Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

«Wadaňy berjaý et»

«Wadaňy berjaý et»

«Eger ant içen bolsaň, ony Ýehowanyň öňünde berjaý et». MAT. 5:33

AÝDYMLAR: 63, 7

1. a) Ýeftah bilen Hannanyň arasynda nähili meňzeşlik bar? (Makalanyň başyndaky surata serediň). b) Şu makalada haýsy soraglara serederis?

YSRAÝYL halkynyň serdary Ýeftah edermen ýolbaşçy we batyrgaý söweşijidi. Hanna bolsa adamsy Elkana tabyn bolup, öý-içerisi hakda alada edýän pesgöwünli aýaldy. Hudaýyň bu gullukçylarynyň arasynda nähili meňzeşlik bar? Olaryň ikisem Hudaýa beren wadasyny berjaý etdiler. Bu babatda olar bize gowy görelde galdyrdy. Aslynda, wada bermeklik nämäni aňladýar? Hudaýa beren sözüňde durmak näme üçin wajyp? Biz Ýeftah we Hanna bilen bolan wakadan näme öwrenýäris?

2, 3. Mukaddes Ýazgylarda Hudaýa berilýän wada barada näme diýilýär?

2 Mukaddes Ýazgylara görä, wada bu Hudaýa söz bermegi aňladýar. Meselem, adam Hudaýa käbir işleri etmegi, nämedir bir zatlary bermegi, haýsydyr bir gullugy ýerine ýetirmegi ýa-da belli bir zatdan saklanmagy söz berýär. Ol muny öz islegine görä meýletin edýär. Muňa garamazdan, onuň berýän sözüni Hudaý mukaddes we wajyp saýýar, sebäbi adam bir zady etmegi ýa-da etmezligi söz berende, ant içen ýaly hasaplanýar (Gel. çyk. 14:22, 23; Ýew. 6:16, 17). Mukaddes Ýazgylarda Hudaýa beren sözüňde durmagyň wajypdygy barada näme diýilýär?

3 Musanyň kanunynda: «Eger bir adam Rebbe wada etse ýa-da her hili zatdan özüni saklamaga kasam içse, onda ol beren sözüni bozman, agzy bilen aýdan wadasyny berjaý etsin» diýilýär (San. 30:3). Süleýman patyşa: «Hudaýa aýdylan hudaýýoluňy gijikdirme. Çünki Hudaý akylsyzlardan hoşal däldir; wadaňy berjaý et» diýip ýazdy (Wag. 5:3). Isa hem beren sözüňde durmagyň wajypdygyny nygtap: «Siz gadymy döwürde şeýle diýlenini hem eşidensiňiz: „Boş ýere ant içme. Eger ant içen bolsaň, ony Ýehowanyň öňünde berjaý et“» diýdi (Mat. 5:33).

4. a) Hudaýa berýän wadaňa näme üçin çynlakaý garamaly? b) Biz Ýeftah bilen Hanna barada nämeleri bileris?

4 Görşümiz ýaly, Hudaýa berýän wadaňa örän çynlakaý garamaly. Sebäbi bu biziň Ýehowa bilen dostlugymyza täsir edýär. Dawut patyşa: «Rebbiň dagyna kim çykar? Onuň mukaddes mekanynda kim durar? Elleri tämiz we ýüregi sap adam; onuň ruhy galplyga gönükdirilen däldir, ol hile bilen kasam eden däldir» diýip ýazdy (Zeb. 24:3, 4). Ýeftah bilen Hanna Hudaýa näme söz berdiler? Olara sözünde durmak aňsat boldumy?

OLAR HUDAÝA BEREN SÖZÜNDE DURDULAR

5. Ýeftah Hudaýa näme söz berdi we netijede näme boldy?

5 Ýeftah Ýehowa beren sözünde durýar. Ol Hudaýyň halkyna sütem eden «ammonlara» garşy söweşde ýeňiş gazanmak isleýärdi (Ser. 10:7—9). Şonda ol Ýehowa: «Eger Sen ammonlary meniň elime berseň, onda men ammonlary ýeňip, yzyma dolanyp gelenimde derwezämden ilkinji çykan Seniňkidir» diýip söz berýär. Ýeftah ammonlaryň üstünden ýeňiş gazanyp, öýüne gelýärkä, öňünden eý görýän gyzy çykýar. Ýeftah Hudaýa beren sözünde durarmy? (Ser. 11:30—34).

