Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Siz sabyrly garaşarmysyňyz?

Siz sabyrly garaşarmysyňyz?

«Siz hem sabyrly... boluň». ÝAK. 5:8

AÝDYMLAR: 35, 139

1, 2. a) Biziň «haçana çenli» diýen sorag bermegimize näme sebäp bolmagy mümkin? b) Ýehowanyň geçmişde ýaşan wepaly gullukçylarynyň mysaly bize nädip teselli berýär?

«HAÇANA deňeç?» Şeýle soragy Işaýa hem-de Habakuk pygamberler beripdi (Iş. 6:11; Hab. 1:2). Dawut patyşa 13-nji mezmurynda 4 sapar: «Haçana deňeç?» diýip soraýar (Zeb. 13:1, 2). Hatda Halypamyz Isa Mesihem daş-töweregindäki imansyz adamlara ýüzlenende, şeýle soragy beripdi (Mat. 17:17). Şol sebäpli bizem käte «haçana çenli» diýen soragy bermegimiz mümkin.

2 Eýsem, şeýle soragy bermäge näme sebäp bolýarka? Mümkin, biz adalatsyzlyk, garrylyk, keselçilik ýa-da «juda kyn döwürde» ýaşaýandygymyz sebäpli döreýän kynçylyklara çydamaly bolýandyrys (2 Tim. 3:1). Ýa-da erbet adamlardan ýaňa halys bolandyrys. Her näme-de bolsa, Ýehowanyň geçmişde ýaşan wepaly gullukçylarynyň pikirini arkaýyn aýdyp, şeýle sorag berendiklerini we olaryň ýazgarylmandyklaryny bilmek diýseň teselli berýär.

3. Kyn ýagdaýa uçranymyzda, bize näme kömek edip biler?

3 Kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolanymyzda, bize näme kömek edip biler? Ýakup şägirt: «Doganlar, şol sebäpli Halypamyzyň geljek wagtyna çenli sabyrly boluň» diýip ýazdy (Ýak. 5:7). Hawa, biziň ählimize sabyrlylyk gerek. Emma sabyrly bolmak nämäni aňladýar?

SABYRLYLYK NÄME?

4, 5. a) Sabyrly bolmak nämäni aňladýar? b) Ýakup şägirt sabyrly bolmagyň wajypdygyny haýsy mysal arkaly düşündirdi? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

4 Sabyrlylyk mukaddes ruhuň miwesi; Hudaý kömek etmese, bikämil adam hakyky sabyrlylygy ösdürip bilmez. Sabyrly bolsak, biz Ýehowany we adamlary söýýändigimizi görkezýäris. Sabyrly bolmasak, söýgimiz gowşar; emma sabyrlylyk ony berkider (1 Kor. 13:4; Gal. 5:22). Bu häsiýet mesihçiler üçin örän wajypdyr. Ol çydamlylyk bilen berk baglanyşykly, çydamlylyk bolsa kyn ýagdaýlarda dogry garaýşy saklamaga kömek edýär (Kol. 1:11; Ýak. 1:3, 4). Hakyky sabyrly adama ýamanlyk etseler-de, ol ar almaýar we soňunyň näme bilen tamamlanjakdygyny bilmese-de, berk durýar. Galyberse-de, Mukaddes Ýazgylar bize sabyrly garaşmagy ündeýär. Ýakup 5:7, 8-nji aýatlarda (okaň) sabyrlylygyň hut şu aýratynlygy göz öňünde tutulýar.

5 Biz näme üçin Ýehowa sabyrly garaşmaly? Ýakup şägirt biziň ýagdaýymyzy daýhanyňka meňzedýär. Daýhan hasyl almak üçin agyr zähmet çekse-de, howa şertlerine ýa-da eken zadynyň ösmegine täsir edip bilmeýär; ol wagty hem çaltlandyryp bilmeýär. Hawa, daýhan «ýerden arzyly hasylyny almak üçin» sabyrly garaşmalydygyna düşünýär. Bizem Ýehowanyň wadalarynyň berjaý boljak wagtyna garaşsak-da, ony çaltlandyryp bilmejekdigimize düşünmeli. Sebäbi köp zatlar bize bagly däl (Mar. 13:32, 33; Res. iş. 1:7). Bizem daýhan ýaly sabyrly bolmaly.

