Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ruhy hazynamyzy gymmat saýalyň

Ruhy hazynamyzy gymmat saýalyň

«Hazynaňyz nirede bolsa, ýüregiňiz hem şol ýerde bolar». LUKA 12:34

AÝDYMLAR: 153, 9

1, 2. a) Ýehowa bize nähili ruhy hazynalary berdi? b) Şu makalada nämä serederis?

ÝEHOWA älemde iň baý şahsyýet (1 Ýyl. 29:11, 12). Jomart Ata hökmünde ol ruhy baýlygyny gymmat saýýan adamlar bilen paýlaşýar. Biz ruhy hazynalary, ýagny 1) Hudaýyň Patyşalygy, 2) gutulyş habary baradaky we 3) Mukaddes Ýazgylardaky gymmatly hakykatlary beren Ýehowa örän minnetdar! Emma biz bu hazynalaryň gadyryny bilmesek, olary ýitireris. Şol sebäpli ruhy hazynalarymyzy gorap saklamaly we olara bolan söýgimizi artdyrmaly. Isa: «Hazynaňyz nirede bolsa, ýüregiňiz hem şol ýerde bolar» diýdi (Luka 12:34).

2 Biz şu makalada Hudaýyň Patyşalygyna, gutulyş habaryna we hakykata bolan söýgimizi, minnetdarlygymyzy nädip artdyryp hem berkidip biljekdigimize serederis. Bu ruhy hazynalar hakda gürrüň edenimizde, her birimiz aýratynlykda näme edip biljekdigimiz barada oýlanalyň.

HUDAÝYŇ PATYŞALYGY — GYMMATBAHA DÜRDÄNE

3. Isanyň mysalyndaky söwdagär gymmatbaha dürdänäni satyn almak üçin näme etmäge taýyndy? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

3 Matta 13:45, 46-njy aýatlary okaň. Bir gezek Isa gowy dürdäneleri agtarýan söwdagär hakdaky mysaly gürrüň berýär. Bu söwdagär köp ýyllaryň dowamynda gör näçe dürdäneleri satyn alandyr, näçesini satandyr. Emma häzirki tapan dürdänesi şeýle bir gymmatdy welin, şatlykdan ýaňa onuň ýüregi joşýar. Ony satyn almak üçin, ol bar emlägini satmaga taýyndy. Bu dürdänäniň söwdagär üçin nähili gymmatlydygyny göz öňüne getirýärsiňizmi?

4. Söwdagäriň dürdänäni gymmat saýyşy ýaly, bizem Patyşalygy söýsek näme ederis?

4 Biz bu mysaldan näme öwrenýäris? Hudaýyň Patyşalygy baradaky hakykaty gymmatbaha dürdänä meňzetse bolýar. Eger biz ony söwdagäriň dürdänäni gymmat saýyşy ýaly söýsek, onda Patyşalygyň raýaty bolmak üçin islendik zatdan geçmäge taýyn bolarys (Markus 10:28—30-njy aýatlary okaň). Geliň, Patyşalyk üçin hemme zadyndan geçen iki adamyň mysalyna seredeliň.

5. Zakkaý Hudaýyň Patyşalygyny gazanmagy ýüregine düwendigini nädip görkezdi?

5 Zakkaý baş salgytçydy; ol adamlardan gereginden artyk salgyt ýygnap, özüne köp baýlyk toplaýar (Luka 19:1—9). Emma ol Isanyň Patyşalyk baradaky wagzyny eşidende, onuň gymmatyna düşünip, dessine kabul edýär. Zakkaý begenip: «Halypam, ine, men emlägimiň ýarysyny garyplara paýlaryn, kimiň zadyny elinden zor bilen alan bolsam, oňa dört esse edip gaýtaryp bererin» diýdi. Ol hilegärlik edip gazanan baýlygyny höwes bilen paýlady we maddy zatlara bolan isleginden geçmäge taýyndy.

