Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

«Sen meni bulardan artyk söýýärmiň?»

«Sen meni bulardan artyk söýýärmiň?»

«Eý Ýahýanyň ogly Simun, sen meni bulardan artyk söýýärmiň?» ÝAH. 21:15

AÝDYMLAR: 32, 45

1, 2. Uzak gije balyk tutup geçirensoň, Petrus bilen nähili waka boldy?

ISANYŇ ýedi şägirdi bütin gije Jelile deňzinde balyk tutjak bolup näçe jan etseler-de, hiç zat tutup bilmeýärler. Direlen Isa bolsa deňziň kenarynda oturyp, olara syn edýärdi. «Şonda Isa: „Tory alyň-da, gaýygyň sag tarapyna taşlaň, şonda tutarsyňyz“ diýdi. Olar tory taşlanlarynda, balyklaryň köplüginden ýaňa, ony çekip çykaryp bilmediler» (Ýah. 21:1—6).

2 Şägirtler ertirlik edinip bolansoň, Isa Simun Petrusa ýüzlenip şeýle diýdi: «Eý Ýahýanyň ogly Simun, sen meni bulardan artyk söýýärmiň?» diýip sorady. Isa näme üçin beýle sorag berdikä? Petrus balyk tutmagy gowy görýärdi. Isa ondan nämäni has gowy görýändigini biljek bolan bolmaly. Petrus Isany we onuň öwreden zatlaryna garanyňda, balyk tutmagy has gowy görýärdimi? Ol bu soraga şeýle jogap berdi: «Halypam, seni juda söýýändigimi özüň bilýärsiň» (Ýah. 21:15). Petrus aýdan sözlerine eýerip ýaşady. Şondan soň ol şägirt taýýarlamak işine doly gatnaşyp, Mesihi söýýändigini subut etdi we I asyrdaky mesihçiler ýygnagynyň diregi boldy.

3. Mesihçiler nämede seresap bolmaly?

3 Isanyň Petrusa aýdan sözlerinden näme öwrenip bileris? Biz Mesihe bolan söýgimiziň sowamagyna we Patyşalyk işlerinden ünsümiziň sowulmagyna ýol bermeli däl. Isa dünýäniň aladalary zerarly şeýle zatlaryň bolup biljekdigine gowy düşünýärdi. Ol daýhan mysalyndan käbir adamlaryň «Patyşalyk baradaky habary» kabul edip, başda ruhy taýdan ösjekdigini, ýöne «ýaşaýşyň aladalaryna özüni aldyryp we baýlygyň yşkyna düşüp», soňra bolsa «bu zatlaryň sözi bogjakdygyny» aýdypdy (Mat. 13:19—22; Mar. 4:19). Dogrudan-da, eger biz ünsli bolmasak, gündelik aladalar ýüregimize ýük bolar we ruhy taýdan gowşadyp biler. Şol sebäpli Isa şägirtlerini: «Özüňize ünsli boluň. Horanlyk, serhoşlyk we ýaşaýşyň aladalary ýüregiňize ýük bolar» diýip duýdurdy (Luka 21:34).

4. Mesihi ýürekden söýýändigimizi nädip barlap bileris? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

4 Bizem Petrus ýaly Mesihiň tabşyran işini birinji orunda goýup, ony ýürekden söýýändigimizi subut edýäris. Bu babatda özümizi barlamak üçin şeýle soraglaryň üstünde oýlanmaly: «Men aslynda nämäni gowy görýärin? Maňa dünýewi işler bilen meşgullanmak has köp şatlyk berýärmi ýa-da ruhy işler bilen meşgullanmak?» Geliň, häzir dünýewi işiň, dynç almagyň we maddy zatlaryň Mesihe we ruhy işlere bolan söýgimizi nädip gowşadyp biljekdigine seredeliň.

IŞE DOGRY GARAMAK

5. Ýazgylara görä maşgalabaşylaryň nähili borjy bar?

5 Petrus resul ýöne bir dynç almak üçin balyk tutmaýardy. Bu onuň gazanjydy. Şu günler hem maşgalabaşylar Ýazgylara görä maşgalasynyň maddy taýdan aladasyny etmelidigine düşünýärler (1Tm 5:8). Olar bu borjuny ýerine ýetirmek üçin agyr zähmet çekmeli. Emma şu soňky günlerde iş meselesi köpleri alada goýýar.