6. Biz Mika pygamberden näme öwrenýäris?

6 Biziň günlerimizi Mika pygamberiň döwrüne meňzetse bolýar. Ol zalym Ahaz patyşanyň, ýagny azgynlygyň ýetjek derejesine ýeten we adamlaryň elleriniň «pis işe türgenleşen» döwründe ýaşapdy (Mika 7:1—3-nji aýatlary okaň) *. Mika pygamber elinden hiç zadyň gelmeýändigine düşünýärdi. Onda ol näme etmelidi? Ol şeýle diýýär: «Men gözlerimi Rebbe dikerin, Halasgär Hudaýyma bil baglaryn. Maňa gulak asar Hudaýym» (Mika 7:7). Mika pygamber ýaly bizem Hudaýa «bil baglamaly», ýagny sabyrly garaşmaly.

7. Ýehowanyň wadalaryna näme üçin höwes bilen garaşmaly?

7 Eger biz Mika pygamberiňki ýaly imany ösdürsek, Ýehowa höwes bilen garaşarys. Biz çykarylan hökümiň amala aşyrylmagyna garaşýan tussaga meňzemeýäris. Ol nalaç garaşmaly bolýar we hökümiň ýerine ýetirilmegini asla islemeýär. Emma biz ondan tapawutlylykda, Ýehowa höwes bilen garaşýarys. Sebäbi biz onuň beren wadasyny öz wagtynda amala aşyryp, ebedi ýaşaýyş bilen sylaglajakdygyna ynanýarys. Bu bizi «sabyrly bolup, şatlyk bilen ähli zada döz gelmäge» höweslendirýär (Kol. 1:11, 12). Eger biz Ýehowa gijikýändir öýdüp, närazylyk bildirsek we igensek, onuň göwnünden turup bilmeris (Kol. 3:12).

SABYRLYLYK GÖRKEZEN ADAMLAR

8. Geçmişde ýaşan wepaly erkekdir aýallaryň mysaly hakda oýlanmagyň nähili peýdasy bar?

8 Ýehowanyň wadalaryna sabyrly garaşan wepaly erkekdir aýallaryň galdyran göreldesi bize höwes bilen garaşmaga kömek eder (Rim. 15:4). Olaryň näçe wagt, näme üçin garaşandygy we sabyrlylygy üçin nähili bereketleri alandygy barada oýlansak gowy bolardy.

Ybraýym pygamber agtyklary Esaw bilen Ýakup dogulýança, onlarça ýyl garaşmaly boldy (9, 10-njy abzaslara serediň)

9, 10. Ybraýym bilen aýaly Sara Ýehowa näçe wagt garaşmaly boldy?

9 Geliň, Ybraýym pygamber bilen aýaly Saranyň mysalyna seredeliň. Olar «iman we sabyrlylyk bilen wadalary miras alan» adamlaryň arasynda agzalýar. Ýazgylarda: «Ybraýym sabyrly bolup garaşansoň, wada edilen zady aldy» diýilýär (Ýew. 6:12, 15). Ybraýym pygamber näme üçin sabyrly bolmalydy? Gysgaça aýtsak, Ýehowanyň wadasy ýerine ýetýänçä, ençeme wagt geçmelidi. Ýehowanyň Ybraýym pygamber bilen baglaşan ähti b. e. öň 1943-nji ýylyň 14-nji nisanynda, ýagny Ybraýym bilen Sara Ýefrat derýasyndan geçip, Wada edilen diýara baranda, güýje girdi. Şondan soň Ybraýym b. e. öň 1918-nji ýylda ogly Yshak dünýä inýänçä, 25 ýyl we b. e. öň 1858-nji ýylda agtyklary Esaw bilen Ýakup dogulýança bolsa, 60 ýyl garaşmaly boldy (Ýew. 11:9).

10 Ybraýym pygamber näçeräk ýeri miras aldy? Biz Ýazgylarda şeýle sözleri okaýarys: «Hudaý oňa bu ýerden hiç hili, hatda bir garyş ýer-de miras bermedi. Ýöne Ybraýymyň çagasy bolmasa-da, şu ýeri onuň nesline berjekdigini wada etdi» (Res. iş. 7:5). Ybraýym pygamberiň Ýefrat derýasyndan geçenine 430 ýyl bolanda, onuň nesilleri Wada edilen diýary miras almak üçin Hudaýyň halky hökmünde saýlandy (Müs. çyk. 12:40—42; Gal. 3:17).