6. Roza Hudaýyň Patyşalygynyň raýaty bolmak üçin nähili özgerişlikleri etdi we ony näme höweslendirdi?

6 Birnäçe ýyl mundan öň, Roza atly bir gyz Patyşalyk habaryny eşidýär. Ol lesbiýandy we beçebazlaryň hukuklaryny goraýan guramanyň prezidentidi. Emma ol Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip başlanda, Hudaýyň Patyşalygy baradaky hakykatyň gymmatyna düşünýär. Munuň üçin bolsa ol durmuşyny düýpgöter özgertmelidi (1 Kor. 6:9, 10). Öwrenen zatlary Rozany ahlaksyz işlerden el çekmäge höweslendirýär. Ol 2009-njy ýylda suwa çümdürilýär we bir ýyldan pioner gullugyna başlaýar. Ýehowa we Patyşalyga bolan söýgüsi oňa ten höweslerinden geçmäge kömek etdi (Mar. 12:29, 30).

7. Hudaýyň Patyşalygyna bolan söýgimizi gorap saklamaga näme kömek eder?

7 Biziňem köpümiz Hudaýyň Patyşalygynyň raýaty bolmak üçin durmuşymyzy özgertdik (Rim. 12:2). Emma bu ýeterlikli däl. Biz maddy zatlara we ahlaksyz işler ýaly erbet höweslere garşy aýgytly göreş alyp barmaly (Sül. tym. 4:23; Mat. 5:27—29). Hudaýyň Patyşalygyna bolan söýgimiz sowamaz ýaly, Ýehowa bize başga-da gymmatly hazynany berdi.

GUTULYŞ HABARY

8. a) Pawlus resul wagyz işini näme üçin «toprakdan ýasalan gaplarda saklaýan» hazyna bilen deňeşdirdi? b) Pawlus wagyz işini gymmat saýýandygyny nädip görkezdi?

8 Isa bize Hudaýyň Patyşalygyny wagyz etmegi we adamlara tälim bermegi tabşyrdy (Mat. 28:19, 20). Pawlus resul wagyz işiniň gymmatyna düşünýärdi. Ol muny «toprakdan ýasalan gaplarda saklanýan» hazyna bilen deňeşdirdi (2 Kor. 4:7; 1 Tim. 1:12). Biz toýundan ýasalan bikämil gap bolsak-da, aýdýan habarymyz özümize we ony diňleýän adamlara ebedi ýaşaýşa gowuşmaga mümkinçilik berýär. Şol sebäpli Pawlus: «Men bulary hoş habary başgalar bilen paýlaşyp biler ýaly, hoş habaryň hatyrasy üçin edýärin» diýdi (1 Kor. 9:23). Hawa, wagyz işine bolan söýgüsi Pawlus resuly şägirt taýýarlamak işine yhlasly gatnaşmaga höweslendirdi (Rimliler 1:14, 15; 2 Timoteos 4:2-nji aýatlary okaň). Şeýle-de ýowuz yzarlamalara döz gelmäge kömek etdi (1 Sel. 2:2). Biz wagyz etmegi gowy görýändigimizi nädip görkezip bileris?

9. Gutulyş habaryny wagyz etmegi gymmat saýýandygymyzy nädip görkezip bileris?

9 Pawlus resul adamlara wagyz etmäge hemişe mümkinçilik gözläp, ony gymmat saýýandygyny görkezdi. Bizem onuň we irki mesihçileriň göreldesine eýerip, gutulyş habaryny her bir mümkinçilikden peýdalanyp gürrüň berýäris, öýden-öýe hem-de köpçülik ýerlerinde wagyz edýäris (Res. iş. 5:42; 20:20). Mümkinçilik dörände bolsa köpräk wagyz etmäge çalyşýarys. Mümkin, biz kömekçi pioner ýa-da pioner bolup gulluk edýändiris. Şeýle-de daşary ýurtdan gelen adamlara ýa-da başga ýurtda wagyz etmek üçin dil öwrenýändiris (Res. iş. 16:9, 10).

