Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Goý, siziň meýletin gullugyňyz Ýehowa şöhrat getirsin!

Goý, siziň meýletin gullugyňyz Ýehowa şöhrat getirsin!

«Meýletin söweşe çykan halk üçin Ýehowany şöhratlandyryň!» SER. 5:2, TD

AÝDYMLAR: 150, 10

1, 2. a) Elipaz bilen Bildadyň sözlerine görä, Hudaý biziň gullugymyza nähili garaýar? b) Ýehowa öz garaýşyny nädip aýan etdi?

«YNSAN Hudaýa ýaramly bolup bilermi? Hatda iň akyldaryň Oňa peýdasy degermi? Dogrulygyňdan Gudratygüýçli näme lezzet alýar? Päk durmuşda ýaşaýanyň Hudaýa näme haýry bar?» (Eýp. 22:1—3). Siz şu soraglar barada oýlanyp görüpmidiňiz? Aslynda, teýmanly Elipazyň Eýýuba şeýle soraglary bermegi akylsyzlykdy. Onuň şuwaly ýoldaşy Bildat bolsa hatda hiç bir adam «Hudaýyň öňünde... dogry bolup bilmez» diýdi (Eýýup 25:4-i okaň) *.

2 Eýýubyň ýalan dostlarynyň aýtmagyna görä, Ýehowa biziň oňa wepaly gulluk etmek üçin edýän tagallamyzy biderek hasaplaýar; ol hatda bizi tozanjyk, güýe, gurçukça-da görmeýär (Eýp. 4:19; 25:6). Göräýmäge, Elipaz bilen Bildat kiçigöwünli adamlar ýalydy (Eýp. 22:29). Dogrudan-da, belent dagyň çür depesinden ýa-da uçaryň aýnasyndan aşak seretseň, adam kiçijik garynja ýaly bolup görünýär. Onda iň beýik ýerde oturan Ýehowa biziň Patyşalygyň bähbitleri üçin edýän tagallarymyza nähili garaýarka? Muny Ýehowanyň Elipaza, Bildada we Sopara aýdan sözlerinden görse bolýar. Ýehowa olary ýalan sözleri üçin ýazgarypdy, Eýýuba bolsa wepaly «gulum» diýdi (Eýp. 42:7, 8). Diýmek, adam «Hudaýa ýaramly bolup bilýär».

«DOGRULYGYŇ HUDAÝA NE PEÝDASY BAR?»

3. Elihu Ýehowa gulluk etmek üçin edýän tagallamyz barada näme diýdi we ol nämäni göz öňünde tutdy?

3 Elihu: «Dogrulygyň Hudaýa ne peýdasy bar, Onuň saňa mätäçligi näme?» diýende, Ýehowa ony düzetmedi (Eýp. 35:7). Eýsem, Elihu Hudaýa sežde etmek üçin edýän tagallamyz biderek diýjek boldumy? Elbetde, ýok. Ol Ýehowanyň biziň seždämize mätäç däldigini aýtjak boldy. Dogrudan-da, Ýehowa hiç zada bagly däl. Biz edýän işlerimiz bilen ony ne baý, ne-de has güýçli edip bilýäris. Gaýtam, ähli ýagşy zatlar, ukybymyz we güýjümiz Hudaýdandyr. Ol biziň bu zatlary nädip ulanýandygymyza üns berýär.

4. Ýehowa gullukçylaryna edilen ýagşylyklara nähili garaýar?

4 Ýehowa gullukçylaryna bildirilen wepaly söýgini edil özüne edilen ýaly hasaplaýar. Süleýmanyň tymsallary 19:17-de: «Garyba haýpy gelýän Hudaýa karz berýändir; Reb bolsa oňa öwezini dolar» diýilýär. Bu sözler Ýehowanyň pesgöwünli gullukçylaryna edilýän her bir ýagşylyga üns berýändigini aňladýarmy? Eýsem, älem-jahanyň Ýaradyjysy ýagşylyk eden adamlara merhemetini bildirmäge we patalamaga özüni borçly duýýarmy? Ol edilen ýagşylygy özüne «karz berlen» ýaly hasaplaýarmy? Hawa, muny hatda Hudaýyň Ogly Isa-da tassyklady! (Luka 14:13, 14-nji aýatlary okaň).

