp hakykata esaslanyp aýdypdy.

Birinjiden, biz «adamlaryň başyna düşýän» kynçylyklara uçraýarys. Biziň duş gelýän kynçylyklarymyz hemme adamlara tanyş. Eger Ýehowa bil baglasak, olar çekip-çydardan agyr bolmaz (1 Pet. 5:8, 9). Pawlus resul 1 Korinfliler 10:13-nji aýadyň kontekstinde ysraýyllylaryň çölde uçran kynçylyklaryny agzaýar (1 Kor. 10:13, 6—11). Şeýle kynçylyklara hemme adamlaram duş gelýär, ýagny olar wepaly ysraýyllylar üçin çekip-çydardan agyr däldi. Pawlus «olaryň käbiriniň» gulak asmandygyny dört gezek belläp geçdi. Gynansak-da, ysraýyllylaryň käbiri Hudaýa bil baglamandyklary üçin erbet höwesleriniň täsirine düşdi.

Ikinjiden, «Hudaý... wepalydyr». Ýehowa «Özüni söýen we buýruklaryny ýerine ýetiren» ysraýyllylara wepaly söýgüsini bildirdi (Kan. tag. 7:9). Hudaý olara beren sözünde-de durdy (Ýeş. 23:14). Ýehowany söýýän we tabşyryklaryna gulak asýan adamlar kynçylyklara uçranda, geçmişde ýaşan wepaly gullukçylar barada okap, şu iki wadany ýatda saklap bilerler: 1. Ýehowa duş gelen kynçylyklarymyzyň çekip-çydardan agyr bolmagyna ýol bermez. 2. Ol «çykalga-da açar».

Ýehowa bize «her hili kynçylyklarda teselli berýär»

Ýehowa Özüne bil baglaýan gullukçylaryna kynçylyklarda nädip çykalga açýar? Onuň kynçylygy düýbünden aýyrmaga-da güýji ýetýär. Emma ýadyňyzda bolsa, Pawlus: «(Ýehowa)... döz gelip bilmegiňiz üçin çykalga-da açar» diýipdi. Ol köplenç şeýle-de edýär. Geliň, Ýehowanyň muny nädip edýändigine seredeliň.

  • Ol «her hili kynçylyklarda teselli berýär» (2 Kor. 1:3, 4). Ýehowa öz Sözi, mukaddes ruhy, paýhasly hyzmatkäriň berýän ruhy iýmiti arkaly kalbymyza, pikirimize we ýüregimize rahatlyk berýär (Mat. 24:45; Ýah. 14:16; Rim. 15:4).

  • Ol mukaddes ruhy arkaly görkezme berýär (Ýah. 14:26). Kynçylyklarda mukaddes ruh bize Ýazgylardan gerekli wakalary, prinsipleri ýadymyza salyp, paýhasly hereket etmäge kömek eder.

  • Ol bize kömek etmek üçin perişdelerini ulanýar (Ýew. 1:14).

  • Ol bizi imandaşlarymyzyň sözi we edýän işleri bilen «berkidýär» (Kol. 4:11, çykgyt).

Onda Pawlusyň 1 Korinfliler 10:13-däki aýdan sözleri nämäni aňladýar? Ýehowa kynçylyklary öňünden kesgitlemeýär. Ýöne olara duş gelsek, biz şuňa ynamly bolup bileris: Eger Ýehowa doly bil baglasak, ol kynçylygyň çekip-çydardan agyr bolmagyna ýol bermez; oňa döz gelmek üçin hemişe çykalga-da açar. Nähili teselli beriji sözler!

^ abzas 9 «Synag» diýip terjime edilen grek sözi «kynçylyk, barlag» diýmegi hem aňladýar.