10. Irena hoş habary wagyz etmegi ýüregine düwendigi üçin nähili bereket aldy?

10 ABŞ-da ýaşaýan durmuşa çykmadyk Irena atly uýanyň mysalyna seredeliň. Ol rusça gepleýän adamlara wagyz etmek isleýärdi. 1993-nji ýylda Irena olara wagyz edip başlanda, Nýu-Ýorkda bary-ýogy 20 wagyzçydan ybarat bir topar bardy. Ol şol ýerde takmynan 20 ýyl wagyz edýär. Irena: «Men henizem rusça gowy gepläp bilmeýärin» diýýär. Emma Ýehowa onuň we şeýle wagyzçylaryň yhlasyny patalaýar. Häzir Nýu-Ýorkda 6 sany rus ýygnak bar. Suwa çümdürilen 15 wagyzçy Irena uýa bilen okuw geçipdi. Olaryň käbiri häzir Beýtelde, pioner we ýygnak ýaşulusy bolup gulluk edýär. Irena şeýle diýýär: «Men durmuşda ýetip biläýjek maksatlarym barada oýlananymda, olaryň hiç biriniň maňa şeýle köp şatlyk bermejekdigine düşünýärin». Hawa, Irena gutulyş habaryny wagyz etmegi örän gymmat saýýar.

Siz wagyz gullugyny hazyna ýaly gymmat saýýarmysyňyz we her hepde wagyz edýärmisiňiz? (11, 12-nji abzaslara serediň)

11. Yzarlamalara garamazdan, wagyz işiniň dowam edilýändigi nähili netije berýär?

11 Eger biz Pawlus resul ýaly wagyz gullugyny gymmat saýsak, yzarlamalara garamazdan, wagyz etmegimizi dowam ederis (Res. iş. 14:19—22). 1930-njy ýyllarda we 1940-njy ýyllaryň başlarynda ABŞ-da ýaşaýan dogan-uýalarymyz güýçli yzarlamalara sezewar boldular. Muňa garamazdan, olar Pawlus ýaly synaglarda berk durup, wagyz etmegini bes etmediler. Olar wagyz işini kanun taýdan goramak üçin kazyýetde köp söweşleri alyp bardylar. 1943-nji ýylda ABŞ-nyň Ýokary kazyýetinde gazanylan ýeňişleriň birinden soň, Neýtan Norr dogan şeýle diýdi: «Siz göreşmegiňizi dowam edip biler ýaly, şeýle ýeňişler wajypdyr. Eger mesihçi wagyz etmegini bes eden bolsa, Ýokary kazyýete arz etmäge hiç hili esas bolmazdy; emma siz, bütin dünýädäki doganlar yzarlamalara garamazdan, wagyz edýärsiňiz we muny hiç haçan bes etmersiňiz. Bu Halypamyzyň gullukçylarynyň berk durandygy üçin gazanylan ýeňişdir». Başga ýurtlarda-da dogan-uýalar yzarlamalarda berk durandygy üçin kazyýetde ýeňiş gazandylar. Hawa, wagyz gullugyna bolan söýgimiz yzarlamalardan üstün çykýar.

12. Wagyz gullugy babatda näme etmegi ýüregiňize düwdüňiz?

12 Wagyz işine Ýehowanyň beren gymmatbaha hazynasy hökmünde garasak, ýöne bir sagat tabşyrmak bilen çäklenmeris. Gaýtam, «gullugymyzy soňuna çenli berjaý etmek» üçin elimizde baryny ederis (Res. iş. 20:24; 2 Tim. 4:5). Geliň, indi Hudaýyň bize beren üçünji hazynasy hakda gürrüň edeliň.

HAZYNAMYZDAKY HAKYKATLAR

13, 14. Matta 13:52-de agzalýan «hazyna» näme we biz ony nädip doldurýarys?