5. Biz haýsy soraglara serederis?

5 Ýehowa Işaýa pygamber arkaly niýetini amala aşyrmakda wepaly adamlary ulanmakçy bolýandygyny aýtdy (Iş. 6:8—10). Işaýa pygamber bu teklibi höwes bilen kabul etdi. Şu günler müňlerçe adamlar Işaýa pygamberiň göreldesine eýerip: «Ine, men; meni iber!» diýen çagyryşa seslenýärler. Muňa garamazdan, kimdir biri şeýle diýmegi mümkin: «Eýsem, meniň edýän tagallam şeýle wajypmy? Eger Ýehowa maňa meýletin gulluk etmäge mümkinçilik beren bolsa, onda men nähili gulluk edäýenimde-de, ol barybir Sözüni berjaý etmek üçin ähli gerekli zatlary bermezmi?» Bu soraglaryň jogabyny bilmek üçin, geliň, Debora bilen Baragyň günlerinde bolan waka seredeliň.

GORKYNY ÝEŇMEK ÜÇIN HUDAÝA BIL BAGLAŇ

6. Ysraýyllylar bilen Ýabynyň goşuny nämede tapawutlanýardy?

6 Kenganlylaryň patyşasy Ýabyn ysraýyllylary 20 ýyllap «ezip gelýärdi». Ysraýyllylar hatda bolýan ýerlerinden çykmaga-da gorkýardy. Harby taýdan olaryň ne taýýarlygy, ne ýaragy, ne-de goşuny bardy. Duşmanlarynyň bolsa 900 sany demir çalgyly söweş arabalary bardy * (Ser. 4:1—3, 13; 5:6—8).

7, 8. a) Ýehowa Baraga nähili görkezme berýär? b) Ysraýyllylar Ýabynyň goşunyny nädip derbi-dagyn edýär? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

7 Muňa garamazdan, Ýehowa pygamber aýal Debora arkaly Baraga şeýle aýdyň görkezme berdi: «Bar, naftalylardan we zebulunlardan on müň adamy ýanyňa al-da, olar bilen Tabor dagyna çyk. Men bolsa harby serkerde Siserany, onuň arabalaryny, agyr goşunyny Kişon derýasyna tarap getirip, seniň eliňe berjek» (Ser. 4:4—7).

8 Bu habar ähli ýere ýaýrap, söweşmek üçin «halk meýletin» Tabor dagyna ýygnandy. Barak şol bada Ýehowanyň görkezmesine eýermek bilen bolýar (Serdarlar 4:14—16-njy aýatlary okaň) *. Olar Tagnakda söweşip durkalar, birdenkä asmanyň ýüzi garalyp, güýçli çabga ýagyp başlaýar. Barak Siseranyň goşunyny Haroşete çenli 24 km kowalaýar. Edermen Sisera gorkup, ökjäni göterýär. Ol aýagaldygyndan Zaganyma tarap gaçýar. Ol keýnlerden bolan Heberiň aýaly Ýageliň çadyryna barýar. Sisera ýadap halys bolandygy üçin ýatyp galýar. Ýagel mundan peýdalanyp, batyrgaýlyk bilen ýanyna barýar-da, ony öldürýär (Ser. 4:17—21). Şeýdip, ysraýyllylar ýeňiş gazanýar! *

SIZ JANAÝAMAN GULLUK EDÝÄRSIŇIZMI?

9. Serdarlar 5:20, 21-nji aýatlarda Sisera garşy söweş barada nähili jikme-jiklikler aýdylýar?

9 Serdarlar kitabynyň 4, 5-nji baplaryny bilelikde öwrenmeli, sebäbi ondaky jikme-jiklikler beýleki baplarda agzalmaýar. Meselem, Serdarlar 5:20, 21-nji aýatlarda şeýle diýilýär: «Asmandan ýyldyzlar lowurdap, öz ýolunda Sisera bilen söweşdi. Kişonyň akymy... olary gark etdi». Ysraýyllylara perişdeler kömek etdimi ýa-da gökden ýagan daşlar? Mukaddes Ýazgylarda bu barada hiç zat aýdylmaýar. Emma Hudaýyň kömegi bolmadyk bolsa, hut şol wagt we şol ýerde güýçli ýagyş ýagyp, Siseranyň 900 söweş arabasynyň batga çümmegi mümkin däl. Serdarlar 4:14, 15-nji aýatlarda ýeňşiň Ýehowa tarapyndan beriljekdigi üç gezek aýdylýar. Hawa, meýletin söweşe çykan on müň ysraýylly öz güýji bilen şeýle ýeňşi asla gazanyp bilmezdi!

10, 11. Meroz galasyna näme üçin gargadylar?

10 Debora bilen Barak gudrat arkaly ýeňiş gazanandyklary üçin Ýehowany şöhratlandyryp nagma aýtdylar. Olaryň nagmasynda: «Rebbiň perişdesi diýýär: „Batyr esgerlere goşulmandygy üçin Meroz galasyna gargaň, onuň halkyna lagnat ýagdyryň!“» diýen sözleriň bolmagy geň galdyrýar (Ser. 5:23).