6. Iş bilen bagly nähili kynçylyklar ýüze çykýar?

6 Işsizligiň köpelýändigi üçin, köp adamlar az hak tölense-de, artykmaç sagat işlemäge kaýyl bolýarlar. Şeýle-de açgöz kärhanalar öndürýän önüminiň möçberini hemişe artdyrýarlar. Bu bolsa işçileriň beden, pikir we duýgy taýdan ejir çekmegine getirýär. Eger olar razylaşmasalar, işini ýitirip bilýärler.

7, 8. a) Biz esasan kime wepaly bolmaly? b) Taýlandda ýaşaýan dogan iş babatda nämä göz ýetirdi?

7 Biz, mesihçiler başlygymyza däl-de, öňürti Ýehowa Hudaýa wepaly bolmaly (Luka 10:27). Dünýewi iş bize özümizi eklemäge we gullugymyzy dowam etmäge mümkinçilik berýär. Ýöne seresap bolmasak, ol Hudaýa edýän seždämiziň ornuny eýeläp biler. Taýlandda ýaşaýan bir dogan şeýle gürrüň berýär: «Men kompýuter bejerýärdim we işimi gowy görýärdim. Ýöne ol köp wagtymy alýardy. Soňabaka ruhy işlere asla wagtym galman başlady. Şonda men Patyşalyk işlerini birinji orunda goýmak üçin işimi täzelemelidigime düşündim». Ol näme etdikä?

8 Doganymyz sözüni şeýle dowam edýär: «Näme etmelidigim barada bir ýyla golaý oýlanyp, soňra köçede doňdurma satmaly diýen karara geldim. Başda işim oňuna bolmansoň, ruhdan düşýärdim. Bir gezek öňki işgärlerime duşdum. Olar üstümden gülüp: „Beýdip köçede doňdurma satyp ýöreniňden kompýuter we kondisioner bejerseň bolmaýarmy?“ diýdiler. Men ruhy işlere köp wagt sarp etmek baradaky maksadyma ýetmek üçin Ýehowadan kömek sorap, doga etdim. Biraz wagtdan işim ugruna bolup başlady. Men adamlaryň islegini göz öňünde tutup, doňdurmany has gowy taýýarlamagy öwrendim. Tizden günüň dowamynda taýýarlan doňdurmalarymyň barysyny satyp başladym. Häzir men kompýuter bejerýän wagtymdan has köp gazanýaryn. Indi men öňki işimdäki ýaly aladalanmaýaryn. Iň esasy zat bolsa, häzir men Ýehowa has-da ýakynlaşandygymy duýýaryn» (Matta 5:3, 6-njy aýatlary okaň).

9. Iş babatda nädip dogry garaýşy saklap bileris?

9 Hudaý zähmetsöýer adamy gowy görýär we edýän tagallasyny sylaglaýar (Sül. tym. 12:14). Emma ýokardaky mysaldan görnüşi ýaly iş babatda dogry garaýşy saklamaly. Isa: «Hudaýyň Patyşalygyny we Onuň dogrulygyny hemişe birinji orunda goýuň, şonda galan ähli (zerur) zatlar hem üstüne goşulyp berler» diýdi (Mat. 6:33). Işe we ruhy zatlara bolan garaýşymyzy barlamak üçin özümizden: «Men dünýewi işimi gyzykly we kanagat beriji, ruhy işleri bolsa ýürekgysgynç hasaplaýarynmy?» diýip sorasak, gowy bolar. Bu bize ýüregimizde nämä orun berýändigimizi anyklamaga kömek eder.

10. Isa durmuşda ileri tutmaly zatlar babatda näme diýdi?

10 Isa dünýewi işiň we ruhy zatlaryň durmuşda hersiniň öz ornunyň bardygyny görkezdi. Bir gezek ol Merýem we onuň uýasy Martalara myhmançylyga barýar. Şonda Marta nahar taýýarlamak bilen başagaýdy. Merýem bolsa Isanyň ýanynda oturyp, onuň aýdýanlaryny diňleýärdi. Marta uýasynyň kömek etmeýändigine nägilelik bildirende, Isa oňa: «Merýem bolsa gowusyny saýlady, saýlan zady ondan hiç haçan alynmaz» diýdi (Luka 10:38—42). Isa şeýle diýmek bilen, Marta bir wajyp zady öwretdi. Dünýewi işe gümra bolman, Mesihi söýýändigimizi subut etmek üçin mundan beýläk-de «gowusyny saýlamaly», ýagny durmuşda ruhy işleri birinji orunda goýmaly.

