Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

«Ynsan düşünjesinden ýokary bolan Hudaýyň parahatlygy»

«Ynsan düşünjesinden ýokary bolan Hudaýyň parahatlygy»

«Ynsan düşünjesinden ýokary bolan Hudaýyň parahatlygy siziň ýürekleriňizi... gorar». FLP. 4:7

AÝDYMLAR: 39, 141

1, 2. Pawlus bilen Silasyň Filipide türmä basylmagyna näme sebäp boldy? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

ÝARYGIJEDI. Iki missioner, ýagny Pawlus bilen Silas türmäniň iň içki gözeneginde otyrdy. Olaryň aýaklary gandallydy, urgudan ýaňa endam-janlary sorkuldap agyrýardy (Res. iş. 16:23, 24). Olar nädip beýle ýagdaýa düşdüler? Şondan biraz wagt öň, märeke olary tutup, bazara ýolbaşçylaryň ýanyna süýräp getirýärler. Soňra olaryň eşiklerini çykaryp, taýak bilen ýençýärler (Res. iş. 16:16—22). Gör, nähili adalatsyzlyk! Pawlus Rimiň raýaty ahyryn *.

2 Pawlus zyndanda garaňkyda otyrka, bolan wakalary ýatlap, Filipi şäheriniň ýaşaýjylary barada oýlanýardy. Ol ýerde Pawlusyň baran beýleki şäherlerindäki ýaly ýehudylaryň sinagogasy ýokdy. Şol sebäpli olar şäherden çykan ýerinde derýanyň boýunda ýygnanyşmaly bolýardy (Res. iş. 16:13, 14). Şäherde sinagoga gurar ýaly, heý-de, 10 erkek göbekli ýehudy tapylmazmydy? Filipiniň ýaşaýjylary Rimiň raýaty bolup dogulmasalar-da, onuň raýatlyk hukugyny alandyklary üçin örän buýsanan bolmaly (Res. iş. 16:21). Olaryň bu buýsanjy gözlerini kör edipdi. Şonuň üçin Pawlus bilen Silasyň Rimiň raýatydygy barada pikirem eden däldirler. Nähili bolaýanda-da, bu iki adamy türmä basyp, şäheriň ýaşaýjylary gaty ýalňyşypdylar.

3. Pawlusy türmedekä nähili soraglar biynjalyk edýärdi, emma ol nähili garaýşy saklady?

3 Pawlus birki aý mundan öň bolan wakalary hem kellesinde aýlaýardy. Ol Kiçi Aziýada Egeý deňziniň beýleki tarapyndaka, Hudaý oňa mukaddes ruhy arkaly käbir ýerlerde wagyz etmegi gadagan edipdi. Ýöne soňra oňa başga ýere gitmelidigi barada görkezme berlipdi (Res. iş. 16:6, 7). Eýsem, ol nirä gitmelidi? Pawlus Troasa gelende, «Makedoniýa gel» diýip tabşyryk alýar. Ol Ýehowadan şeýle aýdyň görkezme alansoň, derrew ýola düşýär (Resullaryň işleri 16:8—10-njy aýatlary okaň). Soňra näme bolýar? Makedoniýa gelip, biraz wagt geçensoň, ony türmä basýarlar. Ýehowa Pawlusyň türmä basylmagyna näme üçin ýol berdikä? Ol türmede näçe wagt oturarka? Bu soraglar Pawlusy biynjalyk edenem bolsa, ol imanynyň gowşamagyna ýol bermedi, şatlygyny hem ýitirmedi. Ýazgylarda Pawlus bilen Silas türmede «doga edip, Hudaýa öwgüli aýdymlary aýdýardylar» diýilýär (Res. iş. 16:25). Hawa, Hudaýyň parahatlygy olaryň ýüreklerini we pikirlerini goraýardy.

4, 5. a) Biziň ýagdaýymyz nädip Pawlusyňka meňzäp biler? b) Pawlusyň ýagdaýy nädip birden üýtgedi?

4 Belki, Pawlus ýaly siziňem durmuşyňyzda Hudaýyň mukaddes ruhunyň görkezmesine eýerip, ýöne soňra ýagdaýyň birden üýtgän wagty bolandyr. Kynçylyklar ýa-da täze şertler sebäpli siz durmuşyňyzy bütinleý özgertmeli bolansyňyz (Wag. 9:11). Mümkin, siz Ýehowanyň şeýle zatlara näme üçin ýol berendigi barada oýlanýansyňyz. Eýsem, Ýehowa doly bil baglap, çydamly bolmaga näme kömek eder? Geliň, bu soraga jogap bermek üçin Pawlus hem-de Silas bilen bolan waka dolanalyň.