11. Ybraýym pygamber Ýehowa näme üçin birjik-de igenmän garaşdy we sabyrlylygy üçin nähili sylag aldy?

11 Ybraýym pygamber birjik-de igenmedi, sebäbi onuň sabyrlylygy Ýehowa bolan imanyna esaslanýardy (Ýewreýler 11:8—12-nji aýatlary okaň). Ol Ýehowanyň wadasynyň doly ýerine ýetişini gözi bilen görmese-de, höwes bilen garaşdy. Göz öňüne getiriň, Ybraýym pygamber Jennetde direlende, begenjiniň çägi bolmaz. Ol Mukaddes Ýazgylarda özi we nesilleri hakda köp zatlaryň ýazylandygyny bilip, diýseň haýran galar *. Ýehowanyň wada edilen nesil hakdaky ajaýyp niýetinde wajyp orun tutandygyna düşünende, Ybraýym pygamber, gör, nähili begener! Hawa, ol biderek ýere garaşmandy!

12, 13. Ýusup näme üçin sabyrly bolmalydy we ol nähili garaýşy saklady?

12 Ybraýymyň çowlugy Ýusup hem sabyrly bolmakda ajaýyp görelde galdyrdy. Ol birnäçe gezek adalatsyzlyga uçraýar; 17 ýaşyndaka, doganlary ony gulçulyga satýarlar. Soňra hojaýynynyň aýaly oňa töhmet atandygy üçin türmä basýarlar (Gel. çyk. 39:11—20; Zeb. 105:17, 18). Aslynda, Ýusuba jeza bermän, gaýtam, ony sylaglamalydy. Sebäbi ol dogry adamdy. Emma 13 ýyl geçende, onuň durmuşy düýpgöter üýtgeýär. Ony türmeden çykarýalar we Müsürde patyşadan soň ikinji adam edip belleýärler (Gel. çyk. 41:14, 37—43; Res. iş. 7:9, 10).

13 Ýusup adalatsyzlyga uçranda gaharlandymy? Onuň Ýehowa bolan ynamy gaçdymy? Elbetde, ýok. Ýusuba sabyrly bolmaga näme kömek etdikä? Ol Ýehowa iman edýärdi we onuň ähli zada gözegçilik edýändigine ynanýardy. Muny Ýusubyň doganlaryna aýdan şu sözlerinden görse bolýar: «Gorkmaň, men Hudaýmy näme?! Siz maňa ýamanlyk etmek islediňiz, emma görşüňiz ýaly, birtopar adamlary diri galdyrmak üçin Hudaý ol ýamanlygy ýagşylyga öwürdi» (Gel. çyk. 50:19, 20). Görşümiz ýaly, Ýusup biderek ýere garaşmandyr.

14, 15. a) Dawut sabyrly bolmakda nähili görelde görkezdi? b) Dawuda sabyrly bolmaga näme kömek etdi?

14 Dawut patyşa-da köp adalatsyzlygy başdan geçirdi. Ýehowa ony ýetginjekkä, Ysraýylyň gelejekki patyşasy edip belledi. Emma ol patyşa bolýança, takmynan 15 ýyl garaşdy (2 Şam. 2:3, 4). Şol döwürde Ýehowadan ýüz öwren Şawul patyşa ony öldürmek üçin yzarlaýardy *. Şeýdip, Dawut kä özge ýurtda, käte çölde gowaklarda gaçgak bolup ýaşady. Şawul patyşa uruşda öldürilenden soňam, Dawut tutuş ysraýyl halkyna patyşa bolýança, 7 ýyldan gowrak wagt garaşmaly boldy (2 Şam. 5:4, 5).

15 Dawut näme üçin sabyrly garaşdyka? Ol muňa dört sapar «haçana deňeç» diýip soran mezmurynda jogap berýär. Ol şeýle diýýär: «Men Seniň merhemetiňe bil bagladym; ýüregim Seniň gutaryşyňa şatlanar. Men Rebbe nagma aýdaryn, çünki Ol maňa jomartlyk etdi» (Zeb. 13:5, 6). Dawut Ýehowanyň merhemetine bil baglaýardy we onuň gutulyş berjek wagtyna sabyrsyzlyk bilen garaşýardy. Şeýle-de aljak sylagy hakda oýlanýardy. Hawa, Dawudyň garaşany biderek bolmady.