DYNÇ ALMAKLYGA DOGRY GARAÝYŞDA BOLMAK

11. Mukaddes Ýazgylarda dynç almak barada näme diýilýär?

11 Adam agyr zähmet çekeninden soň, biraz dynç almaga mätäç bolýar. Hudaýyň Sözünde: «Adama iýip-içmekden we çeken zähmetinden lezzet almakdan başga gowy zat ýok» diýilýär (Wag. 2:24). Isa-da dynç almagyň wajypdygyna düşünýärdi. Bir gezek ol şägirtleri bilen uzakly gün wagyz edeninden soň, olara: «Ýörüň, adamyň ýok ýerine gidip, az-owlak dynç alalyň» diýdi (Mar. 6:31, 32).

12. Dynç almak meselesinde näme üçin seresap bolmaly? Mysal getiriň.

12 Her bir adam dynç almaga mätäç. Emma seresap bolmasak, ol durmuşymyzda esasy orun eýelemegi mümkin. Meselem, I asyrda köpleri «geliň, iýip-içeliň, sebäbi ertir barybir öleris» diýen garaýşa eýerip ýaşaýardylar (1 Kor. 15:32). Şu günlerem şeýle garaýyş höküm sürýär. Ýewropada ýaşaýan bir ýigit birnäçe ýyl mundan ozal ýygnak duşuşyklaryna gatnap başlaýar. Ýöne ol dynç almaklyga şeýle köp üns berýärdi welin, netijede, Ýehowanyň halky bilen gatnaşyk etmegini bes edýär. Birnäçe wagt geçenden soň, ol alyp barýan durmuşynyň diňe kynçylyklara we lapykeçlige getirýändigine düşünýär. Şonuň üçin ýene-de Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip başlaýar we biraz wagtdan wagyzçy bolýar. Ol suwa çümdürilensoň, şeýle diýdi: «Men şunça wagtlap Ýehowa şatlyk bilen gulluk etmegiň deregine, dünýäniň göwün açmalaryna özümi aldyrandygyma gaty ökünýärin».

13. a) Bar ünsüňi dynç almaga gönükdirmek näme üçin howply? Mysal getiriň. b) Dynç almak meselesinde dogry garaýşy saklamaga näme kömek edip biler?

13 Aslynda, biz güýç toplamak üçin dynç almaly. Onda oňa näçe wagt sarp etmeli? Geliň, bir mysala seredeliň. Biziň köpümiz süýji zatlary iýmegi gowy görýäris. Ýöne diňe köke we şokolad iýsek, saglygymyza zyýan ýetireris. Şol sebäpli biz, esasan, ýokumly iýmitleri iýmeli. Şonuň ýaly-da bar ünsümizi dynç almaga gönükdirsek, ruhy taýdan gowşarys. Munuň öňüni almak üçin hemişe Patyşalygyň işleri bilen meşgullanmaly. Eýsem, dynç almaklyga dogry garaýşy saklaýandygymyzy nädip barlap bileris? Hepdäniň dowamynda ýygnak duşuşyklaryna, wagza, şahsy we maşgala okuwyna näçe wagt sarp edýändigimizi hasaplalyň. Soňra ony sporta, gowy görýän zatlarymyza, telewizor görmeklige we wodeooýunlary oýnamaklyga sarp edýän wagtymyz bilen deňeşdireliň. Netijesi nähili boldy? Belki-de, biz «süýji zatlary» azrak iýmelidiris (Efesliler 5:15, 16-njy aýatlary okaň).

14. Dynç almak meselesinde haýsy görkezmä eýermeli?

14 Dogan-uýalar we maşgalabaşylar Ýehowanyň Ýazgylardaky prinsiplerine garşy gelmeýän dynç alşyň dürli görnüşlerini özbaşdak saýlap bilýär *. Peýdaly dynç almak «Hudaýyň sylagydyr» (Wag. 3:12, 13). Elbetde, bu meselede biziň isleglerimiz bir-birimiziňkiden tapawutlanyp biler (Gal. 6:4, 5). Biz dynç almagyň haýsy görnüşini saýlasak-da, ony ileri tutmak islemeýäris. Isa: «Hazynaňyz nirede bolsa, ýüregiňiz hem şol ýerde bolar» diýdi (Mat. 6:21). Eger Patyşamyz Isany ýürekden söýsek, pikirimizde, aýdýan sözlerimizde we edýän işlerimizde Patyşalygyň bähbitlerini gündelik işlerden ileri tutýandygymyzy subut ederis (Flp. 1:9, 10).