6. a) Ýeftah bilen gyzyna Hudaýa beren sözünde durmak aňsat boldumy? b) Kanun taglymaty 23:21, 23-nji we Zebur 15:4-nji aýatlardaky sözler size nähili täsir edýär?

6 Ýeftahyň gyzy kakasynyň Ýehowa beren sözüni berjaý etmek üçin, ömri ötýänçä mukaddes çadyrda gulluk etmelidi. Eýsem, Ýeftah oýlanman söz berdimi? Elbetde, ýok. Ol öňünden gyzynyň hem çykyp biljekdigine düşünýärdi. Nähili bolaýanda-da, bu olaryň ikisi üçin-de aňsat däldi. Ýeftah gyzyny görende, ýakasyny ýyrtyp: «Wah, gyzym, sen meniň bagtymy garaltdyň!» diýdi. Gyzy bolsa «durmuşa çykmakdan mahrum bolandygy» üçin aglady. Ýeftahyň başga çagasy ýokdy. Ýekeje gyzy hem durmuşa çykyp bilmeýärdi. Hawa, Ýeftah agtyk söýüp bilmejekdigine we adyny, neslini dowam etdirjek adamyň ýokdugyna düşünýärdi. Ýöne Ýeftah üçin has wajyp zat bardy. Ol: «Men Rebbiň öňünde öz agzym bilen kasam etdim, indi nädip ondan boýun gaçyraýyn» diýdi. Gyzy kakasyna: «Näme kasam eden bolsaň, ýerine ýetiriber» diýdi (Ser. 11:35—39). Hawa, olar Gudratygüýçli Hudaýa beren sözünde durmak üçin hemme zatdan, hatda öz isleglerinden-de geçmäge taýyndylar (Kanun taglymaty 23:21, 23 *; Zebur 15:4-nji aýatlary okaň).

7. a) Hanna Hudaýa näme söz berdi we näme üçin? Netijede näme boldy? b) Hannanyň beren sözi ogly Şamuwele nähili täsir edip bilerdi? (Çykgyda serediň).

7 Hanna hem Ýehowa beren sözünde durýar. Ol «ajy gam-gussadan we gaýgy-hasratdan» ýaňa halys bolanda, Hudaýa söz beripdi. Sebäbi onuň çagasy bolmaýardy we gündeşi ony hemişe kemsidýärdi (1 Şam. 1:4—7, 10, 16). Hanna Ýehowa ýüregini döküp, şeýle kasam edýär: «Eý, Hökmürowan Reb, Öz gyrnagyňyň çekýän hasratyna nazar sal, ony ýatla. Öz gyrnagyňy gözden salma-da, gaýtam, oňa bir ogul ber, men ony Saňa ömürlik nazyr * edeýin, onuň kellesine päki degmez» (1 Şam. 1:11). Ýehowa Hannanyň dilegini eşidip, oňa bir ogul berýär. Şonda Hanna, gör, nähili begenendir! Ýöne ol Hudaýa beren wadasyny unutmaýar. Ol ogly bolanda: «Men muny Rebden diläp aldym» diýýär (1 Şam. 1:20).

8. a) Hudaýa beren sözünde durmak Hanna aňsat boldumy? b) Dawudyň 61-nji mezmurdaky sözleriniň Hannanyň garaýşy bilen nähili meňzeşligi bar?

8 Şamuwel üç ýaşlarynda süýtden aýrylanda, Hanna Hudaýa beren sözüni berjaý etdi. Ol başgaça hereket etmek barada asla pikirem etmedi. Ol Şamuweli Şilodaky çadyrda gulluk edýän baş ruhany Eliniň ýanyna getirip: «Ine, şu çaga üçin dileg edipdim. Reb meniň dilegimi kabul etdi. Şoňa görä men ony Rebbe berýärin. Goý, ol tä ömri ötýänçä, Rebbiň hyzmatynda bolsun» diýdi (1 Şam. 1:24—28). «Şamuwel bolsa Rebbiň huzurynda ösüp ulalýardy» (1 Şam. 2:21). Bu Hanna üçin aňsat bolmady. Ol eý görýän çagasyny indi her gün görüp bilmejekdigine düşünýärdi. Hanna ogluna seredip, ony mähir bilen bagryna basan, naharlan we bile oýnan günlerini ýatlan bolmaly. Emma ol şonda-da Hudaýa beren sözünden dänmedi. Gaýtam, kalbynda şatlyk duýýardy (1 Şam. 2:1, 2; Zebur 61:1, 5, 8-nji aýatlary okaň).

Siz Ýehowa beren wadaňyza görä ýaşaýarmysyňyz?