13 Ruhy hazynamyzyň üçünjisi — açylan hakykatlar. Ýehowa — hakykat Hudaýy (2 Şam. 7:28; Zeb. 31:5). Ol jomart Ata hökmünde özünden gorkýanlara hakykatyny aýan edýär. Hakykaty eşidenimizden bäri, biz hazynamyza Hudaýyň Sözi bolan Mukaddes Ýazgylardan we oňa esaslanan edebiýatlardan, kongreslerden, her hepde geçirilýän ýygnaklardan ençeme hakykatlary topladyk. Wagtyň geçmegi bilen, Isanyň aýdyşy ýaly, «hazynamyzy hem täze, hem köne zatlardan» dolduryp başladyk (Matta 13:52-ni okaň). Eger biz şeýle hakykatlary gizlin hazyna kimin agtarsak, onda Ýehowa «hazynamyzy» täze hakykatlardan doldurmaga kömek eder (Süleýmanyň tymsallary 2:4—7-nji aýatlary okaň). Biz munuň üçin näme etmeli?

14 Munuň üçin biz Hudaýyň Sözüni we edebiýatlarymyzy çuňňur özleşdirip, şahsy okuwyny geçirmegi endik edinmeli. Bu bize «täze» hakykatlary, ýagny öň bilmeýän zatlarymyzy bilmäge kömek eder (Ýeş. 1:8, 9; Zeb. 1:2, 3). 1879-njy ýylyň iýul aýynda çykan «Garawul diňinde» şeýle diýildi: «Hakykat edil owadan gül ýalydyr. Ol ýaşaýyş diýip atlandyrylan çöl-beýewanlykda ösýändir. Ýalan zatlar ony haşal ot kimin bogup barýar. Eger siz bu güli tapmak isleseňiz, onda gije-gündiz oýa boluň... Eger hakykaty bilmek isleseňiz, onda egliň-de, ony alyň. Diňe bir gül bilen çäklenmäň... Köpräk ýygyň we olary gözlemegiňizi dowam ediň». Hawa, biz hazynamyzy Hudaýyň hakykatlary bilen hemişe dolduryp durmaly.

15. Biz näme üçin käbir hakykatlara «köne zatlar» diýýäris we olaryň haýsysy siziň üçin has gymmatly?

15 Biz Hudaýyň halky bilen gatnaşyk edip başlanymyzda, käbir gymmatly hakykatlary bildik. Olara «köne zatlar» diýse bolýar, sebäbi biz olary eýýäm bilýäris we gymmat saýýarys. Eýsem, olara nämeler degişli? Meselem, biz Ýehowanyň Ýaradyjydygyny we ýaşaýşyň Gözbaşydygyny hem-de onuň adamzat babatda ajaýyp niýetiniň bardygyny bildik. Şeýle-de mähriban Hudaýymyzyň bizi günäden hem ölümden azat etmek üçin söýgüli Ogluny töleg hökmünde gurban edendigini bildik. Patyşalygy arkaly bolsa ähli horluklaryň soňuna çykjakdygyny we adamlaryň şol hökümetiň astynda parahatlykda ebedi hem bagtly ýaşajakdygyny bildik (Ýah. 3:16; Ylh. 4:11; 21:3, 4).

16. Hakykat baradaky käbir düşünjämiz üýtgände näme etmek wajyp?

16 Käte biziň Mukaddes Ýazgylardaky pygamberlige ýa-da ondaky käbir parçalara bolan düşünjämiz üýtgäp biler. Şeýle ýagdaýda biz bu maglumaty has gowy özleşdirmek we onuň üstünde oýlanmak üçin ýörite wagt sarp etmeli (Res. iş. 17:11; 1 Tim. 4:15). Munuň üçin diňe esasy üýtgän zatlara üns bermän, eýsem, öňki bilýän zatlarymyzy täze düşünjämiz bilen deňeşdirip, aratapawudyny görjek bolmaly. Şonda biz täze hakykaty hazynamyzda ýerleşdirdigimiz bolar. Eýsem, şeýle tagalla etmek zerurmy?