MADDY ZATLARA DOGRY GARAÝYŞDA BOLMAK

15, 16. a) Mesihçi maddy zatlaryň duzagyna nädip düşmegi mümkin? b) Bu babatda Isa nähili maslahat berdi?

15 Şu günler köp adamlaryň bar küýi-arzuwy soňky çykan egin-eşikleri, elektron enjamlaryny edinmek. Şol sebäpli mesihçiler özüni barlamak üçin şeýle soraglary bermeli: «Men maddy zatlary wajyp hasaplaýarynmy? Meselem, ýygnak duşuşyklaryna taýýarlanmagyň deregine, bar wagtymy täze çykan ulaglary we döwrebap egin-eşikleri edinmegiň arzuwyny edip, olar hakda maglumat ýygnap geçirýärinmi? Gündelik işler bilen başagaý bolup, doga etmäge we Mukaddes Ýazgylary okamaga gaty az wagt sarp edýärinmi?» Eger maddy zatlar Mesihe bolan söýgimiziň ornuny eýelän bolsa, onda Isanyň: «Özüňizi her hili açgözlükden goraň» diýen sözleri hakda çuňňur oýlanmaly (Luka 12:15). Isa näme üçin şeýle wajyp duýduryş berdikä?

16 Isa: «Hiç kim iki hojaýynyň guly bolup bilmez... Siz hem Hudaýyň, hem baýlygyň guly bolup bilmersiňiz» diýdi. Sebäbi olaryň ikisem özüne doly wepaly bolmaklygy talap edýär. Isanyň aýdyşy ýaly, biz olaryň «birini ýigrenip, beýlekisini söýeris ýa-da birine wepaly bolup, beýlekisini äsgermezlik ederis» (Mat. 6:24). Biz bikämil bolanymyz üçin «ten höweslerine», şol sanda maddy zatlara garşy göreşmeli (Efes. 2:3).

17. a) Ten höweslerine eýerip ýaşaýan adamlara näme üçin maddy zatlara dogry garaýşy saklamak kyn bolýar? b) Baýlygyň duzagyna düşmezlige näme kömek edýär?

17 Ten höweslerine eýerip ýaşaýan adamlara maddy zatlara dogry garaýşy saklamak kyn bolýar. Näme üçin? Sebäbi olar Hudaýyň gymmat saýýan zatlaryny akmaklyk hasaplaýar (1 Korinfliler 2:14-i okaň). Olaryň pikirlenmek ukyby ýoýlan, şol sebäpli ýagşy we ýamany saýgaryp bilmeýärler (Ýew. 5:11—14). Netijede, maddy zatlara bolan doýmaz-dolmaz isleglerine erk edip bilmeýärler (Wag. 5:10). Biz her gün Hudaýyň Sözi bolan Mukaddes Ýazgylary okasak, maddy zatlara bolan nädogry garaýşy ýeňip bileris (1 Pet. 2:2). Isa Hudaýyň hakykat sözleriniň üstünde oýlanandygy üçin synaglara garşy durup bildi. Bizem Ýazgylardaky prinsiplere eýersek, maddy zatlara bolan nädogry höwesimizi ýeňip bileris (Mat. 4:8—10). Şeýdip, Isany ýürekden söýýändigimizi görkezeris.

Siz durmuşda nämäni birinji orunda goýýarsyňyz? (18-nji abzasa serediň)

18. Siz näme etmegi ýüregiňize düwdüňiz?

18 Isa Petrusdan: «Sen meni bulardan artyk söýýärmiň?» diýip soranda, ruhy zatlary durmuşda birinji orunda goýmagyň wajypdygyny ýatlatdy. Petrusyň ady grek dilinde «gaýanyň bir bölegi» diýmegi aňladýar. Ol gaýa ýaly berk häsiýetleri görkezip, adyna laýyk ýaşaýardy (Res. iş. 4:5—20). Bizem işe, dynç almaklyga we maddy zatlara dogry garaýşy saklap, Mesihi söýüp ýaşamagy ýüregimize düwdük. Şol sebäpli, geliň, Isa Mesihe: «Halypam, seni juda söýýändigimi özüň bilýärsiň» diýen Petrus resulyň göreldesine eýereliň!

^ abzas 14 2011-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda çykan «Garawul diňindäki» «Siz gowy dynç alýarsyňyzmy?» diýen makala serediň (sah. 9—12, abz. 6—15).