5 Pawlus bilen Silas türmede Hudaýy şöhratlandyryp aýdym aýdanlarynda, birdenkä güýçli ýer titräp, tutuş türmäni sarsdyrýar. Şol bada ähli gapylar açylýar we oturanlaryň hemmesiniň zynjyrlary gaçýar. Türmeçi janyna kast etjek bolanda, Pawlus ony saklaýar. Şonda türmeçi tutuş maşgalasy bilen suwa çümdürilýär. Daň atanda, Pawlus bilen Silasy boşatmak üçin garawullar gelýär. Şäher häkimleri Pawlus bilen Silasyň Rimiň raýatydyklaryny bilenlerinde, ýalňyşandyklaryna düşünip, olara şol ýerden gitmegi haýyş etdiler. Soňra olary ugratmak üçin özleri hem ýanlarynda gidýärler. Emma Pawlus bilen Silas ilki ýaňy-ýakynda suwa çümdürilen Lidiýanyň öýüne barýarlar we mümkinçilikden peýdalanyp, doganlary ruhlandyrýarlar (Res. iş. 16:26—40). Bu wakadan görnüşi ýaly, ýagdaý birden üýtgäp bilýär.

«YNSAN DÜŞÜNJESINDEN ÝOKARY»

6. Biz nämä serederis?

6 Biz bu wakadan näme öwrenýäris? Ýehowa islendik ýagdaýy üýtgedip bilýär. Şol sebäpli kynçylyklarda biynjalyk bolmaly däl. Pawlus bilen bolan waka oňa güýçli täsir eden bolmaly. Ol Filipidäki mesihçilere alada etmezligi we Hudaýyň parahatlygy barada ýazypdy. Geliň, Pawlusyň Filipililer 4:6, 7-nji aýatlardaky (okaň) sözlerini ara alyp maslahatlaşalyň. Şeýle-de Ýehowanyň ýagdaýy nädip üýtgedip bilýändigi barada käbir mysallara serederis. Soňra «Hudaýyň parahatlygynyň» Ýehowa doly bil baglap, çydamly bolmaga nädip kömek edýändigini bileris.

7. Pawlus Filipidäki doganlara nähili maslahat berdi we biz mundan näme öwrenýäris?

7 Filipidäki doganlar Pawlusyň hatyny okanlarynda, Ýehowanyň asla garaşmadyk zatlary edendigi baradaky waka ýatlaryna düşendir. Pawlus olara, esasan, biynjalyk bolmazlygy maslahat berdi. Bizem Ýehowa doga etsek, onuň parahatlygyny duýarys. Üns beren bolsaňyz, aýatda «Hudaýyň parahatlygynyň» «ynsan düşünjesinden ýokarydygy» aýdylýar. Bu nämäni aňladýar? Pawlus resul «Hudaýyň parahatlygy» diýende, onuň biziň göz öňüne getirişimizdenem has täsindigini aýtdy. Adatça, biz kynçylyklara ynsan gözi bilen garap, çykalga ýok ýaly hasaplaýarys. Emma Ýehowa barada beýle diýip bolmaýar; ol ýagdaýy düýpgöter üýtgedip bilýär (2 Petrus 2:9-y okaň).

8, 9. a) Pawlus Filipide adalatsyzlykdan ýaňa ejir çekse-de, netijede näme boldy? b) Filipidäki doganlar Pawlusyň sözlerine näme üçin çynlakaý garadylar?

8 Filipidäki doganlar 10 ýylyň içinde bolan wakalar barada oýlanyp, imanlaryny berkiden bolmaly. Pawlusyň ýazan zatlary dogry ekeni. Ýehowa şonda adalatsyzlyga ýol berenem bolsa, netijede, «hoş habary gorap, kanun taýdan wagyz etmek hukugy gazanyldy» (Flp. 1:7). Indi şäher häkimleri täze dörän mesihçiler ýygnagyny yzarlajak bolsalar, 100 sapar oýlansalar gerek! Mümkin, Pawlus bilen bolan waka Luka lukmana güýçli täsir eden bolmaly. Şol sebäpli Pawlus bilen Silas Filipiden gaýdansoň, ol şol ýerde galyp, ýaňy-ýakynda mesihçi bolan dogan-uýalara uly goltgy bolýar.

9 Filipidäki doganlar Pawlusyň hatyny okanlarynda, ony kabinetde stoluň başynda oturan alymyň ýazmandygyny bilýärdiler. Hawa, Pawlus agyr kynçylyklary başdan geçiripdi. Emma ol özünde «Hudaýyň parahatlygyny» duýýardy. Ol doganlara hat ýazanda, Rimde öý tussaglygynda otyrdy. Muňa garamazdan, oňa «Hudaýyň parahatlygy» henizem güýç berýärdi (Flp. 1:12—14; 4:7, 11, 22).

«HIÇ ZADYŇ ALADASYNY ETMÄŇ»

10, 11. Kynçylyklar sebäpli aşa köp alada etsek näme etmeli we biz nämä umyt edip bileris?