9. Biz nähili soraglara serederis?

9 Häzir bolsa, geliň, Hudaýa berýän sözümize çynlakaý garamak üçin şu iki soraga seredeliň: Biz, mesihçiler nähili wadalary berýäris? Näme üçin beren sözümizde durmaly?

ÖZÜŇI HUDAÝA BAGYŞ EDENIŇDE...

Özüňi Hudaýa bagyş edeniňde (10-njy abzasa serediň)

10. Mesihçi durmuşynda haýsy iň wajyp wadany berýär we ol nämäni aňladýar?

10 Mesihçi özüni Ýehowa bagyş edende, durmuşynda iň wajyp wadany berýär. Näme üçin şeýle diýse bolar? Sebäbi ol Ýehowa doga edende, oňa ebedi gulluk etjekdigini söz berýär. Başgaça aýdanyňda, nähili kynçylyk bolsa-da, beren sözünden dänmejekdigini aýdýar. Isanyň «özünden geçsin» diýen sözlerine laýyklykda, ol özi üçin ýaşamagyny bes edip, Hudaýyň islegini islendik zatdan ileri tutjakdygyny wada berýär (Mat. 16:24). Şol günden başlap, ol «Ýehowanyňky» hasaplanýar (Rim. 14:8). Özüni Ýehowa bagyş eden adam beren wadasyna örän çynlakaý garamaly we şu sözleri aýdan mezmurçydan görelde almaly: «Maňa eden bütin ýagşylyklary üçin hem Rebbe näme bererin? Bütin halkynyň öňünde Rebbe nezirlerimi berjaý ederin» (Zeb. 116:12, 14).

11. Siz suwa çümdürilen günüňiz nämäni görkezýärsiňiz?

11 Siz özüňizi Ýehowa bagyş edip, suwa çümdürildiňizmi? Eger şu ädimi äden bolsaňyz, onda siz öwgä mynasyp! Ýadyňyzda bolsa, siz suwa çümdürilen günüňiz hemmeleriň öňünde «özüňizi Ýehowa bagyş edip hem-de suwa çümdürilip, Hudaýyň mukaddes ruhy arkaly ýolbaşçylyk edýän guramasyna degişli Ýehowanyň Şaýady bolýandygyňyza düşünýändigiňizi» aýtdyňyz. Siziň ynamly beren jogabyňyz Ýehowanyň suwa çümdürilen gullukçysy bolandygyňyzy görkezýär. Şonda Ýehowa, gör, nähili begenendir!

12. a) Biz özümize nähili soraglary bermeli? b) Petrus resul nähili maslahat berdi?

12 Emma suwa çümdürilmek Ýehowa gullugyň başlangyjydyr. Biz Ýehowa wepaly gulluk edip, beren sözümize laýyk ýaşamak isleýäris. Şol sebäpli özümize şeýle soraglary bersek gowy bolar: «Suwa çümdürilenimden bäri men ruhy taýdan ösdümmi? Ýehowa öňkim ýaly ýürekden gulluk edýärinmi? (Kol. 3:23). Dyngysyz doga edýärinmi, Hudaýyň Sözüni her gün okaýarynmy, ýygnak duşuşyklaryna sypdyrman barýarynmy we her mümkinçilikden peýdalanyp wagyz edýärinmi? Ýa-da bularyň käbirini gözden salýaryn?» Petrus resul imanymyzy bilim, çydamlylyk we Hudaýa wepalylyk bilen berkidip dursak, yhlasly bolup biljekdigimizi aýtdy (2 Petrus 1:5—8-nji aýatlary okaň).

13. Özüni Hudaýa bagyş edip, suwa çümdürilen mesihçi nämä düşünmeli?

13 Hawa, özüni Hudaýa bagyş eden adam beren sözünde durmaly. Ol Ýehowa gulluk etmekden ýa-da Mesihiň yzyna eýerip ýaşamakdan ýadasa-da, özüni Hudaýa bagyş edende we suwa çümdürilende beren wadasyndan dänip bilmeýär *. Sebäbi adam suwa çümdürilmek bilen, hemmeleriň öňünde özüni Ýehowa doly bagyş edendigini aýan edýär. Eger ol beren wadasyndan dänse, Ýehowanyň we ýygnagyň öňünde agyr günä eden adam hasaplanýar (Rim. 14:12). Geliň, «başdaky söýgimiziň sowamagyna» hiç haçan ýol bermäliň. Gaýtam, Isanyň: «Men seniň edýän işleriňi, söýgiňi, imanyňy, gullugyňy, çydamlylygyňy we öňküden has köp işleri edýändigiňi bilýärin» diýen sözlerine mynasyp ýaşamak üçin jan edeliň (Ylh. 2:4, 19). Ýehowa beren sözümize görä ýaşap, onuň ýüregini şatlandyralyň.