11 Aýatda «Meroz galasyna gargaň» diýilse-de, gargyş sözleriniň nirede aýdylandygy barada hiç zat aýdylmaýar. Belki-de, şäheriň ýaşaýjylary meýletin söweşe çykmaly diýen çakylyga seslenen däldirler. Ýa-da olar Siseranyň gaçyp barýandygyny görübem ony tutan däldirler. Olaryň Ýehowanyň çakylygyny eşitmezligi mümkin däldi. Sebäbi hut şolaryň ildeşlerinden söweşmek üçin on müň adam ýygnanypdy. Göz öňüne getiriň, olar köçelerinden aýagaldygyna gaçyp barýan zalym Siserany görýärler. Olar Ýehowanyň niýetiniň amala aşmagy üçin öz goşandyny goşup, köp bereket alyp bilerdiler. Dogrudan-da, şeýle aýgytly pursatda olaryň hiç zat etmän oturmaklary nähili akylsyzlykdy! Emma olardan tapawutlylykda, Ýagel batyrgaý hereket edýär (Ser. 5:24—27).

12. Serdarlar 5:9, 10-njy aýatlarda söweşe giden we gitmedik adamlaryň garaýşy barada näme diýilýär we bu bize nähili täsir etmeli?

12 Serdarlar 5:9, 10-njy aýatlarda Barak bilen söweşe giden we gitmedik adamlaryň garaýşynyň nämede tapawutlanandygy gürrüň berilýär. Debora bilen Barak «gahrymanlarça söweşen» «ysraýyl serkerdelerini» öwýär. Olar «ak eşek münen» gopbamsy adamlardan, gör, nähili tapawutlanýardy! «Haly-palaslarda oturmagy» halaýan baý adamlara we «ýoldan geçip barýanlara» asla meňzemeýärdi. Bu lezzeti söýýän adamlar meýletin söweşmek üçin Barak bilen Tabor dagynyň kert gaýalaryna we Kişon jülgesiniň batgalyk ýerlerine gidenlerden tapawutlylykda, aňsat ýoly saýladylar. Hawa, olaryň ählisi Ýehowanyň işini goldamak mümkinçiligini elden gidirendikleri üçin oýlanmalydylar. Şu günler Hudaýa köpräk gulluk etmäge sowuk-sala garaýan mesihçilerem bu hakda oýlanmaly.

13. Ruben, Dan we Aşer taýpasy Zebulun bilen Naftaly taýpasyndan nämede tapawutlanýardy?

13 Meýletin söweşe çykan adamlar Ýehowanyň gudratly işleriniň şaýady boldular. Olarda Ýehowanyň «ýeňşi» hakda gürrüň bermäge mümkinçilikleri bardy (Ser. 5:11). Serdarlar 5:15—17-nji aýatlara görä, Ruben, Dan we Aşer taýpalary Ýehowanyň eden işlerine däl-de, maddy zatlara, ýagny öz sürülerine, gämilerine we duralgalaryna köp üns berdiler. Emma Zebulun we Naftaly taýpalary Debora bilen Baraga kömek etmek üçin «janlaryny howp astyna» saldylar (Ser. 5:18). Biz olaryň Hudaýa meýletin gulluk etmäge bolan garaýşyndan wajyp sapak edinip bileris.

«ÝEHOWANY ŞÖHRATLANDYRYŇ!»

14. Biz Ýehowanyň hökümdarlygyny goldaýandygymyzy nädip görkezip bileris?

14 Şu günler göni manyda söweşmesek-de, biziň wagyz işine yhlasly gatnaşyp, batyrgaý hereket etmäge mümkinçiligimiz bar. Ýehowanyň guramasy meýletin gullukçylaryň kömegine diýseň mätäç. Millionlarça gartaşan we ýaş dogan-uýalar gullugyň uzak wagtly görnüşini saýlaýarlar. Olar pioner bolup ýa-da Beýtelde gulluk edýärler; şeýle-de ýygnak jaýlaryny gurmaga we kongreslerde kömek etmäge höwes bilen gatnaşýarlar. Keselhanalar bilen işleşýän we kongresleri gurnaýan ýaşulularyň edýän jogapkärli işleri hakda hem oýlanyp görüň. Ýehowa siziň meýletinlik bilen edýän zähmetiňizi örän gymmat saýýar we muny hiç haçan unutmaz (Ýew. 6:10).

Karara gelmezden öň, munuň maşgalaňyza we ýygnak duşuşyklaryna nähili täsir etjekdigi barada oýlanyň (15-nji abzasa serediň)

15. Ýehowanyň işine sowuk-sala garamaz ýaly näme edip bileris?