10 Bize hiç zadyň aladasyny etmän, «Hudaýyň parahatlygyny» duýmaga näme kömek eder? Pawlusyň filipililere ýazan sözlerinden doga edip, gaýgy-aladalaryňy ýeňip bolýandygyny görse bolýar. Şol sebäpli biynjalyk bolanymyzda, Hudaýa gyzgyn doga etmeli (1 Petrus 5:6, 7-nji aýatlary okaň). Doga edenimizde, Ýehowanyň aladamyzy etjekdigine asla şübhelenmeli däl. Berýän bereketleri üçin oňa «minnetdarlyk bilen doga ediň». Eger biz Hudaýyň «soraýan we düşünýän ähli zatlarymyzdan-da has köp zatlary edip bilýändigini» unutmasak, oňa bolan ynamymyz has-da berkär (Efes. 3:20).

11 Pawlus we Silas bilen bolan wakadan görnüşi ýaly, Ýehowanyň her birimiz üçin edýän işleri geň galdyrmagy mümkin. Biz Filipidäki ýaly tolgundyryjy wakany başdan geçirmesek-de, Hudaýyň hemişe gerekli kömegi berjekdigine ynanyp bileris (1 Kor. 10:13). Elbetde, bu Ýehowanyň ýagdaýy düzedýänçä ýa-da kynçylygy çözýänçä, oňa garaşyp, el gowşuryp oturmalydygymyzy aňlatmaýar. Biz eden dogalarymyza görä hereket etmeli (Rim. 12:11). Edýän tagallalarymyz biziň akýüreklidigimizi we Ýehowanyň berekedini almak isleýändigimizi subut etmeli. Şeýle-de Ýehowanyň haýyşymyzy, maksadymyzy we garaşýan zadymyzy çäklendirmeýändigine düşünmeli. Käte ol garaşylmadyk zatlary edip, bizi geň galdyrýar. Geliň, häzir Mukaddes Ýazgylardan käbir wakalara seredeliň. Olar Ýehowanyň biziň üçin garaşylmadyk zatlary edýändigine we onuň başarjaňlygyna bolan ynamymyzy has-da berkider.

ÝEHOWA GARAŞYLMADYK ZATLARY EDÝÄR

12. a) Aşuryň patyşasy Sanherip howp salanda, Hizkiýa patyşa näme etdi? b) Biz bu wakadan Ýehowa barada näme öwrenýäris?

12 Mukaddes Ýazgylary okanymyzda, biz Ýehowanyň gaýta-gaýta garaşylmadyk zatlary edendigini görýäris. Geliň, Hizkiýa patyşa bilen bolan waka seredeliň. Onuň höküm süren döwründe Aşuryň patyşasy Sanherip Ýahudanyň ençeme berk şäherlerini basyp alypdy (2 Pat. 18:1—3, 13). Indi ol Iýerusalime göz gyzdyrýardy. Şeýle howply ýagdaýda Hizkiýa patyşa näme etdi? Ol Ýehowa doga etdi we maslahat üçin onuň pygamberi Işaýa ýüz tutdy (2 Pat. 19:5, 15—20). Şeýle-de ol Sanheribe salgyt töläp, paýhasly hereket etdi (2 Pat. 18:14, 15). Ol duşmanyň hüjümine garşy durmak üçin gerekli taýýarlyklary gördi (2 Ýyl. 32:2—4). Ýehowa perişdesini iberip, bir gijede Sanheribiň 185 müň esgerini öldürdi. Muňa Hizkiýanyň özi-de garaşmadyk bolsa gerek! (2 Pat. 19:35).

Biz Ýusup bilen bolan wakadan näme öwrenýäris? (Gel. çyk. 41:42). (13-nji abzasa serediň)

13. a) Ýusup bilen bolan wakadan näme öwrenýäris? b) Ybraýymyň aýaly Sara bilen nähili garaşylmadyk waka bolýar?

13 Indi Ýakubyň ogly Ýusup bilen bolan waka seredeliň. Ol Müsürde zyndanda otyrka, azatlyga çykyp, ýurtda patyşadan soň ikinji adam bolaryn ýa-da maşgalamy açlykdan halas etmek üçin, Ýehowa şeýle zatlara ýol berendir öýdüp pikirem eden däldir (Gel. çyk. 40:15; 41:39—43; 50:20). Ýehowa Ýusuba garaşanyndanam has köp zatlary etdi. Ýusubyň atasy Yshagyň ejesi Sara barada hem oýlanyp göreliň. Ol Ýehowanyň ogul berjekdigine we muny hyzmatkäri arkaly etjekdigine garaşsa-da, garran çagynda özi çaga dograryn diýip kellesine-de getiren däldir. Hawa, Yshagyň dünýä inmegi Sara üçin garaşylmadyk sowgatdy (Gel. çyk. 21:1—3, 6, 7).