MAŞGALA GURANYŇDA...

Maşgala guranyňda (14-nji abzasa serediň)

14. Adam ýene nähili wada berýär we oňa näme üçin wajyp diýse bolar?

14 Adam ýene bir wajyp wadany maşgala guranda berýär. Näme üçin şeýle diýse bolar? Sebäbi nika mukaddesdir. Durmuş gurýan ýigit bilen gyz Hudaýyň we adamlaryň öňünde wada berýärler. Olar «Hudaýyň döreden nikasynda ýer ýüzünde bile ýaşaýarkalar», biri-birini hemişe söýmegi, aladasyny etmegi we hormat goýmagy wada berýärler. Başgalar edil şeýle sözleri aýtmasalar-da, olaram biri-birine wada bermek bilen, Hudaýyň öňünde söz berýärler. Soňra olary är-aýal diýip yglan edýärler we bu olaryň ömürboýy bile ýaşamalydygyny aňladýar (Gel. çyk. 2:24; 1 Kor. 7:39). Isa: «Şeýlelikde, Hudaýyň goşanyny ynsan aýyrmasyn» diýdi. Bu sözler är-aýalyň ikisiniňem jogapkärçiliginiň bardygyny görkezýär. Diýmek, olar durmuş guransoň, aýrylyşmak barada asla pikirem etmeli däl (Mar. 10:9).

15. Mesihçiler näme üçin nika sowuk-sala garamaly däl?

15 Elbetde, ýer ýüzünde kämil maşgala ýok. Sebäbi durmuş gurýan adamyň ikisem bikämil. Ine, şonuň üçinem Mukaddes Ýazgylarda durmuş guranlaryň «täze kynçylyklarynyň» boljakdygy aýdylýar (1 Kor. 7:28). Gynansak-da, şu günler köp adamlar nika sowuk-sala garaýarlar. Olaryň arasynda düşünişmezlik dörände, derrew aýrylyşmak bilen bolýarlar. Mesihçiler beýle etmeli däl. Ýanýoldaşyna beren wadasyny bozan adam Ýehowa ýalan sözledigi bolýar. Hudaý bolsa ýalan sözleýän adamlary ýigrenýär! (Lew. 19:12; Sül. tym. 6:16—19). Pawlus resul: «Aýalyň bar bolsa, azat boljak bolup ondan aýrylma» diýip ýazdy (1 Kor. 7:27). Sebäbi ol ýanýoldaşyňa biwepalyk etmegi Ýehowanyň ýigrenýändigini gowy bilýärdi (Mal. 2:13—16).

16. Mukaddes Ýazgylarda aýrylyşmak we aýry ýaşamak barada näme diýilýär?

16 Isa durmuş guran adamlaryň Ýazgylara görä diňe bir sebäp bilen, ýagny ýanýoldaşy zyna eden ýagdaýynda aýrylyşmaga rugsat berilýändigini aýtdy (Mat. 19:9; Ýew. 13:4). Onda är-aýal aýry ýaşasa bolýarmy? Mukaddes Ýazgylarda bu soraga aýdyň jogap berilýär (1 Korinfliler 7:10, 11-nji aýatlary okaň). Ýazgylar aýry ýaşamaklygy goldamasa-da, käbir mesihçiler belli bir ýagdaýda, ýagny ýanýoldaşy janyna howp salsa, ruhy saglygyna zyýan ýetirse, maşgalany eklemekden bilgeşleýin boýun gaçyrsa ýa-da imandan dänen adamlaryň garaýşyna eýerýän bolsa aýry ýaşamak kararyna gelip biler *.

17. Mesihçi är-aýallar maşgalasyny nädip berkidip biler?

17 Maşgalasynda kynçylyk dörän är-aýal kömek soranda, ýaşulular olardan ýaňy-ýakynda «Hakyky söýgi näme?» diýen filmi görendikleri we «Siziň maşgalaňyz bagtly bolup biler» atly broşýurany okandyklary barada sorasalar, gowy bolar. Näme üçin? Sebäbi bu filmde we broşýurada maşgalany berkidýän prinsipler bar. Bir är-aýal: «Biz şu broşýurany okanymyzdan bäri maşgalamyz has-da berkedi» diýýär. Ýanýoldaşy bilen 22 ýyl bäri bile ýaşaşýan uýamyzyň nikasy tas bozulypdy. Ol şeýle diýýär: «Biziň ikimizem suwa çümdürilen bolsak-da, häsiýetlerimiz ýer bilen gök ýaly. Bu film tüýs wagtynda çykarylypdyr! Indi biz maşgalamyzy berkitmek üçin elimizde baryny edýäris». Eger siz maşgalaly bolsaňyz, Ýehowanyň prinsiplerine eýermäge jan ediň. Olar size maşgala guranyňyzda beren wadaňyza görä ýaşamaga ýardam eder.