15 Biz özümize şeýle soraglary berip bileris: «Men aňsadyna bakyp, işiň köp bölegini başgalaryň üstüne atýarynmy? Maddy zatlaryň janaýamazlyk ruhumy söndürmegine ýol berýärinmi? Baragyň, Deboranyň, Ýageliň we meýletin söweşe çykan on müň ysraýyllynyň imanyndan we batyrgaýlygyndan görelde alyp, islendik ýagdaýda-da Ýehowanyň aýdyň görkezmesine eýerýärinmi? Eger men gazanç etmek üçin başga şähere ýa-da ýurda gitmekçi bolsam, doga edip, munuň maşgalama we ýygnak duşuşyklaryna nähili täsir etjekdigi barada oýlanýarynmy?» *

16. Biz Ýehowa näme berip bilýäris?

16 Ýehowa bize hökümdarlygyny goldamaga mümkinçilik berýär. Şeýtan Adam bilen How enäni aldap, öz tarapyna çekdi. Şol sebäpli biz Ýehowanyň häkimiýetiniň tarapyny tutup, Şeýtanyň atan töhmetine açyk-aýdyň jogap berýäris. Biziň Ýehowa bolan imanymyz we wepalylygymyz onuň göwnünden turmak üçin janamaýazlyk ruhuny görkezmäge höweslendirýär (Sül. tym. 23:15, 16). Ol biz arkaly Şeýtanyň gyjalatyna jogap berýär (Sül. tym. 27:11). Ýehowa bizi, wepalylygymyzy örän gymmat saýýar we bize buýsanç bilen seredýär.

17. Serdarlar 5:31-däki sözler gelejek barada nämäni aýan edýär?

17 Tizden ýer ýüzüni Ýehowanyň hökümdarlygyny islendik zatdan ileri tutýan adamlar miras alar. Biz şol güne sabyrsyzlyk bilen garaşýarys! Debora bilen Baragyň nagmasyna goşulyp, bizem: «Goý, seniň duşmanlaryň hemmesi şeýdip ýok bolsun, ýa Rebbim! Seni söýýänler bar güýji bilen şöhle saçýan Gün ýaly güýçli bolsun!» diýýäris (Ser. 5:31). Ýehowa Şeýtanyň zalym dünýäsini ýok edende, şu sözler amala aşar. Armageddon urşy başlanda, duşmanlary ýok etmek üçin meýletin söweşe çykjak adamlar gerek bolmaz. Şonda biz «garaşyp, Rebbiň... berjek ýeňşini göreris» (2 Ýyl. 20:17). Şol gün gelýänçä, geliň, Ýehowanyň işini batyrgaýlyk we yhlas bilen goldamak üçin elimizde baryny edeliň!

18. Biziň janaýamaz gullugymyz başgalara nähili täsir edip biler?

18 «Meýletin söweşe çykan halk üçin Ýehowany şöhratlandyryň!» Debora bilen Barak ýeňiş aýdymyny perişdeleri ýa-da adamlary däl-de, älem-jahanyň beýik Hökümdaryny şöhratlandyrýan sözler bilen başladylar (Ser. 5:1, 2). Goý, biziňem janaýamazlyk ruhumyz başgalary «Ýehowany şöhratlandyrmaga» höweslendirsin!

^ abzas 1 Eýýup 25:4 Ynsan Hudaýyň öňünde nädip dogry bolup biler? Aýaldan doglan nädip päk bolup biler?

^ abzas 6 Adatça, demir çalgy ýiti, uzyn we käbirleriniň ujy egri bolýardy. Olar arabanyň tigirlerinden çykyp durýan bolmaly. Eýsem, şeýle güýçli ýaraglanan goşuna garşy çykmaga kim ýürek edip bilerdi?

^ abzas 8 Serdarlar 4:14 Debora Baraga: «Tur, Rebbiň Siserany seniň eliňe berjek güni şu gündür. Rebbiň Özi seniň öňüňe düşer» diýdi. Şeýlelikde, Barak Tabor dagyndan aşak indi, onuň yzy bilen on müň adam gaýtdy. 15 Baragyň goşuny bilen Siseranyň goşuny söweşip başlanda, Reb Siseranyň esgerlerini we söweş arabalaryny derbi-dagyn etdi. Sisera arabasyndan düşüp, pyýadalap gaçdy. 16 Barak Siseranyň söweş arabasyny we bütin goşunyny Haroşet-hagoýyma çenli kowdy, olaryň baryny gylyçdan geçirdi, ýeke adamy-da diri goýmady.

^ abzas 8 Bu tolgundyryjy waka hakda «Garawul diňi» žurnalynyň 2015-nji ýylyň 1-nji awgustynda (rus.) çykan sanynda gürrüň berilýär (sah. 12—15).

^ abzas 15 2015-nji ýylyň 1-nji iýulynda çykan «Garawul diňi» žurnalyndaky (rus.) «Gazanç etmek bilen bagly aladalar» atly makala serediň.