14. Biz nämä ynamly bolup bileris?

14 Elbetde, biz täze dünýä gelýänçä, Ýehowanyň ähli kynçylyklarymyzy gudrat bilen aýyrmajakdygyna düşünýäris; biz durmuşymyzda tolgundyryjy wakalaryň bolmagyna-da garaşmaýarys. Ýöne Hudaýymyz Ýehowanyň gullukçylaryna täsin tärde kömek edýändigini bilýäris (Işaýa 43:10—13-nji aýatlary okaň) *. Bu biziň oňa bolan ynamymyzy has-da berkidýär. Ol islegini doly amala aşyrmagymyz üçin bize ýeterlik güýç berýär( 2 Kor. 4:7—9). Biz Hizkiýa, Ýusup we Sara bilen bolan wakalardan näme öwrenýäris? Eger Ýehowa wepaly galsak, ol bize ýeňip bolmaýan ýaly bolup görünýän kynçylyklara döz gelmäge kömek eder.

Eger biz Ýehowa wepaly bolsak, ol başarmajak zatlarymyza döz gelmäge kömek eder

15. «Hudaýyň parahatlygyny» duýmaga näme kömek eder? Düşündiriň.

15 Biz kynçylyklarda «Hudaýyň parahatlygyny» nädip duýup bileris? Munuň üçin Ýehowa Hudaý bilen dostlugymyzy berkitmeli. Şeýle mümkinçiligi biziň üçin janyny gurban eden «Mesih Isa» berdi. Töleg gurbany Hudaýyň ajaýyp sowgatlarynyň biridir. Ýehowa ol arkaly biziň günälerimizi bagyşlaýar we arassa ynsap bilen özüne ýakynlaşmaga mümkinçilik berýär (Ýah. 14:6; Ýak. 4:8; 1 Pet. 3:21).

OL ÝÜREKLERIMIZI WE PIKIRLERIMIZI GORAR

16. «Hudaýyň parahatlygy» bize nähili täsir edýär? Mysal getiriň.

16 «Ynsan düşünjesinden ýokary bolan Hudaýyň parahatlygy» bize nähili täsir edýär? Mukaddes Ýazgylarda: «(Ol) ýürekleriňizi we pikirleriňizi Mesih Isa arkaly gorar» diýilýär (Flp. 4:7). Asyl nusgada «goramak» diýip terjime edilen bu söz harby güýçlerde ulanylýar. Gadymy döwürde şäherleri goramak üçin ýörite goşun bolýardy. Filipi şäheri hem şeýdip goralýardy. Onuň ýaşaýjylary şäher derwezeleriniň güýçli goşun tarapyndan goralýandygy üçin gije arkaýyn ýatýardylar. Edil şonuň ýaly-da «Hudaýyň parahatlygy» bize täsir edende, ýüreklerimiz we pikirlerimiz rahatlyk tapýar. Ýehowa biziň aladamyzy edýär we bagtly ýaşamagymyzy isleýär (1 Pet. 5:10). Bu bizi aşa köp alada etmekden ýa-da göwnüçökgünlige düşmekden goraýar.

17. Agyr muşakgatda doly ynamly bolmaga bize näme kömek eder?

17 Tizden adamzadyň üstüne dünýäde heniz bolmadyk agyr muşakgat iner (Mat. 24:21, 22). Biz ol barada ähli jikme-jiklikleri bilmeýäris. Emma biynjalyk bolmaga esas ýok. Ýehowanyň etjek her bir işini bilmesek-de, onuň biziň Hudaýymyzdygyny gowy bilýäris. Geçmişde bolan wakalardan görnüşi ýaly, Ýehowa islegini hemişe amala aşyrýar we käte garaşylmadyk zatlary hem edýär. Ýehowa her gezek bizi goldanda, «ynsan düşünjesinden ýokary bolan Hudaýyň parahatlygynyň» täsirini duýarys.

^ abzas 1 Silas hem Rimiň raýaty bolan bolmaly (Res. iş. 16:37).

^ abzas 14 Işaýa 43:10 Siz Meniň şaýadymsyňyz, muny Men — Reb aýdýandyryn. Öz saýlan bendelerimsiňiz, Siz Meni bilip, Maňa ynam ediň, Meniň Şolduguma düşüniň, Menden öň hiç hudaý bolan däldir, Menden soň-da hijisi bolmaz. 11 Men, diňe Men Rebdirin, Menden başga Halasgär ýokdur. 12 Men yglan etdim, halas etdim, aýan etdim, araňyzda başga hudaý ýok; siz Meniň şaýatlarym. Muny Men — Reb aýdýandyryn. 13 Owaldan bäri Men Olduryn. Elimden halas edip biljek ýokdur. Meniň edenimi ýatyryp biljek barmy?