UZAK WAGTLY GULLUGA BAŞLANYŇDA...

18, 19. a) Mesihçi ata-eneleriň köpüsi näme edýär? b) Uzak wagtly gulluk edýän dogan-uýalar Hudaýa beren wadasyny nädip berjaý edýärler?

18 Ýeftah bilen Hannanyň ýene nähili meňzeşligi bar? Olar Hudaýa beren sözünde durandyklary üçin, çagalary mukaddes gullugy berjaý etmek hormatyna mynasyp boldular. Eýsem, durmuşda şundan şatlykly zat barmy näme?! Şu günler mesihçi ata-eneleriň köpüsi çagalaryny uzak wagtly gulluga başlap, Hudaýy şöhratlandyryp ýaşamaga höweslendirýärler. Gullugyň bu görnüşini saýlan mesihçiler öwgä mynasypdyr! (Ser. 11:40; Zeb. 110:3).

Uzak wagtly gulluga başlanyňda (19-njy abzasa serediň)

19 Häzir bütin dünýäde ýörite uzak wagtly gullugy berjaý edýän Ýehowanyň takmynan 67 müň sany Şaýady bar. Olaryň käbiri Beýtelde, gurluşyk işlerinde, Kongresler köşgünde, mekdep geçirilýän ýerlerde, başgalary bolsa etrap gözegçisi, mekdeplerde tälim berýän mugallymlar, ýörite pionerler ýa-da missionerler bolup gulluk edýärler. Olar tabyn bolmak we baryňa kaýyl bolup ýaşamak barada wada berdiler. Uzak wagtly gullukçylar Patyşalyk işlerini goldamak üçin sada ýaşamagy saýlaýarlar we rugsat berilmese, dünýewi işde işlemeýärler. Şeýle dogan-uýalar özleriniň däl-de, edýän işleriniň wajypdygyna düşünýärler. Bu pesgöwünli gullukçylar uzak wagtly gullugy berjaý etmek bilen, Hudaýa beren wadasyny berjaý edýärler.

20. Biz «her gün» näme etmeli we näme üçin?

20 Siz şu makalada gürrüň berlen haýsy wadalary Hudaýa berdiňiz? Birinjinimi, ikinjinimi ýa-da üçüsinem? Siz berýän wadaňa sowuk-sala garamaly däldigine düşünýän bolsaňyz gerek! (Sül. tym. 20:25). Adam Ýehowa beren sözünde durmasa, bu erbet netije berer (Wag. 5:6). Şonuň üçin, geliň, Ýehowa beren wadamyzy «her gün ýerine ýetirer ýaly, (Onuň) adyna ebedilik nagma aýdalyň» (Zeb. 61:8).

^ abzas 6 Kanun taglymaty 23:21 Hudaýyňyz Rebbe sadaka aýdan bolsaňyz, ony gijikdirmän beriň, çünki Hudaýyňyz Reb aýdan sadakaňyzy sizden hökman talap eder. Eger siz ony ýerine ýetirmeseňiz, günä gazanarsyňyz. 23 Ýöne Hudaýyňyz Rebbe öz agzyňyz bilen aýdan sadakaňyzy aýdyşyňyz ýaly, diliňiziň geplän zadyny yhlas bilen ýerine ýetiriň.

^ abzas 7 Hannanyň beren sözüne görä, çagasy bütin ömrüne nazyr bolmalydy. Başgaça aýdanyňda, ol Hudaýa mukaddes gullugy berjaý etmek üçin bagyş edilmelidi, saýlanyp-seçilmelidi (San. 6:2, 5, 8).

^ abzas 13 Ýaşulular suwa çümdürilmek isleýän adamyň talaplara laýyk gelýändigini bilmäge jan edýärler. Gaty seýrek ýagdaýda adam mesihçi bolmakdan ýüz öwürýär.

^ abzas 16 «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň» atly kitaba serediň (sah. 251—253).