Ýehowa bizi sabyrly bolmaga çagyrsa-da, başarmajak zadymyzy talap etmeýär

16, 17. Ýehowa Hudaý we Isa Mesih sabyrly garaşmakda nähili görelde görkezýärler?

16 Ýehowa bizi sabyrly bolmaga çagyrýar. Emma ol bizden edip bilmejek zadymyzy talap etmeýär. Sabyrly garaşmakda onuň özi ajaýyp görelde görkezýär (2 Petrus 3:9-y okaň). Erem bagynda jedelli meseläniň turandygyna müňlerçe ýyl geçse-de, Ýehowa onuň gutarnykly çözüljek wagtyna sabyrly garaşýar. Ol adynyň mukaddes boljak wagtyna «sabyr edýär». Şonda «Oňa intizar» adamlar bol bereketleriň eýesi bolar (Iş. 30:18).

17 Isa-da sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Ol ýer ýüzündekä, soňuna çenli wepaly galyp, b. e. 33-nji ýylynda janyny gurban berdi. Emma 1914-nji ýylda patyşalyk tagtyna geçýänçä garaşmaly boldy (Res. iş. 2:33—35; Ýew. 10:12, 13). Isa duşmanlarynyň doly ýok ediljek wagtyna, ýagny Müňýyllyk hökümdarlygy tamamlanýança ýene-de garaşmaly (1 Kor. 15:25). Bu uzak ýaly bolup görünse-de, garaşanyňa degýär.

GARAŞMAGA NÄME KÖMEK EDER?

18, 19. Sabyrly garaşmaga bize näme kömek eder?

18 Görşümiz ýaly, biziň ählimiz sabyrly garaşmagy öwrenmeli. Bu babatda bize näme kömek eder? Hudaýyň mukaddes ruhuny dilemeli, sebäbi sabyrlylyk mukaddes ruhuň miwesi (Efes. 3:16; 6:18; 1 Sel. 5:17—19). Ýehowadan sabyrly we çydamly bolmak üçin güýç diläň.

19 Şeýle-de Ybraýym pygambere, Ýusuba we Dawut patyşa Ýehowanyň wadalaryna sabyrly garaşmaga nämäniň kömek edendigini unutmalyň. Olar Ýehowa iman etdiler we onuň sylaglajakdygyna asla şübhelenmediler. Olar öz bähbidini agtarmadylar. Biz olaryň galdyran gowy göreldesi barada oýlansak, sabyrly garaşmaga güýç berer.

20. Biz näme etmegi ýüregimize düwmeli?

20 Geliň, kynçylyklara, synaglara uçranymyzda, sabyrly garaşmagy ýüregimize düweliň. Elbetde, käte biz «Ýa Reb, haçana çenli?» diýen sözleri aýdarys (Iş. 6:11). Ýöne Hudaýyň mukaddes ruhuna bil baglasak, Ýermeýa pygamber ýaly bizem: «Reb meniň paýymdyr. Şoňa görä Oňa intizardyryn» diýeris (Ýer. ag. 3:21, 24).

^ abzas 6 Mika 7:1 Dat günüme meniň! Çünki men tomus miwesiniň, üzümiň galan-gaçanynyň ýygnalyşy kimindirin; ýekeje salkym ýok iýer ýaly; injiriň ilki miwesini küýseýär göwnüm! 2 Ýer ýüzünde wepadar galmady, ynsanlaryň arasynda dogruçyly ýok. Gan dökmek üçin bukuda ýatýar bary, dogan dogana duzak gurýar. 3 Pis işe türgendir elleri, hökümdarlar, kazylar para soraýarlar, güýçlüler arzuwyna zor bilen amal edýärler. Adalaty ýoýýarlar şeýdip.

^ abzas 11 Gelip çykyş kitabynyň takmynan 15 babynda Ybraýym hakda gürrüň edilýär. Injilde bolsa onuň ady 70-den gowrak gezek agzalýar.

^ abzas 14 Şawul tagta çykansoň, bary-ýogy iki ýyl geçende, Ýehowadan ýüz öwürýär. Emma şonda-da Ýehowa oňa 38 ýyldan gowrak, ýagny ömrüniň ahyryna çenli höküm sürmäge ýol berýär (1 Şam. 13:1; Res. iş. 13:21).