17, 18. Mukaddes ruh bize nädip kömek edýär?

17 Isa Hudaýyň mukaddes ruhunyň bilýän zatlarymyzy gerekli wagty ýadymyza salýandygyny aýtdy (Ýah. 14:25, 26). Bu bize hoş habaryň mugallymy hökmünde nädip kömek edip biler? Geliň, Piter dogan bilen bolan waka seredeliň. 1970-njy ýylda ol 19 ýaşynda Britaniýanyň Beýtelinde gulluk edip başlaýar. Bir gezek ol öýden-öýe wagyz edip ýörkä, elli ýaşlaryndaky sakgally adama duşýar. Piter ondan Mukaddes Ýazgylary öwrenmek islegi barada soraýar. Piter onuň ýehudylaryň dini ýolbaşçysydygyny bilende, juda geň galýar. Ol doganymyzy barlamak üçin: «Oglum, hany aýt, Danyýel kitaby haýsy dilde ýazyldy?» diýip soraýar. Piter oňa: «Onuň käbir parçalary arameý dilinde ýazylan» diýip jogap berýär. Piter şondan soň näme bolandygyny şeýle gürrüň berýär: «Onuň soragyna dogry jogap berenimde, ol haýran galdy. Ýöne bu meniň üçin geň däldi! Eýsem, men muny nireden bilýärdim? Öýe gelenimden soň, «Garawul diňi» we «Oýanyň!» žurnallarynyň öňki sanlaryny açyşdyryp, Danyýel kitabynyň arameý dilinde ýazylandygy baradaky makalany tapdym» (Dan. 2:4). Dogrudanam, mukaddes ruh öň okan we hazynamyzda bar bolan zatlary ýadymyza salýar (Luka 12:11, 12; 21:13—15).

18 Eger biz Ýehowanyň berýän akyldarlygyny gymmat saýsak, hazynamyzy köne we täze zatlardan doldurmaga höwesimiz artar. Ýehowanyň akyldarlygyna bolan söýgimiz we minnetdarlygymyz artdygy saýyn, ökdelik bilen tälim berip bileris.

HAZYNAŇYZY GORAŇ

19. Biz ruhy hazynalarymyzy näme üçin gorap saklamaly?

19 Şeýtan we onuň dünýäsi şu makalada gürrüň edilen ruhy hakykatlara bolan minnetdarlygymyzy elmydama gowşatjak bolýar. Olar bize täsir edip bilmez öýtmeli däl. Biz dünýäniň dereje gazanmak, eşretli ýaşaýşy arzuw etmek we maddy zatlaryňa magtanmak ýaly duzaklaryna aňsatlyk bilen düşüp bileris. Biz Ýahýa resulyň «dünýä we onuň höwesleri geçip gider» diýen sözlerini unutmaly däl (1 Ýah. 2:15—17). Şol sebäpli ruhy baýlygymyza bolan söýgimizi we minnetdarlygymyzy gorap saklamak üçin tagalla etmeli.

20. Siz ruhy baýlygyňyzy goramak üçin näme etmegi ýüregiňize düwdüňiz?

20 Hudaýyň Patyşalygyna bolan söýgiňizi gowşatmaga hiç zada ýol bermäň. Gutulyş habaryna bolan minnetdarlygyňyzy hiç haçan ýitirmäň, gaýtam, ol hakda yhlasly wagyz ediň. Hudaýyň hakykatlaryny yhlasly agtarmagy dowam ediň. Şonda «gökde hiç haçan gutarmajak hazyna toplarsyňyz. Sebäbi ol ýere ne ogrular girýändir, ne-de ony güýe iýýändir» (Luka 12:33, 34).